17:16 Mirasdüşer / tymsal | |
MIRASDÜŞER
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Bir şanyň üç sany ogly bolupdyr. Ol ogullarynyň birini özüne mirasdüşer saýlamagy ýüregine düwüpdir, emma onuň ogullarynyň biri-birinden akylly, gaýduwsyz bolmaklary, oňa mirasdüşer saýlamakda kynçylyk döredipdir. Şa bu meseläni öz akyldarlary bilen maslahatlaşmagy ýüregine düwüpdir. Olaryň beren maslahatyna eýerip, şa ogullarynyň hersine kiçijik haltada gülüň tohumlaryny berip, şeýle diýipdir: — Men birnäçe wagtlyk zyýarata barýan. Bu tohumlary men zyýaratdan gelemde, maňa berersiňiz. Olary iň gowy ýagdaýda yzyna beren meniň mirasdüşerim bolar. Şeýlelikde, şa zyýarata ugrapdyr. Şanyň uly ogly tohumlary öňki durkunda has gowy durar diýen umyt bilen, olary demir sandykda saklamagy ýüregine düwüpdir. Onuň pikiriçe, kakasy gelende, tohumlar öňki durkunda durmalydy. Şanyň ortanjy ogly: «Eger men tohumlary doganymyň saklaýşy ýaly saklasam, soň olary ulanyp bolmaz. Gowusy, men olary sataýyn. Kakamyň geljek wagty golaýlanda, täze has gowy tohum satyn alaryn» diýip pikir edipdir-de, kakasynyň beren tohumlaryny satypdyr. Şanyň körpe ogly bolsa, baga barypdyr-da, tohumlaryň baryny ekipdir. Haçan-da olaryň kakalary zyýaratdan gaýdyp geleninde, şonça wagtyň dowamynda tohumdan habar almadyk uly ogly demir sandygyny açypdyr. Görse, tohumlar zaýalanan eken. Şa ogluna seredip: — Oglum, sen meni gynandyrdyň, bulary ekip bolmaz ahyry. Bular ekseňem gögermez — diýipdir. Ortanjy ogly wagt ýitirmän, dükana gidip, iň gowy gül tohumyny satyn alyp gelipdir we kakasyna beripdir. — Bular meniň beren tohumlarym däl. Bulary alan ýeriňe yzyna äkit — diýip, şa oňa gaharlanypdyr. Körpe ogly bolsa kakasyny gülleriň gülläp oturan, hoşboý ysly owadan bagyna äkidip: — Ine, siziň beren tohumlaryňyz! Güller ýetişsin, soň siziň tohumlaryňyzy ýygnap, size gowşurjak — diýipdir. Şa begenip, oglunyň berekellasyny ýetirip: — Oglum, sen meniň mirasdüşerim bolarsyň, sebäbi tohumlary iň gowy ýagdaýda sen saklapsyň — diýipdir. Taýýarlan: Sylap DURDYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |