14:27 Musulman kürtler akmakmy? | |
MUSULMAN KÜRTLER AKMAKMY?
Publisistika
Ysraýylyñ Gazadaky wagşyçylygy ýetjek derejesine ýetip dowam edýär. Häzire çenli müñlerçe adam wepat boldy we bularyñ aglabasy aýallardan, çagalardan, garrylardan we syrkawlardan ybarat. Bu mesele ýüz ýyldan gowrak wagt bäri dowam edip dur. Geçen ýüz ýylda bütin dünýäniñ gözüniñ öñünde nämeler bolup geçdi, ne uly wagşyýanalyklar bolup geçdi?.. Gynansak-da, edil häzirem başyny Amerikanyñ we Ýewropanyñ çekýän dünýäsi gepsiz-gürrüñsiz Ysraýyly goldaýar. Palestinalylaryñ ýüz ýyl bäri ädimme-ädim yza tesdirilmeleri, öz watanlarynda ýok saýylmalary, ýesir saklanmalary, daşary ýurda sürülmeleri goldanýar. Işiñ netijesi şular ýaly. Ýüz ýylyñ soñunda gelen sepgidimiz Palestinanyñ barlygy syýasy taýdanam, kagyz ýüzündenem, territorial taýdanam gün geçdigisaýy azalyp barýar. Soñky Gaza meselesi kürk intellektuallarynyñ arasynda-da düýpli çekişmeleri döretdi. Hususanam çepçi, sekulýar, ateist... aý, adyna näme diýseñiz diýiñ, kürk intellektuallary musulman kürtlere "uruş" yglan etdiler. Akmak diýip ýatan kim, gözli kör diýip ýatan kim, nadan diýip ýatan kim... Agyzlaryna gelen zady diýýärler. Gysgaça aýdýan zatlary şu: Biz kürtler, ylaýta-da sosialist kürtler 60-70-nji ýyllarda Palestina çenli gitdik. Palestinanyñ bosgun lagerlerinde Ysraýyla garşy uruşdyk. Bularyñ arasynda Faik Bulut ýaly ýedi ýyllap ysraýyl türmelerinde oturyp çykan intelligentlerem bar. Musulman kürt halky-da edil musulman türk halky ýaly ilkinji günden başlap palestin halkynyñ ýanynda ýer aldy. A palestinalylar näme etdi? Palestinalylar hiç wagtam kürtleriñ hakly we kanuny hukuk göreşlerine goldaw bermediler. Hatda öte geçen ýerleri boldy: Saddam Hüseýin Halapça gyrgynçylygyny edenden soñ Ýaser Arafat Saddam Hüseýiniñ tarapyny tutdy. Beýleki ähli palestinaly liderlerem sosialisti, sekulýary, liberaly we "Hamasyñam" arasynda bolan yslamçylary bilen sebit ýurtlary Türkiýäniñ, Siriýanyñ, Eýranyñ, Yragyñ kürtlere garşy ýöreden negatiw syýasatlarynyñ ýanynda ýer aldylar. Eý musulman kürtler, size näme bolýar-da, özüñizi beýle kötekleýärsiñiz? 2017-nji ýylyñ 21-22-nji iýulynda Türkiýäniñ Ýokary Halk Mejlisinden ugradylan deputatlar delegasiýasy bilen Ierusalimde geçirilen Ortaýer deñzi ýurtlarynyñ parlamentar bileleşiginiñ ýygnagyna gatnaşdym. Edil şol wagtam Palestinada dartgynly wakalar bolup geçýärdi. Ysraýyl "Mesjidi-Aksany" ýapypdy. Anna güni jumga namazynyñ okalmagyna-da rugsat bermediler. Giriş-çykyşlar gadagan edildi. Menem delegasiýanyñ düzümindäki beýleki deputat ýoldaşlarym bilen bile "Mesjidi-Aksanyñ" gala diwarlarynyñ daşynda okalan jumga namazyna gatnaşdyk. Jumga namazy geçen badyna gapma-garşylyklar ýüze çykdy. Ysraýyp polisiýasy, howpsuzlyk güýçleri göz ýaşardyjy gaz we suw pürkmäge başlady, märekäni dagatdy. Käbirlerini tussag astyna aldy. Türkiýede-de käbir habar kanallarynyñ subtitrinde "Altan Tan Ierusalimde tussag astyna alyndy" diýen ýazgy geçmäge başlady. Meni ýakyndan tanaýan, bir mahallar dini gatlaga golaý duran, uzak wagtlavam Ýewropada ýaşan tanşym şobada maña sögüp-käýinip ugrady: "- Heý, akylsyz! Seniñ o taýda näme işiñ bar? Näçe sany Palestina bir Kürdüstana degýär? Näçe sany "Mesjidi-Aksa bir Jizre, bir Şyrnaga degýär? Näme işläp ýörsüñ o taýlarda?" Onuñ entek hiç zatdan habary ýok, meniñ Ýokary Halk Mejlisiniñ delegasiýasy bilen gidendigimem, tötänlikden beýle zatlaryñ bolandygynam bilenok. Ondan bäri näçe ýyl geçdi, ýene şo bir mantyk herekete geçdi. Ýene şo bir zady gaýtalaýarlar: "Size näme Palestinadan?" "Olar hemişe Halapçada Saddam Hüseýiniñ ýanynda ýer alsylar. Sebit ýurtlarynyñ ýanynda ýer aldylar. Sosialistinden yslamçysyna çenli kürtleriñ kanuny hak-hukuklaryna ikinji Ysraýylyñ gurulmagy hökmünde garadylar. Size nä döw çalýar?" diýmäge başladylar. Dostlar, doganlar, tanyş-bilişler, bize şu döw çalýar, serediñ, düşündireýin: Menem Gazadaky wagşyýanalyga, palestinalylaryñ dramasyna siziñ diliñiz bilen aýdanda "boş aklym bilen" şindizem örtenmäge we goldamaga dowam edýärin. Nämüçin? Munuñ iki sebäbi bar. Birinjisi adamkärçilikli sebäp. Bu Bosniýada Srebrenisadaky musulman bosniýalaryñ öldürilmeginde şeýle, Afrikadaku taýpalar tutsiler bilen hutularyñ arasynda 800 müñ adamyñ gurban bolan meşhur gandöküşliginde-de, Günorta Afrikada-da, Taýlandiýada-da, Filippinlerde-de şeýle... haýsy mazluma bir haksyzlyk edilse, dinine, diline, milletine garamazdan şoñ tarapyndadyryn. Muny goldaýan meniñ ýalylaram edil şeýle. Palestin meselesinde palestinalylaryñ hemmesi siziñ pikir edişiñiz ýaly musulmanam-a däl. Ol ýerde ilatyñ 10%-ne golaýy hristian we dürzi ynançly adamlar. Palestina meselesi aslyýetinde hak-hukuk ugrundaky göreşdir. "Hamasyñ" öldüren raýatlary üçinem edil şolar ýaly garşylyk berýäris. Ysraýyly jöhit raýatlara, halka garşy edilen gandöküşliklere-de, tussag almalara-da... bularyñ barsyna garşy çykýarys. Birinji we düýp sebäp adamkärçilige goldanýar. Ikinji sebäp barada aýdanymyzda: Mahmud Abbasdyr Ýaser Arafata çenli, ýagny siziñ diliñiz bilen aýdanda "bularyñ hökümdarlaryna" çenli sebitdäki faşistik režimleriñ ýanynda ýer alanda, kürtlere garşy Halapçada Saddamy goldanlarynda, bize nä döw çalýanyny aýdyp bereýin. Bu dawa biziñ nukdaýnazarymyzdan Ýaser Arafatyñ ýa-da Mahmud Abbasyñ kakasyndan galan melleginiñ zor bilen elinden alynma dawasy däl. Şuny ýagşy biliñ. Ierusalim we onuñ içindäki "Mesjidi-Haram" musulmanlar üçin mukaddesdir. Mahmut Abbasdyr Ýaser Arafat, Ysmaýyl Heniýýedir Halid Meşal özlerini Ysraýyla satanam bolsa, olar bilen oturyp iýip-içýänem bolsa, bu dawadan el çekýänem bolsalar, biz musulman araplar, musulman kürtler, musulman türkler, musulnan bosniýalylar, musulman iñlisler, fransuzlar üçin... mesele öñküligine galýar. Biziñ üçin ol ýer göreşilmelin hak-hukugumyzyñ goralmaly mukaddes ýeridir. Şuny ýagşy biliñ. Tekrarlap aýdýaryn: Ýaser Arafat özüni satanam bolsa (bilýänsiñiz, Ýaser Arafat aradan çykdy we men onuñ mazaryna zyýarata-da gidipdim), Mahmud Abbas özüni satanam bolsa, Ysmaýyl Heniýýe hem özüni satan bolsa, biziñ nukdaýnazarymyzdan bu meseläniñ mukaddeslugi we ähmiýeti öñküligine galýar. Şonuñ üçin başda aýdylmaly sözi soñunda ýanjap aýdýaryn: Birinjiden, bu mesele adam hukuklary, hak we azatlyk ugrundaky göreş meselesidir. Ikinjiden, musulmanlar nukdaýnazaryndan mukaddes meseledir. Elbetde, mukaddes mesele diýenimizde, "ol ýer diñe musulmanlara degişli" diýjek bolamzok. Eýýäm näçe ýyl bäri ýazyp gelýärin, bu meseleler barada ýazan näçe sany kitabym bar: Ierusalim jöhitleriñ, hristianlaryñ we musulmanlaryñ agzybirlikde, asudalykda, jebislikde ýaşajak Darüsselamy bolmaly. Wessalam. Altan TAN. Anna, 27.10.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |