20:05 Kämilligiň ýoly / goşgular toplumy | |
KÄMILLIGIÑ ÝOLY
Goşgular
Jebri-jepa çekip, ynsan ner bolar, Sadapda zar çekip, damja dür bolar. Omar Haýýam • RUBAGYLAR Aglaman gamy ýeň, ümsüm, sus bolup, Öwünmän kämilleş, pälipes bolup: Şine tohum ýaryp, boý alýar sessiz, Garry agaç ýykylýar ala-goh bolup. “Bizi kämil edýän – diýme – wagtdyr”; Wagt däl, tejribedir, bilim, zähmetdir. “Wagty gelip goýazlanýar” diýýäniň Adam däldir, üzüm, alma, armytdyr. Aýyp däl durmuşda ýykylyp tursaň, Gujur-gaýrat tapyp, silkinip tursaň; Hasam gowy – säwligiňden ders alyp, Özüňe öňküden bek bolup tursaň. • SABYR BILEN Sabyrdan aýrylma, darygma, göwnüm: Sabr edene Alla ýaran bolupdyr; Ýaradan söýüpdir sabr eden gulun – Sabryň ýoly bagta rowan bolupdyr. Sabyr bilen dilinipdir gaýalar, Sabyr bilen gazylypdyr guýular, Sabyr bilen çekilipdir derýalar – Sabyr bilen çöller bossan bolupdyr. Dünýä döner mydam, aýlanar çarhlar: Gijäň soňy gündiz, gyş soňy bahar; Hijran soňy – wysal, kin soňy – mähir, Muşakgatyň soňy döwran bolupdyr. Sabyrly bol her iş gelse bu sere – Täleýiňde bolsa gitmez nesibe; Ýusup sabyr etdi – ýetdi Müsüre: Sabyr bilen gullar soltan bolupdyr. • KALPDAN MÄHRI, ÝÜZDEN NURY... Kalpdan mähri, ýüzden nury Berme nyrh bilen, nyrh bilen; Tagna sözler ýürek-bagry Çişlär syh bilen, syh bilen. Egri ýoda Haka gelmez, Düşen aňsat çykabilmez, Belalary ýeke gelmez – Geler çoh bilen, çoh bilen. Azyp galpyň süýjüligne, Haram guýan öý-ojagna Uklabilmez gijelerne, Turar goh bilen, goh bilen. Sada bol, sür halal döwran, Il hakyna kylma karam: Ballar bilen giren haram Çykar ah bilen, ah bilen. Hergiz aşak salma başyň, Nobatly bil dünýäň işin – Kadyr Alla bagt gerdişin Aýlar çarh bilen, çarh bilen. • MAGŞARDA JEZANYŇ ODY ÝAKYLGY Magşarda jezanyň ody ýakylgy: Zulm edenler şondan alar “hakyny”. Ýüklemez arkaňa neriň ýüküni, Nerligiň Eýäňe belli bolmasa. • RUBAGYLAR Bagt bolmaýar ömürboýy eşretden: Ynsan bagty dömüp çykýar külpetden: Ak daňdyr ol – dogýar gara gijeden, Ak nurdur ol – ýagýar gara bulutdan. Bedewler çyrpynýar der-gan içinde – Jepasyz menzil ýok meýdan içinde; Heý, başy gowgasyz, kalby ýarasyz Kämil çykan barmy ynsan içinde? Her kimse çekmeli ykbalyň ýükün, Başda kyn bolmagy, elbetde, mümkin: Hak ýoluň başy kyn, soňy asandyr, Batyl ýoluň başy asan, soňy kyn. | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |