05:56 Kinaýaly goşgy | |
Berdinazar HUDAÝNAZAROW
Goşgular
▶KINAÝALY GOŞGY Könekiler täsin adam bolupdyr. Oýlanyp gör özüň bilen deňede... Berilýän zada bir Taňyrýalkasyn Monça bolup ýörüpdirler şoňa-da. Dile bitýän alkyşy-da apalap Gör ahyr - baýlyga deň görüpdirler. Beýle-de ýöntemlik bolarmy, hat-da Adam aldamanam geň görüpdirler. Söz berseler durjak bolup yzynda Özlerini gynar ýörer ekenler. Şowuna düşmese tutan işleri Baryp-ha ykbaldan görer ekenler. Ynanar ýalam däl - ýöne hakykat: Boljak bolan bolup şeýle är kişi, Namysyň astynda galmaryn diýip Goýup ýörüpdirler bu ýalňyz başy. Astynda galanda näme bolýamyş Ol näme üstüňe çöken düýemi. Kelle goýaýarça namys - ar näme Aýratyn bir ähmiýete eýemi?! Çarwalar bazara çykarsa malyn Parhy ýok ekeni: nagtmy, nese Güp ynanyp hyrydaryň gepine Berip göýberýämiş bahasy ýetse. Nähili gün gördüň, nädip ýaşadyň Eý sen, geçen asyrlaryň ynsany? Pikir et, nähili akmak bolmaly Puldan öňe salmak üçin ynsaby... Ynsap diýip şindem agzap ýören bar. Nämemiş ol puldan-dagdan güýçli zat Bolgusyz däpleri debsiläp, hernä Şükür indi öňe barýar adamzat. Asla adamlaram indi yrsarap Ak ýa gara diýip saýlap duranaok Ol halaldyr, olam haramdyr diýip Ozalkylar ýaly aýnap duranok. Puluň ýüzünde-de "şu haram" diýip Biz-ä ýazylan bir ýazgy göremzok Onsoňam köneki adamlar ýaly Herki zady göwne alyp ýöremzok. Ol bendeler agzyndaky nanyny Dileseler berip ýetim-esire, Soňam özlerini aklajak bolup Diýermişler "nesibedir, nesibe". Ana şeýdip sogap gazanjakmyşlar Asla geň-taňlygy kän bu dünýäniň Näme, ýaňky ýetim-esire beren Nanyňdan süýjimi sogap diýýäniň.. Toba, toba, allanäme gelinler Baga gidip bilmän süýnüşip-sarkyp, Dillerini dişläp gün görüpdirler Gaýyndan ýaşynyp, ärinden gorkup. Aýny diýen wagtyň äriňden gorkup Duşuşjagyň bilen duşuşyp bilmän, Ýaşaşjagyň bilen ýaşaşyp bilmän Geçirlen ömürden ömür bolarmy... Günäden gaç, haramdan gaç, şerden gaç, Alla jan saklasyn, bu neneňsi zat. Kada-kanunlardan, çäklerden çykyp Şükür indi öňe barýar adamzat. * * * Hyjuw bar gursakda, hyýal bar başda, Adama näme zat gerekmiş başga? Bir gadak ýigrenç Bir çuwal söýgi Ep-eslije şatlyk, sähelçe gaýgy. Oňşup bilmese-de bir-biri bilen, Artygrak Çyn gerek, kertigräk Ýalan, Tapylsa dost bilen wepaly nöker, Duşmanyň öz-özi alnyňdan çykar. Özüňe düşünýän sower ýar gerek, Şan-şöhrat hökman däl, namys-ar gerek. Dost-ýarlaryň bilen hasap bolmaly, Ýuka nebis, galyň ynsap bolmaly. Bolmaly, ýene-de bir zat bolmaly, Kalbyň açyk, ruhuň azat bolmaly, Özüňki bolmaly pikiriň, kelläň, Azajyk akylam bolaýsa kem däl. Ýatdan çykan zat bar bolsa bagyşla, Ýene näme gerek bulardan başga? Gowulyk, gowulyk, gowulyk gerek, Hem-de birazajyk şowlulyk gerek.. | |
|
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Gözümde muttasyl ol, egme gaş, gerek bolsa... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Eý janlary süýjeden, huşly gider huşundan... / Goşgular - 26.09.2024 |
√ Aňmamysyň sen şol güni, jümle älem haýran ola... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Eý, Ýusup, şu gözleri görmeýän Ýakuba gel... / Goşgular - 18.10.2024 |
√ Şol işandan / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Liwanda şu pursat kyýamat gopýar / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |