12:11 Kitap satjak bolýan adam | |
KITAP SATJAK BOLÝAN ADAM
Hekaýalar
Aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän ýodanyň ahyry ýok ýalydy. Gyşyn-ýazyn, ir säherden gijagşama çenli bu ýerden adam aýagy çekilmeýärdi, aňry-bäri satyşdyrýan, odur-budur alyşdyrýan kişileriň alagowry dynmazdy. Ýodanyň aýagujundaky käbir şahalary gurap ugran gojaman çynaryň astynda togsany tegelän bir goja oturardy, onuň sähel çöküşen gerdenleri, nurana ýüz keşbi birwagtlar men diýen ýigit bolanlygyndan habar berýärdi. Saçy syrylan taýpy ýaly kellesindäki şylhasy çykan mawut külahy, uzyn kümüşsöw ýektaýy ony has hem salyhatly görkezýärdi, garry çynar, ondan hem ýaşy ulurak goja gohgalmagally ýodanyň bir bölegi ýalydy, ýylboýy bu ýerden ötüpgeçýän mähelle köne kilimiň üstünde oturan bu goja indi ünsem bermeýärdi, ol barmy-ýokmy hiç kimiň azaryna däldi. Göýä, ol hiç kimiň gözüne ilmeýän ýalydy. Bu köne dünýäde goja şeýlebir uzak ömür sürüpdir weli, günler, aýlar beýlede dursun, ýyllaryň, on ýyllyklaryň hasabyny ýitirip, haýsy ýurt, haýsy mekandandygyny hem unudan bolmaga çemeli. Onuň öňünde goňur reňkli gaýyş sahaby tüýdülip, sahypalary saralyp ugran bir kitap ýatyrdy, hiç kim oňa gözüniň gytagyny hem aýlamaýardy. Garynlaryny göjär ýaly odur-budur zatlary göterinjikläp geçýän adamlaryň akymy bir salym hem togtamaýardy, goja özüni bileli bäri bu kitaby satarmandy, emma hergiz hyrydar tapylmaýardy. Käýarym kitabyň eýle-beýlesini agdaryp gören bolýan okumyş kişiler onuň näme hakyndalygy bilen gyzyklanardylar. Goja ümezläp duran gözlerini ýere dikip, bilmeýänligini boýun alardy, soňra özüni aklamakçy bolýan ýaly: — Dogry, birwagtlar bu kitapda näme ýazylanyny bilýärdim. Atam aýdyp beripdi. Haýp, gulagymda galmandyr... Gaýta okaýyn diýsem, gözüm kesmeýär... Men bu dünýäde ýüz ýyl bäri ýaşap ýörün ahyry, ýüz ýyl — diýip janygardy. Garrynyň sesi sandyraýardy, garşysynda tiňkesini dikip duran kimsäniň, barybir, bu kitaby satyn almajagyny gowy bilýärdi, şonuň üçin ondan müýnli gözlerini gizlemäge çalşardy. Nury öçen gözlerinde bolsa ýaş düwmeleri ýyldyrap gidýärdi, bu garrylygyň alamatymy ýada janyýangynlykdanmy, belli däl. Goja ençeme ýyllaryň dowamynda çynaryň astynda oturyp, golaý-goltumyndan üznüksiz ötüpgeçýän mähelläniň gylykhäsiýetine bäş barmagy ýaly belet bolupdy, şonuň üçin eýle-beýle adama kitabyny hödürlemezdi, kalbynda bu del harydyny satyp biljekdigine umyt peýda bolan mahaly pessaý sesi bilen öz mynajatyna başlardy. Şol wagt joýa-joýa bolup, gasyn atan ýüzüne ylahy nur çaýylan ýaly bolardy, emma goh-galmagal onuň naýynjar sesini ýalmap-ýuwdup, ýenede bir gapyl bende duşundan biperwaý geçip gidensoň, gojanyň ýüzi bozýaz bolardy. Käte paltasy daşa degip, ähli zady owarram edip, başyndan aýlap urasy, turup gidiberesi gelerdi, emma atasynyň wesýeti ýadyna düşerdide, ýaňky pälinden gaýdardy: «Oglum, bu tapylgysyz kitaby kakaňa däl, saňa galdyrýandyryn! Kakaň munuň gadyr-gymmatyna düşünmez. Ol gara garnynyň ýesiri... Seniň ýüregiň başgaça, oglum. Sen bu kitaby hökman adamlara ýetirgin. Kitapda adamlary bela-kazalardan halas etjek beýik syr bar, hawa, beýik syr!.. Sen ony hak eýesine gowşur. Men onuň eýesiniň kimligini äşgär edebilmedim... Hany, käşgä, Allanyň merhemeti bilen, sen bu işiň hötdesinden geläýediň..!» — diýip, atasynyň soňky deminde aýdan bu sözleri her sapar gulagynyň düýbünde ýaňlanyp gidende, ýene ätiýajy elden bermän, töwerekdaşyna tamakin garap, kitabyň hakyky eýesine sabyr-takat bilen garaşmagyny dowam ederdi. Wah, garrylyk gursun, garrylyk! Käte içki duýgusyna aldanyp, elipden şermende kişilerden hem umyt ederdi, soňundan ýene özi oňaýsyz ýagdaýa düşerdi. ...Şol gün çynar ýaňy ýapraklap ugrapdy, howa ýyly hem güneşlidi. Ir säherden garrynyň göwni hem bahar asmany ýaly ýagtydy. Birmahal nurana ýüzli, orta ýaşlaryndaky bir pyýada gojanyň oturan ýerine golaýlaşdy. Gojanyň ýüregi çalt-çaltdan urup, hemişeki dilegini gaýtalap başlady. Sypaýy geýnen hälki kişi onuň sesini eşitdimi, eşitmedimi, belli bir zat aýtmak kyn, emma bir pursat säginip, gojanyň ýüzüne, soňra öňündäki açyk duran kitaba perwaýsyz seretdi. Soňra jübüsinden çykaran puluny kitabyň üstüne oklap goýberdide, ýene öz ýoly bilen boldy. Gojanyň üstünden gaýnag suw guýlana döndi. Kitap hiç kime derkar däl! Buda ýöne bir sadaka. Ol mynjyradylan pula garadyda, bokurdagyna tegek bolan ajy närsäni ýuwdup bilmän heläk boldy. Gojanyň gözýaşlary kitabyň saralan sahypalaryna düwme-düwme bolup damýardy, çöken eginleri silkinip-silkinip gidýärdi. Kän çarşenbäni gören goja uzak ömrüniň dowamynda her tüýsli ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolupdy, emma henize çenli beýle kemsidilen ýeri ýok. Baharyň nurly gününde goja biçäre peşeneli adamdan beýle gödeklige garaşmandy. Goja näçe gözýaş döksede, barybir, durmuş öz akymy bilen dowam edýärdi, onuň rehim-şepagatsyz kanunlarynda hiç hili özgeriş ýokdy. Gepiň külesi, kimdir biri başga bir adamy kemsidende, haýsydyr bir goja kitabyň üstünde gözýaş dökeninde näme bolupdyr? Dünýäde gözýaş dökýänler gytmy näme? Günler, aýlar, ýyllar şu terzde ötüberdi. Gün-günden gojanyň sesiniň taby gowşap, gözleriniň nury sönüp barýardy, emma ol özüniň tapylgysyz kitabyny satmak umydyndan el çekmändi. Ýylyň pasyllary yzygider çalyşýardy, azym çynaryň guran şahalary köpelýärdi. Çynaryň astyndaky gojanyň durmuşynda bolsa hiç zat özgermändi, henizem onuň nirede tünäp, nirede garbanýanyndan hiç kimiň habary ýokdy. Ahyrsoňy güýzüň ygally güni agşamara goja bir karara geldi, ýanyndan geçip barýan okumyş kişiniň ýapynjasynyň syýyndan mäkäm ýapyşyp, özüne tarap çekdi. Ýaňky adam allaniçigsi bolup, gahar bilen öwrüldi. Hernä gojanyň gamgyn ýüzüni görüp, biraz köşeşdi. Bu sapar gojanyň içki duýgusy aldamandy, garşysynda özüne dişini gyjap duran kişi hakykatdan hem hatlysowatly adamdy. — Oglum — diýip, goja öz dilegini aýtdy — bu tapylgysyz kitaby sen alaýda. Ýöne şeýle, mugtuna... Ähtimal, mundaky syryň jümmüşine sen aralaşyp bilersiň... Belki, şonda durmuşdaky köp tilsimleriň syry açylaýmagy ahmal. Ol ýapynjasynyň etegini silkip aldyda, onuň üstüne heňkirdi: — Haý, akyly çaşan çal! Kitap okamak meniň nämäme derkar? Kitaby meniň özüm ýazýana, düşündiňmi? Goja ör-gökden geldi, elleri bilen kellesini tutup, buruljyrap iki büküldi. Bu haýbat onuň şunça ýyllaryň dowamynda çynaryň astynda oturyp, dolmadyk sabyr käsesine daman soňky damjady. Birsalymda bili bükülen biçäre sessiz aglaýardy, barha özünden uzaklaşyp barýan aýak sesi beýnisiniň üstünden gürzi bolup inýärdi. Şol çapgyn şemally gije goja gaýyp boldy, ertesi çäş wagty onuň hemişeki ýerinde ýedi-sekiz ýaşlaryndaky iglije bir gyzjagaz peýda boldy. Hor göwresi, uçganaklap duran gözleri käse ýaly gyzjagaz göwresine gelişmeýän owazly sesi bilen şol köne kitaby magtap, hyrydar gözleýärdi. Gyzjagazyň gözleri, ýakymly sesi gaýyp bolan gojanyňka çalym edip gidýärdi. Çynaryň astyndaky bu özgerişe ýodany süpürip ýören sübsegär kempirden başga hiç kim üns bermedi. Mydama nirädir bir ýere howlugýan, nämedir bir zady satmagyň, satyn almagyň ugrunda hallan atyp ýören mähelläniň özgeriş bilen, kitapdyr syr bilen asla işi ýokdy. Adamlaryň tükeniksiz akymy deňiz mysaly güwläp, gyzjagazyň sesini öz demine dartýardy, garagol şemal saralan sahypalary sermeläp, sykylyk çalýardy. Ýagşyň buz ýaly agyr damjalary saralyşyp oturan ýapraklary ýele sowurýardy, ýarymýalaňaç şahalardaky gargalaryň gagyldysy ýüreklere wehim salýardy, nadanlygyň galyň dumanynyň içinden henizem şol mynajatly owaz ýaňlanyp durdy. — Daýy jan! Bu örän ajaýyp kitap! Onda beýik syr bar. Iňňän möhüm syr! Bu kitaby atam maňa wesýet etdi, ony hökman hak eýesine ýetiräýmeli... Ýagşyň sesi barha möwjeýärdi, gyzjagazyň ýalbarmasyna hiç kim gulak gabartmaýardy, gohgalmagally ýoda zulmat içre gözden ýitip barýardy. Jora FAZYL, özbek ýazyjysy. Özbek dilinden terjime eden Gurban GURBANOW. Çeşme: "Dünýä edebiýaty" žurnalyndan. | |
|
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |