00:12 Kimiňki dogry? | |
KIMIŇKI DOGRY?
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Iki sany danyşment bir uly mejlisde bile oturmaly bolupdyr. Olaryň biri takwalyk edip, dymmagy özüne endik edipdir. Beýlekisi bolsa, parasatly sözler bilen öwüt-ündew edip oturypdyr. Soralan zatlara bildiginden jogap beripdir. Mejlisiň ahyrynda dymyp oturan danyşment: -Bir aryf gördüm. Agzy Köneürgenjiň bazarynyň derwezesi ýaly eken-diýipdir. Gürrüňiň nirä kakdyrylýandygyny aňan beýleki danyşment hem: -Maňa-da bir aryf sataşdy. Husytlygyndan ýaňa altynly sandygyň gulpuny açmanlar geçdi-diýip, onuňam bolşuny beýan edipdir. «Geplemek dürs, geplemezlik dürs!» diýlip, halk pähiminde aýdylýar. Ýokarky hekaýatda takwalyk etjek bolup, bilýän zadyňy ile ýetirmän oturmagyň hem dogry däldigi nygtalýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |