KEMINÄNIŇ IÇMEGI
Halk arasynda köne geýim ýa-da şoňa meňzeş zat görülse: «Bu-ýa, Keminäniň içmegi ýaly, köp çarşenbäni başdan geçirene meňzeýär» diýilýär. Keminäniň «Içmek» şygryny we onuň içmek bilen baglanyşykly şorta sözlerini eşiden we okan adamlara «Keminäniň içmegi ýaly», «Keminäniň kyrk ýamaly içmegi» diýen aýtgylar bellidir. Ýöne näme üçin XIX asyr türkmen nusgawy şahyry Mämmetweli Keminäniň içmegi halkyň diline düşdükä? Näme üçin ol içmek kyrk ýamaly? Bu aýtgylaryň asyl manysyny, döreýiş gözbaşyny bilmäge synanyşalyň.
Şahyryň içmegi onuň adyna aýdylýan birnäçe şorta sözde we «Içmek» şygrynda «taryp» edilýär. Içmekli şorta sözlere garap geçeliň.
«Belli bir ýerini soraň» diýen şorta sözde Keminäniň içmegi barada şeýle diýilýär: «Ol içmek örän könelipdir, oňa her hili zatlar ýamalypdyr, ýamanyň köplüginden onuň asla dereginden oňly zat galmandyr». Bir gezek jahyllar Kemineden içmeginiň haçan tikilendigini soraýarlar. Şonda «Kemine: − Oglanlar, beýle sorag berip, meni heläk etmeseňizläň, siz onuň belli bir ýerini tutup soraň ahyry! − diýipdir». Bu şorta sözde Keminäniň içmeginiň gaty könedigi, oňa dürli döwürlerde ýamalan her hili ýamalardan ýaňa asyl dereginiň haçan tikilendiginiň hem bilip bolmaýandygy beýan edilýär.
«Goý, sesiň, ýogsam…» diýen şorta sözde hem Keminäniň şol içmegini gyş diýmän, ýaz diýmän mydama geýip gezendigi, içmegine her hili reňkdäki matanyň we şuňa meňzeş zatlaryň ýamalandygy, olaryň selkildäp durandygy görkezilýär. Şahyr bir ýere myhman bolanda, öý eýesi aýal aglaýan gyzjagazyny diňdirjek bolýar we Keminäniň içmegine gözi düşüp, bir ýylgyrýar we gyzyna: «− Goý sesiňi! Ýogsam gulagyňy keser-de molla Keminäniň içmegine ýamaýaryn! − diýýär». Bu şorta sözde-de Keminäniň içmegi – «gülki ýassygy».
«Git-de içmegiňi ýamat» diýen şorta sözde «Kemine bir gelne degişmek üçin «Zülpüň» goşgusyndan:
Saçyň her bir taryna ýüz müň tümen isteseň,
Nagt bereýin pullaryň, bir-birden sana zülpüň–
diýipdir. Gelin hem oňa: − Beýle puluň köp bolsa, git-de içmegiňi ýamat − diýip jogap beripdir». Bu ýerde-de Keminäniň ýyrtyk-ýyrtyk, ýamasy ýetik içmegi ýaňsylanýar, üstünden gülünýär.
Ine, Keminäniň içmeginiň şorta sözlerdäki çeper keşbi. Eýsem, onuň şygryýetdäki obrazy, häsiýetlendirmesi nähili? Muňa göz ýetirmek üçin şahyryň:
Agşam gelip oturdym, hiç gelmedi ýanyma,
«Ot gerekmi, suw gerek» diýmedi myhmanyna,
Egnime algaşdyrsam, ot goýberdi janyma,
Ýama saýy biri bar, bit bile doly içmek-
diýen bent bilen başlanýan «Içmek» şygryny ýadymyza salalyň. Şahyr şygryň bütin dowamynda içmegiň ýaman tarapynam, ýagşy tarapynam çeper dil, gülki duýgusy bilen sanap geçýär, ýagny ony hem «döwýär», hem öwýär. Içmegiň ýaman tarapy şeýle: şokurdap il ürküzýär, tüýleri ütülip galan, kimden galandygy belli bolmadyk ylhanat, kyrk ýamaly, ýel girýän deşiklerini çişläp bogubermli, ýel-ýagmyryň astynda ýetmiş ýyllap ýatan şylha we başgalar. Öwgüli tarapy: egniňe alsaň, endamyňa ot berip, ýyljak edýär, bahasy ogşuga barabar (ogşuk bahaly), toýlarda synyn silkip, niçe döwranlar süren, Hywa, Buhara bazarlaryna eltip satsaň, kän peýda berjek, taýy ýok possun, iller hyrydar, nyrh kesilse, erkek (düýe) bahaly içmek.
Kemine içmeginiň kem tarapynam, artyk tarapynam deňläp, tereziniň iki tarapynda goýýar. Eýsem, näme üçin şahyr bit-büreli içmegini ogşuga, erkege bahalaýar?! Ony alak-ga zyňyp goýberiberenok. Içmekde bir hikmet bar ýaly?! Bu soragyň jogabyny aýdyňlaşdyrmak üçin Keminäniň içmegi hakynda ýöredilen käbir pikirlere garap geçeliň.
Edebiýaty öwreniji, babadaýhanly mugallym Hudaýnazar Begnazarow Milli golýazmalar institutynda geçirilen ylmy maslahatyň materiallaryny öz içine alýan kitapdaky «Keminäniň edebi keşbine bellikler» diýen makalasynda şeýle ýazypdy:
«Kemine şahyryň kyrk ýamaly içmek bilen ömrüni ötürenligi hakyndaky gürrüňler, şorta sözler «Belli bir ýerini soraň», «Içinde özüm hem bardym» «Gömlen garyplyk» we başgalar, megerem, şahyryň «Içmek» şygry bilen baglylykda dörän bolsa gerek. Şahyr bu pikiri göçme manyda bermekde täsin usuly oýlap tapypdyr. Göçme mana eýe bolan «ýama saýy bitden doly», «janyňa ot goýberip», egniňden asla düşmek islemeýän «ylhanat» içmek − bu garyplygyň özüdir, ýamalary bolsa, ýeter-ýetmezligiň nyşanydyr. Şahyryň goşguda: «Içmek seniň taryhyň kyrk ýamalar görüpdir» diýip ýazmagy diňe türkmen halkynda däl, bütin Gündogar halklarynyň arasynda ýörgünli bolan kyrk sanyny ulanmagy, bir tarapdan, goşgynyň çeperçilik taýdan şowly hem täsirli çykmagyna getirse, beýleki tarapdan, halk arasyndaky «kyrk ýamaly» gürrüňiň döremegine getiripdir» (Garaşsyzlygyň Tugy. − Aşgabat: TMGI, 1999, 73-74 sah.).
Keminäniň kyrk ýamaly içmegi hakynda ýöredilen bu pikir üns bererlikdir. Awtor Keminäniň içmegini garyplygyň, kyrk ýamany ýeter-ýetmezligiň nyşanasy hasaplaýar.
Keminäniň içmeginiň syrly hikmeti hakyndaky pikirlerimizi we çaklamalarymyzy dowam etsek, şol içmek bihal bolmaly däl. Ol ýönekeý bir geýim bolsa, Kemine ony bir eýýäm taşlardy. Emma şahyr ony ata-babadan galan mukaddes miras ýaly saklap, ulanyp ýör.
Sopuçylygyň taryhy hakyndaky çeşmelerde, sopuçylyga degişli zatlaryň atlary baradaky sözlüklerde sopularyň, derwüşleriň ýamaly, sal-sal donlary geýip gezendikleri beýan edilýär. Umuman, «kyrk ýamaly içmek» ýa-da «kyrk ýamaly don» aýtgylary dilimize sopuçylyk taglymatyndan geçipdir. Bu barada türk alymy, professor, doktor Ethem Çebeçioglu «Tasawwuf terimleriniň we deyimleriniň sözlügi» (Istanbul: Anka Yayinlari, 2001) diýen işinde türk dilindäki «Abasi kirk yerinden yamali» («Dony kyrk ýerinden ýamaly») diýen aýtga şeýle düşündiriş berýär: «Gadym döwürde derwüşler donlarynyň halal matadan bolmagyna aýratyn üns beripdirler. Şoňa görä, sopuçylykda meşhur bolan belli pirleriň zatlarynyň halaldygyna ynanyp, olardan mata parçalaryny toplapdyrlar. Bulary biri-birine çatyp, özlerine don tikinipdirler. Şol donlara hem «kyrk ýerinden ýamaly» diýlipdir».
Golýazma çeşmelerini öwreniji, arapşynas Rahmet Gylyjow hem «Söz manysyn tirer bolsaň…» diýen makalasynda («Nesil» gazeti, 2012, 16-njy oktýabr) derwüşleriň ýamaly dony barada şuňa golaýrak pikir ýöredýär. Ol derwüşleriň jahankeşde adamlar bolandyklaryny, baran ýerlerinde adamlaryň olaryň haýyr-dogalaryna eýe boljak bolup, halat-serpaý sowgat edendiklerini ýazýar: «Derwüşler özlerine berilýän sowgadyň, ýapylýan haladyň arassadygyna, halaldygyna anyk göz ýetirmeseler, hiç kimden hiç zat kabul etmez ekenler. Eginlerinde birlaý lybasy bar bolsa, özlerinden uly-kiçi adamlaryň ylmyndan, döwletinden, bereketinden ýoksun diýip, özlerine sowgat berlen şol dondur halatlaryň ýa-da ýaglyklaryň bir ujuny gyrkyp alyp, öz donlaryna çatypdyrlar, galanyny bolsa golaý-goltumdaky garyp-gasarlara, ýetim-ýesirlere bagyş edipdirler. Şonuň üçin derwüşleriň donlaryndaky ýamalaryň känligi olaryň ýeter-ýetmez günde ýaşandygyny däl-de, «halal adamlaryň döwletinden ýoksun» diýen yrym bilen edendiklerini bilmek bolýar».
Bu maglumatlar Keminäniň kyrk ýamaly içmeginiň gizlin hikmetini açyp berýär. Şeýlelikde, şahyryň içmegindäki kyrk ýama öňden gelýän dessura görä, öten pirlerden, halal kişilerden galan tepperik bolmaly. Bu ýerdäki «kyrk» sözüniň halk arasynda gowy görülýän umumylaşdyrylan edebi-çeper sandygyny hem bilip goýmaly. Ýamanyň sany kyrkdan az hem, köp hem bolan bolmagy mümkin. Şahyryň «Nuh eýýämden» galan içmeginden ýüz öwrüp bilmeýänliginiň sebäbi hem oňa öten keramatly pirlerden galan içmek hökmünde garamagydyr. Ýöne onuň aslynyň kimden, nähili ýol bilen Keminä gelip ýetendigi belli däl. Muny şahyryň özem bilenok. Garaz, içmek köne, ýamaly bolsa-da, ol mukaddes. Soňa görä-de, Äraly pire sopy durup, «Ylym bir daragtdyr, yslam onuň saýasy» diýip, öz döwrüniň ylmyny öwrenmäge yhlas eden Kemine ötenleriň dessuryna, sopuçylygyň ýörelgesine eýerip, gürrüňi edilýän icmege eýe çykypdyr. Elbetde, Kemine orta asyrlardaky özlerini terkidünýälige urup, boýnuna betbagt kädi asyp, ellerine hümmet hasa alyp, «hüw-hak» düýip, il gezip ýören sopy-derwüşlerden däl. Ýöne onuň derwüşlik alamaty kyrk ýamaly köne içmeginde. Kemine içmeginiň syryny bilýänligi üçinem ony taşlap bilenok.
Sopuçylyk bilen bagly dörän «kyrk ýamaly don» ýa-da «kyrk ýamaly içmek» diýen aýtgylar hem soň-soňlar garyplar babatda, garyplygy-ýoksullygy bildirmek manysynda ulanylyp ugrapdyr. Keminäniň kyrk ýamaly içmeginiň täleýi hem şeýle bolupdyr. Halk we şahyryň ömür-durmuşyny öwrenijiler Keminäniň kyrk ýamaly içmegini tutaryk edip, onyň garyp bolandygy barada netije çykarypdyrlar.
Şeýlelikde, «Keminäniň içmegi», «Keminäniň kyrk ýamaly içmegi» diýen ýaly aýtgylar, bir tarapdan, halkymyzyň taryhy-durmuşy, sopuçylykda ýerine ýetirilýän dessurlar bilen baglanyşykly ýüze çykypdyr. Beýleki tarapdan, bu aýtgylar çeper detal, çeperçilik serişde hökmünde garyplygy, ýeter-ýetmezligi aňladypdyr ýa-da şonuň alamaty-nyşany bolsupdyr. Şahyr «kyrk ýamaly içmek» diýen durnuklaşan çeperçilik serişdesiniň üsti bilen öz zamanasynyň, halkyň ýaşaýan jemgyýetçilik durmuşynyň nogsanlyklaryny, kimiň geýmäge don tapmaýan, kimiň tirme şaly gözleýän («Kim don tapmaz geýmäge, // Kim tirme şaly gözlär» Magtymguly) döwrüniň durmuş hakykatyny özboluşly, dogruçyl suratlandyrypdyr.
Nury SEÝIDOW.
Edebiýaty öwreniş