17:58

Narkotiki katastrofa

Publisistika
Категория: Publisistika | Просмотров: 428 | Добавил: Gökböri | Теги: Altan Tan | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 12
0
1 kungfuu  
1292
Näme üçin diňe Türkiýäniň syýasaty baradaky makalalar goýulýar?
Öz ýurdumyzda, galyberse-de beýleki döwletlerde bolup geçýän wakalar köprak paýlaşylsa, gowy bolarmyka diýýän.
Diňe türk publisist adamlarynyň eserlerini terjime edilip goýulaýýar.
Guramalaryň gysgaldylan atlary, meselem, AKP diýilýän... Onuň doly ady näme, näme iş bilen meşgullanýar, bilemizok. Okap otyrkak az-owlak gaharymyzam getirýär.

0
2 Gökböri  
136
Hiç bir ýurduñ syýasatynyñ tarapdary ýa garşydaşy däl men, şoña görä hem nämüçin diñe bir ýurduñ syýasaty hakda goýýañ diýen soragyñy ýerliksiz görýän.
Makalalary türkmen saýtynda goýmagym hemmeden öñ siz Türkmenistanly okyjylar üçin bähbit, meñ üçin ýa-da makalalaryñ awtory, ýa bolmasa ilki çap bolan gazeti üçin däl. Okaýan adam gozgalýan meseleleriñ birentegini öz töweregindenem tapyp biler we gabat gelýän nogsanlygyklaryna garşy parhlylyk görkezip-görkezmezlik siziñ özüñize bagly.
Galyberse-de, terjimelerimi türkmen dilinde türkmen okyjylaryna ýetirmekde giñ mümkinçilikleri döredendigi üçin kitapçy saýtynyñ kollektiwine-de çäksiz minnetdarlygymy bildirmek isleýärin.
"Nämüçin pylan ýurduñ zadyny köp goýýañ?" diýmän, senem bir ýurduñ ýazyjylarynyñ okyjylara peýdasy degäýjek ýazgylaryny terjime edip paýlaşsañ, ýene biri ýene bir ýurduñkyny paýlaşsa, gör, nähili gowy bolardy! Ýok, ony oñarmasañam, iñ bolmanda sessiz okamany bir başar.
Soñky bir ýyllykda terjime edilen makalalaryñ ýarsyndan gowragy Angliýanyñ "The Independent" habarlar gullugynyñ web saýtyndan alnyp terjime edilýär. Şol gullukda dünýäniñ hemme ýurdundan hemme dilde gürleýän žurnalistler bar. Gullugyñ iñlis, fransuz, nemes, ispan, portugal, italýan, rus, arap, pars, türk, hytaý, ýapon... dillerinde bölümleri we saýtlary bar. Her saýtda-da şol ýurtlaryñ medeniýeti, dili, sosiologiýasy, şu günki durmuşy, jemgyýeti, syýasaty, edebiýaty, taryhy, dini... hemme taraplaýyn öwrenilýär, ýüzlerçe makalalar çap edilýär, dilden dile geçirilýär.
Ynha, ösen döwletler şeýdýär. Ösen döwletleriñ ÖSEN AÑ-DÜŞÜNJELI ADAMLARY "bulary nämüçin ýazýañyz, başga ýurduñ, başga halkyñ zady bize nämä gerek?" diýenok. Ýokarky soraga jogap bermegime garaşmazdan öñ, ýokarky soragy nämüçin berendigiñ hakda hem az-owlak oýlansañyz gowy bolardy. Belkäm, ýalñyşandygyñyza düşünerdiñiz.

0
8 Alchemist23  
1154
Saýta girip bilýän mümkinçilikli telefonda, Google-den gözletmek mümkinçiligi-de bardyr. Gyzyklanýan adam "AKP"-niñ nämedigini gözledip bilermikä diýýän.

0
3 kungfuu  
1292
Ýalňyş many gözlemek maksady bilen soramandym o soragy.

0
4 kungfuu  
1292
Bolýa, bu zatlar hiç. Galamyňyz ötgür bolsun!
Başga bir soragym bar: näme üçin bir döwür "kitapçy" işlemedi? Sebäbini bilýäňizmi? Takmynan, tomsuň ahyrlarynda, güýz aýlary.
Ýa domeni çalşylandygy üçinmikä (.com-dan .ru-a geçirilipdir)?

1
9 kungfuu  
1292
1. Maňa "sen" diýip ýüzlenmäň! Sylaşygy saklaň!
2. Ýazylan teswiri özüňize okap bereniňizde kemsidiji tonda okamaň.
3. Ependi kaka degişli. Sanaşmak üçin teswir ýazmandym.

0
5 Ependi  
284
@Gökböri, sanaşanyňa degenok, görüp otyrys bizem. Çekinme hiç zatdan, biziň gözümizi açýan Siz!

0
6 Taryhçy  
399
Narkomançylyk döwri geroini çigit satan ýaly satypdylar. Köçeden geçip barýan çagadan sorasañ şol köçäñ ugrunda kimiñ geroin satýanyny bilip bolýardy. Emma käbir krupny barigany telewizora çykaryp, elinden köşk ýaly birnäçe jaýyny, maşynyny alyp, tutuş ýurdy zäherlemäge ýetjek geroinini hem otlan bolup, özünem basan bolýardylar. Geñ galýardym şonda, köçäñ çagasyndan sorap bilip bolýan zady, bir bariga şo derejä ýetýänçä organ edaralaryndan hiç kim görmedimikä, bilmedimikä diýip... Belli bir bölegini iýdirmese oñ ýaly derejä ýetmezdi...
Altan aganyñ aýdýanam şoña barýar..

0
7 Garayolly25  
1449
Hawa, Gökböriň goýýan makalalaryny gaty gyzyklanma bilem okaýan.

0
10 Ependi  
284
Aý bolýa-da, deň bolmaýyn...

0
11 Haweran  
411
@kungfu, okyjylara teswir ýazmak mümkinçiligi her paýlaşylýan blogyñ gozgaýan temasy boýunça bellik etmek, öñe sürülýän pikiri oñlap ýa-da garşy çykyp täze pikirleri aýtmak ü.n döredilen.
Birinji ýazan teswiriñde düşünmedik zatlaryña okyjylaryñ beren jogaplaryndan soñ düşünseñizem bilgeşleýin düşünmezlige salyp, tema dahylsyz soraglary berip we peýdasyz gep-gürrüñleri köpeldip oturşyñyz saýtyñ her dürli pikire giñdigine we açykdygyna garamazdan ýazýan zatlaryñyzyñ saýta goşant goşýan bloggerleriñ elini işden sowatmakdan we giñ pikirli okyjylarymyzy ürküzmekden başga zada ýaramajakdygy üçin şeýle ýoknasyzlygy dowam etdiren ýagdaýyñda teswir ýazmak mümkinçiligiñiziñ çäklendiriljekdigini duýdurýarys!

0
12 sylapberdimuhamov  
1428
Gökboriniñ goýýan zatlarına adatça teswir yazylmaýar. Men-ä az-maz yazanam bolýan. Emma görýäñizmi teswir yazmasalaram okayan ekenler.
Hany käşge Gökböri ýalylar köp bolsa.
Islemeýänler öñem bolandyr, ýene bolarlar. Häzirem bar.
Ýene bir aýtjak zadym. Okasyñ gelenokmy, geçiber. Basga-da müñ zat goýulyar şu yere.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]