22:11 Kaka, men ölmekden gorkýaryn! | |
KAKA, MEN ÖLMEKDEN GORKÝARYN!
Goşgular
Kaka! Kaka, men ölmekden gorkýaryn! Entek mähirinem ödämok, Ýüregini gabartmaýyn ejemiñ! Kaka! Kaka, men ölmekden gorkýaryn! Men ýaş! Ýaşamakdan ýadamok! Bir alajy tapylmazmy ajalyñ?! Kebelek deý perwaz urup daşymda Per bermedi, surnukdyrdy keselim. Ýañy, gadam basan juwan ýaşymda, Nokat berip, soñlanarmy eserim! Kaka! Kaka, men ölmekden gorkýaryn, Arzuwlarym kök urjakdy gögerip. Meniñ bilen bile guma garylsa, Çykjak bolup, rahat bemez gygyryp! Kaka! Kaka, ne sebäpden alaç ýok! Başym sypap, zol bagryña basýarsyñ! Halas edip bilseñ meni halas et! Kaka, Kaka men ölmekden gorkýaryn! © Remezan MÄMETGURBANOW. | |
|
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |