06:18 Jikjiki we demirçi ussa | |
JIKJJIKI WE DEMIRÇI USSA
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Daýhanmy maldar olar üçin ýylyň tutuş döwri gyzgalaňly bolýar. Maý aýynyň ahyry tomus paslynyň gelendigi aňladýar. Güller owadanlanyp müşki-anbar yslaryny daş-töwerege ýaýratsalar, miweli baglar düwýnçekläp başlaýarlar. Pessaýja öwüsýän şemalyň şypaly howasy kalbyňy heýjana getirip, ruhuňa ruh goşýar. Indi bahar paslyndaka garanyňda guşlaryň toparlanyşyp saýraýan sesleri seýrekleýär. Çaga guşlar jüýjelikden saýlanyp höwürtgelerini taşlap gidýärler. Hut şol döwürlerde seýilgählerde we bag-bakjaly ýerlerde jikjikiler peýda bolup başlaýarlar. Jikjikiler - serçä garanyňda kiçiräk bolsa-da, çakgan hereketi täsin jürküldisi bilen kowumdaşlaryndan tapawutlanýar. Türkmenleriň “Dil bela - diş gala” diýen atalar sözüniň çuň many-mazmuny bar. Ol megerem jikjikiler bilen bagly bolsa gerek. Munuň hut şeýledigine biziň günlerimize gadymyetden gelip ýeten rowaýat hem şaýatlyk edýär. Ir zamanlarda obanyň çetindäki baýyrlygyň üstünde ussahana ýerleşipdir. Onda demirçi ussa oba hojalyk gurallaryny we oba hojalygynda zerur bolan zatlary ýasaýar eken. Günleriň birinde ussahana niredendir bir ýerlerden bir guşjagaz uçup gelipdir. Ol ussahananyň bir çetinden beýleki bir çetine geçip demirçi ussanyň hereketlerini birin-birin synlapdyr. Belendiräk bir ýere çykyp bökjekläp az wagtlyk saýransoň gerek bolmadyk sowallaryny berip ussanyň ünsüni sowupdyr. Has beteri-de maslahat berip ussanyň başynda dert bolup sataşypdyr. - Çirik-çirik, siz näme bilen meşgullanýarsyňyz?—diýip, ol ussa ýüzlenipdir. - Gap-gaç, oba hojalyk gurallaryny, atlar üçin nal ýasaýaryn - diýip ussa jogap beripdir: - Gel, guşjagaz, maňa ýardamçy bol, maňa kömekçi zerur, gadyr-gymmatňy bilerin. - Ýok, goýaweriň, beýle pikir neneň kelläňize gelip bildi—diýip, guşjagaz nägilelik bilen jogap beripdir: - Iş ýeriňiz gyzgyn, ot ýanyp dur. Birdenkä ganatlaryma, belki-de aýaklaryma zeper ýetsem neneň bolar. Jirik-jirik özüň işläber. - Guşjagaz, sen asla hiç zatdan gorkmagyn. Bile işlesek işimiz gyzgalaňly we şowuna bolar - diýip, şonda ussa aýdypdyr. - Özüň işle-de, özüň bejeriber, maňa siziň maslahatyňyz derkar däl. Men saýrak guş ahyryn. Jikjikiler bolsa saýramaly. Jirik-jirik! eşitdiňizmi diýipdir. Jikjikiniň ýerliksiz sowalary, jürkildisi betbagtlygyň buşlukçysydy. Jikjiki indi halys hetdinden aşyp ussanyň üstünden gülmäge het edip başlapdyr. Şonda amatly pursaty peýlän ussa jikjikini tutupdyrda kapasada ýerleşdiripdir. Jikjiki indi ussahananyň içinde belendiräk bir ýerden asylyp goýulan täze mekanynda saýraýar. Şol saýraýyşda “Dilim meniň — belam meniň“ diýen manyny duýmak kyn däl. Şahymerdan SARY OGLY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |