KELENTERIŇ KERWENI
Nazarbaýyň öýüniň mähellesi o diýen köp däldi. Emma gowry welin taýak atym ýerden arkaýyn eşidilýärdi:
— Was bilen Ahal arasynyň ýolunyň uzaklygyny hemmäňizem mençe bilýäňiz. Onsoň men size başga näme diýeýin. Tomsuň tüp yssysynda bolsa, ol ýol hasam uzalar. Bäri-bärde Ahal barmy näme?! Üstesine-de, gurbanlyk baýramy hem bosagada.
— Pirhanyň aýdýanlary biçeme däldir, Nazarbaý — diýip, Durdy baý söze goşuldy. Häzirki yssyda bir hepde, bir hepde bolar durybiýr. Hem-ä, gurbanlykda çagalarymyzyň arasynda bolarys, hemem düýelere, atlara biraz serenjam ederis. Ýol-a uzak, uruljak ýükem hele-hüle däl. Biziňk-ä, näme, häki bir maslahat.
Öý eýesi hem-de bu maslahatyň baş beýemçisi Nazarbaý söze goşuldy:
— Hany, Kelenter işan näme diýýä?
— Men aýdylanlara ters diýip biljek däl. Dogry, gurbanlygy her kim öz öýünde berse gowy, ony menem bilýän. Ýöne welin söz diýeniňem söz bolýa. «Koý bogazdan, är lebizden» diýip, ýöne ýere aýdan däldirler. Nazarbaý bilen Ahala eden saparymyz, megerem, Allanyň bize sogap gazanmak üçin döreden mümkinçiligidir. Eger ony dogry peýdalanmasak, onda ol sogap bolmaz-da, günä öwrüler. Nazarbaýyň Durun obasyndan ugralaýmanka, Seýit işan bilen allaýarlaşyp durkak: «Bardygymyz, ýükümizi tutup, ýola düşeris, enşalla» diýen wagtynda, sizem ýanymyzdadyňyz ahyr, Pirhan!
Dag etegini eýeläp oturan obalaryň oraga gelen bugdaýlaryny biwagt ýagan doly siliniň alyp gidendigini sizem bilýäňiz, menem. Allanyň ýoluny tutup, abraý gazanan Ak işan ýaly gerçekleriň gadamy düşen iliň alkyşyny almak sogap dälmidir, eýsem?! Gurbanlyk babatynda men bir zady anyk aýdyp biljek: «Alla kabul etsin!».
Kelenter işanyň sözünden soň maslahat uzak dowam etmedi. Ertesi daň bilen 40-50 düýeden ybarat kerwen täze bugdaý hasylyndan mas ýüklenip ýola düşdi. Agyr kerweniň ýüküniň goragyna döwtalap bolup ýaraglanan ýigitler Kelenter işanyň sözünden geçip bilmän, galmaly boldular.
Kerweni ýola şaýlan Nazarbaý bilen Pirhan: «Kerweni, nesip bolsa, elteris. Kelenter işan, seňňem sorag-idegiň ýetik bolar. Özüň oba arasynda boluber. Ak patamyzy berseň ýeter, dilegde bolawergin!» — diýip, ýola düşdüler.
Kerwen bir günlük ýoly geçip, ikilenji günüň bir çetinden gädip ugranda howanyň tüýsi birden bozuldy duruberdi. Garagum çölüniň däliräp-däliräp öwüsýän ýeli kerweniň ýaňyja-da üstünden ýöräp gelýän mymyjak çagesini indi jagyrdadyp, kerweniň depesinden guýýardy. Töwerekde birek-biregi saýgarar ýaly bolmasa-da, «Düýeleri çökeriň», «Yga bakdyraweriň, bolmasa burnuna ýel düşer» diýilýän sesler şemalyň ugruna ýitip gidýärdi.
***
Kerweni ýola salan Kelenter bolsa ýaşlyk ýyllarynyň ýatlamalaryna berildi.
Ylym ýoluna gadam basan talyp deň-duşlarynyň ikisi bilen öňlerine düşjek uly piriň gözlegine berlip, üç bolup, deňine gören düýşündäki ylym ussadyna — Apbas ahuna sataşyp, ony ululary saýan ýyllarynyň wakalary onuň hakydasynda janlandy.
Apbas ahyn haj zyýaratyna ugrajak bolup durka ogly Hajynyň: «Indi bize kim baş bolarka?» diýip, beren sowalyna berlen jogapdan Kelenteriň habary ýokdy. Apbas ahunyň oglunyň sowalyna «Gurbanýaz tutar» diýipdi. Şol günler ylym ojaklaryna gadam goýan gaýry ýurtly bir ussat medresäniň işiginden girip, saglyk-amanlyk alşylanyndan soňra «Ulyňyz kim?» diýip sorapdy. Ol bolsa ýüzi nurana peşeneli ýaşula «Ulymyza-ha Apbas ahun diýýärler. Ýöne welin, ol häzir Haj parzynda» diýip, jogap beripdi. Myhmanyň: «Onda kelanteriňiz (uluragyňyz) kim bolýar» diýip beren sowalyna özünden öňürti Hajy jogap beripdi: «Ynha, şu söhbetdeş bolup oturan ýigidiňiz, Gurbanýaz». Gaýry ýurtly ylym ussady bir gün düşläp, ertesi ýola ugramazynyň öň ýanyndaky ylym mejlisinde gurban aýynda doglup, Gurbanýaz ady dakylan ýigidiň arkasyna kakyp: «Kelanter kemiň ýok eken, ýagşy ýigit, uly ussadyň ylym öwredibilipdir. Indi sen diňe bir medresäniň däl, il içiniň hem kelanteri bolmaga ýetişipsiň» diýipdi.
Şondan soňra onuň il arasyndaky ýörgünli Gurbanýaz ady kem-kemden öz ornuny Kelenter işan adyna beripdi. Indi oňa Gurbanýaz diýip ýüzlenýänem ýokdy. Şeýde-şeýde onuň özem bu ady bilen uýgunlaşyp gidiberdi. Ýöne welin, her näme diýseňem, göwün kä wagt ulusynyň — Apbas ahunyň maslahatlaryny küýseýärdi.
Özi bilen deňli derejeli ylym eýesi bolsa-da, Hajy kakasynyň sargydy boýunça Kelenteri özünden öňe tutýardy. Onuň göwni bolsa, talyplyk ýyllaryndan bagry badaşan medresesinden rugsat alyp, öz ýoluna gaýdarmanlyk islegine berlip ýören günleriniň bitinde Hajy ahunyň ogly boldy. Ol bu çagajyga at dakyp bermegi Kelenterden towakga etdi. Kelenter şonda: «Onuň ady özi bilen geldi. Ulymyzyň — Apbas halypanyň adyny dakaýaly. Şeýtsek, medresämiziň ulusy gaýdyp geldigi bolar. Bizem öz ýolumyz bilen bolup bileris» diýipdi. Şonuň üçin hem Apbas ahunyň ady dakylan çaga soň-soňlar il arasynda Ulyjan işan ady bilen ýörgünli bolupdy.
***
Habary kimden al, kerwenden. Tas iki güne çeken apy-tupan edil başlanyşy ýaly bolmasa-da, kem-kemden köşeşdi. Tebigatyň bu dälişgeligi Durdy baýyň kalbyna «Henizem bir pille» diýen duýgyny gaplady. Kerweni täzeden ýola şaýlaýan adamlaryň ünsüni demi-demine ýetmän, aldyrany bar ýaly ylgap gelýän Durdy baýyň sesi böldi: «Ine, saňa gerek bolsa, ýyldyza ýörän ýaly boldug-aý». Hemmeler şo tarapa bakdy.
— Näm boldy, Durdy?!
— Suw meşikli düýämiz ýok. Tupan wagty burnuna ýel düşüp giden bolaýmasa. Indi näderkäk?!
— Hiç zadam etmeris. Hudaý bardyr. Bir alajy bolar. Her-ne bähbit bolawersin! Kerwen ýene ýola şaýlandy...
Pirhanyň ýanyndan sesini çykarman gaýtsa-da, Durdy baý ýigitleriň ýanyna gelensoň, howsalasyny içine sygdyryp bilmedi. Ýaryldy:
— Geldi, Pirhan: «Bähbit bolsun» diýýä, gaýtam. Heý, suwuň bolmasa-da, bähbit bolarmy bi tüp yssyda — diýdi. Gönen Kelenter boldy. Bizi ýola salyp, özi hezil edip ýatandyr şü wagt.
Haýran galaýmaly ýeri, Geldi geňem Durdy baýyň göwnünden turjak sözi aýtmady. Gaýtam: «Ýeri gelende «Bähbit bolsunly» bir rowaýat aýdyp bereýin» diýip, gürrüňe başlady:
— Öňem dört-bäş sany ýüňi ýetip ugran ýetginjek ýigit obanyň köpi gören gojalarynyň birini ýolbelet hökmünde ýanlaryna alyp, oduna gaýdanmyşlar. Köpden bäri oduna gaýtman ýören gojanyň çak eden ýerlerinden göwün diýen ojarlary tapylmansoň, ýene ep-esli ýere gitmeli bolupdyrlar. Onsoň olaryň iki tarapa-da ýeter öýden suwdur çörekleri oduny ýaňy ýygyp bolan batlaryna gutaraýypdyr. Olaryň içinde biri halys dowula düşüp, garşy: «Ýaşuly, suwumyz gutardy», «Pylan aga, çöregem gutardy» diýýärmiş. Ýaşuly-da her sapar: «Aý, bähbit bolsun-da, her-ne» diýäýýämiş. Şeýdip, dowulçy ýigidiň «was-wasylygy» ýanyndaky ýoldaşlaryna-da ýolugyp ugrapdyr. Näme diýseler ýaşulynyň «Aý, bähbit bolsun!» diýip berýän jogaby olaryň myrryhyny atlandyryp ugransoň, ony biraz kösäp, hiç bolmanynda dymmaga mejbur edesleri gelipdir. Ony bir goş ýazdyran ýerlerinden ugrajak bolup durkalar «Biraz kösense, «Aý, bähbit bolsunyny-ha» bes eder şü» diýip, bir bitgin sazaga çalarak daňypdyrlar. Soňundan hem «Ýaşuly, niçik görýäň. Ýagdaýlaryň-a gowy däl öýdýän» diýşip, ýaňsylapdyrlar. Ýaşulynyňam şo bir diýen sözümişin: «Aý, bähbit bolsun!».
Deň-duşlarynyň, obadaşlarynyň arasynda agzyndan sözi çekip almaly hasaplanýan Pirhan Geldi geňiň rowaýatyny böldi:
— Diýseň-diýmeseňem şü dünýe gaty geň zad-ow.
Geldi geň gaty haýran galyjy äheňde:
— Biziň üçin-ä seň gürrüňe goşulýanyň geň welin, seni näme zat haýran galdyrdy-how!
— Aý, bir ýerde-hä ýetişen hasyly sil suwy alýa. Bu ýerde-de şol suwuň birje damjasy gyzylyň gyryndysyna barabar. Şuş-şü wagt ajy guşdyrnak gök çaýdan gandyran tapylsa, walla, egnimdäki gyrmyzy donumy berjek, özüm-ä. Emen süýdümden halal bolsun!
Aradan kän wagt geçmänkä, Nazarbaý suwsuzlyklaryny gürrüň bilen ýeňäýjek bolýan ýigitleriň ýanyna gelip:
— Pirhan, ýigitlerem, düýelerem halys suwsaýdylar öýdýän. Şü ýer bir amatly ýer eken. Şü ýerde düşläli.
Durdy baýyň peltesine ot düşdi:
— Düşläniň haýry näme-how, çaý-suw içilmejek bolsa... Bu yssy aňkaňyzy aşyryp ýör öýdýän. Onsuzam ýakyp barýar-a bu howa.
Kerwen hakykatdan hem halys bolupdy. Ýükler ýazdyryldy. Şo barmana, kerweniň öňündäki alaňyň üstünde bir ýigit peýda boldy. Ol düýäniň ýükünden tutup durşuna: «Kelenteriň kerwenimi şü» diýdi.
Nazarbaý ýigidiň habaryny aldy: «How-wo, kerwen-ä Kelenteriňkidir».
— Hany, bi Kelenter diýilýäni bilen elleşip bolmazmyka?
— Kelenter-ä Wasda galandyr.
Ýigit aňk-taňk boldy. Çopan maňa: «Şundan alnyňy gaýra tutup gidiber, Kelenteriňkerweniniň üstünden bararsyň» diýd-ä.
— Kelenteriň kerweni-dä şü.
— Alyň onda düýäňizi.
— Duraweri, ýagşy ýigit. Bu düýe size nireden düşdi?
— Çopanymyz daň bilen ukudan oýardy-da: «Ak işan düýşümi girip: «Häzir çopan goşuňyza gelen düýe kelenteriň kerweniniň düýesidir. Şony gowşuraweriň. Alnyňyzy gaýra tutup ýöreseň, özi öňüňizden çykar. Uzakda däldir» diýip sargady» diýensoň, özi-de bardyr diýip pikir etdim. Çoluk ýigit çopanyň gadaklap gök çaýdan Hudaý ýoluna aýdan sadakalaryny hem kelenter işana gowşurmagyny sargandygyny aýdyp, çaýy hem kerwendäkilere goýdy.
Nazarbaýyň: «Ileri gelýärkäk, gaýrada gaçyran düýämizi ilerden öňümizden çykaran gudrata haýran galmabilseň galma-da, hany» diýen sözleri bu wagt hiç kimiň gulagyna ilmedi.
Çolugyň getiren gök çaýy kerwendäkileriň hiç birine-de kem ýaramady. Emma Pirhana welin hasam degdi. Ýerine düşdi. Gözi ýerine gelen ýaly boldy. Durdy baýyňam dünýäsi giňedi. Ol Geldi geňe ýüzlenip: «Hany, onsoň ol «Aý, bähbit bolsunly» gürrüňiň yzyny aýtsana» diýdi. «Yzynymy?» diýip, Geldi geň söze başlady:
— Ýigitler-ä ýaşulyny kösedik hasap edip gidipdirler welin, özleri has hem beter kösenipdirler. Gaty uzaga gitmänkäler, olaryň düýeleriniň yzyny çalyp gelýän birtopar ýol talap ýören betpygylly galtamanlar yzlaryndan ýetipdirler-de, olara ýarag çenäp, ellerini daňypdyrlar. Düýeleriniň birini bolsa tutup, soýupdyrlar çöl içinde şorja kebaba.
Habary kimden al, ýaňky ýaşulydan al. Ol biraz wagtdan eýläk urnup, beýläk urnup, boşanypdyr. Düýeleriň yzy bilen gijäniň içinde gelýämiş welin, bir depäniň aňyrsynda ala-goh diýýä. Gülki sesi ýyldyzlara urup ýaňlanýamyş. Ýaşuly pikir edipdir:
— Biziň suwy gutaran ýigitlerimiz beýle şady-horramlygy etmezler. Ýöne olar däldir diýsemem, düýeleriň yzy şü ýere getirýä. Hany, seresaplygy elden bermäýin-le diýip, ýangezligini eline alyp, süýşenekläp barsa, ýigitleriniň eli daňylgy, düýrlenişip ýatanmyşyn. Betnebislerem tüpeňleriniň uçlaryny biri-birine söýäp, kakmaç çekeleýärmişler. Ýaşuly ýuwaşlyk bilen baryp, olaryň ýaraglaryny alypdyr. Ýarygije gaty arkaýyn oturan betnebisleriň nazaryna ilmän, ýigitleriň elleriniň ýüpüni kesipdir. Şeýdibem, näme, ýaňky ýigitler ellerine ýarag alyp, betnebis galtamanlaryň özleriniň ellerini daňypdyrlar.
Gaýdyp gelýärkäler, ýaňky ýaşulyny kösemek pikirini orta oklan ýetginjek çekine-çekine halasgäri bolan ýaşulydan ötünç sorapdyr. Ýaşulynyňkam näme, şo bir söz diýýä «Aý, bähbit bolsun».
— Ýigitler, siziň meni daňanyňyz hem bähbit boldy. Ýogsa, men siziň haýsy biriňizden gaýratly. Menem ýatardym-da daňdana çenli elim daňylgy. Soňam olaryň näme hyýalynyň baryny kim bilýä. Meni daňdyňyz — maňa bähbit boldy. Maňa bähbit bolany, size-de bähbit boldy — diýip, piňine-de dälmiş.
Durdy baý hemmeden öňürti hezil edip güldi. Beýlekilerem alyp göterdiler. Ýigitleriň gülküleriniň artyp ygranyny eşiden Nazarbaý:
— Hany, ýigitler, çaý keýpiňiz ýeten bolsa, ýöräliň. Barmaly ýerimize wagtynda barsak ýagşy. Seýit işan dagy bizi gaýgy edip, alada galýandyrlar — diýdi.
Kerwen gurbanlygyň üçülenji güni Ahal iline aralaşyp, Durun obasynda Seýit işanyň gurbanlygyndan nesibesini iýdiler. Ýoldaky bolup geçen ýagdaýy gürrüň berdiler. Seýit işan bir ýylgyrdy-da: «Siziň bu ýere gowuşmagyňyza Arkaçda Ak işan, wasda Kelenter sebäp boldy diýseňizläň... Keramatlar biri-birini tapýandyr özi» diýdi.
Kerwen birküç günden köp eglenmedi. Obasyna gaýdyp gelýän kerweni öňlerinden ýapyrylyp, at salyp gelýän gyrmyzy donly, ak telpekli ýigdekçäniň Akdepäniň alaňlaryna ýaň salýan buşluk habary garşy aldy. Buşlukça her kim eçilenini berdi.
Nazarbaý bolsa buşlukça:
— Mertebämizi beýgelden Kelenteriň şatlygy biziňem şatlygymyzdyr. Buşlugyň üçin al, saňa Ahaldan alan halyçamy bereýin. Halatlaryň gutly bolsun! — diýdi.
Ata-babalarynyň milli mertebesini meşhurlyga eýläp, illeriň möhümini bitirmek matlabyny berjaý edip gelýän kerwen Kelenteriň maşgalasynda, olaryň sag-aman gelmegi bilen badalga almagyna garaşyp duran, ähli tutumlary taýyn edilen ogul toýunyň üstüne geldi. Şowly sapar ýakymly toý tutumy bilen utgaşyp gitdi.
Göwnündäki döwletli işi berjaý edip, alkyş baryny alyp gelen kerweniň başyny çekip gelýän atlylaryň arasyndan saýlanyp Pirhan gele-gelmäne atdan böküp düşdi-de: «Al, agam» — diýip, egnindäki gyrmyzy dony kelenteriň egnine atdy. soňam: «Ene südünden halal bolsun» diýdi.
Hiç him hiç zada düşünmedi. Kelenter hem sesini çykarmady-da, bir ýylgyraýdy.
Kerweniň gelerine garaşýan Kelenter işanyň gundagdaky çagajygy eline alyp: «Aýdanyň ýerde galmasyn» diýip arkasyna kakan çagajygynyň kämillige ýetip, Berdijan işan ady bilen sebitde uly meşhurlyk gazanjagyndan, Keleneriň kesbini kemsiz dowam etjeginden welin entek hiç kimiň habary ýokdy.
Aşyrmät GARLY.
Taryhy proza