18:47 Mekgäni halas etmezden Ierusalimi halas edip bolmaz | |
MEKGÄNI HALAS ETMEZDEN IERUSALIMI HALAS EDIP BOLMAZ
Publisistika
Fotosurat: Ali Jadallah / AA Gazadaky ysraýyl wagşyýanalygy sagat geçdigisaýy gazaplanyp dowam edýär. Müñlerçe bigünä çaga, aýal-ebtat, garry-gurty jan berýär. Gynansak-da, mundan öñ dilinden "demokratiýany" düşürmän gelen ikiýüzli Günbatar dünýäsi bolup geçýän zatlary sessiz synlaýar. Bu drama 100 ýyldan gowrak wagt bäri şeýle ýagdaýda dowam edip gelýär. Her gezeginde Ysraýyl nämedir bir zatlary bahana edip, agressiýasyny amala aşyrýar, muny gitdigisaýy artdyrýar, Palestinadaky agramyny, musulman we hristian araplaryñ ýerlerindäki güýjüni gün geçdigisaýy artdyrmaga we giñeltmäge dowam edýär. Eýsem bu wagşyýanalyk nirede we haçan säginer? Ine, dünýä şunuñ üstünde kelle agyrtmaly. "Hamasyñ" hüjümini bahana edinen sionistik güýçler çäkden-çygyrdan çykýan agressiýa bilen jogap berdiler. Dogrusyny aýtmaly bolsa, Gazada ýaşaýan iki milliona golaý adamy bogup öldürmäge synanyşdylar. Häzir olar iñ soñky zarbany urmak üçin her dürli taýýarlyklaryny görene meñzeýär. Elbetde, bärde geñsi zatlar bar. Ysraýylyñ näme etjek bolýandygy täzelik däl... 1897-nji ýylda Şweýsariýanyñ Bazel şäherinde sionizmi esaslandyryjylardan Teodor Gersliñ başlyklygynda geçieilen kongresde Nilden Ýewfrata çenli Beýik Ysraýyl döwleti jöhit döwletiniñ gurulmagy meýilleşdirilipdi. Ysraýyl tarapdanam, sionistler tarapdanam ýagdaý görnüp dur. Hiç kim munuñ dogrulygynyñ-nädogrulygynyñ üstünde jedel etjek bolanok. Sionistleriñ bu ideýasynyñ ýalñyşdygyny, bular ýaly pikiriñ öñi bilen bütin Ýakyn Gündogary, soñam bütin dünýäni gana, oda çaýkajakdygyny akylly-başly her kim bilýär. Elbetde, akyly başyndan uçan ýewangelistlerden başlap Hudaýa kyýamaty getirtmäge mejbur etmek teoriýasyna çenli bir topar bolgusyzlygyñ ugrunda ylgaýan adamlardan başga hemmeler bilýär. Demokratsyraýan dünýä jemgyýetçiligine - reñkine, dinine, diline garamazdan aýdýaryn: wyždany bar, ynsaply adamlar we elbetde musulmanlar näme edýärler? Ýagny, birinji jogap tapmaly sorag şu. Gynansak-da, şumada çenli esasanam özüne "añrybaş musulman", "hakyky musulman", "yslamçy", "radikal"... aý garaz, adyna näme diýseñiz diýiñ, ähli güýçler palestinalylara diñe meçew berýär. Bularyñ meçew bermekden başga edýän işleri ýok. Meniñ birnäçe ýyl öñ çap edilen "Uzaga çeken asyr" atly kitabym bardy. Kitabymyñ daşky sahabynda "Mekge halas edilmezden Ierusalimi halas edip bolmaz" diýen ýazgy bardy. Häzir külli Ýakyn Gündogaryñ, arap şeýhleriniñ, Kataryñ, Bahreýniñ, Birleşen Arap Emirlikleriniñ, Kuweýtiñ, Iordaniýanyñ, Müsüriñ buržuaziýasynyñ... bularyñ hemmesiniñ puly iñlis-amerikan banklarynda! Hem şol banklaryñ eýeleriniñem aglabasy jöhit. Sionistleri goldaýanlaram şol jöhitler. Ynha, şol çarh döwülmezden, yslam ýurtlaryndaky Ysraýyly tutynyñ añyrsyndan goldaýan hakyky goldawçylary aradan aýyrmazdan sionistlere tär etmek mümkin däl. Gynansak-da, jöhitler bilen musulmanlaryñ, hristian araplaryñ, dürzileriñ birlikde agzybir ýaşap biljek iki döwletli çözgüdi goldaýan güýçler ýeterlik iş edenoklar. Seslerini gataldanoklar. Ysraýyly bu çözgüde geler ýaly edenoklar. Häzirem başyny Eýranyñ çekýän yslamçy gatlaklar diñe meçew berýärler. Meçew bermekden başga oñarýan işleri ýok. Her gezekden soñ Ysraýyl güýçlenýär, territoriýasyny giñeldýär. Häzir Ysraýyl Gazany hemme tarapdan gabaw astyna aldy. Gaza ara salym salman bombalanýar. Ysraýyl ilki ol ýerdäki ilaty azaldýar. Gazanyñ demirgazygyny, häzirki Ysraýylyñ günortasy diýilýän sebiti bombalaýar. Yzyndanam ädimme-ädim, hemleme-hemle ýerini giñeldýär. Hany, bi... eý Eýran, eý "Hizbullah", eý Türkiýede palestin jihadyndan söz açyp olara beleñ beren "Mawy Marmarany" gurap, soñam şol gämä münmän gaçyp giden wyždansyzlar... siz näme edýärsiñiz? Eger biruçdan uruşmaly bolsa, giriñ-dä biruçdan uruşmaga. Gadyrdanlar, kim has köp gykylyklap gygyrýan bolsa, gynansak-da, palestinaly musulman doganlarymyza iñ köp zyýany şolar berýär. Bu meselede-de gereginden artyk süýndürip oturmagyñ hajaty ýok, bir hepdäniñ, 10-15 günüñ dowamynda näme bilen gutarjagy belli bolar. Eger Ysraýyl eýdip-beýdip ol ýere girse, gyrgynçylygyny güýçlendirse ýa-da tampon raýon emele getirse, öñe ädim ädip köp babatda utuşlyk gazansa... Gaýtalap aýdýaryn, Eýrandan "Hizbullaha" çenli Türkiýedäki dilujundan musulmanlyk satýan yslamçylar siz nirede näme işläp ýörsüñiz? Eger bulara garşy göreşmeseñiz, bularyñ önüni almasañyz, sizem şu etmişe şärikdeşsiñiz. Enşalla, her çykyşymyñ ahyrynda şuny aýdýaryn: dünýäniñ şindize çenli herekete geçmedik wyždany, ynsaply adamlaryñ wyždany ara girip, iki döwletli çözgüt üçin oñyn ädimler ädiler. Ýogsam bolmasa, bu neresseleriñ günäsi ilki bilen olara meçew berenleriñ boýnundadyr. Eýse, Gaza goranmasynmy? Ysraýyla boýun egsinmi? Ýok. Siz meçew berişiñiziñ iñ bolmanda ýarysyça olaryñ ýanynda boluñ. Gerek bolsa, Gaza gidiñ, Palestina gidiñ. Janyñyz, puluñyz, ýaragyñyz bilen goldaw beriñ. Aý eýle, aý beýle, ykgy-pykgy... "halkara syýasat, dünýädäki deñagramlylyk" we ş.m... Bular ýaly bolgusyzlyklar, ýöwsellikler bilen adamlaryñ kösençliklerine dowa bolup biljek ädimleri ädip bilmeýän bolsañyz, çeke durýan bolsañyz... siz onda ahlaksyzsyñyz. Altan TAN. @AltanTan1958 Anna, 20.10.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |