21:15 Keýik sürüsiniñ immuniteti | |
KEÝIK SÜRÜSINIÑ IMMUNITETI...
Medisina
Keýik... Türk mifologiýasynda adybelli jandar. Türki eposlarynda urkaçy jynsda hereket edýär, käte enedir, käte-de ene hudaýyñ obrazynda çykyş edýär. Orta Aziýanyñ şekillendiriş sungatynda ýarym adam-ýarym keýik suratlar az gabat gelmeýär. Haly-palaslarymyzda, keçe-kilimlerimizde esasy motiw. Keýigiñ medeni unsur hökmünde ýüze çykan ilkinji medeniýetleriniñ biri-de Anadolyda medeniýet gurul ýaşap geçen hettlerdir. 1935-nji ýylda Alajahöýükden çykarylan we paýtagt şäher Ankaranyñ simwolyna öwrülen Hett Gün kursunda keýik bar. Hajettepe uniwersitetiniñ logosy stilizirlenen keýikdir. Keýikler süri-süri bolup gezýärler, köpçülik bolup hereket edýärler. Emma başly-barat däl, sürüleriñ içinde özboluşly düzgün-tertip bar. Ýaş, güýçli, sagdyn keýikler süriniñ ortasynda gezýär. Garry we güýçden gaçanlary süriniñ çeperinde ýöreýär. Süriniñ çeperinde bolanlar süriniñ ortasyndakylaryñ töweregine aýlanan haýat ýaly hereket edýärler. Howpa iñ ýakyn durýanlaram çeperde ýer alanlardyr. Ýolbars, gaplañ, şagal ýaly ýyrtyjy jandarlar daranda, birinji şolar şam bolýar. Çeperdäkiler didiwana münüp, jan bazarynda diri galjak bolup çyrpynanlarynda, süriniñ ortasynda ýer alan ýaş we güýçlileri gaçyp sypmaga mümkinçilik tapýarlar. Şonuñ üçinem keýik sürüleriniñ çeperinde ýer alanlar hemişe galagopludyr, ürkekdir, ine-gana suw hem içip bilmeýärler, islendik wagt özlerine ýönelip biläýjek howp-hatara garşy sak durandyrlar, kirpiklerini gyrpman daş-töwerege esewan edip durýarlar. Süriniñ ortasyndaky ýaş we güýçlüleri bolsa süriniñ çeperindäki howpsuzluk halkasynyñ saýasynda diýseñ rahat we döwran sürüp gezýärler, ölüm howpunyñ özlerinden daşdygyny bilýändikleri üçin äwmezekdirler, süriniñ beýleki wezipe borçlary babatda hiç hili jogapkärçilik çekmeýändikleri üçin, iñ ownuk howp abanan ýagdaýynda-da gaçmaga wagtlarynyñ bardygy üçin men-menligiñ, tekepbirligiñ hezilini görýärler. Meñzetmede hata bolmaz, darykma-howatyrlanma ýok... Ýurdumyzyñ koronawirusa garşy howpsuz aradaşlygy keýik sürüsi mysalydyr! Dünýäniñ iñ samsyklaç karary bilen diñe 65 ýaşdan ýokardaky ildeşlerimize köçä çykma gadagançylygy girizilendigi üçin... Saglygy goraýyş ministrligimiz köpçülikleýin ýokanjyñ ýaýrap başlan wagtyndan bäri diñe 65 ýaşdan ýokardakylar ölüm howpunyñ astyndamyş ýaly çemeleşýändigi üçin… Ýaşlar özlerini süriniñ ortasynda ýaly diýseñ arkaýyn duýýarlar. "Ölmeli bolsa garry-gurtular öler, biz aman galarys" diýip pikirlenýärler. Özüni süriniñ çeperindedirin öýdýän garry-gurtular wirusa garşy göreşmegiñ düzgünlerine çynlakaý eýerýärkäler... Ýaşlarymyz, hamala, köpçülikleýin ýokanç ýok ýaly äwmän-etmän durmuşlaryna dowam edýärler. Ine, hut şonuñ üçinem, gynansak-da... Howp-hatar ýolbarsdyr gaplañ ýaly daşyndan gelmeýär. Içinden - süriniñ ortasyndan gelýär. Muña bütindünýä statistiki maglumatlary-da görnetin güwä geçýär... Wirusy "maña hiç zat bolmaz" diýýän ýaşlar göterýär, ýaşlar ýokuşdyrýar. Süri immuniteti diýe-diýe jemgyýeti keýik sürüsine dönderenlere ýene bir gezek ýüzlenýärin: Dünýäniñ iñ samsyklaç karary bolan "65 ýaş gadagançylygy" 65 ýaşdan geçenleri goramaýar, gaýtam tersine, ýaşlary jogapkärçiliksiz hereket etmäge iterip, garrylaryñ garaşylyşyndan has köp ölmesine sebäp bolýar. Ýylmaz ÖZDIL. "SÖZCÜ" gazeti, 15.11.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |