21:28 Kimiň heýkeline gül goýlupdyr?! | |
KIMIÑ HEÝKELINE GÜL GOÝLUPDYR?!
Geň-taňsy wakalar
Kaka etrabynda Beýik Watançylyk urşunda Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen iň Belent Ada eýe bolan türkmen gerçegi Aýdogdy Tahyrowyň adyny göterýän daýhan birleşigi bar. Türkmeniň bu Gerçek Gahryman Ogly Aýdogdy Tahyrow Beýik Watançylyk urşunda nemeslere ýesir düşüp, olaryň radiosynda çykyş etmäge razy bolýar. Emma çykyş edende, bu Gerçek Gahryman “Bu zalym gelmişek nemesler wagtlaýyn biziň topragymyzy basyp aldylar, olary-faşistleri gören ýeriňizde ýok ediň, öldüriň” diýip, çykyş edipdir. Aýtmaklaryna görä, gyssaga düşen nemesler Aýdogdy Tahyrowyň sesi efirde gidip durka, sözüni kesmek üçin, ony atyp öldüripdirler. Soňam zalym nemesler ketde komandirleriniň “Muňa rehim edipsiňiz” diýmeginden elheder edip, öz janlaryndan gorkup, atylyp öldürilen Aýdogdy Tahyrowyň gözüni oýupdyrlar. Onuň bu beýik edermenligi üçin, Staliniň Karary bilen Aýdogdy Tahyrowa 1943-nji ýylda Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen Belent Ady dakypdyrlar. Ýeri gelende aýtsak, SSSR zamanyndaky okuw kitaplarynda Türkmenistandan 72 adam, Sowet Soýuzyndan 11.617 (Bu san häzir az-kem köpüräk. D.Ý.) adam Beýik Watançylyk urşunda görkezen aýratyn edermenlikleri üçin Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen Belent Ada mynasyp boldy diýilýärdi. Türkmenistandan Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen Belent Ada mynasyp bolanlaryň sanyny häzir ýalňyşmaýan bolsam, 117-ä ýetirdiler. Ýöne bu Belent Ady alan türkmenler 18 (Türkmenistanly gerçekleriň galanlary beýleki halklaryň wekilleri. D.Ý.) sanydyr. Hut meniň özüme Sowet Soýuzynyň Gahrymany Pena Rejepow bilen gatnaşykda bolmak miýesser etdi. Başky gürrüňimize dolansak, Aýdogdy Tahyrowyň öz obasyna onuň hormatyna adyny dakypdyrlar hem şol obanyň merkezi köçesinde- oba mekdebinden daş bolmadyk ýerde Aýdogdy Tahyrowyň heýkelini gurupdyrlar hem her ýylyň 9-njy maýynda -Ýeňiş baýramynda onuň heýkeline okuwçylara gül goýdurmak däbe öwrülipdir. 2000-njy ýyllaryň başynda Aşgabatdan bir ýigit şol obadan bir gyz bilen söýşüp, soňam şol gyza öýlenipdir. Aşgabatdan gaýyn öýünden şol gelniň obasyna-atasy öýüne gaýtarylýan güni 9-njy maýa gabat gelipdir. Gelni elten iki maşynyň şofýor eýelerini gaýtarylýan gelniň öz öýleriniiň edil gapdalynda ýerleşen atasynyň öýüne salypdyrlar. Gyzyň atasam 70 ýaşlaryndaky gürrüňçil adam ekeni. Myhmanlar bilen türkmen adatyna görä, hal-ahwal soraşyp, soňra ondan-mundan gürrüň berip, myhmanlaryň içini gysdyrmandyr. Myhmanlar ep-esli oturyp, indä aýal-gelni getiren myhmanlaram bolşuberendirle turarys diýip otyrkalar, bu garrynyň 5-njy klas agtygy gapydan girip, “Ata, obamyzdaky Magtymgulynyň heýkeline şu gün menem ilkinji gezek gül goýdum” diýip, begenjini mälim edipdir. Atasy agtygyna: “Tüweleme, oglum, ilkinji gezek gül goýanyň bilen gutlaýan, ýöne biziň obamyzda dana şahyrymyz Magtymgulynyň heýkeli ýok. Siziň gül goýan heýkeliňiz Leniniň heýkeli. Men onuň nähili gurlanyna çenli bilýän. Kimiň heýkeline gül goýanyňy bir dogry bileweri” diýipdir. Emma oglanjyk atasynyň bu pikirini unaman, öz aýdanlaryny subutnama bilen berkidip, şeýle diýipdir: “Ata, sen ýalňyşýaň. Ol heýkeliň Magtymguly şahyrymyzyňkydygyny mekdep direktorymyz (Myhmanlar direktoryň adyna üns bermän ýadyndan çykarypdyrlar) aýtdy. Gül goýduranam goöşymyz Sapba mugallymmyz. Häzir onam alyp geljek” diýip, atylyp gidip, bäş minuda ýetmän mugallymy alyp gelipdir welin, atasy bu mugallyma şeýle diýipdir: “Goňşy, agtygym gül goýan heýkelim dana Magtymgulynyňky diýip ýeň berenok. Gyzyl mugallym bolup, oňa heýkeliň Leniniňkidigini düşündirsene” diýipdir. Ol mugallym bu garrynyňam, onuň agtygynyňam hörpünden gopman şeýle diýipdir: “Goňşy, bu gün 9-njy maý-Ýeňiş güni ahyry. Şonuň üçin bu gün urşa gatnaşan gerçeklerimiziň hormatyna Serdarymyzyň kakasy Atamyrat Nyýazowyň heýkeline gül goýduk. Direktorymyz ol obadan bolansoň, ol heýkele ýalňyşyp Magtymguly atamyzyňky diýdi”. Myhmanlar turynça, garry ýaşuly, onuň agtygy hem mugallym hersi özüniňkiniň dogrudygyny delillendirip, gül goýlan heýkeliň kimiňkidigi barada anyk bir netijä gelip bilmändirler. Ahyry oglanjyk myhmanlara gaty akylly teklip edipdir: “Agalar, gaýrat edip, ol köçä geçip ýüzugruna aşaklygyna ýöräp. heýkeliň kimiňkidigini görseňizläň. Meniň aýdanymyň dogrudygyna göz ýetirersiňiz” . Ýöne bu dawagärler obada diňe bir heýkeliň bardygy meselesinde doly ylalaşypdyrlar. Heýkel üstünde dörän dawa iki myhmanda-da ol heýkeliň kimiňkidigini bilmek islegini hasam güýçlendiripdir. Myhmanlar oglanjygyň salgy beren köçesine maşynlaryny sowup, oglanjtyk ýalňyşýar diýeli. Beýleki ikisi uly adam, biri mugallym, dawagärler obada bir heýkel bar diýip tassyklasalaram, olar ýalňyşýan bolaýmasyn, hersi bir heýkeliň gürrüňini edýän bolaýmasynlar. Öňümizden çykan birinden sorap meseläni anyklaly diýşipdirler. Şol wagtam olaryň edil gapdalyna sypaýy geýnüwli mugallym, bolmanda daýhan däldigi bildirip duran aýal maşgala gelipdir. Myhmanlar ol zenany saklap: “Dogan, bagyşlaň, biz myhman, nätanyş. Obaňyzda iki-üç sany heýkel bar diýip eşitdik. Şol dogrumyka” diýip, ol zenana ýüzlenipdirler. Ol zenan bu sowala şeýle jogap beripdir: “Myhmanlar, men şu obaň gyzam, gelnem kyrk ýaşap gelýän, edil şol heýkeliň beýle gapdalynda kontorda buhgalter bolup işleýän. Obamyzda orslardan galan ýekeje heýkel bar. Olam Jukowyň heýkeli. Ol heýkele edil ýaňy okuwçylar Beýik Ýeňşiň hormatyna gül goýdular, göni üç ýüz metr gidiň öňüňizden çykar”. Myhmanlar ol zenana minnetdarlyk bildirip, bu jogaba näme diýjeklerinem bilmän, bu heýkeli çaltrak görmäň arzuwynda bolup ugrapdyrlar. Olar derrew heýkeliň deňine baryp, biz bir ýalňyşaýmaly diýip, maşyndan düşüp, gülleriň terliginden ýaňy goýlandygy bildirip duran heýkeliň Sowet Soýuzynyň Gahrymany Aýdogdy Tahyrowyňkydygyny gözleri bilen görüp, gaýtalap-gaýtalap okapdyrlar. Bu waka näderejede çyn, ony bilmedim. Ýöne bu obanyň adamlary bu hekaýaty gaty görmän diňleýärler hem edil häzir oba adamlarynyň uludan-kiçisiniň ol heýkeliň Sowet Soýuzynyň Gahrymany Aýdogdy Tahyrowyňkydygyny ýalňyşman bilýändiklerini aýdýarlar. Döwletmyrat ÝAZKULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |