16:45 Kaşykçy jenaýaty | |
KAŞYKÇY JENAÝATY
Publisistika
Asly kaýserili maşgalada önüp-ösen Saud Arabystanly žurnalist Jemal Kaşykçy bilşiñiz ýaly Stambuluñ orra ortasyndaky Saud Arabystan konsullygyna girensoñ, gaýdyp yzyna çykmady. Şol gije onuñ adaglysy bilen birlikde Stambuldaky dost-ýarlary howsala düşüp, Kaşykçynyñ başyna bir iş düşendigini aýdyp gygyrdylar we birnäçe günläp konsullygyñ öñüni sakladylar. Az wagtdan soñ hut Milli Kontrazwedka gullugy Kaşykçynyñ öldürülendigini we jesediniñ böleklenip ýok edilendigini ses ýazgylaryna çenli tapyp anyklady. Prezident Erdogan bu wagşyýana jenaýaty ýazgardy, AK partiýaly syýasatçylar, žurnalistler, aý garaz nirde eli galam tutýan adam bar bolsa, ýazdylar-çyzdylar, interwýu berdiler. Waka diñe Türkiýede däl, bütin dünýäde gyzgyn seslenme döretdi. Kän wagtlap dilden düşmedi we esasy günäkär edilibem saud mirasdüşer şazadasy Muhammet bin Selman görkezildi. Kaşykçy kim? Nämüçin ony ýok etmegi netine düwdüler? Ol nähili adam? Gowy adamdymy ýa erbetmidi? Bu boýunça köp yazyldy, aýdyldy. Bu sowallaryñ jogaby bizi gyzyklandyryp duranok. Özi kim bolanda-da, näme edenem bolsa, bular ýaly wagşyýana jenaýaty hiç hili ýagdaýda aklap bolmaz. Bizi gyzyklandyrýan tarapy wakanyñ Stambulda bolup geçmegi we jenaýatyñ yzynyñ ýitirilişi ýaly jesetdir jenaýatkärleriñem ýitirim bolmagy. Bolup geçenler iñ bärki dil bilen aýdanda Türkiýe Respublikasynyñ güýjüni, at-abraýyny äsgermezlik bolýar. Wakanyñ bolan gününden başlap türk jemgyýetçiligi we resmi ygtyýarlylar gerekli nägileliklerini bildirdiler. Emma näme bolsa boldy, köpriniñ astyndan näme suw aksa akdy: türk derñew edaralary işi ýapyp, Saud Arabystana berdi. Näm boldy, nämüçin boldy, iş nämüçin ýapyldy, näme alyndy, näme berildi?.. Orta atyljak onlarça sowal bar. Jogap welin ýeke: Adyna (ady ýer ýuwtsyn) real-syýasat bähbitler dünýäsi. Deññeler we ýeññeler! Tebigy taýdan hak-hukuk, adalat, ahlak, wyždan... diýen zatlaryñ nämedigini bilýän adamlar nägile ýagdaýda... Akly-huşy bar adam "hökümet şun-a oñarmady" diýýär. Özlerini öte akylly saýýan köpbilmişler bolsa murtlarynyñ aşagyndan syrtarýarlar. "Eýse siz döwlet dolandyryş işini çaýhana ýöreden ýalydyr öýdýäñizmi? Haýsy asyrda, haýsy akylda ýaşaýarsyñyz? Goýuñ indi möwriti öten rewolýusioner we yslamçy pikirleriñizi! Döwletiñ fantaziýalary däl-de, bähbitleri bolýar. Siz romantiki syýasat bilen meşgul bolanyñyzdan, gidiñ-de, metjide ymam boluñ!" diýýärler. Ýüzi eşegiñ hamyndanam galyñ pyýadalara: "Onda bizi nämüçin nijeme ýyllap hak-hukuk, adalat diýip hüwdüläp, ukladyp geldiñiz? Nämüçin ýaş gyzlyk-ýigitlik hyýallarymyzy ýykdyñyz?" diýip, sorajagam bolmañ. Çünki olaryñ berjek jogaplary sizi hasam beter gynandyryp biler. "Akylsyzlygyñyza, boş kelleliligiñize ýanyñ!" diýerler. Allatagala Aliýa Izetbegowiçe rehmet etsin. Ol "Duşmanlarymyzyñ bize edenlerini (zorluk-sütem, zulum) bizem olara etsek, olardan tapawudymyz bolmazdy, eger şeýden bolsak, şonda ýeñilerdik" diýende, nähili dogry aýdan eken. Haýp! Altan TAN. Anna, 15.04.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |