10:29 Kitap agysy | |
KITAP AGYSY
Goşgular
![]() Geçmişde köp bolan dergazap şalar, Olar basyp alypdyrlar ýurtlary. Gyrypdyrlar bir-biregi, Gyrypdyrlar kürtleri, Gyrypdyrlar türkleri... Gyrmak hem gyrylmak däpdir geşmişde, Hemmesini günäläp bor etmişde. Ýöne welin haýran adam oýnuna, Gaty köp zat alypdyr öz boýnuna. Bar eken kitaba talaň salanlar, Misli Bruno deý otda ýananlar. Ýanypdyr lowlap, Ýanypdyr güwläp. Gizläp goýlan diwan üçin, Adam asylypdyr dardan, Han gözi doýmandyr gandan. Dynmandyr kitap hupbatdan, Soraňlar muny hatdatdan. Soranyňyz gözün ýaşlar, Onuň Aly hezretleri kitaby Zibilhana taşlaýarlar. Gördüm ony niçe hajathanada, Eýsem ýer ýokmudy kitaphanada? Kitapda nä aryň köýdümi, oglan? Dälmi kitap adam aýdymy, oglan? Kitap ýakyp, gören ýokdur hezzeti, “Çekmen” diýme, öňüňdedir ezýeti. Harlamaň kitaby, ýakmaň kitaby, Ömrüňiz ötinçä saklaň kitaby. Kalbyňyza guýup säher päkligi, Ene süýdi deýin haklaň kitaby. 19.03.2023 ý. | |
|
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |