08:59 Kuranyñ ýakylmagy, islamofobiýa we musulmanlar | |
KURANYÑ ÝAKYLMAGY, ISLAMOFOBIÝA we MUSULMANLAR
Publisistika
Şwesiýanyñ paýtagty Stokgolmda asly yrakly Salwan Momika atly raýatyñ Stokgolm metjidiniñ öñünde, üstesine polisiýa işgärleriniñ goragy astynda Kurany-Kerimi ýere zyñyp depgilemegi, soñam otlamagy akla-huşa sygjak zat däldi. Emma bular ýaly ýürekbulanjy agressiw we prowokasion hereket ne birinji gezek bolýar, ne-de iñ soñky gezek... Öz mazmunynda şeýle hereketiñ birden köp maksady bolup biler. Professor Hasan Ünalyñ "Kuran ýakma bulagaýlygyna medeniýetler maksatnamasy bilen garşylyk bermeli" makalasynda "Şwesiýanyñ NATO agzalygy boýunça Türkiýä edilýän basyşlar haçan artyberse we Ankara Stokgolmyñ üçtaraplaýyn konsensusynyñ tekstine girizilen wadalaryny ýerine ýetirmedik ýagdaýynda Şwesiýanyñ NATO agza bolmagyny oñlamajagyny aýdanda, şeýle bulagaýlyklar täzeden möwç alýar" diýip ýazýar. Ünalyñ pikiriçe "Şwesiýanyñ NATO guramasyna girmegini islemeýän toparlaryñ we partiýalaryñ şular ýaly prowokasiýalary goldamagy ýa-da Ankaranyñ degnasyna degip, Türkiýäniñ wetosyny başgarak atmosferada jedelleşmäge açmagy" şol maksatlardan käbirleri. Islamofobiýa (yslam gorkusy) adam hukuklaryna howp salýan problemalaryñ biri. 2001-nji ýylyñ 11-nji sentýabrynda bolup geçen teraktlardan soñ güýçlenen we günbatarly döwletleriñ daşarky syýasatlaryna-da täsirini ýetiren islamofobiýa gollandiýalary konstruktor Teo Wan Gogyñ öldürilmegi we Stambul, Madrid, Bali, Mumbaý, London şäherlerinde ýüze çykan protestler bilen artyp, YŞYD, El-Kaide, El-Nusra, Boko-Haram we başga terrorçylykly toparlaryñ aktlary bilen gyýa garaýyşlar mazaly bekäp, "yslam terrory" şol döwrüñ içinde iñ köp ulanylýan sözleriñ birine öwrülipdi. • ADAMZAT ÖLÜLERDEN EMELE GELÝÄR! Terrorçylygyñ, saýrylaşdyrmagyñ, kemsitmegiñ, äsgermezçiligiñ dini, mezhebi, milleti, jynsy ýok. Akly-huşy we pikiri-oýy ýerinde her bir medeniýetli adamyñ çemeleşmesi-de şeýle bolmaly. Munuñ tersini pikir edýän her bir pikir eýýäm gyşykdyr. Emma şular ýaly atmosferada adamlaryñ biri-birlerine edýän bolgusyzlyklaryna hakykatdanam düşünmek kyn. Hatda "taryh şeýle bolgusyzlyklardan doly" diýsek öte geçmesek gerek. Adamzat taryhynyñ birnäçe asyryny hasaba almasak, hemmesiniñ diýen ýaly uruşlar bilen geçmegi adamlaryñ aglaba köpçüliginiñ gümanlar, ýalan-ýaşryklar, ýalñyşlar bilen ýaşaýandygyny ("Engam" süresi, 116) aýdýan aýaty tassyklaýar. Gadymy taryh hakda-ha aýdybam oturmalyñ, 2009-njy ýylda çap bolan bir makalada "Soñky üç asyryñ dowamynda adamlar diñe 26 gün biri-birlerini öldürmän ýaşapdyr. Gönüden-göni ýa-da gyýtaklaýyn urşuñ bolmadyk dürli wagtlarynda bary-ýogy 26 gün" diýlip ýazylan. Sosiologiýanyñ atasy Ogýust Kontuñ ýatlamasynda ýazan şu sözi gürrüñini edip oturan meselämizi ähli ýalañaçlygy bilen orta serýär: "Adamzat diri ýaşap ýörenlerden has köp ölülerden emele gelen". Adamlar gara nebisleriniñ ugrunda ölmekden we öldürmekden gaýdanok. Russiýa-Ukraina urşuny hemmämiz bilelikde görüp otyrys. Akif şahyr şeýle diýýär: "Geçmiş adamy duýgylandyrýamyş, tymsal ýaly zat, Bäş müñ ýyllyk kyssa ýarpy duýgy berdimi? Taryh gaýtalanýar diýip aýdan bolýarlar, Sapak alynýan bolsa taryh gaýtalanarmydy?" (Asyl nusgasy: “Geçmişten adam hisse kaparmış; ne masal şey Beş bin senelik kıssa yarım hisse mi verdi? Tarihi tekerrür diye tarif ediyorlar Hiç ibret alınsaydı tekerrür mü ederdi?”) Gaýtalanmazdy. Diýmek, taryh, tejribe, uruşlaryñ ýowuzlygy adamzada iñ güýçli wagyz ýa-da wagyzçy hökmünde ýeterlik bolaýmaly. Emma ykdysady we syýasy bähbitleriñ "gan bilen çözülýän garpyşygy" hiç gutarmady, mundan beýlägem gutarjaga meñzemeýär. Mustapa Kemal Atatürk "Halkyñ durmuşyna howp abanmadyk ýagdaýynda uruş yglan etmek jenaýatdyr" diýýär. Dogrusyny aýtmaly bolsa, taryh - jenaýatlar taryhy. Eýse din munuñ niresinde? Din bu ýerde diñe don bolup hyzmat edýär, kanunylaşdyrmagyñ guraly we iñ gowy motiwasiýa. Çünki "Hudaýyñ adyndan..." diýip söze başlanýan ýerde köplenç köpçülige söz gezegi berilmeýär. • ISLAMOFIÝA we SEBÄPLERI Salwan Momika Yrakda arami-suriýany jemagatynyñ syýasy aktiwistlerinden. Ol eden prowokasiýasynyñ sebäbini şeýle düşündirýär: "Bu kitap demokratiýa, etika, ynsanperwer gymmatlyklary, adam hukuklary, zenan hukuklary taýdan döredýän howpt sebäpli bütin dünýäde gadagan edilmeli. Şu eýýamda, şu döwürde hiç zada ýaramaýar". Hiç bir sebäp jemgyýetleriñ mukaddesligine garşy gönükdirilen hereketi kanunylaşdyryp bilmez. Ynanç azatlygy we mukaddesliklere hormat goýmak prowokatoryñ sözlerinde agzalan demokratiýanyñ, etikanyñ, ynsanperwer gymmatlyklaryñ, adam hukuklarynyñ iñ esasy talabydyr. "Nämüçin şu kitaba ynanýañ?" diýmäge hiç kimiñ haky ýok. Haýsydyr bir mukaddeslige haýsydyr bir sebäp bilen dil ýetirmäge-hä asla-da haky ýok... Prowokasiýany amala aşyran adama şular ýaly atmosferada berlen jogaplar ýerlikli bolar. Emma ýokarda onuñ sözlerine salgylanyp aýdan sözler bilen baglanyşykly ilkinji nobatda musulman ýurtlaryñ döwlet ýolbaşçylaryndan aýdyñlaşdyryjy beýanatlaryñ berilmezligi iñ uly kemçiligimizdir. Berilýän garşylyklar prowokasiýanyñ diñe formasyna garşy gönükdirilýär. Eýsem-de bolsa dünýäniñ ünsi ilki onuñ öz aýdan sözlerine çekilmelidi. Onuñ özüni şeýle bir ýañsylap, şeýle bir batnykly jogaplar berip, şeýle prowokasiýany amala aşyrany-da, yslama gorky bilen esedýän başgalary-da aljyradyp taşlamalydy we yslama garşy gidýän düşünjeler bilen hasaplaşmalary başlatmalydy. Nädip diýýäñizmi? Indiki hepde dowam ederis. Aýşe SUJU. "SÖZCÜ" gazeti, 03.07.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |