06:19 Kanagatlylyk | |
KANAGATLYLYK
Pedagogika we edep-terbiýe
Iki sany ýaş çatynja bagtly durmuşda ýaşaýan eken. Olar özleriniň bu bagtly durmuşlarynyň bir gün tamamlanmagyndan howatyrlanyp, öz bagtlaryny hemişelik saklap galmagyň aladasyny edipdirler. Şeýle günleriň birinde, olaryň obasyna bir aksakgal ýaşuly myhmançylyga gelipdir. Ol goja islendik meseläniň çözgüdini tapyp, adamlara ýol görkezýän eken. Iki ýaş çatynja hem bu paýhasly ýaşulynyň ýanyna baryp, öz aladalaryny aýdyp, maslahat sorapdyrlar. Şonda ýaşuly olara: «Siz gowusy dünýäni aýlanyň, bagtly adamlar bilen söhbetdeş boluň. Haçanda dünýädäki iň bagtly adamy tapan wagtyňyz, ondan bagtynyň syryny aýtmagyny soraň» diýip maslahat beripdir. Ýaş çatynjalar ýaşulynyň maslahatyny diňläp, dünýädäki iň bagtly adamy tapmak üçin ýola düşüpdirler. Olar köp ýol geçip bir oba baranlarynda, şol obada bagtly iki sany ýaş çatynjanyň bardygyny eşidip, olaryň öýlerine myhmançylyga barypdyrlar. Hal-ahwal soraşylandan soň ýaş çatynjalar öý eýesinden: «Siziň iň bagtly maşgaladygyňyzy eşitdik. Siz hakykatdanam bagtlymy?» diýip sorapdyrlar. Olar: «Biz öz bagtymyz üçin Ýaradana şükür edýäris, ýöne bizde perzent ýok. Perzendimiz bolan bolsady, onda dünýäde bizden bagtly maşgala bolmazdy» diýipdirler. Ýaňky ýaş çatynjalar birki gün myhman bolup, olara özleriniň hoşallyklaryny bildirip, ýollaryny dowam edipdirler. Soňra olar bir kiçiräk şäherçede bagtly maşgalanyň bardygyny eşidip, ol ýere baryp, ýene şol sowallaryny beripdirler. Öý eýeleri bolsa: «Hawa, siz dogry eşidipsiňiz. Biz örän bagtly. Men öz aýalymy diýseň söýýän we sarpalaýan. Şükür biziň köp çagamyz bar. Şol sebäpli hem biraz güzeranymyzy dolandyrmak kynrak düşýär» diýipdir. Ýene-de ýola rowana bolup, bular çölüň içinde bir çopana duşupdyrlar. Çopan goýunlaryny otladyp ýören wagty, aýaly bilen çagasy onuň ýanyna gelipdir. Aýaly bilen salamlaşan çopan çagasynyň başyny sypapdyr. Çopanyň aýaly myhmanlary öýe çagyryp, saçak ýazypdyr. Çaý-çörek iýip, hal-ahwal soraşylandan soň, iki ýaş çatynja bulara-da öz sowallaryny beripdir. Çopan olara öz durmuşyndan razydygyny, aýalyny, çagasyny juda gowy görýändigini, kärini söýýändigini aýdypdyr. Bagtly maşgala tapanyna begenen ýaş çatynjalar çopandan bagtynyň syry hakynda gürrüň bermegini haýyş edipdirler. Çopanyň: «Eger men ony aýtsam, siz barybir oňa düşünmersiňiz. Çünki oňa ýetmek üçin, ilkinji nobatda, sabyr gereg-ä!» diýen jogabyny eşidip, olar bagtly bolmak üçin ilki bilen sabyr-kanagatyň gerekdigine, adamyň öz elindäki zada şükür etse, kanagat etse hökman bagtly bolýandygyna düşünipdirler. Bagtly bolmak üçin birek-birege bolan sylanyşygyň hökmanydygyna göz ýetiripdirler. Terjime eden Sylap DURDYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |