20:44 Kosmoslylaryñ dini ynanjy barmyka? | |
KOSMOSLYLARYÑ DINI YNANJY BARMYKA?
Geň-taňsy wakalar
Şergyñ jahana şaýyg, Hökmüñ äleme nafyg, Emriñe ýokdur manyg, Erzu-sema mafiha. Magtymguly Pyragy. Beýik söz ussady Hezreti Magtymguly işanyñ "Ýaşyl zümerret" goşgusy boýdan-başa Ýer togalagyndan başga ýerdäki dünýälerden we ol ýerlerde ýaşaýan sygyr, bürgüt, böri, ak at, hüýr-melek, wildan, adam sypatly perişdelerden, olaryñ Ysmaýyl, Kabaýyl, Gökbaýyl, Nunbaýyl, Saftaýyl, Abaýyl, Nurbaýyl, Jebraýyl ýaly ulug ýolbaşçylaryndan söz açýar. Hatda goşguda ýedi gat gökleriñ (älemleriñ) Refýe, Arklawyn, Kaýdum, Magun, Renka, Defna, Ajaba ýaly takyk atlaryna, ondaky ýer-ýurt atlary bolan Sarsaýyl, Garkaýyl ýaly atlaryna çenli jikme-jik suratlandyrýar. Biz bu ýerde goşgynyñ analizini etmekçi däl. Muny etmekden ylym gorumyz hem çäkli geler. Ýöne ylmyñ dürli ugurlarynda beýik akyldarymyzyñ döredijiligi çelgi alnyp işlense kän-kän zatlary anyklap boljakdygyna ünsi çekmek isledik. Soñky döwürde käbir döwletleriñ gizlin arhiwlerinden başga saýýaralylar baradaky resminamalaryñ çykyp ugramagy, kosmos dünýäsi hakynda yzly-yzyna düşürilýän ylmy-fantastiki kinofilmler we gapbarçanakdyr kosmoslylardygy aýdylýan köpsanly wideoşekiller özleri bilen bile añymyzda birnäçe soragy oýandyrýar. Türkiýäniñ Marmara uniwersitetiniñ ylahyýet fakultetiniñ professory Jelal Ýeniçeri Gurhanda kosmosda başga janly-jandarlaryñ barlygyna yşarat edýän birnäçe aýatlaryñ bardygyny we kosmoslylaryñ haçanam bolsa bir gün Ýer togalagynda ýaşaýanlar bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyny aýdýar. Alyp baran ylmy barlaglaryny "Kosmos aýatlatynyñ tefsiri - yslam nukdaýnazaryndan älemiñ mümkinçilikleri" (‘‘Uzay Ayetleri Tefsiri-İslam Açısından Kainat ve İmkanları’’) atly 500 sahypalyk kitapda jemlän professor Jelal Ýeniçeri kitabynyñ kosmos ýaşaýşyndan söz açýan ilkinji ylmy kitapdygyny aýtdy. Kosmoslylaryñ adamlara zyýan ýetirjekdigi barada hiç hili aýata duş gelmändigini bellän professor Ýeniçeri "kosmoslylaryñ dini ynanjy barmyka?" diýen soraga şeýle jogap berdi: "Pygamberimiziñ (s.a.w) agasynyñ ogly Ibni Abbas (r.a.) asmandaky saýýaralardan söz açanda "Bärde Adam ata bolsa, olarda-da Adam ata bar, Musamyz ýaly Musa bar, Isamyz ýaly Isa bar... Eger bu aýatlaryñ hakyky manysyny aýan etsem, siz inkär edersiñiz" diýipdir. Aýatlaryñ hakyky manysyna düşünjek bolsak, onda älemiñ ýaşaýyş bar saýýaralaryna-da, özge dünýälere-de ylahy kitap inderilendigine göz ýetirmek kyn däl. Gurhanda agzalýan "Dabbe" sözi aýak üstünde ýöreýän jandarlar manysyny berýär hem-de kosmosda şeýle jandarlaryn barlygyna yşarat edilýär". ■ Professor Ýeniçeriniñ aýdýan aýatlary şu aşakdakylar: - Maide süresiniñ 29-njy aýaty: "Gökleriñ we ýeriñ hem-de olarda bar bolan mahluklaryñ mäligi Alladyr..." - Talak süresiniñ 12-nji aýaty: "Alla ýeri, gögi we ýerdenem şonçasyny ýaradandyr. Onuñ emri bütin bularyñ arasynda iner durar... - Sura süresiniñ 29-njy aýaty: "Gökleri we ýer ýüzüni hem-de bularyñ içindäki ösüp-örñäp köpelýän janly-jandarlary ýaratmagy Onuñ aýatlaryndan (nyşan)dyr. Ol islän wagtynda bularyñ hemmesini bir ýere jemlemäge güýji ýeter". Gurhanyñ käbir aýatlarynda we Hadyslarda kosmoslylar bilen adamzadyñ ýüzbe-ýüz boljakdygy barada yşaratlaryñ bardygyny öñe süren professor Ýeniçeri sözüni şeýle dowam etdirdi: "Käbir din alymlary bu duşuşygyñ kyýamat güni boljakdygyny aýdýar. Emma bize zyýan kosmoslylardan däl-de, äjit-mäjit ady berilen bir näbelli kowumdan geler". Ýeniçeri äjit-mäjitler bilen baglanyşykly bir aýatda "Dünýäde adamlaryñ bellisini etdik, gökleriñem bellisini edeliñ" diýen ýaly jümläniñ geçýändigini aýdýar. ■ Goşmaça maglumat üçin seret: 1). "Gurhanda we yslamda başga saýýaralylar barmy?", saýtdaky linki: http://kitapcy.ml/news/gurhanda_we_yslamda_basga_sayyaralylar_barmy/2019-03-13-5789 2). "Gurhanda we Hadysda başga planetalylar hakda", saýtdaky linki: http://kitapcy.ml/news/gurhanda_we_hadysda_basga_planetalylar_hakda/2018-06-28-790 3). "Ýaşap boljak 361 saýýara bar!", saýtdaky linki: http://kitapcy.ml/news/yasap_boljak_361_sayyara_bar/2018-11-01-3045 4). "Başga planetada ýaşaýyş barmy?", saýtdaky linki: http://kitapcy.ml/news/basga_planetada_yasayys_barmy/2018-06-14-341 5). "Başga planetalylar barada", saýtdaky linki: http://kitapcy.ml/news/basga_planetalylar_barada/2018-07-26-1578 Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |