19:21 Ýurtlar ahlaksyzlykdan çökýär! | |
ÝURTLAR AHLAKSYZLYKDAN ÇÖKÝÄR!
Publisistika
Siwilizlenen jemgyýetler düzgün-tertiplere görä ýaşaýar. Durmuşyñ her ugrunda, öýde, köçede, okuw jaýlarynda, iş ýerlerinde, syýasatda, söwda, hatda uruşda-da eýerilmeli düzgün-tertipler bar. Düzgün-tertipleriñ bozulyşynyñ ýa-da eýermegiñ görkezijisi ahlagyñ derejesini görlesýär. Adam erk-eradasyny ösdürip bilmedik bolsa (Gurhan muña garry, saýlap biljek ukyp diýýär) düzgün-tertibi äsgermän, sylanyşyksyz, egoist, narsisist häsiýetlerini görkezýär. Utanç-haýa duýgusyndan binesip adamlar elinden gelýänu-gelmeýän işini görkezjek bolup jan edýärler. Jemgyýetiñ garyp gatlagynyñ janyny ýakýarlar. Olaryñ görkezýän zatlarynyñ çeşmesi näbelli bolsa ýa-da bikanundygy görnetin görnüp duran holsa, giñ köpçülik gatlaklarynyñ arasynda ýykgynçylykly täsiriñ döremegine sebäp bolýarlar. Ahlagyñ aýnasy bolan söz we hereket jemgyýeti şekillendirýär. Ahlagy gözel adamlardan ybarat jemgyýetler güýçli jemgyýetlerdir. Adamlaryñ üstünlikde biri-birinden tapawudy ahlak zeminindedir: "Üstünligiñ iñ belendi gözel ahlakdyr". Elbetde, hemmeleriñ ambisiýasy bar, emma Bernard Şounyñ aýdyşy ýaly: "Ahlagymyz ambisiýalarymyza ygtyýarlyk edýär". Ahlagy gowşak adamlar bolsa gara nebisleriniñ, egolarynyñ yzyndan hars urýar. Şeýle häsiýet jemgyýetde köpelip ugrasa, hemmeler zyýan çekýär - ahlagyñ ýok ýerinde kanun boş kagyzyñ ýüzündäki formal namadan ybarat gury owazdyr. Siseron "Ýurtlar pulsuzlykdan däl-de, ahlaksyzlykdan çökýär" diýipdir. • Ahlak bilen söwdanyñ gatnaşygy Ahlak bir jemgyýetiñ binýadydyr, söwda ahlagy şol binýadyñ kerpijidir. Gurhanda "Mallaryñyzy haksyz we haram ýollar bilen arañyzda alşyp-berşip iýmäñ" diýilýär. ("Nisa" süresi, 29) Bärde ölçeg halal ýa-da haram gazanç hakda aýdylýar. Halal işläp, halal gazanýan ahlakly adamlaryñ "söwdanyñam, alyş-berişiñem olary Allany ýat etmezlige sebäp bolup bilmejekdigini", ýagny halallyklaryna çirk ýetirmejekdiklerini aýdýar. Ynanjyñ ýa-da dinleriñ maksady adamlary biri-birinden goramakdyr. Şonuñ üçinem din diñe adamlara ýüzlenýär, olaryñ gatnaşyklaryny sazlaýar. Biri-birlerine we jemgyýete zyýan ýetirmekleriniñ öñüni aljak bolýar. Allatagala söwdagärlere seslenende "Ölçän wagtyñyz doly we dogry ölçäñ" diýip ("Isra" süresi, 35), düzgün-tertibe, ýagny, ahlak kadalaryna eýerilmegini talap edýär. Haram gazanç etmek - näme edýändigiñi doly bilmezden başga adamlaryñ hakyndan ogurlamakdyr. Mätäç adamlaryñ jübüsine girip iñ soñkuja puluny almak, peýdakeşlik, korrupsiýa, eden-etdilik, bikanun edinilen pullary daşary ýurt banklarynda gizlemek, narkotiki serişdeleriñ söwdasy, salgytdan we sadakadan toplanan pullary iýmek - şol pullaryñ halkdan ogurlanmagy diýmekdir. Bulam az bolýan ýaly, ogurlykdan toplanan baýlygy, lellim we hetden aşýan durmuşy mediýada adamlara göz edip görkezmek ahlaksyzlygyñ gelip ýeten iñ soñky derejesidir. Bir tarapda otuz ýaşap-ýaşamanka edinen baýlygyny güjeñläp, it ýaly soýulyp talanan pensioneri, işsizi, iñ pes aýlyk hakyna ölmez-ödi ýaşap ýörenleri bir apbasyça görmeýänler, beýleki tarapda pulsuzlykdan ýaña girip bilen ýokary okuw jaýynyñ gapysyndan ädip bilmeýän, umumyýaşaýyş jaýlarynda ýatmaga ýeri bolmadyk, dini jemagatlaryñ toruna düşen, alaçsyz, umumyýaşaýyş jaýlarynda bolubam iýmäge çörek tapmaýan, okuwy gutaransoñam işe girip bilmeýän, şoñ üçinem öz janyna kast edýän ýaş oglan-gyzlar bar. Az salymyñ içinde bular ýaly ummasyz baýlyga nädip ýetilýär. Muny mazaly öwrenmek gerek. Ahlak diñe puly diñe nireden ýonandygy näbelli (!) adamlara gerek bolman, eýsem olara bu mümkinçiligi bermezlige borçly adamlara-da gerek. Ýogsam bolmasa, bu ýurt öñküsinden has beter çökmegini, garyplaşmagyny dowam etdirer. Aýşe SUJU. "SÖZCÜ" gazeti, 06.11.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |