22:47 Kosmosdan gelen demir adam | |
KOSMOSDAN GELEN DEMIR ADAM
Geň-taňsy wakalar
"Butparazlar butdan alsa myradyn..." Magtymguly Pyragy. Germaniýaly alymlar 1938-nji ýylda Tibetden tapylan we nemes faşistleri tarapyndan Ýewropa getirilen Budda heýkeliniñ mundan 10 müñ ýyl owal Mongoliýa düşen meteoritden ýasalandygyny anykladylar. Meteorite aýbogdaşyny gurup, çep elinde heniz nämedigi anyklanmadyk närse saklap duran adamyñ keşbi oýulyp çekilipdir. Şekiliñ kükreginde bolsa Buddizmde şowlulygyñ nyşany bolan gamaly haç bar. Gamaly haç soñra nemes faşistleriniñ nyşanyna öwrülipdi. “Meteoritics & Planetary Science” žurnalynda neşir edilen ylmy makalada "Demir adam" diýip atlandyrylan heýkeliñ VIII-X asyrlara degişlidigini öñe sürülýär. Demir adam ariýa jynsynyñ gelip çykyşyny öwrenmek üçin ugradylan zoolog we etnolog Ernst Şefer tarapyndan 1938-nji ýylda Tibetde tapylyp, Germaniýa getirilipdi. Heýkel soñra bir kolleksioner tarapyndan satyn alyndy. Ştutgart uniwersitetinden Elmar Baçer heýkeli öwrenmäge kolleksionerden idin aldy. Heýkelden alynan bölekler boýunça geçirilen barlaglar heýkeliñ ataksit meteoritinden ýasalandygyny ýüze çykardy. Ataksit meteoritiñ düzüminde ýokary mukdarda nikel bar. 24 santimetr uzynlykdaky we 10,6 kg agyrlykdaky Demir adamdan alynan gyryndylaryñ himiki ekspertizasy daşyñ Sibire we Mongoliýa düşen meteoritler bilen birmeñzeşligini ýüze çykardy. Heýkel buddizm dininiñ hudaýy Waýsrawana degişlidir öýdülýär. Baýlygyñ hudaýy Waýsrawana köplenç elinde baýlygy alamatlandyrýan limonly ýada gapjykly suratlandyrylýar. Birnäçe medeniýetde meteoritler bezeg enjamlaryny ýa-da pyçak ýasamak üçin ulanylandygy hem-de antiki siwilizasiýalarda meteoritlere çokunmagyñ giñden ýaýrandygy mälim. Emma "Demir adam" häzire çenli meteorite oýulyp ýasalan adamyñ ilkinji keşbidigi üçin taryhy gymmaty uludyr. Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |