01:50 Koridor | |
KORIDOR
Oýlanmalar
("N" hassahanasynyñ gündeliginden parçalar) Bu hassahana indi iki müçedir maňa tanyş, emma näçe gapdalyndan geçsem-de, içinde bolup görmändirin. Hä, ýok, bir gezek bir ýarym tanşymyň yzyndan gelip görüpdim. Gowy görýän inilerimiň biri "Şu balnisada klasdaşym ýatyr, yzyndan barmaga elim ýetenok, baryp bilmezmiň, agam" diýip haýyş edipdi. Elbetde, ýok diýmedim, ikibaşdan işsiz ýördüm şo günler. Hassa soramagyň sogaby hem bar ahyr. Ana, şonda bu balnisany birinji gezek içinden synlapdym içigar galany Halamandym şonda hem. Ýatsam-tursam şu ýere düşerin diýip oýlamandym-aý. Ynha, indi men şu günden şeýläk keseliň hökmürowanlygynda. * * * Keselimiň başy... şu sözi ýigrenýän. Keselimiň başy, ömrümiň agyr günleri we tükenip barýandygymyň alamaty ýaly. Men ýokarky dişimi sogurtdym. Kütek diş lukmany rentgensiz, barlagsyz sogurdy goýberdi. Ýokardan sekizinji dişiň aýrylmagy bilen gelen derde "diş gaýmoridi" diýilýän eken. Hernä, beterinden saklasyn. Alla gorasyn. * * * Soň iki hepde hiç zat duýmadym. Bir günem burnumyň içinde şeýle bir nejis ys peýda boldy, heý goýaý. Naharlanyp otyrkaň dagy başlanaýsa göni turup gitmeseň, iýip oturan naharyňa poh garylan ýaly duýulýar. Hatda ondanam beter. Çydar ýaly däl. Ynsan balasy beýle dert bilen azarlanmasyn. Uklap ýatyrkamam şol porsy oýarýar meni. Gapdaldaky metjidiň azan sesem gaty aýylganç duýulaýýar. Ýogsa iň howy owaz şol ahyr. Şu dişimi sogran dogtara nälet okap hezil etdim. Gargynyp içimi sowatdym. Enesinde-atasynda, ýedi arkasynda zat goýmadym. Pahyrlar diş dogtar ogullarynyň derdinden ýaňa göründe dik oturandyrlar, asla gyşaryp bilýän däldirler. Zato menem arkaýyn gezip bilemok. Yzyny üzmän "Gulakburunbokurdak" adyňa... dogtaryna baryp burnumdan derman guýdurup, agzymdan çykarýan. Her gezek hem ölmäniň bäri ýany. Bu derde sataşyp bir zada ýene bir gezek gowuja göz ýetirdim; alaçsyzdygyňy bilseler, adamlar hasam beter köseýär eken seni. Bir düýe ýük puluň bolsa-da peýdasy ýok. * * * Saglygyň gadryny bilgil, Hassa bolmasdan burun. Magtymguly Pyragy şu setiri meň üçin ýazypdyr walla. Meň burnum kesel tapdy. Wah-h, bilýän. Magtymguly bu ýerde burun hakda aýdanok. Burun sözi gadymy sözlük de "ozal, öň, başda" ýaly manylary aňladýar. Ýöne meniň üçin şu söz göni manyda eşidilýär. Burun hassa bolmazdan ozal, saglygyň gadryny bilgil. Dogrusy Magtymgulynyň "Saglygyň gadryny bilgil, Hassa bolmasdan burun" setirlerini Gulakburunbokurdak bölüminde bir diwardan asyp goýmaly. * * * Bu galanyň müň burçy bar, Her burçynyň perrajy bar. Görogly beg. Hassahana gelsem başym-gözüm aýlanýar, ötlem-ötlem koridorlar, basgançaklar, aşak-ýokary galyp düşmeden halym galmady. Bu gala ýaly uzap ýatan hassahana. Hassalaryň ýygnanan galasy. Bu galanyň her burçunda jan alyjy jellat ýaly lukmanlaram bar... Bu meniň gorkak psihologiýamyň fantaziýasy. Aslynda bu ak halatly likmanlar perişde ýaly bolmaly. Sebäbi seni keselden gutarmak üçin öz ömürlerini sarplaýar bular. Honha sojagaz körpejäniň burnuna ýygnanyp, indem beýnisine tarap ugran iriňi hiç kim aýryp bilenok. Emma lukman eýdip-beýdip, ýok öz ugry-usuly bilen çagajygyň kişmiş ýaljak burnuna şpiris goýberip, bar iriňi sorduryp alar. Aglap-aglap özünden giden çagajyk, täzeden dünýä geler. Men bu lukmanlara baş egesim gelýär. *** Ynha, şu uzyn, uzyn diýende uzyyyyyyyn diýip has uzaldasym gelýär. Howwa, uzyn koridoryň bu başyndan o başyna kabinet kabinet aýlanmaly men. Birinji kabinetde oturan ketde zenan. Ýensesi ýag alyp giden bu zenan kassada oturýar. Dodaklaryna seretdim. Botoks bilen çişirilipdir. Barybir owadan däl, sebäbi ýüzünde mähir ýok. Gözellik ýüzüňe reňk çalanyň bilen bolmaýan eken. Aslynda lukmanlar owadan bolýar. Men hakyky lukmanlar diýjek bolýan. Arasynda az hem bolsa, nähili görmegeý, nazarkerde, perişdesypat ynsanlaram bardyr-a. Ýa ýokmuka?.. Diýmäýin diýsem, bular-a, edil ýöne... Päheý, ýeri bolýa-da... Men ýene uzyyyyn koridor bilen barýan. * * * Пу́нкция Прокол какой-либо полости, сосуда, ткани с лечебной или диагностической целью. Doktar Ergeşow ilki bir şepagat bajysyna we interne meniň burnumdaky iriňi punsiýa edip aýyrmagy tabşyrdy. Ýöne olar başarmadylar. Sebäbi men baş bermedim. Men edil alty ýaşly çaga ýaly özümi bir täsin alyp bardym welin heý goýaý. Özüm öz bolşuma haýran galýan. Edil şu wagt men başga biri ýaly, özümi tanap bilemok. Soňky demde ölüp barýan ýaly şepagat baja: ýüregim erbet bolýar diýdim. Oňa çen doktar Ergeşow ylgap geldi: Ýaşuly, özüňi ele al diýýär. Alasamsyk interne we baja, göreňzokmy, ýüzü ak tam bolupdyr diýýär. Derrew kuşetka geçirip ýatyrdy. Üstümden dag aýrylan ýaly bolaýdy. Biraz ýüregim jaýyna geldi. Likmanlar otagy hem giňedi, Alla jan. Lukman maňa özüň seret. Bu gepi men ýüregim bilen aýtdym. Lukman düşündi. Bolmasa ol lukman bolýarmy?! Derrew meni ykjam oturdyp, burnumy atagzy bilen gapjadyp, iňňesini ötürdi. Burnumyň hrýaşyna sessiz giren şprisden derman goýberip ugradylar. Indi maňa gorkunç däldi. Men indi özüm likmanlara ýardam berip, burnumdan aňrydan bir ýerlerden gelýän iriňi püfläp daşary çykarýardym. Lukmanlaryň ömri bolsun. * * * Men özi şükür etmäni bilmeýän adam. Gapdalymdaky ýatan dagy burnuna seret pahyryň burny gan ýalan ganjygyň agzy ýaly gara gan bolup geldi prosedurnydan. Men sähel burnum deşildi welin, şermendelik edip bolaýşumy göräý-de. Ýöne özümem ejiz adamdygyma göz ýetirdim. Ýanymda aýalym hem uly oglum. Başga janserek boljagam ýok. Dost-ýarlarymam, kyýamatlyk aga-inilerimem häzir menden habar alanok. Hatda gardaş-doganlaram diňe telefon arkaly halymdan habar alýarlar. Sag-aman gowlaşawer diýýänlerinede şükür. Ýanymda ýetimlikde ösüp ulalan aýalym görgüli hemem atamyň ady goýlan oglum. Bildim, kim ekeni hossarlarym. * * * Üstüme abanýan gara kölgeler Lukmanlar. Ak halatly lukmanlar. Şu gezek sizden halys gorkdum. Ýok, men öňem ak eşikli adamlardan biraz heder edýän. Hatda bir rowaýatda Ezraýylyň hem ak lybasly gelýändigini okapdym öýdýän. Burnumy deşip iriň alanlarynda beter gorkdum. Bir burça gabap, burnumy hem atagzy bilen gysyp ugranlarynda nämeler oýlamadym men. Ýok, nämeler däl. Kimleri göz öňüne getirdim... Ýüzüm ak tam, özüm çalajan palatama yraň-daraň geldim. Aýalym görgüli gözlerini tegeläp durşuna nätjegini bilenok, oglum ýerime geçirdi. Sesimi çykarman ýarym sagat ýatdym. Erbet duýgular. Orta asyr eýýamy... Azajyk dikeldim, oglum ýardam berdi. Telefonymy soradym, elime tutdurdylar. Çingiz hanyň Horezme çozuşy hakda taryhy roman ýazyp ýören dostuma jaň etdim: - Gaýyr hanyň ýüzüne gurşun guýup öldürişlerini suratlandyrjak bolañda Uhogorlonos-a gel-de, burnuňy deşdirip gör, dost - diýdim bir agyz. - Ýazýan romanyň şol epizodlary şowly çykar. * * * Men uzyn koridoryň ugrunda otyryn. O başy zordan görünýär. Menden başga hiç kim ýok. Bir özüm dym-dyrslyk. Gijäniň ýary. Bir zada garaşýan ýaly men. Bu wagt hiç kimiň gelmejeginem aňym bilen duýýan. Ýok, meni idäp-sorap gelmejeklerini bilýän. Asyl bu hassasyrap bu ýerde ýatanymy bäş-üç dost-ýarymdan başga bilýänem ýok. Olaram ýaman arkaýyn etdimmikäm diýýän. Sebäbi gelmeseler gowy. Bu gadar ejizlänimi özümiň göresim gelenok. Dostlarym görse nähili biderek ýagdaý bolar. Ýöne häzir ýary gije, uzyn koridoryň ugrunda ýalňyz özüm. Birine garaşýan ýaly, ýok, nämedir bir zada garaşýan. * * * Sag bol ömrüň bir ýerinde sataşanyňa... - Siz şahyr ekeniňiz-ä, mümkin bolsa maňa goşgy ýazyp beräýiň! Ýasama kirpikleri okara gözlerini ýapyp duran dolmuş bedenli gyz, mazaly ýüz-roýuny timar edipdir. "Beýle bet gyzlaram goşga gyzýan eken-ow" diýip haýran galdym. Tiktok, Instagramda goşgy okaýan arzan şahyrlar ýaly bolgusyz goşgy ýazasym gelmeýär diýesim gelýär. Emma bu gije bu gyz maňa ukol urmaly hem ýene özi özelenip haýyş edip dur ahyr: - Men häzir size ruçka kagyz bereýin. Siz näme ýazsaňyzam bolýar, hökman men hakda däl. Agşam lukman gyz ýanyma gelip ukollarumy etdi, elleri şeýle ýumşak, gyzgynjak. Ak eşikleri gaty dar tikilensoň, dolmuş bedeni has dyňzap duran görünýär, birhili seretmänem bileňok, bakyp durmaga hem utanýaň. Ertir säher bilen nämedir bir zat çyrşap berdim. Gyz ýüzüme seredip durdy, şu onuň sag bol aýdany bolmaly, soň: - Öýe baryp okaryn - diýdi. * * * Derdimi diňe özüm bilýän. Şonuň üçin koridorda ýeke özüm otyryn. ...Meniň bir zamanlar geçen çagalygym. Ýedimi ýaňy doldurypdym. Sarlatma degip şeýdip hassahana düşdüm. Kakam pahyram ganjoşmadan başga bir hassahanada ýatyr. Garaz ataly-ogul ejeme iş bolduk. Kolhozyň işinden daşary biziň yzymyzdan gatnaýar, görgüli. Ýedi ýaşly çaga halyma bir özüm ulularyň arasynda, sarlatma keselhanasynda 17 gün ejem janyň ýoluna garap günleri geçirdim. Baý aglaýardym-a şo wagtlar. Şu ýyl 27 ýyl bolupdyr laýyk. Ýaňy 1-nji klasa baran çagajyk halyma şol wagtam hemme ýatandan soň hassahananyň koridoryna çykyp, dym-dyrslykda oturýadym öýdýän. * * * Hassahana her dürli dert bilen her hili adamlar gelýär. Aýal-gyz hem köp, garry-gurty hem ýeterlik. Gelip duranam az däl, gidip barýanam. Herhal gelip durandan sag-aman sagalyp gidip duran köp bolsin. Men hassahananyň giň howlusynda, uzyn sekide aýagymy sallap otyryn. Geçýän-ötýänlere garaýan. Biraz gowy men indi. Derdim kemeldi. Alla şypa berdi, şükür. Ol gün meň ýaramaýandygymy eşidip uzak bir döwletde ýaşaýan takwa zenan hem Size Alla şypa bersin diýip dileg edýän diýdi. Bu zatlar hakda oýlanyp, hassahananyň howlusynda otyryn. Ynsan daş-yrakdan ýöne ýakyn ýürekden ýürekdeş bolup bilýär eken. * * * Gula bela gelmez Huda ýazmasa, Huda bela ýazmaz päl azmasa Derdim dep bolup gelýär. Ýöne meni ýaman ynjalykdan gaçyrýan bir zat, bütin keseller hem meň sagalyşym ýaly tiziräk sagalyp gitseler. Men sag bolanymda näme, ýene biri şu ýere dert tapyp gelse. Bir olam däl. Hassahana pikirlerimiň hem hassalyk tapan ýeri ýaly. Häzir maňa gussamerk bolýan pikirlerimi sanasam sogaby ýok. Nämüçin ynsanlar ýyl-ýyldan köp dürli dertlere ýolugyp barýar. Adyny aýtmasy kyn keseller onki süňňümizi, tutuş bedenimizi bogup, bizi öldürip barýar. Bar belanyň körügi biziň özümizde bolaýmasa. Howwa, şeý diýeli. Başa näme gelse, özümiz günäkär. * * * Koridoryň bu çetinde otyryn. Şu oturan menmi özi diýip iňkise batýan. Koridor. Gum-gukluk, dym-dyrslyk boş uzyn giňişlik. Koridor diýip öwrenipdiris. Öwredipdirler has anygy. Däliz diýmelimiş aslynda. Däliz. Däli biz diýen ýaly. Ýene men özüme şu oturan menmi özi diýýän. Koridoryň aňry çetinde körpeje otyr. Howwa sen şo diýýär. Biraz arkaýynlaşýan. Çagajyga habar gatýan: - Ertir aşak düşüp gamburger iýerismi? Çagajyk ýylgyryp: - Lawaşa dolanan bolsa has gowy - diýýär. Men bolýar diýip makullap baş atýan. Koridoryň aňyrsyndaky meň çagalaygyma meňzeş körpe birden başyny aşak salyp, tukatlanýar: - Men ertir hiç zat iýmeli däl. - diýip, burnuny çekip müzzerýär. - Ertir men operasiýa edýäler. Birhaýukdan özüme gelýän. Men koridorda. Ýalňyz özüm... Sylapberdi MUHAMOW. 21.08.24 ý. | |
|