11:00 Keçe | |
KEÇE
Goşgular
Otagma düşelgi keçäň, Geçip geçsin goý, modasy! Şoňa siňen kakaňyzyň, Gamly, gamsyz ýol-ýodasy. Köne diýip, sada diýip, Daşlaşdyrmaň geçmişimden. Şol keçe yssy gözüme, Täze halyň ýetmişinden. Bar onda enemiň ysy, Jigilermiň aýak yzy. Ten-synama geçirmedi, Güýz-u-gyş çygy, aýazy. Täz:ä gyzyp aýryp bolmaz, Ähli könesin jahanyň. Saklamalsam bardyr, aýap, Çarygy dek Aýazhanyň. 2022 ý. | |
|
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Eý, ýagyş möwsümimiz, aýralyk bilen aglaýan... / Goşgular - 27.08.2024 |
√ «Sallançakdan düşüp meýdana gitdim...» / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Belaýy yşk ki, her dem maňa jepaýydyr... / Goşgular - 26.08.2024 |
√ Betbagt adam / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Garyşmaz / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Dünýa hakda / Goşgular - 29.06.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Ne ajaýyp hüý erer, eý şohy siminber saňa... / Goşgular - 12.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |