10:45 Täzeden türk eýýamy | |
TÄZEDEN TÜRK EÝÝAMY
Publisistika
Hun hökümdary Atilla 453-nji ýylda aradan çykanda, ägirt uly Günbatar Rim imperiýasy soñky günlerini başdan geçirýärdi we türkleriñ boýunturygynyñ astyna düşüpdi. Türki imperiýa bolan we sähralyklarda ýaşaýan tire-taýpalaryñ konfederasiýasy hökmünde-de tanalan Ýewropa Hun imperiýasy eýýam ýapyp-açan kowumlar göçüne sebäp bolupdyr we taryhyñ akymyny üýtgedipdir. Orta asyr hökmünde ýatlanýan bu soñky döwürde uruşdan sungata, arhitekturadan söwda-satyga, medisinadan astrologiýa çenli hemme ugurda at goýanlaryñ, dolandyranlaryñ aglaba köplügi hemişe türkler bolup geldi. Türk häkimiýeti bilen Orta asyr sözüñ doly manysynda "türk eýýamydy". Müñ ýyldan soñ orta asyrlar soñlanyp, adamzat üçin "täze eýýam" başlady. Täze asyryñ ilkinji ýol arçaýjysy-da türkdi: Fatih Soltan Mämmet II. Ol bütindünýä harby taryhyny çepbesine çöwrüp taşlady. Bu gezek Gündogar Rim imperiýasy taryhyñ çañly sahypasyna gömüldi. Gürrüñi gidýän asyrlarda-da türk eýýamy doly güýjünde dowam etdi. Hawa, üç aýry yklymda türkler agalyk sürýärdi: Bahadyrly türkmen (Babyr), Mamlýuk, Osmanly imperiýalary. Bular şol bir wagtyñ özünde on müñlerçe kilometr kwadrata barabar ýer-ýurtlaryñ ýeke-täk eýesidiler, tä türki halklaryñ taryh maýatnigi peselişe geçýänçä. Yza tesişliklerimiz Kazan, Krym hanlyklarynyñ elden gitmegi bilen başlady we bu ýagdaý ýüzlerçe ýyla çekdi: 1922-nji ýylyñ 26-njy awgustyna çenli. Geçen wagtyñ dowamynda diñe ýer-ýurtlarymyz elden gitmedi. Ruhumyzy, menligimizi, medeniýetimizi ýitirdik. Wagtyñ tizligine aýak goşup bilmedik, ýüzlerçe ýylap bir ondan bir muña peşmek ýaly ygdyk ýördük. Arkamyzdan uruldyk, merhemetimiz bilen synaldyk. Iñ soñky pellä deñiç çekildik. Iñ garañky pursatda dañ agarmaga başlady. Dünýä taryhynda ýene bir türküñ sesi ýañlandy: "Goşunlar! Birinji maksadyñyz Ortaýer deñzi. Yzym bilen öñe!" Dündar Taşeriñ aýdyşy ýaly, "türk taryh maýatnigi beýgelip başlapdy. Mustapa Kemal Kojatepeden ýesir alnan milletlere umyt uçguny bolupdy. Imperializm taryhda iñ uly ýeñlişini aldy. Ahyrsoñy ýaş Türkiýe respublikasy dünýä indi. • Türkiýe Respuikasy birinji asyryny tamamlap barýar, biz "täzeden türk eýýamynyñ" niresinde? Jemgyýetçilik durmuşynda başdan geçirýänlerimiz hemişe düýnüñ dowamydyr. Her täze kerpiji düýnüñ üstünden örýäris. Emma käte şeýle bir üýteşmeler bolýar welin, jümle-jahan lerzana gelýär. Geljegi täzeden we bar güýjüñiz bilen gurmaly bolýar. Täze dünýäñizi bütinleý başga serişdeler bilen örmeli bolýar. Adamzat häzir şular ýaly prosesi başdan geçirýär. Sanly ulgam (sifrowoý) öwrülişigi esasanam pandemiýa bilen birlikde gaty köp zady üýtgetdi. Kem-kemden ösýän adamzat taryhynda birdenkä paradigma üýtgedi. Ölçeg birliklerimiz üýtgedi. Oýnuñ diñe düzgünleri däl, oýnuñ özi üýtgedi. Ine, şular ýaly prosesde "täzeden türk eýýamy" üçin diñe oýny düzgünine görä oýnanyñ ýeterlik bolmaýar, oýnuñ düzgünlerini özüñem girizip bilmek gerek. Sanly ulgam daş-töweregimizi gurşap aldy. Käbirimiz muña aýak goşup bilmese, käbirimiz doly boýun bolýar. Üýtgeşmelerden daşrak dursagam, ýakynrak dursagam, ýeke-täk aýdyñ hakykat bar: sanly ulgamyñ täsirleri gün geçdigi saýy artar.nsanly ulgamyñ ümzügi bütinleý başga ugra. Kimlik, millilik, medeniýet düşünjeleri täzeden kesgitlenýär. Döwlet, hukuk, howpsuzlyk boýunça täze problemalar ýüze çykýar. Ynanç çekişmeleri ösüp-özgerip dur. Şular ýaly garma-gürmelikde jogap tapmaly ýene bir sorag şu: Sanly ulgam geljeginiñ "türk eýýamyna" mynasyp eýýam bolmagy üçin näme edip bileris? Taryhyñ we çagalarymyzyñ öñünde "täzeden türk eýýamyny" gurmaga mejburlygymyz bar. Munuñ hötdesinden diñe hemmämiz bilelikde gelip bileris. Bir asyr öñki ruhubelentlik bilen Ýeñiş baýramyñyz gutly bolsun! Aýşe SUJU. "SÖZCÜ" gazeti, 28.08.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |