21:42 Jyn arwahmy ýa poltergeýst? | |
JYN ARWAHMY ÝA-DA POLTERGEÝST?
Geň-taňsy wakalar
Göwnümize bolmasa biziñ günlerimizde geñ-tañ hadysalaryñ sany barha artyp barýan ýaly. Belki-de beýle-beýle täsinlikler öñem bolýandyr-da häzirkisi ýaly aýdylyp, ýazylyp ýören däldir. Her niçik-de bolsa ''gulak eşidenini göz görmesin'' diýdirýän hadysalar hakda häli-şindi eşidilip dur. ''Kommunizm ýoly'' Daşhowuz oblast gazetiniñ 1991-nji ýylyñ 8-nji maýdaky sanynda Toýly Öwezow bilen Esen Artykowyñ ''Ýalynsyz ot jadylymy?'' diýen makalasy ünsümi özüne çekdi. ''Ha ynan ha ynanma'' atly rubrika bilen berlen bu makalada aýdylýan zatlar islendik adamy gyzyklandyrsa, hemem haýran galdyrsa gerek. Gürrüñ il içinde öñ görlüp-eşidilmedik bir täsin hadysa hakynda barýar. Gazet makalasynda ýazylyşyna görä ''hemmeleri haýran galdyran bu waka'' üstümizdäki (1991) ýylyñ 5-nji mart güni başlanýar. Şol gün B. Halmyradow heniz işe ugramanka, naharhanada diwarda asylgy duran et çapgyjynyñ, ondan soñky ýanýan zatlaryñ ählisi hem ýangyn tutaşar ýaly sebäp bolmasa-da, aýylganç tüsse bolup burugsaýar. Ýangyn diýer ýaly ýalyn ýa-da köz ýok. Diñe bir tüsse göterilýär. Soñam eliñe alyp görseñ, tutuş bir bölek gara köýük bolup eliñden gaçýar. ㅡ Aýna tutulýan perdeleriñ ortasy, düşekler, ýassyklar, geýim-gejimler bölekleýin ýanyp-ýanyp, derde ýarar ýaly zat galmady. Diwardaky suratlar, telewizor (diñe içki işçi enjamlary). Baýram aganyñ telpegi, ähli zatlar gezekli gezegine tüsseleýär. Eliñe alyp görseñ şol zatlaryñ ählisiniñ hem bir bölegi ýanyp gutarypdyr. Tutuş maşgala işe gidenok. Çagajyklar gorkusyndan ýaña gözjagazlaryny tegeläp, gapydan baran her adamdan haraý gözleýär. Saçakdaky çöreklere çenli gara köýük bolup galypdyr. Haçanda çörek bişirmek üçin ýugrulan hamyram ýanypdyr ahyryn. Çüýşe gapda duran duzlar şatyrdap gowrulýar. Dogry, ilkibada bu hadysa bilen ýerli döwlet we jemgyýetçilik guramalary gyzyklandylar. Ýangyn söndürijileriñ milisiýa işgärleriniñ nobatçylyk çekmegi hiç hili peýda bermedi. Öýde ýat adam bar mahaly bu hadysa saklanýar. Haçan-da maşgala çlenleri bolup galanlarynda ýene-de şeýle ýagdaý ýüze çykýar. Maşgala çlenleri başga bir garawulhana niýetlenen jaýa göçüp gördüler. Emma täsin ýangyn bu ýerde öñküdenem köp gaýtalandy. Söwda işgäri, maşgalabaşynyñ ýakyn dosty Kadyr Bekiýew maşgala çlenleri duýgudaşlyk bildirip, şol öýde galan güni: ''Kim bar, çyk öýden'' diýen näzik, emma çasly ses ýañlanýar. Ylgap daş çykýar. Hiç kim ýok. Içerde bolsa täsin ýangyn başlanýar. Şu ýerde ýene bir zady aýtmak artykmaçlyk etmese gerek. Dini ynançlar bilen bagly düşünjeler, biziñ halkymyzyñ añynda ata-babadan galan miras hökmünde berk ornaşypdyr. B. Halmyradow oýlanýar: ''Belki allatagalanyñ gazaby bolaýmasyn?'' Kagyz ýüzünde ykrar edilmese-de, iliñ kä ogryn, kä dogryn tagzym edip ýören mollalary, porhanlary getirilýär. Emma ýene-de netije ýok. Ahyrynda hem şäher ispolkomyna ýüz tutýarlar. Ýokarda belleýşimiz ýaly, döwlet we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan durmuşa geçirilen çärelerden-de hiç hili netije çykanok. Täsin ýangyn bolsa indi maşgala çlenlerine daraşyp ugrady. Maşgalada bir sany inwalid çaga bar. Hawa, inwalid gyz Baharyñ aýagyndaky sport geýimi ýanýar. Netijede onuñ tenine şikes ýetýär. ''Tiz kömegi çagyrýarlar. Emm ol hem ''Keselhanada ýer ýok'' bahanasy bilen heläkçilik çeken çagany galdyryp gidýär. Ogly Döwletgeldiniñ üç sany barmajygy ýanypdyr. Dynç alynýan güni 31-nji martda el ýuwulýanyñ ýanyndaky el süpürgüsi, düşekçe ýanyp başlapdyr. Herhal şäher içeri işleri bölümi tarapyndan şol ýerde ýörite nobatçy goýlupdyr. Nobatçy bilen B. Halmyradow ýangyny söndürýärler. Haltadaky tüwi hem ýanypdyr. 25-nji aprel güni elektrik uçýotçiginiñ probkalary, elektrik simleri, diwardaky wklýuçateller, telefonuñ simleri ýanyp gitdi. Telefon simlerini täze dakdylar. Emma ol hem ýandy. Bu täsin hadysanyñ sebäbini biljek bolup az synanyşyk edilmändir. ''Belki çagalaryñ birinde ekstrasens gudraty, ýa bolmasa başga bir ýetmezçilik bolaýmasyn'' diýip çak edipdirler. Şu çaklama bilen B. Halmyradowyb gyzlary Maraly, Maýany, Amangüli, Bahary oblast keselhanasyna ýerleşdiripdirler. Medisina barlagyndan geçirip görüpdirler. Çagalar öýden gidensoñ, ýangyn kesilipdir. Amangül bilen Bahar 8-nji aprelde öýlerine dolanypdyrlar. Beýleki iki gyz dolanyp gelip, heniz bosagadan içerik ätläp-ätlemänkä täsin ýangyn emele gelipdir. Bu ýagdaýy görüp şol iki gyzy Baýram aganyñ inisi Meret Halmyradowlara iberipdirler. Gyzlar olara baryp, heniz oturyp ㅡ oturmankalar Meretleriñ öýlerindäki şkafyñ gözünde duran polotensa öz-özünden ýanyp başlapdyr. Çagalary ýene-de öz öýlerine dolamaly bolupdyrlar. Belki-de bu ýerde günä çagalarda däl-de, B. Halmyradowyñ ýaşaýan öýünde, ýagny, Daşoguz şäheriniñ Mir köçesiniñ 15-nji jaýynyñ 2-nji kwartirasynda bir emma bar. Baýram aganyñ özi-de şeýledir öýdüp jaýyny çalyşmagy ýüregine düwüpdir. Mümkin bu hadysanyñ añyrsynda ýönekeý we adatyja bir sebäpjagaz ýatandyr. Eýsem, Baýram agalaryñ öýünde nämeler bolup geçýär? Bu zatlar köpler aýtmyşlaýyn jyn-arwahyñ oýnumy ýa-da häzirki ylmy dilde düşündirişleri ýaly poltergeýst hadysasymy? Poltergeýst nemesçeden türkmençä terjime edilende ''ruhlaryñ oýny'' diýmekdir. Heý şu çaka çenli şeýle zada duşulypmy? Goý, ol Türkmenistanda ýa-da tutuş SSSR-iñ çäginde, hatda bütin Ýer ýüzünde bolup geçen bolsun. Şuña meñzeş ýagdaýa öñ duşulan bolsa oña nähili baha berlipdir we ony näme diýip kesgitläpdirler? Bu sowallara jogap bermek üçin bolup geçen hadysany düýpli we hertaraplaýyn derñemek, öwrenmek gerekdigi gürrüñsizdir. Häzirlikçe bolsa ol hakda diñe käbir zatlary çak etmek mümkindir. Umuman aýdylanda Baýram Halmyradowlarda bolup geçýän öñ görlüp eşidilmedik hadysa-ha däl eken. Munuñ şeýledigine şu tema bilen gyzyklanyp ugran badymyza göz ýetirdik. Şuña meñzeş syrly ot bilen baglanyşykly waka hakda XIX asyrda Türkmenistanda bolup geçipdir diýilip gürrüñ berilýän rowaýatyñ ynandyryjylygy pes bolsa-da, şu ýerde fakt hökmünde belläp geçmegi makul bilýärin. S. Demidowyñ ''Türkmen Öwlatlary'' atly kitabynyñ 28-nji sahypasynda ýazyp görkezmegine görä, Kelejarda ýaşan, magtym tiresinden bolan Isa pir gudraty geýçli, keramaty zor adam bolupdyr. Rowaýata görä onuñ keramatyny synap görmek üçin birnäçe atly öýlerine myhman bolup gelipdir. Şonda Isa pir myhmanlaryñ atynyñ hersine bir desse ot beripdir. Myhmanlardan biri Isa pirden ogrynça atyna ýene bir desse ot bermekçi bolupdyr. Onuñ ogurlyk edenine gahary gelen Isa pir myhmanyñ elindäki oty keramaty bilen ýandyryp iberipdir. Piri synamaga gelenler ötünç sorap ol ýerden süzüberipdir. Şondan soñ magtymlara ''otly magtym'' diýip ugrapdyrlar. Orta Aziýada hut Baýram agalaryñ öýündäki ýaly hadysa 1953-nji ýylda Daşkent şäheriniñ Oktýabr raýonunda ýaşaýan Faýzyýewleriñ howlusynda bolup geçipdir. Bu öýde täsin ýangyn şol ýylyñ 20-nji noýabrynda juma güni başlanyp, 1954-nji ýylyñ 25-nji fewralyna çenli, jemi 98 gün dowam edipdir. Şol wagt aralygynda bu maşgalanyñ görmedik görmedik görgüsi galmandyr. Ýangyn başlananda öýde 7 ýaşly we 17 ýaşyndaky iki gyz hem-de 5 we 11 ýaşlaryndaky iki oglan bar eken. Olar howluda oturyp naharlanýarka jaýdan tüsse çykyp ugrapdyr. Çagalar goñşulary kömege, çagyrypdyrlar. Soñ ýangyn söndürijileri çagyrypdyrlar. Olar ýangyny söndüripdirler. Ilki ýangynda köneräk haly, düşekçe we ýassyklar ýanypdyr. Soñ-soñlaram öý goşlary gezek-gezegine ýanýan eken. Ýangynyñ 71-nji günümde Moskwadan ýangyn söndürijileriñ ýolbaşçylarynyñ biri yzyna köp adamy tirkäp gelipdir. Hut şonuñ gelen wagty hem diwara ýelmenen gazet ýanyp, ýere kül bolup düşüpdir. Ony gören Moskwaly bu hadysa örän haýran galypdyr. Soñlugy bilen poltergeýst çagalara-da täsir edip ugrapdyr. Ilki gyzlaryñ biriniñ el-aýagy titräp, dili basylyp galypdyr. ''Tiz kömek'' ony äkidip keselhana ýerleşdiripdir. Ol gyz 5 günden sagalyp ýetişipdir. Şondan bir hepde geçensoñ 5 ýaşly oglanjygyñ göwresi sandyrap, dili basylyp galypdyr. Ol hem, 3 ㅡ 4 gün keselhanada ýatyp gutulyp gelipdir. Aradan iki gün geçenden soñ ir bilen uly gyzyñ, giçlige ýakyn 11 ýaşly gyzyñ el-aýagy ysman galypdyr. Olaram bir hepde keselhanada ýatyp gutulypdyr. Şondan soñ maşgala Kokanda göçmek bilen bolupdyr. Olar gidensoñ ýangyn galypdyr. Boşan jaýda galan Faýzyýewiñ mugallym ogly gijelerine her hili düýşler görüp başlapdyr. Ol öýleri ne Samarkantdan, Buharadan, Garşydan 45 günlük okuwa gelen gaýybanaçylary kwartirant edip alypdyr. Aradan üç-dört gün geçen soñ olaryñ ikisi Faýzyýewiñ ýanyna gelip ''Bu öýüñ añyrsynda kerneýçi surnaýçylar ýaşaýarmy? Gijesi bilen saz çalyp ýaturanoklar'' diýipdir. Ýöne ol sazy beýleki ýigitler eşitmeýärmiş. Buharaly ýigit hem bir gije düýş görüp, gorkup oýanypdyr. Ol: ''Gözümi açsam baş ujumda bir uzyn boýly adam kepene dolanyp dur, ony görüp gorkymdan bagyryp goýberdim'' diýipmiş. Şol iki ýigit şol günüñ özünde bu öýden başga ýere göçüp gidipdir. Şondan soñ howluda köp adam ýaşapdyr. Ýene hiç-hili syrly hadysa bolup geçmändir. Amerikan reportýory Çarlz Fort geçen asyrda gazet-zurnallaryndan 20 ýyllap täsin hadysalar hakda ýazylanlary ýygnapdyr we şeýle geñ-tañlyklaryñ 40 müñüsini jemlemegi başarypdyr. Iñlis fenomençileri Miçell we Rikard (Riçard) hem şeýle hadysalar baradaky köp maglumatlary toplap, olary ýörite kitaba jemläp neşir edipdir. Olaryñ toplan maglumatlarynyñ arasynda syrly ot bilen bagly wakalar, şol sanda Daşoguzda bolup geçen hadysa meñzeşleri-de az däl. Geliñ şol hadysalaryñ käbiri hakynda gysgaça durup geçeliñ! Miçelliñ we Rikardyñ ''Laýt'' atly zurnalda 1889-njy ýylda çap edilen makala salgylanyp aýtmagyna görä, şol ýylyñ noýabrynda Kwebekde, Klaredonda ýaşaýan Deggleriñ öýünde arwah peýda bolanmyş. Bu ýagdaýy anyklamaga 15-nji noýabrda şol maşgala baryp gören inspektor Persi Wudkoý, öý eýesi mister Degg bilen saraýa barypdyrlar. Içi boş saraýyñ ortasynda sesi çykýan özi görünmeýän biri olaryñ bada-bat habaryny alypdyr. Has dogrusy inspektora şeýle bir paýyş sögüp başlapdyr welin, hoşuña gelsin. Wudkok hem-de öý eýesi Degg ''onuñ'' bilen birnäçe sagatlap gepleşik geçiripdir. Şonda göze görünmeýän sesiñ eýesi özüniñ arwahdygyny aýdyp, öýüñ içindäki goşlary eýläk-beýläk zyñyşdyrýanyñ, otlaýanyñ özidigini boýun alypdyr. Uzak gepleşikden soñ inspektor ony hepdäniñ bazar güni, giçlik bu ýerden gitmäge yrypdyr. Bu habary eşiden Deggleriñ öýüne bazar güni adam bary üýşüpdir. Görünmeýän ''adamyñ'' sesi gelenleriñ hemmesini atma-at tanap, olaryñ ömründe adama aýtmajak wejera syrlaryny paş edip başlapdyr. Şol günüñ ertesi Deggleriñ öýlerindäki ''arwah'' güm bolup gidipdir. 1801-nji ýylda Warşawadaky buthanada şeýle ýagdaý bolup geçipdir. Ybadat gidip durka çagañka meñzeş inçe, näzik ses gykylyk edip ybadaty bölüp başlapdyr. Egerde, oña üns bermän ybadaty dowam etdiriberseler näzik ses ''Ybadathana ýanýar!'' diýip howsalaly gygyrypdyr. Dogrudanam şol pursat ýalyn we tüsse peýda bolupdyr. Ony hatda köçedäkilerem görüpdir. Basa-baslyk sowlup, adamlar köşeşensoñ ne ses, ne ot, ne-de tüsse barmyş. 1990-njy ýylda bu maglumatlaryñ rus dilinde neşir edilmegi mynasybetli ylymlaryñ doktory W. A. Faýwişewskiden öz pikirini aýtmagyny soranlarynda ol bu gürrüñleri gallýusinasiýa diýip düşündiripdir. 1951-nji ýylda Florida ştatynda hem şeýle bir waka bolup geçipdir. Şol ýylyñ 1-njy iýulynda Meri Rizer diýen aýal öz-özündäki kreslonyñ üstünde oturan ýerinde gara köýük bolup ýanyp galypdyr. Ertesi güni onuñ hyzmatkäri: ''Hojaýyn näme çykanokga'' ㅡ diýip, onuñ oturan otagyna girip görjek bolsa gapy ýapyk eken. Gapynyñ tutawajyny elläp görse el degirer ýaly däl, gyzgynmyş. Ol goñşularynda işläp ýören iki sany reñkleýji ussany kömege çagyryp gelipdir. Kömekçiler gelip gapyny döwüp açypdyrlar. Olaryñ üçüsiniñem ýüzüne içerden gyzgyn howur urupdyr. Ýangyn söndürijiler gelse uly bir ýangyn ýokmuş. Özem diñe Rizeriñ oturan ýerinde ýanan kreslonyñ purjini, ýanan bagyr, bir bölek oñurga süñki we ýumruk ýaly bolup kiçelen kelle süñki ýatyrmyş. Töwerekde hiç zat ýanmandyr, hatda Rizaryñ aýagyndaky öýde geýilýän köwşi-de şol ýerde ýatan eken. Spesialistler bu ýagdaýy görüp haýran galypdyrlar hem-de muña, hiç hili düşündiriş tapyp bilmändirler. Hatda 2500 gradus temperaturada krematori pejinde 4 sagat ýakylanda hem adam beýle ýanmaýarmyş. Eger şeýle güýçli temperatura bolan bolsa ol ýerdäki plastmassa zatlaryñ eremän galmagy has-da geñmiş. XVIII ㅡ XIX asyrda belli ýazyjylar De Kuinsi Tomas, Çaral Dikkens, Marriýet Frederik, Melwill German, Emil Zoll hakykatdan-da bolup geçen şeýle hadysalar hakda ýazan ekenler. 1731-nji ýylyñ iýunynda ''Jentelmens megezin'' atly iñlis gazetinde Kaseinden bolan grafinýa Bandiniñ şum täleýi hakda ýazypdyr. Gazetiñ habaryna görä öz krowatynyñ ýanynda ýatan bu aýalyñ bir üýşmek küle öwrülen jesediniñ diñe kellesi, üç barmagy we iki aýagy galypdyr. Öýde başga zatlar ýanmandyr. Berlinde 1843-nji ýylda çykan Ensiklopedik sözlükde Reýms şäherinde 1725-nji ýylda Mille atly fransuz aýalynyñ otsuz, ýalynsyz ýanyp, küle öwrülip galandygyny görkezilipdir. 1930-njy ýylyñ 24-nji ýanwarynda bolsa ''Nýu-Ýork San'' gazeti Nýu-Ýork ştatynyñ ''Kinçteoun şäherinde Stenli Leýk diýen aýalyñ gara köýük bolup galandygyny, ýöne onuñ üstündäki eşiginiñ ýanmandygyny ýazypdyr. 1904-nji ýylyñ 17-nji dekabrynda Londonda çykýan ''Deýli nýus'' gazeti Rouzholldan bolan Tomas Koçreýn diýeniniñ kresloda oturan ýerinde otsuz, ýalynsyz köýüp galandygyny, şonda onuñ töweregindäki ýassyklara hiç zat bolmandygyny belläpdir. Şeýle mysallaryñ başga-da ençemesi bar. 1990-njy ýylda şeýle hadysalar hakda öz pikirini aýdan sowet alymy, medisina ylymlarynyñ doktory N. I. Losewanyñ pikiriçe beýle zatlar bolup biljek dälmiş, sebäbi bu mümkin dälmiş. Ine bolany. Bizem bu wakalar hakda Sowet alymlarynyñ pikiri bilen ylalaşaýalyñ. Ýogsam, näme, ylymlaryñ doktorlary aýtsa bir zat bilýändirler-ä. Ýöne geliñ ýene-de Daşoguzda bolup geçen waka dolanalyñ. Amerikada, Angliýada, başga ýurtlarda ýüz beren hadysalary alymlaryñ tassyklaýşy ýaly ýalanmyş diýeliñ. Ýöne Baýram aganyñ öýündäki ýalynsyz ot hakyky zat diýip ynanjak bolalyñ. Özüm gözüm bilen gördüm diýsem-ä ýalançy. Sebäbi, men bu hakda diñe telefon arkaly ''Kommunizm ýoly'' gazetiniñ jogapkär işgäri Gazakbaý Amanow bilen gürleşip gördüm. Şeýle-de bolsa makala ýazan habarçylar, ýangyn sönderijiler, wraçlar il-gün, beýleki käbir resmi adamlar, abraýly din hadymlary şol waka gatnaşyp, köp zada şaýat bolupdyrlar. Arazbaý ÖRÄÝEW. "Ýaş kommunist" gazeti, 1991 ý. Surat: "Ýedinji jyn" kinofilminden / "Özbekfilm", 1976 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | ||||
| ||||