16:18 Köne şäher | |
KÖNE ŞÄHER
Goşgular
Ýüz ýyldanam köp ýaşapdyr bu şäher, Göýä beton jaýlar çalaran goja. Ýöne älem gül açanda her bahar, Ol ýigdelýär, ol dikelýär bir ajap. Peýwagtyna ýortup köçelerinde, Dyz epýärin gyrasynda baglaryň. Ylham meni yşga götereninde Bu mesgene men ykbalym bagladym. Güýzler ýaprak bolup aýak basanda, Zer keşde çaýanda ýoda-ýollara. Köňlüm peşgeş etdim misli asal deý, Bu mähriban hem-de sada illere. Şonda göz ýetirdim ýene bir zada, Seýr edip ýörşüme goja şäherde. Güýz serpaýyn egne ýapanda baglar, Hem elwan lybasly gelýän baharda, Bu mesgen, bu şäher juda başgaça, Belki muny bilýän däldir hemmeler. Ýöne bir gün bu şäherden daşlaşan, Ony ýüreginde saklasy geler. II Şabat sessiz-üýnsüz akyp ýatyrdy, Şaýat şu gün, düýnüň gussa-şatlygna. Jaýlar jüp kenara bakyp otyrdy, Ynanyp oň iň arassa zatdygna... Köne hiňňildigiň gonup gozagna Çar ýana göz aýlap synlap şäheri. Guş bolmagy getirýärin göz öňme, Howatyrly synlap kiçelen ýeri. Şabat hyýalymy gark edip barýar, Hiňňildik göwrämi aýlaýar göge. Şeýle belentlikden seredip her ýan, Men misli hyýalda oýnaýan çaga. Bu şäher surat dek Bu örän dogry, Bagtdan çarçuwaly äleme bakýar. Boýna bulutreňkli şarf oran oglan, Asmanyň hem suwuň suratyn çekýär. 2020 . 17 aprel | |
|
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |