07:58 Alymyñ ukusy jahylyñ ybadatyndan has ýokardadyr! | |
ALYMYÑ UKUSY JAHYLYÑ YBADATYNDAN HAS ÝOKARDADYR!
Pedagogika we edep-terbiýe
Hudaýyñ atlaryndan biri-de Rebdir, ýagny öwredýän, terbiýeleýän manysyny berýär. Gurhan bolsa, "Oka!" diýip başlaýar: okamak, ýaradylyş, söýgi, galam, öwrenmek ilkinji inen aýatlardaky düşünjelerdir. Bu düşünjelere barlygy añlamagyñ, manylandyrmagyñ açarsözleri-de diýip bolar. Okamak - bilmek, düşünmek, añ etmek-aklyñy işletmek diýmekdir, okamak - duýmak, göz ýetirmekdir. Wahyý bu düşünjeleriñ üstünde aýratyn durup geçýär, çünki wahynyñ özi okamakdyr. Wahyý ilki adamyñ ýaradylyşynyñ, tebigatynyñ, tebigatda bolup geçýän zatlaryñ okalmagyny, öwrenilmegini isleýär. Sebäbi okamaýan, pikirlenmeýän, añ-düşünje döretmeýän jemgyýetleri mal ýaly islän ugruña sürübermeli. Ýüzlenme öwrenjek bolýan, añ edýän, düşünýän, pikirlenýän adama... Dürli-dürliligi ýüze çykarýan, ukyny ybadatdan haýyrly kyldyran zat pikiriñ özüdir. Hezreti pygamberimiz (s.a.w) "alymyñ ukusy jahylyñ ybadatyndan haýyrlydyr" diýmek bilen, hut şuny ýüze çykarýar. Hemişe öwrenýän adam bolmak añsat däl, belki-de entek diñe adam bolmagyñ bir şertidir. Çünki öwrenjek bolýan adam hakykatyñ muşdagydyr. Diñe hakykat ýolagçysynyñ ruhy erkinleşýär. Beýik akyldar Muhammet Ykbal: "Bilmek üçin edilen ähli gözlegler belli bir derejede doga-dilegiñ bir görnüşidir" diýip, pikir ýolagçylygyny we pikir ýolagçysyny belende galdyrýar. "Aýt ki, bilenler bilen bilmeýänler bir bolarmy?" aýatynda beýgeldilen ynsan bilen we bilýän zady bilen bitewileşen ynsandyr. "Maña emlägiñ hakykatyny görkez" dogasyny dilinden düşürmedik Hezreti pygamberimiziñ (s.a.w) ýolundan ýöränleriñ arasynda bolan we hiç zadyñ añyrsyny barlamazdan, gözlemezden gury öýkünmekden añry geçip bilmeýän şekilparazlaryñ özlerine-de, başgalara-da nepiniñ ýetmesi mümkin däl. Gürrüñsiz hakykat we azaply pikir çillesiniñ ahyryndaky ynanyş ýa-da ret ediş hormat goýulmaga mynasypdyr. Çünki bärde gözleg bar, sarp edilen wagt bar, zähmet bar, azm bar. Köpüñ biri bolmak, hameleon ýaly akymyñ reñkine görä bolmak wahynyñ baş ideýasyna çaprazdyr. • Düşünje hormata mynasypdyr, düşünmegi öwredýänem Öwrenmek ýeterlik däl, bilýäniñi öwretmegem bilimiñ şertidir. Medeni dünýäniñ sütünleri-de mugallymlardyr. 'Diñe bir gowulyk bar - bilim, diñe bir erbetlik bar - sowatsyzlyk" diýen Sokrat, "Bilimli bilen bilimsizim öli bilen diri ýaly tapawudy bar" diýen Aristotel, filosofiýa diýlende şobada ýada düşüberýän Eflatun, Pifagor, Gippokrat ýaly şahsyýetler, "Gowulyklaryñ iñ beýigi bilimdir" diýen Faraby, Ibn Sina, Ibn Roşt, Ibn Haldun, "Ýatdan çykarma, saña ýagtylyk berýän zatlardan ýüz öwürseñ, görjegiñ diñe öz tümlügiñdir" diýen Rene Dekart, Immanuel Kant, Nikolaý Kopernik we ýene nijeme öñdebaryjylaryñ hemmesi aýry-aýry mugallymdylar. Döwürdeşler biri-birlerine öwredýärler, ýöne öñkiler bolmasa, soñkularam bolmazdy. Dünýäde siwilizasiýanyñ öñüni açanlar, adam durmuşyny gowulandyrýanlar we dünýä ýaşamaga oñaýly ýer edýänler mugallymlardyr. Jemgyýetleri iýip-gemirýän sowatsyzlygy diñe bilim bilen ýok edip bolýar. Bilimi bolsa öwredip ýaýmaly. Bilim taýdan ösen jemgyýetler ahlakda, filosofiýada, bilimde, ykdysadyýetde, sungatda beýgelýärler. Şol sebäpli mugallymlar jemgyýetiñ arhitektorydyr. Mustapa Kemal Atatürk muny "Ýurtlary halas edýänler diñe we diñe mugallymlardyr" diýen sözleri bilen añladýar. Elbetde, adamlar özbaşdak okabam öwrenmek mümkinçiligini gazanyp bilýärler, emma adamy jemgyýet bilen ysnyşdyrýan, sosiallaşdyrýan mekdeplerdir we mugallymlardyr. Adamlar mugallymlaryñ bilýän zatlary bilen birlikde olaryñ özlerini alyp barşyndanam, hüý-häsiýetlerindenem täsirlenýärler. Şonuñ üçin mugallymlaryñ hormata mynasyp bolmaklary üçin ylmy we maddy ýetmezçilikleri bolmasa gowy. Soñky çözgütde öwrenýän we öwredýän adamlaryñ añ-düşünjesine rahatlyk gerek, sebäbi olar diñe ylym-bilim bilen meşgullanmaly. Bilimiñ, terbiýäniñ, öwrenmegiñ biloñurgasy mugallymlardyr. Häzir ýurdumyzda bir milliona golaý mugallymyñ ilkinji nobatda ylmy kämilligini we dowamlylygyny üpjün etmäge mejburdyrys. Çünki ýurtlaryñ ýurtlaryñ bolçulygy ýa-da ykdysady taýdan yzagalaklhgy bilimleriniñ derejesi bilen ölçelýär. Atatürküñ aýdyşy ýaly: "Bilim halky ýa azat, erkin, özbaşdak, şan-şöhratly, beýik jemgyýet edip ýaşadýar ýa-da gulçulyga we garyplyga äkidýär". Aýşe SUJU. "SÖZCÜ" gazeti, 27.11.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |