22:30 Türk musulmanlygy birmeñzeş tipleşdirmäge garşy reddiýedir | |
TÜRK MUSULMANLYGY BIRMEÑZEŞ TIPLEŞDIRMÄGE GARŞY REDDIÝEDIR
Bu hepdedäki ýazgymy ýazyp ýörkäm, Eýranda başýapynja atynmagyñ düzgünlerine eýermezlikde aýyplanyp, ahlak polisiýasy tarapyndan tussag edilen we gynamalar sebäpli reanimasiýa düşen Mahsa Aminiñ aradan çykandygy baradaky habar metbugat serişdeleriniñ diline düşdi. Mahsanyñ polisiýa işgärleri tarapyndan südenekledip, awtoulaga mündürilişini görkezýän wideoýazga seredenimde ýer ýüzündäki ähli aýal-gyzlaryñ adyndan perýat çekesim geldi. Ýurdumyzyñ aýal-gyzlaryny göz öñüne getirdim, isleýşi ýaly geýinýän, isleýşi ýaly ynanýan, isleýşi ýaly ýaşaýan her dürli egin-eşikli ýüzlerçe aýal-gyz göz öñümden geçdi… "Azatlyk - sen niçiksi nygmat!" diýdim, "ynanjymy-da diñe seniñ barlygyñda agaýana amal edip bilýärin". Biz el-aýak bolup dünýewi demokratik, sosial-hukuk döwletimize arka duralyñ. Eý türk zenany, saña berlen hak-hukuklary unutma, unutdyrma! Müñlerçe ýyllyk däp-dessurlarymyzy, urp-adatlarymyzy, türk törämizi, aýal-erkek deñligini unutma, unutdyrma: gadym zaman hanlarynyñ biri aýaly üçin şeýle diýipdir: "Men han, olam meniñ hanym". "Hanym" sözi şundan gelip çykýar. Türk häsiýetidir bu. Unutma, unutdyrma! Hemme zatdan ötri adam ýaly ýaşamak. Hemme zatdan ötri adama sylag-hormat. Hemme zatdan ötri azatlyk, erkinlik. Hemme zatdan ötri erk-ygtyýar azatlygy. Bularyñ ýok ýerinde diniñ hiç hili manysy ýok. Türk musulmanlygynyñ parhy-da şunda. Geçen hepde galan ýerimizden dowam edeliñ. • ÝERLILIGE GARŞY DURAN IKI TÜRK ALYMY Ebu Hanypa (Ymam Agzam) yslam ynanjyny akyl-paýhas binýadyna oturtmaga jan edipdir. Şu şertlerde üstünde duran işleri şägirtleri tarapyndan fykh ulgamyna öwrülipdir. Ebu Hanypanyñ kelamy garaýyşlaryny sistematiki forma salan kişi bolsa Ymam Maturididir. Çeşmelerde Maturidi (863-944) Ebu Hanypanyñ taglymyny iñ gowy bilýän adam hökmünde agzalýar. Şeýlelikde fykh ulgamynda kemala gelen hanafylygyñ şahasy hökmünde-de baha berip boljak maturidilik ygtykady ugurda mekdebe öwrülipdir. Iki alymyñam türk düşünje taryhynda aýratyn orny bar. Kufede reý tradisiýasynyñ (adamyñ öz gelen netijesi, pikirlenip ýeten şahsy garaýşy) başyny başlanam Ebu Hanypadyr. Reý jemagatynyñ garşydaşy we "Ehli-Hadys" diýip tanalýan mekdep analitiki derñewi, pikir ýöretmegi ret edýär. Ehli hadysçylar aýatlaryñ we hadyslaryñ görünýän manysyndan daşyna çykyp bilenoklar. Hanbaly mezhebi, wahhabylyk we selefilik zahyry akymynyñ wekilleridir. Yslamyñ medeniýet dini hökmünde düşündirilmeginde türk musulmanlarynyñ roluna ünsi çeken Ibn Haldun bu ýagdaýy gönüden-göni geografik giñişlige baglanyşdyrýar. Professor Şaban Ali Düzgün “Yslamyñ ýerlileşdirilmegine garşylyk hökmünde intellektual nasionalizm" atly makalasynda şeýle kesgitlemäni berýär: "Yslam medeniýeti bilen eriş-argaç bolan sebitleriñ hemmesi-de Kuranyñ inen geografiýasynyñ daşyndaky ýerlerdir: Müsür, Şam, Samarkant, Stambul, Andalus ýaly başga-da birnäçe täze geografiýalarda yslam araplaryñ taýpa konserwatiwliginden (hamiýet) halas bolandan soñ kämil medeniýet kemala getirme güýjüne ýetipdir. Diniñ kämil medeniýet kemala getirip, hemmetaraplaýyn bolmaga we ýerliliklere dañlyp galmazlyga tagalla edendigine garamazdan, taryh onuñ käbir düşündirişler arkaly ýerliliklere baglanmaga dyrjaşylandygyna-da şaýat bolupdy. Kiýas (deñeşdirme) esbaby-nuzul ýaly konseptuallaşdyrmalaryñ şunuñ üçin ulanylýandygyny bilýäris. Arap añyýetiniñ agalyk sürmäge dyrjaşan täze geografiýalary intellektual nasionalizm hökmünde konteptuallaşdyran tutumymyz bilen şu ýerlilige garşy durupdyrlar. Ebu Hanypanyñ istihsan usuly we özüni Ebu Hanypa taglymynyñ dowam etdirijisi saýan Ymam Maturidiniñ tewil garaýşy şol ýerlilige garşy durmagyñ iñ esasy unsurlary hökmünde ýazga geçipdir.” • ARAP TRADISIÝASY BIRMEÑZEŞ TIPLEŞDIRIJIDIR Höküm çykarma metodlaryndan biri istihsan (истихсан (араб. استحسان - предпочтение, предпочтительное решение) formasy we dissiplinar garaýyşy iñ pes derejä getirmäge dyrjaşan, durmuşyñ janlylygy we akgynlylygy bilen bitewileşen dünýägaraýşy özünde saklaýar. Ebu Hanypanyñ başyny başlan şu düşündirişi fykh ulgamynyñ dar galyplaryny giñeltmekde taýsyz goşandy bolupdyr. Maturidiniñ tewil (terjime etmek, düşündirmek) düşünjesine gelsek, tewil sözüñ öñüne gitmek, nyşana alynan soñky nokada barmak ýaly manylary berýär. Maturidi tefsir bilen tewil sözlerini biri-birinden aýrypdyr, tefsiriñ kesgitli many berýändigini we muny diñe nüzul (iniş) sebäplerini bilen ilkinji gürrüñdeşleriniñ edip biljekdigini, köplük ähtimal manylara üns berýän tewili bolsa islendik döwürde edip boljakdygyny öñe sürýär. Maturidä görä tefsir bir ähtimally, tewil köp ähtimally. Bu köplük düşündiriş garaýşy ýaşaýşy gowulandyrmaga, köpdürlilige gujak germäge, hoşniýetlilige şert döretmek bilen bir hatarda, araplaryñ özlerine mahsus medeniýetini beýleki geografiýalara ýaýratmagyna we birmeñzeş tipleşdirmegine garşy reddiýedir. Çünki arap tradisiýasy birmeñzeş tipleşdirijidir we öz goýan çäk-ölçeglerine laýyklykda beýlekileriñ bir hatara düzülmegini isleýär. Aýşe SUJU. "SÖZCÜ" gazeti, 19.09.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |