23:32 Kosmoslylar dünýäni basyp alyp bilermi? | |
KOSMOSLYLAR DÜNÝÄNI BASYP ALYP BILERMI?
Geň-taňsy wakalar
Dünýä belli fizik we kosmosşynas Stiwen Hoking başga älemlerde ýaşaýan janly barlyklar gojaman saýýaramyzyñ barlygyndan habardar bolan ýagdaýynda, adamzadyñ soñunyñ gelme ähtimallygyndan howatyrlanmagyñ gerekdigini duýdurdy. Hokingiñ pikirine görä matematiki taýdan başga älemlerde ýaşaýan janlylaryñ barlygyna ynanmak gerek. Şol janlylaryñ göçme medeniýete mahsus kowumdygyna ünsi çeken Hoking, olaryñ öz ýaşaýan saýýaralaryndaky tebigy resurslary sarp edip gutaransoñlar ýaşaýyş üçin amatly başga saýýaralaryñ gözlegine çykaýmagynyñ mümkindigini aýdýar. Stiwen Hokingiñ pikirine görä, eger kosmoslylar Ýer togalagyna islendik görnüşde bolsun, tapawudy ýok, habar gönderäýen ýagdaýynda, olara jogap bermezlikden gowsy ýok. "Gliese 832c" atly alysdaky saýýaradan söz açan Hoking "Haçanam bolsa bir gün bir ýerlerden signal gelip başlamagy mümkin" diýýär. Meşhur alym şeýle ýagdaýda olara jogap bermek kelesañlykdyr. Hoking adamzadyñ has ösen medeniýet bilen tanyşmagy indeýleriñ üstüne ýewropalylaryñ "Ýatanyñ üstüne turan gelmesin" edip, dökülişleri bilen deñeşdirdi we munuñ netijesiniñ gowy gutarmajagyny ýañzytdy. Hoking kosmosda älemiñ islendik künjüne syýahat edip biljek derejede ösen siwilizasiýanyñ Ýer togalagyna ýagşy niýet bilen aýak basmajagyny aýdýar. Alymyñ pikirine görä, bizden has akylly kosmoslylar galaktikadaky tebigy resurslary zor bilen almaga niýetli we baran ýerlerini basyp alyp koloniýalaşdyrjak alamançylardyr. Iñlis astrofizigi “Stephen Hawking’s Favorite Places” atly dokumental filmde-de aýak basylmadyk galaktikalardaky tebigy resurslary çapawullamak ýaly erbet niýetli we ösen ýaşaýyş formaly kosmoslylar barada ýokardaky pikirleri gaýtalady: "Bizden has ösen ýaşaýyş formalylar bilen ýüzbe-ýüz bolmak, Hristofor Kolumbyñ Amerikada indeýler bilen garşylaşyndan has beter bolup biler. Indeýleriñem soñy o diýen gowy gutarmandy". Ylym dünýäsi tarapyndan Eýnşteýnden soñky dünýä inen iñ beýik alym hökmünde hasap edilýän Stiwen Hoking adamzatdan has ösen derejede bolmagy ahmal kosmoslylaryñ adamy ownuk bakteriýadan enaýy görmez diýen düşünjede. Ýer togalagyndan kosmosa eýýäm birnäçe ýyldan bäri bilgeşleýin ýa-da bilmezlikden radio we telewizion signallar ugradylýar. Käbir alymlaryñ pikirine görä bolsa, dünýäni basybalyjy häsiýetli goşunlary bilen eýeläp biljek derejede çakgan hereket edýän we bizden has ösen kosmoslylar bar bolsa, biziñ barlygymyzy bireýýäm bilerdiler. Ikitaraplaýyn teoriýa boýunça seredeniñde, biziñ dünýämiz ösüşiñ belli bir derejesine ýetýänçä bizden has ösen janlylar tarapyndan öz erkine goýuldy, ýagny, aslynda Ýer togalagy ýabany ýaşaýyş rezerwidir. Amerikan astrobiology Duglas Wakoh Başga älemler boýunça gözlegler institutynda (SETI) eden çykyşynda, "kosmosa simwoliki signallar ugradylanda potansial howplary ara alnyp maslahatlaşmagyñ we bolup biläýjek hadysalaryñ göz öñüne tutmagyñ gerekdigini" aýtdy. Alymlaryñ başgabir topary instituta dünýädäki ýaşaýşymyzyñ barlygyny görkezýän kiçijik signallary ibermegiñ dogry boljakdygyny aýtsa, alymlaryñ ikinji topary has gezende we has öñdebaryjy kosmos zondlaryny özleşdirmegiñ gerekdigini öne sürýär. Astrofizikler adamzadyñ geçen asyryñ 20-nji ýyllaryndan bäri ilkinji söwda maksatly radioabzaly arkaly goñşy ýyldyzlara özüniñ barlygyny bildirmäge çalyşýandygyna ünsi çekýär. Adamyñ iberýän signallary barmaly ýerine barýança 90 ýagtylyk ýyly (540 trillion mil) gerek. Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |