09:14 Ähli ýolbaşçylaryñ dykgatyna... | |
ÄHLI ÝOLBAŞÇYLARYÑ DYKGATYNA...
Publisistika
Agressiýa adamzadyñ özi bilen ýaşytdaş faktordyr. Onuñ añyrsynda görübilmezçilik, gara nebis, gahar-gazap, men-menlik, kanagatsyzlyk ýaly duýgular ýatyr. Töwratda, Gurhanda agzalýan "Abyl bilen Kabylyñ" kyssasynda bu temanyñ üstünde durlup geçilýär. Şumer mifologiýasyndaky "Dumuzi bilen Enkimdu" rowaýaty bilenem "Abyl bilen Kabylyñ" kyssasy deñ gelýär. Soñky çözgütde adamzat taryhy gowşaklyklaryna we gahar-gazabyna boýun bolanlar bilen olara garşy göreşenleriñ taryhydyr. Megerem şonuñ üçindir, dini, pelsepewi, ahlak ideýalary nebsi ýeñýän duýgulary kämilleşdirmegiñ üstünde sistemalaryny gurýarlar. Adam birsydyrgyn ömür sürmeýär, ýeñmek we ýeñilmek durmuşyñ kanuny. Gynanç we şatlyk biri-biriniñ komplementar blagosy, ýagny, bir bitewiligiñ parçalarydyr. Bu ýagdaýyñ durmuşyñ tebigy akymydyr. Emma abyllaryñ we pyrgunlaryñ eline gara güýjüñ geçmegi bilen ähli deñagramlylyk bozulýar. Öz ynançlaryny we diñe öz pikirlerini mukaddesleşdirjek bolýanlaryñ dünýäsinde jennete ýer bolmaýar. Olar dünýäni dowzaha öwürmekden lezzet alýarlar. Stokgolm Parahatçylyk barlaglary institutynyñ segseninji ýyllaryñ başynda çap eden bir maglumatynda adamzadyñ soñky 300 ýylyñ dowamynda bary-ýogy 26 gün biri-birlerini öldürmän ýaşandygy aýdylýar. Aglajakmy, güljekmi. Bary-ýogy 26 gün. • Dinler dymdy, dymdyryldy Diýjek bolýanym, köplenç adamkärçiligini ýitiren agressiýa muşdaklary dünýäniñ gidişinde aýgytlaýjy rol oýnap bilýärler. Jemgyýetleriñ dolandyrylyşynda täsirli we ygtyýarly meselelerde ýer alan bu kişileriñ kabul edýän kararlary, käte öz jemgyýetleriniñ, käte dürli ýurtlarda ýaşaýanlaryñ, käte-de külli adamzadyñ betbagtçylygyna şert döredýär. Geñ ýeri, bir adamyñ ýa-da birnäçe adamyñ kabul eden karary müñlerçe adamyñ ýok bolmagyna sebäp bolýar. Adamyñ añyna sygar ýaly zat däl: tebigat we tebigatda ýaşaýan ähli janly-jandarlar faraonlaşan, özlerini hudaýlaşdyran näsag adamlaryñ elinde oýunjak edipdir. Hem ýene bir geñ ýeri, millionlarça adam bulara keseden syn edip oñýar. Ilki Ukraina, yzysüre Palestina ölümiñ, matamyñ, perýat-pyganyñ ümsümligine oklandy. Hamana adamzat ösen derejä ýetenmiş. Ylym-bilim ösenmiş, eger çyn bolsa... Läkin, jahylyýetiñ gysajynda adamzat iñ soñky demini sanaýar... Añ-zehinler jahylyýete tussag... Tebigat jahylyýete boýun... Jahylyýet (bisowatlyk) bilim bilen ýok bolmaýan eken, ol diñe bilimiñ ylym-yrfan sferasynda pyntyk ýarmagy bilen ýok bolýar. Mustapa Kemal Atatürk "Pikiri azat, wyždany azat, yrfany azat" diýende, üç düşünjäni ýöne ýere birden agzanok. "Jahyllardan ýüz öwür" aýaty bilimiñ we hoşgylawlylygyñ arasyndaky korelasiýany gurmakda möhïm parametrdir. Emma muny añlamaýan ähli dinleriñ agzalary bilim-yrfan gatnaşygyny-da bilgeşleýin ýok etdiler. Barlyga gönükdiren hyýanatlaryny, bäş-üç sany ritual bilen örtmäge synanyşýan nadan topbak ýene şol bäş-üç ritualy üçin dünýäni gana gark etmekden we ýaşamaz ýaly etmekden utanmaýar. Üç uly diniñ eýerijiler mynasyplyk, adalat, dogruçyllyk, dost-doganlyk, rahmet, merhemet ýaly iñ düýpli hudawy gymmatlyklary "çorbanyñ çorbasynyñ çorbasy" diýmäge-de mynasyp däl zatlar üçin ýer bilen ýegsan etdiler. Şeýdibem dinler dymdy, dymdyryldy. • Görüm-görelde bolmaly adamlaryñ gözgyny haly Köçede, meýdanda, sport ugurlarynda, öýde, mekdepde agressiýanyñ her dürlüsi bolup geçýär. Adamzat özüne juda gelişýän arassalygy, sypaýylygy, mylaýymlygy, mähir-muhabbeti ýatdan çykardy. "Men" duýgusynyñ ýetjek derejesine ýeten syýasatda uslypsyzlyk at salýar. Mejlis münberine çykyp gürleýän deputaty takat bildirip diñlemek ýa-da deputatyñ özündäki sypaýyçylyk häsiýeti her bir adamda bolmaly, ortada bokurdagyñy ýyrtara getirip gygyrmak, aýdylýanlara hapa-paýyş sögünip garşylyk bermek kanunylaşdyryldy! Adyna-da üstünlikli syýasat diýildi! Hiç kimse bu jemgyýete, ýerde urnup ýatan adama seredip: "Ine, Allanyñ gazaby şeýle bolýan eken" diýmek derejesine haçan ýetdikä diýmesin. Ondan has beteri bolup geçdi, ýene-de bolup geçer. Hapalyk, zoñtarlyk, bihaýalyk, lellimlik dili, sesi, sözi, dini, syýasaty, sungaty, sporty eýeläpdir. Syýasatçylaryñ, alymlaryñ, býurokratlaryñ, döwlet ýolbaşçylarynyñ, sport jemgyýetçiliginiñ, eli galam tutýanlaryñ, gepiñ gysgasy jümlämiziñ "ahlak mobilizasiýasyny" yglan etmegiñ wagty geldi. El-ele berip, bu gidişi sägindirmäge borçludyrys. Eger çagalarymyzyñ we bu halkyñ gaýgysyny azajyk edýän bolsak... Hem azajygam Alladan gorkýan bolsak. Wessalam. Aýşe SUJU. "SÖZCÜ" gazeti, 18.12.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |