23:11 Kakamyñ çemodany | |
KAKAMYÑ ÇEMODANY
Hekaýalar
Edebiýat boýunça Nobel baýragynyň gowşurylyş dabarasynda sözlenen söz Kakam aradan çykmazyndan iki ýyl öň, maňa golýazmalardan, depderlerden we gündeliklerden doly bir çemedan berdi. Ol hemişekisi ýaly degişmä salybrak, birnemede öz ýazanlaryna göwnüýetmezçilik edýän ýaly äheňde, özünden soň, ýagny aradan çykanyndan soň, olary okap görmegimi haýyş etdi. «Wagt tapsaň, göz aýlarsyň-da!» diýip, kakam ýaýdanybrak dillendi: «Arasynda derege ýarajagy barmyka beri?! Belkem, menden soň saýlap seçip neşir etdirersiň». Bu gürrüň meniň iş otagymda ― kitap tekjeleriniň arasynda bolupdy. Kakam götermekden ýaňa egnini zerzaw eden agyr hem möhüm ýükden dynasy gelýän ýaly, çemedanyny nirede goýjagy ny bilmän, iş otagymda aýlandy ýördi. Ahyrsoňy elindäkinibir burçda goýdy. Ikimizi hem utandyran şol ýatdan çykmajak pursat deňimizden geçip geçmänkä, biz ýene-de öňki keşbimize – durmuşa biparh garaýan, degişmäni gowygörýän, durşy bilen kinaýalylyga ýugrulan şahsyýetimize dolanyp barmak bilen arkaýynlaşdyk. Hemişe bolşy ýaly, biz ýenede ýaşaýyş barada, Türkiýäniň syýasy meseleleri we kakamyň galapyn şowsuzlyk bilen tamamlanan işleri hakda mesawy gürrüňetdik. Kakam panydan göçeninden soň, şol çemedany açmaga bognum ysman, birki gün ýaly onuň deňinden aýlanyp geçendigim ýadymda. Daşy gaýyşly, kiçiräk gara çemodan, onuň açar sokulýan ýeri, aýlawly ýasalan burçlary çagalykdan hakydama siňipdir. Kakam iş bilen az wagtlyk bir ýerde ýaban ýatmaly ýada käwagt öýden iş ýerine bir zat alyp gitmeli bolanda, şony göterýärdi. Çagakam uzak ýoldan gelen kakamyň şu çaklaňja çemedanyny açyp dörüşdirýärkäm, onuň içinden çykýan atyryň hemdesaýry ýurduň ysyny demime sormagy şeýle bir gowy görýärdim. Şol çemedan meniň üçin çagalyk ýatlamalarymy özünde jemleýän özboluşly bir zatdy. Ýöne şondada,meniň ony ellemäge gaýratym çatanokdy. Näme üçin diýýäňizmi? Çemodanyň içindäki zatlaryň agramy sebäplidirdä,elbetde. Şol agyrlygyň nämedeligini düşündirjek bola ýyn. Iş otagyna girip, stoluň başyna çökýän we kagyzgalamyň üsti bilen özüni törpüleýän adamyň edýän işi,ýagny onuň döredýän eseri―ine, çemedany agraldýan zat. Kakamyň çemodanyny köp wagtlap açyp bilmän gezdim. Ýogsada,onuň içindäki käbir gündelikler maňa ýadam däldi. Şol gündelikleriň käbirine kakamyň bir zatlar çyrşap oturanyny kän görendirin. Hawa, olar maňa nätanyş zatlar däldi. Kakamyň uly kitaphanasy bardy. Ol ýaş döwürleri ― 1940 njy ýyllaryň aýaklarynda Stambulda ýaşap ýörkä, şahyr bolmagy arzuw eder eken. Şu arzuwy bilen, ol Walerini türk diline terjimede edipdir. Ýöne soňlugy bilen, ol «Kitap az okalýan ýurtda goşgy goşup nä azarym?» diýen pikire gelipdir. Atam tüçjar baý bolansoň, kakam bolelin durmuşda ýa şapdyr. Şonuň üçin hem ol edebiýatyň ugrunda hem gynajak bolmandyr. Ol durmuşda gözellik diýlip hasap edilýän ähli zady söýýärdi. Kakamyň ýazan zatlaryna göwnümýetmez diýip gaýgy edýärdim. Ynha, şu gaýgy endişäniň hut özi hem maňa şol çemedany açmaga idin berenokdy. Kakam munuň şeýle boljagyny duýan bolsa gerek, onuň çemedanyň içindäkilere kän bir ähmiýet ber meýän ýaly gürlemeginiň aňyrsynda hem şu sebäp ýatan bolmalydy. Ýigrimi bäş ýyllap ýazyjylyk bilen meşgullanan kakamyň özüni şu halda alypbarsyna gaty gynanypdym. Emma bir tarapdan, edebiýata çyny bilen ýapyşmadyk adama gatyrganmagam düýbünden manysyzdy... Men şol gündelikleri okamak bilen kakamyň ökde ýazyjy bolandygyna göz ýetirerin öýdüp gorkýardym. Ine, kakamyň çemedanyny, aslynda, şonuň üçin açmaga gorkýardym. Üstesinede «men şonuň üçin gorkýaryn» diýip, wyždanym bilen ýüzleşip hem bilemokdym. Sebäbi o çemodandan deňsiz-taýsyz eser çykan ýagdaýynda, men kakamyň bütinleý başga adam ekendigini bo ýun almaly boljakdym. Bu meniň gorkýan zadymdy, ýaşym birçene baran hem bolsa, kakam meniň üçin ýazyjy dälde, kaka bolup galmalydy. Meniň garaýşyma görä, ýazyjy ençeme ýyllaryň dowamynda, arman irmän zähmet çekmekbilen, özüniň içinde busup ýatan şahsyýeti, şol şahsyýetiň ýaşaýan dünýäsini açýar. Edebiýat diýleninde ilki bilen roman, goşgy, edebi ýazgylar däl-de, otagdan çykman, stoluň başyna geçip, ýekelikde özüniň içki dünýäsine berilýän hemde sözleriň üsti bilen täze bir dünýäni döredýän adam göz öňüme gelýär. Ol adam ýazuw maşinkasyny ula nyp biler, kompýuteriň ýeňilliklerinden peýdalanyp biler ýada men ýaly otuz ýyllap syýa galam bilen ýazybam biler. Ýazyp otyrka kofe, çaý içip, çilim çekip hem biler. Käte-käte ýerinden turup, penjireden daşaryny, köçede oýnap ýören çagalary, eger bagty çüwüp, gözel tebigatyň gujagynda işläp oturan bolsa, agaçlary we tebigat görnüşini, ýa bolmasa-da, garaňky diwary hem synlap biler. Ol iş otagynda goşgy, sahna eserini ýada men ýaly, roman ýazyp biler. Şu dürlülikleriň barysyna esasy işden ― stoluň başyna çöküp, tutanýerlilik bilen özüňi törpülemekden soň barylmalydyr. Eser döretmek ― bu öz içki dünýäňe nazar salanyňda gören zatlaryňy söz bilen beýan etmekdir, adamyň yhlas, tutanýerlilik bilen öz kalbynyň teýindäki laglymerjenlere guwwas bolup aralaşmagydyr. Men basa oturyp, boş sahypanyň ýüzüni sözlere bezemek bilen, belli bir wagtdan soň, özümiň täze bir dünýäni döredendigimi, öz hyýaly dünýämde ýaşap ýören başga bir adamyny, hamala, kerpiçden köpri ýada gümmez galdyrýan dek, ýüze çykarýandygymy duýýardym. Ýazyjynyň kerpiji ―sözler. Ýazyjy olary birbirden eline alagada, hersiniň biribirine bolan gatnaşygyny görer, käte eýlesine beýlesine geçip, olary daşdan synlar, käte-de döwediniň ujy bilen olara mährini siňdirip, aňrybaş duýgurlyk bilen agramlaryny saldarlap çykar, şeýde-şeýde, ýyllaryň dowamynda zähmet çekip, yhlas edip, öz dünýäsini döreder. Adam nireden geljegi näbelli bolan ylham bilen ýazyjy bolmaýar. Adam tutanýerlilik we zähmetden basylmazlyk bilen ýazyjy çykýar. «Iňňe bilen guýy gazmak» diýen söz bar. Şu söz, tüýs ýazyjylar üçin aýdylan ýaly bolup dur. Perhat magşugyna gowuşjak bolup daglary böwsüp geçipdir. Men dessandaky Perhadyň tutanýerliligine haýran galýaryn. Onuň gören görgüsine azda-kände düşünip bilýärin. «Meniň adym Gyrmyzy»atly romanymda atyň suratyny hyjuw bilen gaýta gaýta çekip ýat tutan, hatda şol owadan atyň suratyny gözüni ýumup hem çekip bilýän eýranly nakgaşlardan söz açmak bilen, aslynda, ýazyjylyk käriniň hysyrdysy we öz durmuşym hakda gürrüň beryandigimi bilyardim. Öz durmuşynda bolup geçen wakany bir gahrymanyň üsti bilen beýan edip bilmek üçin, şol wakanyň ýordumyny kalbyňda duýup bilmeli, munuň üçin bolsa, stoluň başyndan galman, bütin ömrüňi edebiýata bagyş etmeli. Ýazyjy diňe şonda özüniň ýazyjy bolup biljegine ynanyp başlar. Käbiriniň gapysyndan hem garamaýan, käbiriniň bolsa,asla gapysyndan aýrylmaýan ylham özüni sungata bagyş eden adamlary ýaran tutunýan dyr. Ýazyjy ýalňyzlygyň girdabyna düşen mahaly, ýazanlarynyň hilinden,pikirleriniň üýtgeşikliginden we çemeleşmeleriniň özboluşlylygyndan göwni suw içmedik mahaly, ylham perişdesi onuň dadyna ýetişýär. Bütin ömrümi bagyş eden kärim bolan ýazyjylyk ýolumda meni çakdanaşa begendiren käbir söz lemleri, hyýaly suratlary, birgiden wakalary özüm däl-de, başga bir «güýç» maňa tapyp berdi diýip oýlananymda, ine, şonda, meniň bir göçgünli, ýatdan çykmajak duýgulary başdan geçiripdim. Kakamyň çemodanyny açyp, onuň gündelikle rini okamaga gorkandygymy ýene bir gezek nygtasym gelýär. Sebäbi meniň gören görgülerim oňa ýatdy. Ol ýalňyzlygy dälde, dost-ýarlary bilen üýşüp çaşmagy, meýlisden meýlise kaňkap ýörmegi halaýardy. Ýöne soň men başgaça çemeleşip gördüm: şu garaýyşlarym, görgi azaplarym we tutanýerliligi arşa göterişim meniň durmuş tejribämden gaýdýan öz was-wasylygym bolaýmasyn diýip pikir etdim. Dünýä belli ýazyjylaryň arasynda iliň göwnüni tapyp, köpçüligiň adamsy bolup ýöreni hem ýok däldi ahyry. Üstesine, birsydyrgyn dowam edýän maşgala durmuşyndan ýadan kakam bizi taşlap, ýeke özi Pariže gidipdir. Parižde myhman hanada ýaşap, köp ýazyjynyň edişi ýaly, gündelik ýazma keýpinden çykypdyr. Men o wagtlar çaga ekenim. Kakamyň çemodanynda şol gündelikleriň käbiriniň bardygyny aňýardym. Entek çemodanly gürrüňden has öň, kakam maňa Pariže gidişi barada aýdyp beripdi. Men şowagt hem çagadym. Ýöne ol Pariže ejem dagy bilen senemene edişeni üçin gidendigini welin aýtmandy. «Parižde bar günüm gündelik ýazma bilen geçdi» diýibem aýtmandy. Ol maňa: «Parižiň ýanýodalarynda Žan Pol Sartra birki gezek duşdum» diýipdi, o taýda okan kitaplary hem gören filmleri hakda, juda möhüm täzelikleri habar berýän ýaly, tolgunyp, çyny bilen janygyp gürrüň beripdi. Kakam öýde generallaryň, ýa bol masa, patyşalaryň dälde, esasan, dünýä belli ýazyjylaryň atlaryny köp agzardy. Bu hem meniň ýazyjy bolmagyma azda-kände täsir etdimikä diýýärin. Aslynda, men kakamyň gündeliklerini şunuň üçin, bolmanda, onuň ullakan kitaphanasyndan köp zady öwrenendigim üçin okap görsem boljak eken. Wah, bile ýaşaýan wagtlarymyz kakamyň ― edil men ýaly―öz kitaplary, oý-hyýallary bilen ikiçäk galmaga bolan höwesine, ýazýanlarynyň edebi hiline seretmän, ähmiýet bermeli ekenim. Ýöne meniň hötdesinden gelip bilmejek zady myň hem hut şudugyny kakamyň goýup giden çemodanyna howsala bilen seredenimden aňypdym. Kakam käte kitaphanasyndaky diwanda süýnerdi, elindäki kitaby ýa-da žurnaly ýere goýup, agyr oýlary boýlardy. Şonda kakamyň ýüzüne üýtgeşik alamatlar çaýylardy. Men çagalykdan ýaňy saýla nan döwürlerimde kakamyň ýüzündäki şu pisint alamatlardan ony bir zadyň biynjalyk edýändigi ni aňlap, özümem gaýgylanman bilmezdim. Häzir bolsa, nijeme ýyllardan soň, kakamyň ýüzündäki şol ynjalyksyzlanmanyň adamy ýazyjylyk ýoluna çekýän duýgy irişmeleriniň biridigini bilip durun. Şol duýgy kakamy daşyndaky adamlardan, köpçülikden, gündelik adaty durmuşyň gohundan daşlaşmaga çagyrýardy. Ýazyjy bolmak üçin hem, yhlas bilen tutanýerlilikden öň, şu duýga berilmek gerekdi. Ýazyja tutanýerlilik bilen yhlas näme üçin gerek? Ýazmak arkaly özüne ajaýyp dünýäni binýat etmek üçin. Ýöne otagda ýeke galyp, esli wagtlap dümtünip oturmak islegi bolsa, ýazyjyny herekete geçirýän ilkinji güýçdür. Kitaplary hezil edip oka ýan,diňe öz wyždanynyň sesini diňläp özgäniň pikirleri bilen jedelleşýän hemde kitaplar bilen üm müldeşip,özoýpikirlerini we içki dünýäsini emele getirýän erkin, garaşsyz ýazyjylaryň ilkinjisiniň, döwrebap edebiýatyň kerwenbaşysy Mişel de Montendigi hatasyzdyr. Monten, kakamyň gaýta-gaýta okan, maňada oka diýip kän sargan ýazyjysydy. Men özümi kitaplar bilen bir otaga sümülýän ýazyjylar toparyndan saýasym gelýär. Ýazmak üçin otagyndan esli sagatlap çykman oturyp bilýän adam, diňe şol hakyky edebiýaty döredip bilýändir. Otagdan çykman oturanymyz bilen, biz odiýen ýalňyzam däldiris. Bize ilkibadalar özgäniň pikir garaýyşlary, ýazan hekaýadyr romanlary hemdem bolar. Edebiýat adamzadyň özüne düşünmek üçin döredeniň gymmatly hazynasydyr. Halklar öz milli edebiýatlaryna näçe ähmiýet berseler, öz ýazarlaryna näçe gulak assalar, olar şonça-da paýhaslanarlar, ruhy taýdan baýlaşarlar we hakyky ynsanlyk mertebesine çenli beýgelerler. Biziň barymyza mä lim bolşy ýaly, kitap ýakmak, ýazyjylary kemsitmek ýaly hadysalar adamzadyň garaňky ertiriniň jarçysy dälmi, näme?! Otagyndan çykman kitap okaýan, döredijilik bilen meşgullanýan we ilki bilen öz içki dünýäsine keşt edýän ýazyjy, özüniň şu ajaýyp dünýäsinde ýyllaryň dowamynda hakyky edebiýatyň aýrylmaz kadalarynyň hem üstünden barar. Edebiýat öz hekaýamyzy başga biriniň hekaýasy ýaly we özgäniň hekaýasyny bolsa öz he kaýamyz ýaly gürrüň bermekdir. Şuny başarmak üçin bolsa, entek ýoluň başyndakaň, beýlekileriň hekaýalaryny, romanlaryny okap çykmaly bolýar. Kakamyň bir ýazyjy üçin ýetik boljak müň bäş ýüze golaý kitapdan ybarat kämil kitaphanasy bardy. Ýigrimi iki ýaşymdakam, belkem, kakamyň kitaphanasyndaky kitaplaryň baryny okap çykan hem däldirin. Ýöne men şu kitaplaryň ählisine beletdim, haýsynyň elhalrakdygyny, haýsynyň gowşak bolsada ýeňil okalýandygyny, haýsynyň nusgawy eserdigini, haýsynyň süwümsizdigini, haýsynyň geldi-geçerdigini, haýsynyň hem kakamyň iň gowy görýän kitabydygyny bilýärdim. Kädaýym kitaphanamyzy daşdan synlap, özümiň hem aýratyn bir öýde şularýaly, hatda şundan hem baý kitaphanamyň bolmagyny, kitaplardan özüm üçin täze bir dünýäni döretmegi şeýle bir arzuw ederdim. Daşdan synlanymda, kakamyň kitaphanasy käte meniň üçin älem jahanyň kiçiräk suraty ýaly bolup görnerdi. Hawa, şol kitaphana biziň öz künjegimizden ―Stambuldan tutuş äleme seredýän penjirämizdi. Kakam bu kitaphanany daşary ýurtdan, esasan, Parižden we Amerikadan, ýaşka, 1940-1950-nji ýyllarda Stambulyň daşary ýurt dillerindäki kitaplar satylýan dükanlaryndan we kitap söwdagärlerinden satyn alan kitaplary esasynda döredipdir. Meniň edebi garaýşym ― milli dünýämiz bilen Günbatar dünýäsiniň birleşmeginden durýar. 1970-nji ýyllardan başlap, men çynym bilen özkitaphanamy döretmäge girişdim. O döwürler ýazyjy bolmagy entegem doly ýüregime düwmändim. «Stambul» atly romanymda gürrüň berşim ýaly, belli birwagtdan soň, özümden suratkeş çykmajagyna gözüm ýetipdi, şeýle-de durmuşymyň haýsy ýola düşmelidigini entek doly kesgitläp bilmändim. Göwnüm: «Ýigide müň dürli hünär hem az» diýýärdi. Içimde öwrenmäge, okamaga bolan teşnelik möwç alýardy. Bir tarapdanam, durmuşymda nämedir bir zadyň ýetmeýändigini ýüregim bilen syzýardym. Men özümi hamala beýlekiler kimin ýaşapbilmejek ýaly duýýardym. Şu duýgynyň gözbaşynda bolsa, şäher merkezinden daşlaşmak pikiri ýatýardy. Şol ýyllarda Stambul biziň ählimiziň kejebämizi daraldýardy. Şäherden çykyp gaýdanymyzda bolsa, biz öz durmuşymyzda nämedir bir zadyň kemlik edýänini has güýçli duýýardyk. 1970-nji ýyllarda, hamala şu ýetmezçilik duýgusyndan dynjak bolýan ýaly, kakamyň beren pullary bilen Stambulyň köne kitapçylaryndan okalan, çaň-tozana baslygyp ýatan kitaplary satyn alanymda, şol kitap dükanlarynyň ― ýoluň gyrasynda, metjidiň howlu synda guralýan kitap bazarlarynyň horaşaja, eleşan weköplenjem adamy umytdan el çekmäge çenli eltýän perişan hallary mende okajak kitaplarymdan kän bolmasa, az täsir galdyran däldir. Dünýäde eýeleýän ornumy alyp görenimde,edil durmuş babatda, edebiýat babatdada, o döwürler merkezden allowarrada durandygymy bilýärdim. Dünýäniň merkezinde biziň adatydurmuşymyzdan has baý hem has janly bir durmuş gaýnap joşýardy we men, şeýle-de ähli stambullylar, hatda tutuş Türkiýe halky şondan daşdy. Eserlerimiň aglabasynda okyja şu aradaşlygy görkezjek boldummykam diýýärin. Galybersede, dünýäniň edebiýaty diýlen bir zadam bar. Menem ondan daşdadym. Aslynda, men dünýä edebiýaty diýmek bilen Gunbatar edebiýatyny göz öňünde tutýaryn. Biz ― türkler şondan hem habarsyz ýaşaýardyk. Kakamyň kitaphanasy hem muňa şaýatlyk edýärdi. Birýanda, biziň her bir zadyna yssy göz bilen garaýan dünýämiz, ýagny öz edebiýatymyz bardy, beýleki ýanda bolsa, şol dünýämize asla çalym hem etmeýän, çalym etmeýänligi bolsa, bizi hem gynandyrýan, hem-de umytlandyrýan Günbatar edebiýaty bardy. Ýazmak hem okamak öz dünýäňden sogrulyp, başga bir geň-enaýy dünýä ulaşmakdyr. Kakamyň hem käwagtlar, meniň soň-soňlar edişim ýaly, öz ýaşaýan dünýäsinden Günbatara gaçyp gitmek üçin roman okandygyny duýýardym. Şol wagtlar, kitap meniň üçin şu zeýilli medeni ýetmezçiligiň öwezini dolmaga ýardam berjek zatlaryň biri ýaly bolup görnen bolmagam ahmal. Diňe bir okamak däl, eýsem, ýazmak hem Stambuldan Günbatara baryp gaýdan ýaly birzatdyr. Kakam çemodanyndaky gündelikleriniň köpüsini doldurmak üçin Pariže gidipdi, myhmanhananyň otagyndan çykman ýazan zatlaryny hem Türkiýä alyp gelipdi. Aslynda kakama men ýaly töwekgelçilik etmäni üçin, hiç zada kellesini agyrtman, dost-ýarlary bilen gülşüp-degşip ýaşany üçin gahar edýärdim. Ýöne «gahar edýärdim» diýmegiň ýerine «görübilmezçilik edýärdim» diýmelidigimi, belki, şeýle diýmegiň has ýerlikli boljakdygyny azda kände paýhas edip bilýärdim, bu bolsa, ýenede meniň keýpimi gaçyrýardy. Şeýle ýagdaýlarda men hemişeki ýaly, igençli, hemleli sesim bilen öz-özumden: «Bagt näme?» diýip soraýardym. Ýekelikde, otagda bir özüň sokulyp oturmak bilen,alan galaň kän boljagyna ynanmak ― bagtmyka? Ýada köpçülige goşulyp, il bilen deňine bir penjireden garap, ýada garan ýaly edip, has bagtly bolunýarmyka? Köpçüligiň adamy ýaly bolup görnüp, bir tarapdanam, çola ýerde bir zady ýazmaga oturmak, aslynda, näme, bagtmy ýa dälmi? Arman, şu sowallarda gahar gazap agdyklyk edýärdi. Üstesine, gowy ýaşamagyň bagt bilen ölçelýändigini kim aýdypdyr?! Adamlar, gazetler, hemişe-de, iň esasy durmuş ölçegini bagtyýarlyk ýaly edip görkezýärler. Diňe şunuň özi-de, gaýtam tersine, dogrudygy ýa däldigi seljerilmeli mesele dälmi näme?! Onsoňam bizden, maşgalasyndan mydama gaçyp gezen kakamy men aslynda tanaýardymmyberin? Onuň kalbynda gopýan harasatlardan habarym barmydy? Kakamyň çemodanyny birinji gezek açyp görenimde, ynha, şular ýaly sowallaryň imeşigine çolaşypdym. Kakamyň, heýde, özüni bagtsyz saýan ýeri bolupmy? Belkide, bu sowalyň jogaby onuň gündeliklerinde bardyr. Çemedany açan badyma, birmahalky köne ys haplap burnuma urdy. Käbir gündeliklerihä gören badyma tanapdym. Sebäbi kakam maňa olary öň görkezipdi. Ýeke ýekeden elime alyp, açyp gören gündeliklerimiň köpüsi ka kamyň bizi taşlap gidip, Parižde ýaşan döwürlerinde tutulandy. Men bolsa, terjimehallaryny hezil edip okan söýgüli ýazyjylarym ýaly, kakamyň meniň ýaşymda näme ýazandygyny, näme hakda pikir edendigini bilesim gelýärdi. Sähel salymyň içinde, kakamyň pikirlerini bilmekde gündelikleriň hiç hili derde ýaramajakdygyny bildim.Soňam kakamyň gündelikleriniň diline siňen ses ― ýazyjynyň sesi meni halys aljyradýardy. O ses kakamyňky bolup bilmez diýip oýlaýardym. O ses ýa kakamyň ha kyky sesi däldi, ýada hakyky kakam diýip bilýän adamymyňky däldi. Kalbyma aralaşan şu wehim, kakamyň ýazanlaryna göwnüm ýetmez diýen ýaly howsalalardan hem rüstem gelýärdi. Şeýdip, bu wehimiň yzy, esasan, ýaşlygymda bolşy ýaly, durmuşda saýlap alan ýolumy, ýazan eserlerimi ýuwudýan, çyna berimsiz girdaba öwrülýärdi. Roman ýazma gagirişen başky onýylymda,şu wehim maňa halys gün bermeýärdi. Men onuň bilen dikleşmekden hem çekinýärdim. Suratkeşlikden başym çykmajagynyň ujy iki däldigine göz ýetirişim ýaly, haçan hem bolsa bir gün şu wehimden asgyn gelip,roman ýazmagymy hem bes ederin öýdüp gorkýardym. Çemodanyñ agzyny yapyp bashga bir yere galdyryp goyanymdan son ruhumyn şäherden daşyrak dyzaýandygyny we hakyky özüm bolup yazyp bilýärmikäm diýip darykjak bolýandygymy duýupdym. Bu duýgularyň nähili möçberde ulalyp bilýändigini, olaryň nähili öwüşginleriniň bardy gyny ýyllaryň dowamynda okap, ýazyp, öz stolu myň başynda doly açypdym, çuňňur öwrenipdim. Elbetde, men şu duýgulary näbelli hasratlar, keý piňi bozujy inçelikler we zolzol kitaplardan hem durmuşdan maňa ýokuşan garjaşyk pikirler mysa lynda ýaşkam gaty köp başdan geçiripdim. Emma diňe roman ýazmak bilen, (şäherden daşaryny küýsedýän «Gar», «Stambul», özüň bolup ýazmak barada «Meniň adym Gyrmyzy» ýada «Gara kitap» romanlarymy muňa mysal getirse bolar),ruhumyň şäherden daşaryk dyzamagyndan döreýän duýgynyň hemde hakyky özüň bolup ýazyp bilmezlik howsalasynyň ezýetlerinden doly saplanmagy başardym. Meniň pikirimçe, ýazyjy bolmak diýmek ― içimizde göterip gezýän, onda-da köpden bäri göterip ýörendigimizi hem bilýän gizlin hasratlarymyzy ilik-düwme öwrenmek, ýüze çykarmak we teswirlemek diýmekdir. Şol hasratlara eserimiz hem,şahsyýetimiz hem hökman eýe çykaýmalydyr. Ýazyjylygyň düýp manysy her kimiň bilýän, ýöne bilýänini bilmeýän zatlaryndan söz açmak dyr. Şu zatlaryň üstünden barmak we olary hasda ösdürip ile ýetirmek―okyja köpden bärigörlüp, bilnip ýörlen dünýä başgaça seretmegiň ruhy lezzetini eçiler. Mälim bolşy ýaly, bize ― ýazyjylara iň köp berilýän sorag şudur: «Näme üçin ýazýarsyňyz?» Ýüregim dyňzap durany üçin ýazýaryn. Adaty adamlardan üýtgeşik kärim bolany üçin ýazýaryn. Meniň ýazyşym ýaly ýazýanlar döresin, okalsyn diýip ýazýaryn. Ählimize, şol sanda özüme gahar edýänim üçin ýazýaryn. Uzynly gün stolumyň başyndan galman, kitap ýazmagy gowy görýänim üçin ýazýaryn. Biziň ― türkleriň Stambulda, Türkiýede nähili ýaşaýandygymyzy tutuş dünýä bilsin diýip ýazýaryn. Endik edenim üçin, ýazman bilmeýänim üçin ýazýaryn. Ýatdan çykmakdan gorkýanym üçin ýazýaryn. Ýazyjylygyň şöhratyna buýsanýanym üçin ýazýaryn.Ýeke bolmak üçin ýazýaryn. Özüme, bütin adamzada näme üçin gahar edýänime, belki, ýazyp düşünerin diýip ýazýaryn. Iller okaýar diýip ýazýaryn. Ýazyp başlan bir romanymy tamamlaýyn diýip ýazýaryn. Her kimiň menden tamasynyň uly bolany üçin ýazýaryn. Ktaphanalaryň, kitaplaryň şu dünýäde galjak ebedi zatlardygyna ynanýanym üçin ýazýaryn. Ýaşaýyş, dünýä, bar zat şeýle bir owadan, şeýle bir geň bolany üçin ýazýaryn. Nätsemem bagtly bolup bilmeýänim üçin ýazýaryn. Bagtly bolmak üçin ýazýaryn. Iş otagymda çemedanyny goýup gidenine bir hepde boldy diýlen güni kakam, hemişeki endigi boýunça, eli bir gap şokoladly (kyrk sekiz ýaşymdadygymy ýatdan çykarýardy) meniň ýanyma geldi. Biz ýene-de ondan mundan gürrüň eden bolup degişdik, gülüşdik. Birdenem, kakamyň çemodany goýup giden ýerine gözi düşdi. Ol meniň çemodany başga bir ýere goýanymyaňdy. Nazarymyz kaklyşdy. Otagyma ýürekgysgynç, tukat ümsümlik aralaşdy. Oňa çemedany açyp, içindäkileri okajak bolandygymy aýtmadym. Nazarymy başga ýana sowdum. Emma ol bar zada düşündi. Menem onuň düşünendigini bildim. Olam meniň nämä düşünendigimi bildi. Bu ýagdaý birki sekunt dowam etdi. Arman, kakam özüne göwni ýetýän, gaty giň adamdy. Ol hemişekisi ýaly gülüp goýberdi we öýden çykyp barýarka, maňa ata hökmünde kän aýdýan süýji hem ruhlandyryjy sözlerini ýenede gaýtalady. Hemişe bolşyýaly, men ýene-de kakamyň gaýgy-aladasyz başyna guwanyp yzyndan garap galdym. Şol gün ýüregime üýtgeşik bir şatlygyň dolandygy şu wagtky ýaly ýadymda. Dogry, men kakam ýaly giň adam bolup bilmedim. Onuň ýaly gaýgy aladasyz, gülala-güllük durmuşdada ýaşap bilmedim. Emma men ýazmagyň görgüsini artygy bilen gördüm diýip teselli tapýardym, siz meniň näme diýjek bolýanyma düşünensiňiz... Her gezek kakamy görenimde, onda-da diňe şony görenimde, şu tesellä ýapyşýanym üçin özümden utanýardym. Üstesine, kakam meni gorkuzybam saklamandy ahyry. Gaýtam, ol meni öz erkime goýberip, «Isläniňi et» diýipdi. Bu zatlaryň bary bize döredijiligiň we edebiýatyň durmuşdaky näsazlyklar bilen, begenmek hem-de müýnürgemek ýaly duýgularymyz bilen çuňňur baglanyşyklydygyny hemişe ýatladyp durmalydyr. Emma welin hekaýamyň, meni öňküdenem has beter müýnürgemäge iterýän beýleki simmetriýasy ― şol gün bada-bat ýadyma düşen ýene bir bölegi bardy. Kakamyň maňa çemedanyny tabşyrmagyndan ýigrimi üç ýyl öň, ýigrimi iki ýaşymdakam, bar zatdan el göterip, romançy bolmagy ýüregime düwüpdim. Şu maksat bilen basa oturyp işleýärdim, dört ýyldan soňam birinji romanymy ― «Jewdet beý we ogullary» eserimi tamamlapdym we entek neşir edilmedik kitabyň ýygylan bir görnüşini okap görsün-de, pikirini aýtsyn diýip, ellerimi saňňyldadyp kakama beripdim. Onuň diňe zehinine we edebi garaýşyna göwnüm ýetýäni üçin däl-de, tersine ejemiň ýazyjy boljak diýenimde meniň tarapymy çalany üçin, ilkinji kitabyma kakamyň berjek bahasy maňa gaty gymmatlydy. O wagtlar kakam öýde däldi. Iş sapary bilen bir ýere gidipdi. Onuň gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşdym. Iki hepdeden soň geleninde, men ylgap gapyny açypdym. Kakam hiç zat diýmedi, ýöne meni garsa gujaklady welin, kitabymy gaty oňat görendigine düşündim. Birsalym, hetdenaşa duýguly pursatlarda ýüze çykýan bir tüýsli aljyraňňylygyň we ümsümligiň girdabyna düşen ýaly bolduk. Soň, birneme göwrümimiz giňäp, arkaýyn gürleşip başlanymyzda, kakam maňa, ýa birinji kitabyma bolan çakdanaşa ynamyny juda tolgunyp hem-de çişirip beýan edipdi. Yzyndanam, edil şu mahal begenç bilen kabul edýän şu baýragyma haçan hem bolsa bir gün mynasyp boljakdygymy dil ujundan aýdyp goýberipdi. Şu soňky sözüni ol meni ynandyrjak bolup ýada şu baýragy öňümde maksat edip goýjak bolup däl-de, öz perzendini goldamak, ruhlandyrmak üçin, ogluna: «Sen hökman general bolarsyň!» diýýän türk atasy hökmünde aýdypdy. Ençeme ýyllaryň dowamynda, biri-birimiz bilen görşen mahalymyz, ol maňa ruhy goldaw berjek bolup, şu sözi irginsiz gaýtalardy... Kakam 2002-nji ýylyň dekabrynda aradan çykdy. Şwed akademiýasynyň maňa bu uly baýragy gowşurýan agzalary, hormatly myhmanlar, men häzir kakamyň hem şu ýerde bolaryny näler islärdim... (2006-njy ýylyň dekabr aýynyň 7-si). Türk dilinden terjime eden: Eziz AKAÝEW. | |
|
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||