04:32 Köne kitap | |
KÖNE KITAP
Goşgular
Toýa çagyrdylar köne kitaby, Tutumly toýa. Sary gaçan penjegiji tapdy ol Aýlanyp öýe. Başyna şypyrma telpejigini, Aýagyna köne köwşüni geýip, Hasasyny alaga-da goluna, Ugrady nirdesiñ toý jaýy diýip. Bärden baranyndan basyldy howy, Myhmanlañ üst-başy gowudan-gowy. Bezemen eşikli Powest, Romanlar Sahaplaryn güjeñleşip otyrlar. Bir gyrada Haly düşek üstünde Poemalar Tirsekleşip ýatyrlar. Hersiniñ döşünde Medaldyr baýrak. Köne kitap üst-başyndan utanyp, Çekildi gaýrak. "Bu bolşuña toýda nä körüñ bardy?!" Diýip, käýindi ol özi-özüne. Eger toý eýesi görmedik bolsa, Gaýtsa-da gaýdardy derrew yzyna. "Duz datman gitmeklik gelşiksiz bolar..." Egnin ýygryp, ýerleşdi ol bir çetde. Kaşañ geýnen myhmanlara berdiler - Powestlerdir Romanlara berdiler Ilki sözi elbetde! Mahabatly sözläýşini olaryñ! Awtorlaryn ýeserlikde öwdüler. Biri jildin, Biri sahabyn magtap, Toýuñ ünsün özlerine sowdular. Teýahyr söz ýetdi köne kitaba, Ýaýdana-ýaýdana turdy ýerinden. "Toýa geläýipdir makulatura!" Gülüşdiler ony görenlerinden. Jany ýanyp, Ýüzlendi ol mähellä: - Haýyş edýän, Diñläñ meni gülüşmän! Siziñki deý baýragymam ýok meniñ, Üst-başymam siziñki deý tämiz däl, Ýöne okalýaryn gollardan düşmän... ■ ROMANLARYÑ GÜRRÜÑI - Bu günler görneñok-la?! Diýdi romana roman. - Tankytçy tankytlansoñ, Ýatdym kän gün ýaraman! ■ EZRAÝYL BILEN ŞAHYR - Kazañ doldy, häzir borjum bitirip, Soñky haýyşyñ nä? Diýdi Ezraýyl. - Söýgi hakda şygyr ýazyp otyryn, Şony soñlanymsoñ öldürseñ kaýyl. ■ GÖÇE-GÖÇLÜK Kitaba diýdi kitap: - A-how, kärdeş, Niçik tap?! - Gowy däl, Goñşym roman Ýer ýoguna garaman, "Meniñ dowamym" diýip, Täze kitap getirdi. Onsoñ hojaýyn meni Başa tekjä ötürdi. ■ ULY ŞAHYRYÑ ÖWÜDI Hem hupbatly, hem uzak Ýol jigim, Poeziýa. Diýdirýändir kän gezek: "Dönsemmikäm yza ýa?!" Eger seniñ ynamyñ Gowşak bolsa özüñe, Arryguñy gynama, Dolan derrew yzyña! Eger seniñ ynamyñ Pugta bolsa özüñe. Parnas atyñ jylawyn Bek tut, çap ümdüziñe! Eýerde bek oturyp, Çapyp başarsañ gaty, Abraý atly baýraga, Ýetirer Ylham aty. Hemra ŞIROW. | |
|
√ Gadym ata ertekisi / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Yşarat / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Unudan bolsañ... / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Aňmamysyň sen şol güni, jümle älem haýran ola... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Ýene-de Stalin hakynda / Goşgular - 12.10.2024 |
√ Din-u millet sorar iseň, aşyklara din ne hajat? / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Nesliň göterer / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Garry söýgi — gamly söýgi / Goşgular - 27.08.2024 |
√ "Zülpükar gylyjy Hezret Alynyň..." / Goşgular - 27.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |