12:33 Keýmir kör | |
KEÝMIR KÖR
Taryhy şahslar
Keýmir kör (1712–1800) belli rawy Rejep Gaýypgulyýewiň maglumatyna görä, 1712-nji ýylda Owganystanda — türkmenleriň köpçülikleýin ýaşaýan Antguýy (häzirki Andhoý) etrabynda meşhur türkmen batyry Hojanepesiň maşgalasynda dünýä inýär. Keýmir sözüniň «gaýtmaz, dönmez, göni, sowulmaz» diýen manylary bar. Keýmir oglanka tyg degmegi zerarly onuň bir gözüne şikes ýeten eken. Emma ol soň-soňlar gutulyp gitse-de, yz galanlygy sebäpli onuň oglanlykdaky Keýmir kör lakamy galyberýär. Aslynda onuň gözi kör bolmandyr. Keýmir aksowult at ýüzlüräk, göz damarlary çylgym-çylgym gyzgylt, goýungöz, ýiti nazarly, uzyndan ýogyn boýunly, uly süýri kelleli, erinlek, eginlek, iri süňbaşly, at ýeňseli, demirbeden, şir ýürekli, akyl-paýhasly, mylakatly, at üstündekä aýaklaryny üzeňňiden aýranynda ýere ýeteňkirleýän, päk ýürekli, ynanç-ygtykatly, namazly-täretli, syratly, pespäl, şahyrana, dilewar kethuda bolupdyr. Şol döwürde teke türkmenleriniň hany Döwletmämmet Düýegöz Arazmämmetogly bolupdyr (oňa Gara Balkan, Söýün han hem diýlipdir). Belli rawy, kyssaçy Suhanberdi Annagurban oglunyň (1898–1983) maglumatyna görä (Türkmenistan YA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň gaznasy, № 3749 bukja), Döwletmämmet Düýegöz Agsak Temire garşy göreşen türkmen serkerdesi Aman han Döwletýar oglunyň sekizinji arkasydyr. Horezme ýörişinden soň Temir Garagum sährasynda parahat oturan çarwa türkmen ilatynyň bir bölegini Hytaý ýakasyndaky Taklamakan çöllügine sürgün edýär. Taklamakanda 20-30 ýyl horluk gören ilat, Temir ýogalansoň, onuň neberelerinden idin alyp, Buharanyň Nurgarabaýyr etrabyna göçýärler. Ol ýerde 100 ýyldan gowrak oturyp, Kelif Uzboýuýunyň ýakasyna göçýärler. Kelifde 70 ýyl eglenensoň, Owganystanyň Antguýy etrabynda wagtlaýyn oturýarlar. Ana, şol ýerde-de 1712-nji ýylda Keýmir kör dogulýar. Hywanyň hany Şirgazynyň dosty bolan Döwletmämmet Düýegöz aga, ondan rugsat alyp külli türkmeni Was töwereklerine göçürip getirýär (1719 ý.). Ene-atasyndan ýetim galan Keýmir Döwletmämmet Düýegözüň elinde terbiýelenýär. Keýmiri ilki bagşy-daşaýak urugynyň serdary, utamyş urugynyň serdary, soňra baş serdarlyga çenli ýetişdiripdir. Döwletmämmet Düýegöz gojalyp, Wasda durarlyk galmandygy üçin gadymy mekana — Ahala we Merkezi Garaguma dolanmagy maslahat berýär hem-de takmynan 1740-1745-nji ýyllarda häkimligi ýaşlygyndan batyrlygy, ugurtapyjylygy bilen tapawutlanan Keýmire tabşyryp, dünýäsini täzeleýär. Keýmir beýleki bir meşhur türkmen — Eýranda Awşarlar nesilşalygyny esaslandyran Nedir şa bilen döwürdeşdir. Wasda bolan ýyllarynda Keýmir Hywa hanynyň zyndanynda saklanýan Nedir bilen dostlaşýar. Düýegöz aganyň üsti bilen Keýmir Nediriň azat edilmegine-de gatnaşýar. Keýmir 24 ýaşynda mahaly Nedir Eýranda şa bolýar. Ol Keýmir bilen şa bolansoň hem ençeme gezek duşuşypdyr. Taryhçy Ö.Gündogdyýew Nedir şanyň 1740-njy ýylda Hywa hanlygyna ýörişinden soň ähli türkmenlere öz goşunynda gulluk etmegi teklip edendigini, tekelere özüne eden kömegi üçin 500 sany arassa ganly ahal-teke bedewini peşgeş berendigini ýazýar. Emma Nedir türkmenleriň Eýrana raýat bolmagyny welin, gazanyp bilmändir. Keýmir Wasda gurakçylyk bolansoň tekeleri günorta göçürýär. Tekeler Tejen — Üçburç, Ýolbarsly sebitlerinde mesgen tutunyp, Damla, Ýerbent, Kyrkguýy, Mamur, Garryçyrla, Kürtüş sebitlerinden tä Balkan ýakalaryna çenli ýaýraýarlar. Keýmiriň başda durmagynda tekeler Ahalyň ilatyny Eýranyň Goçant we Büjnürt welaýatynyň zor salmasyndan halas edipdir. Taryhçy Ö.Gündogdyýew Keýmiriň öz halkyny goňşy döwletleriň çapawulçylygyndan goramak üçin ugurtapyjylygy bilen diplomatik ussatlygyny görkezendigini ýazýar. Ol Goçandyň kürt häkiminiň ýanyna üç gezek barypdyr. Üçünji gezek baranynda aldaw ýoly bilen Keýmiri zyndana taşlatsa-da, ol öz ugurtapyjylygy bilen halas bolmagy başarypdyr. Keýmir Hywa we Buhara emiriniň goldawyna daýanyp, 1785-nji ýylyň Eýrana garaşly Baýramaly hany syndyrýar hem-de Maryda türkmen begligini esaslandyrýar. Keýmir serdaryň tiresi: teke-utamyş-bagşy-daşaýak-akdaşaýak we gyzyl. Ol örän dilewar adam-da bolupdyr. Zenuby şahyr: Owazadar bolup älem-jahana Öz iline hökmi ýörän rowana, Eýýamynda ganym geldi amana Keýmir atly sahypkyran geçipdir. — diýip Keýmir körüň tarypyny ýetiripdir. Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Agzybirlik geňeşliginiň Arkadag obasynyň çäginde ýerleşýän Gorgan galasynyň ýanynda Keýmir körden ýadygärlik galan tut agajy bar. «Keýmir serdaryň tudunyň» daşyna beýikligi 1 metre deň bolan demir gözenekli simden haýat aýlanyp, ýörite bellik goýlupdyr. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýew hem Keýmir serdaryň eken tuduny görüp ylham alyp, halkymyzyň arasynda ganatly setirlere öwrülen «Adam we ýadygärlik» atly goşgusyny döredipdir. Türkmen halkynyň gaýduwsyz gerçegi Keýmir Azady, Zenuby, Magtymguly ýaly akyldarlar bilenem ençeme gezek duşuşan, pikir alşan, ähli türkmen taýpalaryny birleşdirmekde, olaryň arasynda gatnaşygy ösdürmekde ullakan işleri amala aşyran serdardyr. Keýmir kör 1790-njy ýylda Maňgyşlagyň Hook diýen etrabyna barýar. Şol ýerde ýaşyna 90-a golaýlap, 1800-nji ýylda aradan çykýar. Il arasynda Keýmir serdar hakda şeýle rowaýat saklanyp galypdyr: Keýmir serdar bir gün atyny suwa ýakmak üçin obanyň ortasyndaky guýa barypdyr. Şol wagt guýynyň başynda üç sany gelin suw çekip duran eken. Gelinleriň biri soramaga idin alyp: — Keýmir aga, biziň üçümiziň hem deň-duş oglumyz bar. Hanha olaryň özlerem gelýär. Biz – ejeler perzentlerimiz il derdine ýaraýan ogullar bolar diýen umyt bilen ýaşaýarys. Sizem köp çarşenbäni başyndan geçiren halkyň adamsy. Mümkin bolsa, baha kesip beräýseňiz?! — diýipdirler. Keýmir serdar bu gürrüňlerden habarsyz bolan oglanlaryň ýanyna baryp, olaryň birinjisiniň ýaňagyna şarpyk çalypdyr. Oglan bolsa hiç zat bolmadyk ýaly, ýylgyryp duranmyş. Serdar ikinji oglanyň-da ýaňagyna şarpyk çalýar. Ol oglan bolsa aglap ejesiniň ýanyna gaýdypdyr. Serdar üçünji oglana hem şol öňki hereketini edýär welin, bu oglan örän dogumly eken. Ol Keýmiriň goluny silkip: — Arman, siz Keýmir serdar bolaýýaňyz-da, ýogsam edäýmelis-ä belli — diýipdir. Soňra Keýmir serdar: — Birinji çaga binamys, Watana peýda getirmez. Ikinji oglan nalajedeýin, bigaýrat, üçünji oglan ulalanda il-günüň arkadaýanjy bolar — diýýär-de, guýudan arany açýar. Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky Erezgala Keýmiriň galasy hasaplanylýar. Keýmir körüň ýedi ogly, bir gyzy bolan. Olar Annameňli serdar, Çarykly batyr, Bilek batyr, Çary batyr, Penjeli (Ata) pälwan, Garagol serdar, Aýnazar han. Keýmiriň Aýlar atly gyzynyň il içinde ýörgünli ady Hakylly bolupdyr. Aýtmaklaryna görä, bir gezek Keýmira aga atly barýarka, onuň öňünden çykan biri salam-helikden soň atyň syrtynda oturan 6-7 ýaşly gyzjagazy görüp: — Keýmir aga, bu gyzjagaz seniň nämäň diýip soranda, gyzjagaz kakasyndan öňürdip: — Büý-ä meniň janym, men munuň jananasy, muň ejesi meň ejemiň gaýnenesi — diýip, özüniň Keýmiriň gyzydygyny aýdypdyr. Şonda ol adam gyzjagaza garap: — Berekella, sen-ä gaty hakyllyja ekeniň, ömrüň uzak bolsun, hakyllym — diýipdir. Şondan soň Keýmiriň gyzynyň ady hakylly bolupdyr. Annameňli serdar hakynda «Ýusup-Ahmet», «Döwletýar beg» ýaly dessanlarda waspnamalar bar. "Nesil", 26.10.2019 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |