13:09 Din "tirýege" öwrülse, ol eýýäm din bolup bilmez | |
DIN "TIRÝEGE" ÖWRÜLSE, OL EÝÝÄM DIN BOLUP BILMEZ
Publisistika
Dinler durmuşyñ akymyna garamazdan birgiden gymmatlyklar zynjyry bolup orta çykmandyr. Döwürleriniñ medeniýeti bilen durmuşyñ içinden we durmuş bilen bile çemeleşmäniñ içinde deñdeşleri bilen tapyşýarlar. Muña añ edip bilmeýänler mukaddesleşdirýän bäş-on sany fykh kadasyny dindir öýdýärler. Meşhur taryhçymyz professor Halyl I aldygyñ sözi bilen aýdanymyzda "yslam dini bilen araplygyñ tapawudyny bilmeýän, şalwar bilen hurmany diniñ edebi saýýan" şeýle adamlar butparazlyga rahmet okadýarlar. Formany, kadany, ritualy belli bir maksada öwürmek belli bir derejede butparazlykdyr. Möwlananyñ aýdyşy ýaly, dişini byçgy edip, öñünden çykany çapyp-biçýänler Täze ýyl güni, saç-sakgal, aýal-gyz meselesinde ýa-da birküç ritualy mysal alyp agyzlaryndan ak köpük saçyp gürleýärler, ýöne haksyzlyk, adalatsyzlyk, añ-düşünjede we ylym-bilimde yzagalaklyk, döwletde nämynasyp adamlara emel ýetmegi, isrip we gözboýagçylyk ýaly Templar girseñ, ýeke agyz gürlemezler. Alparslanyñ Roman Diogene görkezen alyjenaplygyny, Gylyç Arslanyñ haçlarazlara ýowuzlygyndan has beter merdanalyk görkezişini, ýeke hristiany ynjutman "Ýolbars ýürekli" Riçardy haýrana goýan Selahaddin Eýýubynyñ mylakatlylygyny öz raýatyna-jigerparasyna görkezmekden binesip şeýle syýasylaşan göýdük añyñ şu günki ýaşlara we dünýä ýüzüne "ine, biz şeýle adamlar, biz hem edil ata-babalarymyzyñ belent adamkärçilikli häsiýetlerini özünde jemleýän nesillerdiris!" diýip, görkezibiljek zady barmy? Dinler soñky stadiýasynda maddy we magnawy ser-sepillige garşy çykmagyñ salgylary bolupdyr. Üç diniñ pygamberiniñ göreşi-de şeýle şertlerde amala aşypdyr. Dinler şeýle funksional gurluşlaryny ýitirenlerinde jemgyýetçilik gurluşyndaky sazlaşyksyzlygyñ ýüze çykaran harlananlyklaryñ haraýhanasyna öwrülýärler. Berilen fetwalary ýatlañ: ahmal galmagyñ, geleñsizligiñ, garyplygyñ adyna "ýazgyt" diýýändirler. Karl Marksyñ "Din - ezilýän jandaryñ içki sesi, ýüreksiz dünýäniñ ýüregi we ruhsuz şertleriñ ruhudyr. Halkyñ tirýegidir" diýen sözi syýasy-dindar añyýetiñ eli bilen durmuşa geçirilipdir. • ÜÝTGÄN ZAT ÝOK Hakykatçyllykdan uzak, döwrüñ zerurlyklaryna jogap berip bilmeýän islendik düzgün, islendik höküm, her çemeleşme yñdarmalygy bekedýär. Yñdarmalygyñ bar ýerinde bolsa çüýreme we porsama başlaýar. Adamlary Allanyñ adyna duwlanyp aldaýanlar köpelýär. 1968-nji ýylda ýazan makalasynda "Kezzap mürşitler bilen aldawçy şeýhlerdir derwüşler üýşmegi ýumruk we haýbat atma dat-bidatlary arkaly ýol alýar" diýen professor Nuretdin Topçynyñ "Ertirki Türkiýe" (“Yarın ki Türkiye”) eserinde eden tankydy häzirem gymmatyny ýitirenok. Topçy şeýle diýýär: "Ortada görnetin hyýanat bar. Bu, din adamlarynyñ eden hyýanatydyr. 35 million adam progese gyýa göz bilen seredip ýaşaýa. Sungata uzan eliñ, hak üçin gozgalaña öwrülen ruhuñ, ebedilige öwrülen imanyñ nämedigini bilmän, hiç bir döwrüñ takat edip bilmejek ýaşaýyş-durmuş dekorasiýasynyñ arasynda ýaltalyk bilen, pitne-pesat we gep-gybat bilen bäş-on sany öli düzgüniñ ýesiri, garry öküzinden beter öli halda ýaşaýanam bolsa, eli tesbili we eñegi sakgally awtoulag sürýänine hondanbärsi bolýan baýlaryñ bendesi-alkyş okaýany, ses senetkärligi arkaly Kuran söwdasyny edýän, doga-dilegi huzurlara sögünç, ybadaty gury, ruhsuz, ömürsiz topbagyñ hereketi bolan birnäçe din adamlary bu mukaddes dawa hyýanat etdiler. Hawa, hut şeýle heläkçilik, hyýanat biziñ başymyza geldi. Bularyñ barsy bolaýmaly zatdy. Sebäbi Günbatarda Renessans bolup durka we onuñ filosofiýa dünýäsindäki şägirdi Rene Dekart "Azat bolup bilmedik düşünjäni düşünje hasaplap bolmaz" diýýärkä, biziñ asly horwat Kuýujy Myrat paşamyz ýüz müñ türkmeniñ kellesini kesip, guýulara atýardy. Martin Lýuter "Wittenberg" buthanasynyñ bosagasyna 95 maddalyk beýannamasyny asan wagtynda, biz baby-içtihady (intimate gapysy) gözleýärdik. Žan-Žak Russo Hudaýa alyp barýan ýoly gözleýärkä, biz ynkylap diýip "Läle döwründe" ýüzýärdik". Üýtgän zat ýok. Ýabanylaşmak ind-ä hasam möwjedi. Nuretdin Topçynyñ altmyş ýyl öñ din eksplutasiýasyna senäp bolan din adamlaryna beren sowallaryny şu günki günem ýeke harpyny üýtgetmän orta atsa bolar: “Söwda merkezlerinde din adamynyñ näme işi bar? Radioda döwlet syýasatyna Kurany nädip goşup bilýärler? Doga okalýan münberde ýallakçy bezirgenleriñ näme işi bar? Kitap söwdasynda din alymy näme gözleýär?" Üstüne goşar ýaly başga sowal ýok, webalynyñ bolsa aşagyndan çykar ýaly däl. Kuran "Siz Kitaby okabam, adamlara ýagşylygy emredip, özüñizi ýatdan çykarýarsyñyzmy?" (Bakara/44) diýýär. Mukaddes kitabyñ duýduryşy hasam ýowuz: "Waý günüñize eý din bilimdarlary, ferisiler, ikiýüzliler! Asmanlaryñ şalygynyñ gapysyny adamlaryñ ýüzüne ýapýarsyñyz, ne özüñiz içeri girýäñiz, ne-de girjek bolýany goýberýäñiz." (Matta 23/13-14). Aýşe SUJU. "SÖZCÜ" gazeti, 09.01.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |