20:17 Kakabaý Ylýasow | |
KAKABAÝ YLÝASOW
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Kakabaý Ylýasow, türkmen şahyry, Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy. Kakabaý Ylýasow, 1936-njy ýylyñ 16-njy aprelinde Daşoguz welaýatynyñ Boldumsaz etrabynyñ Birleşik obasynda doguldy. 1962-nji ýylda M.Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlap, şol ýyl öz obalarynda mekdep mugallymy bolup işe başlady. Ol edebiýat bilen yzygiderli meşgullanmak bilen bir hatarda, Boldumsaz etrabynyñ ýerli radiosynyñ habarçysy, etrap gazetiniñ bölûm müdiri bolup zähmet çekdi. 1976-njy ýyldan ömrüniñ soñky gününe çenli Boldumsaz etrabynyñ medeniýet bölüminiñ müdiri boldy. K.Ylýasow "Daýhan häsiýeti", "Oba ýollary", "Aşyk men", "Ajap pursat", "Aşyryñ obasy" ýaly birnäçe şahyrana kitaplaryñ awtorydyr. 1992-nji ýylda şahyra "Türkmenistanyñ at gazanan medeniýet işgäri", 1993-nji ýylda "Türkmenistanyñ halk ýazyjysy", 1999-njy ýylda "Hormatly il ýaşulysy" diýen atlar dakyldy. "Watana bolan söýgüsi üçin" diýen medal bilen sylaglandy. K.Ylýasow 2000-nji ýylyñ mart aýynda 64 ýaşynyñ içinde tarpa-taýyn aradan çykdy. | |
|
√ Şiraly Nurmyradow - 15.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||