09:06 Tarykatlar özüne ikilik edýär | |
TARYKATLAR ÖZÜNE IKILIK EDÝÄR
Publisistika
Geçen hepde "Menzil" tarykatynyñ şeýhi Abdylbaky Erol aradan çykdy. Üýşen san-sajaksyz märekäniñ, habar beriş serişdeleriniñ aýdyşyna görä, 250 müñden gowrak adamyñ gatnaşmagynda jynaza namazynyñ okalmagy Türkiýedäki dünýewi, dünýewiçi, sekulýar, döwletçi, kemalist gatlagy aýaga galdyrdy. Bir dini jemagat, tarykat nädip bular ýaly güýçli bolup biler? Nädip häkimiýet başyndaky AK partiýa bilen bular ýaly eriş-argaç bolup bilýär. Nädip olar döwletiñ bular ýaly mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilýärler?.. Gyzgyn jedeller turdy. Aşakda bu meseläni öwrenmäge synanyşalyñ. Tarykatlaryñ we jemagatlaryñ köki nireden gaýdýar? Nireden çykdy? Haçan çykdy? Näçeräk göterimi yslamy? Bular teologiki çekişmeler. Ýöne başga-da sünni tarykatlary, nagyşbendilik bilen bir hatarda mewlewilik, kadirilik, suhrawerdilik, şazelilik... ýaly onlarça tarykaty sanap bileris. Şeýle-de, alawy-bekdaşy dergähleri - Hajy Bekdaş weli dergähi, Şahguly dergähi, Eýranda we Yrakda has täsirli şyga jemagatlaşmalary, medreseler, mekdepler, ýokary okuw jaýlary... Bular biziñ yslam jemgyýetimiziñ müñ ýarym ýyllyk hakykatlary. Aýdyşym ýaly, bularyñ teologiki kökleri, çekişmeleri başga gürrüñiñ temasy. "Nireden çykdy, nädip çykdy, näçerägi yslamy, näçerägi Gurhana, sünnete gabat gelenok..." Bular başga çekişmeler. Emma biziñ jemgyýetimiz eýýäm 13-14 asyr bäri bu toparlanmalar bilen äbede-jüýbe. Biziñ häzir esasy pikir alyşmak isleýän meselämiz şu: Bu tarykatlaryñ we jemagatlaryñ düýp mazmuny näme? Geçmişdäki missiýalary nähili? Häzirki ýagdaýlary neneñsi? Bulary uzyndan uzyn süýndürip, deñeşdirip durman birnäçe esasy podpunktda jemläp bileris. Bularyñ alawysynyñam, şygasynyñam, sünnisiniñem wezipesi, etmeli işi adamy düzetmek, ýola salmak. Yslam terminologiýasynda adamyñ nebsini, duýgularyny, hereketlerini, başdan geçirmelerini gowy ugra gönükdirmek, gowy adam bolup ýetişmegini gazanmak. Bu näme diýmegi añladýar? Mert, eli arassa, halal, häsiýetli, ýene yslam terminologiýasynyñ dili bilen aýdanda "eline, biline, diline erk edip bilýän" dogryçyl, ahlakly adamlary kemala getirmek. Bulary zulumdan, haksyzlykdan, adalatsyzlykdan daşda saklamak. Hudaýa bagly, sadyk, ytagatkär gullar ýetişdirmek.... Ikinjisi, mümkingadar çirksiz durmuşda ýaşatmak. Soltanlykdan, hökmürowanlykdan, gözden, şan-şöhratdan, altyn-kümüşden, ýüpekden, baýlykdan uzak, päk göwünli, eliaçyk, sahy, ejize kömek edýän adamlary döretmek. Hem jemgyýeti-de şolar ýaly görnüşde dolandyrmak, edilýan wagyz-nesihatlar, öwüt-ündewler arkaly şeýle jemgyýeti emele getirmek. Taryklaryñ we jemagatlaryñ ýene bir möhüm funskiýalary-da döwletden, häkimiýetden, şan-şöhratdan, hökmürowan güýçden daşda durmak. Taryhda Pir Soltan Abdalam, Hajy Baýram weli-de, Hajy Bekdaş weli-de döwletden, hökmürowan güýçden daş durjak bolupdyr. Meselem, Ymam Agzam hem döwletiñ hödürlän wezipesini kabul etmändir, häkimiýet bilen bir bolmandyr. Ymam Mälim, Ymam Şafygy, Ymam Hanbaly hem şeýdipdir. Hasan Basry, Jüneýit Bagdady, Nesimi, Ymam Gazaly hem şeýdipdir. Birnäçeleri soltanlaryñ, häkimleriñ, wezirleriñ saçagynyñ başynda oturmandyr, olaryñ duzuny datmakdanam ýüz öwrüpdir. Meselem, Ymam Hanbaly nägile bolandygyna garamazdan döwlet işinde işleýän oglunyñ öýünden duz datmandyr. Çünki ol oglunyñ gazanjyny halal hasaplamandyr. Indi şu günki güne dolanyp geleliñ. Gynansak-da häzir tarykatlaryñ we jemagatlaryñ aglabasy adamy ýola salmagy, jemgyýeti düzetjek bolmagy bireýýäm ýatdan çykarypdyr. "Pygamber gamyş düşegiñ üstünde ýatyp-turupdyr, aç galan wagty garnyna daş dañypdyr. Käte iki sanja hurma bilen gününi geçiripdir" diýýän at-owazaly 75-80 ýaşly tarykat şeýhleri bir million dollarlyk awtoulaglarda gezýärler. Köşklere añry dur diýdirýän gymmatbahaly jaýlarda ýaşaýarlar. Iñ çykdajyly şüweleñleri, toýlary edýärler. Olar "bir lukma, bir hyrka" pelsepesini, durmuşyny" bireýýäm ýatdan çykarypdyrlar. Ikinjisi, döwlet bilen, häkimiýet bilen bir jan-bir ten bolan ýagdaýda. Çünki hususy hassahanalary bar, mekdepleri bar, ýokary okuw jaýlary bar, maliýe edaralary, banklary bar, teleýaýlymlary bar, bar, bar, bar, bar... Bulary ýöretmek üçin, bulara maddy çeşme tapyp bilmek üçin ýa-da toplan çeşmeleri bilen açan şunca edaralaryny gorap saklamak üçin döwlet bilen, häkimiýet bilen bir jan-bir ten bolmak hökmanylygy, mejburylygy bar. Şonuñ üçinem döwletiñ, häkimiýetleriñ, syýasy partiýalaryñ ýalñyşlaryna, säwliklerine, etmişlerine, kemçiliklerine zat diýip bilenoklar. Öwüt-ündew, nesihat etmegiñ, dogry ýola çagyrmagyñ deregne, raýat awtokontrol mehanizmini kemala getirmegiñ ýerine, gynansak-da, bu häkimiýetleriñ we döwletiñ aýrylmaz bölegine öwrülipdirler. Şonuñ üçinem häzir ýurdumyzda hakyky raýat jemgyýeti bar diýip aýdar ýaly däl. Türkiýede raýat jemgyýeti diýilýän ähli guramalar bir partiýanyñ, toparyñ, ideologiýanyñ ýa-da döwletiñ yz tarapdaky howlusyna öwrülipdir. Hawa, döwlet bilen häkimiýetiñ gatnaşygy, Türkiýede munuñ nähili ýagdaýa gelşi, respublika döwri boýunça, hatda Osmanlydan şu güne çenli döwür şol jedelli gürrüñiñ temasy. Syýasy partiýalar we döwlet tarykatdyr jemagatlar bilen nähili gatnaşyga girdiler? Ýagdaý nädip häzirki sepgide gelip diredi? Bulam aýry gürrüñiñ, aýry ýazgynyñ temasy. Emma sözümiñ soñunda şuny aýdyp biljek: Şugadar bol-telkilikde we baý durmuşda ýaşamak, şugadar dünýewileşmek, şugadar pula, güýje, gözdençykgynçlyga, şan-şöhrata göz gyzdyrmak, häkimiýet bilen, döwlet bilen bular ýaly bir jan-bir ten bolmak tarykatlaryñ pelsepesine we missiýasyna ikilik etmekden başga zat däl. Altan TAN. @AltanTan1958 Anna, 21.07.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |