01:22 Syýasat ýalan-ýaşrygyñ we töhmetiñ üstünde ýöredilmeýär | |
SYÝASAT ÝALAN-ÝAŞRYGYÑ WE TÖHMETIÑ ÜSTÜNDE ÝÖREDILMEÝÄR
Publisistika
Iki ýyl öñ ýazan "Diniñiz bolany bilen ahlaga zerurlygyñyz ýokmy?" makalamda "Yslam medeniýetinde nämäniñ din, nämäniñ ahlak, nämäniñ urp-adat, nämäniñ hukuk, nämäniñ syýasatdygyny bilmesem, dine perdelenýän syýasy añyýetiñ berýän kartinalaryny din hasaplan bolsam, ynanyñ, menem deizmi saýlap alardym" diýip ýazypdym. Saýlawyñ başyndan ahyryna çenli dini ulanan syýasy añyýetiñ özüni alyp barşy we ulanýan dili muny maña ýene bir gezek gaýtalatdy. Musulmandygyma utandym. Musulmanlyk beýle dile, beýle gödeklige, hapa-paýyşlyga, tekfire, saýrylaşdyrmaga, ýalan-ýaşryga, töhmete, myjabata mynasypmydy? Musulmanlyk syýasatyñ ýa-da bähbitleriñ hatyrasyna diniñ hutma-hut özi bolan düşünjeleri ýer bilen ýegsan edenler bilen birilikde ýatlanmaga mynasypmydy? Musulmanlygyñ ýoly "Muhammedul-Emin" sypatyny ýatdan çykaranlar bilen bir bolup bilmez. Musulmanlyk "Mömin elindenem, dilindenem hiç kime zyýan bermeýän adamdyr" prinsipini durmuş ýoluna çyrag edinmeýänlerden dat edýär: "Nämüçin etmejek zadyñyzy aýdýarsyñyz? Etmejek zadyñy aýtmañ, Allanyñ gatynda örän erbet işdir" ("Saf" süresi, 2-3). Musulmanlyk men musulman diýip, musulman ýaly ýaşamaýanlardan ellibizar: "Eý iman edenler, iman ediñ”("Nisa" süresi, 136). • "ÝALAN BILEN IMAN BIR ÝERE SYGYŞMAZ" Ýalan we töhmet iki erbet şumlukdyr: şahsy we jemgyýetçilik durmuşynyñ gidişinde akymy tersine öwrüp taşlajak derejede ýaramaz täsirleri bolýar. Ogurlykdan has howply saýylýan ýalan we töhmet adamlaryñ arasynda ýaýrandan skñ düzetmegi kyn ýagdaýlary emele getirýär. "Palçyk zyñ, yzy galsyn" sözi muny aýdyñ suratlandyrýar. Şol sebäpli, Hezreti Pygamberimizem: "Ýalan bilen iman bir ýere sygyşmaz" diýipdir. Çünki, iman - ynamdyr, iman ynamy şekillendirýär. Ynamyñ ýok ýerinde diniñem, imanyñam gürrüñini edip bolmaýar. "EMN" sözünden gelip çykan iman adamyñ içki dünýäsinde emele getirmek isleýän oñşugy ýaly jemgyýetçilik oñşugyny-da göz öñüne tutýar: "Eý ynananlar, hemmäñiz birden oñşuga (agzybirlige) giriñ, şeýtana (her dürli zulma, haksyzlyga, ahlaksyzlyga) eýermäñ ("Bakara" süresi, 208). Hezreti Pygamberimiziñ (s.a.w) "Adamlary aldaýan bizden däldir" sözi "biz" bolma garaýşynda dogruçyllygyñ we hakykatyñ ýerini görkezýär. Hakykaty, haky, dogryny hemme zatdan ileri görmek we hakykatyñ garşysyna gidýän adamlardyr zatlardan arany açmak diniñ esasy şertidir. Din özüne perdelenip iñ esasy hakykatlara garşy durýanlara-da yşarat edýär. Eýranly sosiolog Ali Şeriatiniñ beren şu kesgitlemesi diýseñ derwaýysdyr: "Diýdimzorluk, hilegärlik dindarlyk we takwalyk donuna bürense taryhyñ iñ uly katastrofalarynyñ we taryhy sarsgyna beren iñ uly güýçleriniñ biri emele geler". • "KIŞI DILINIÑ ASTYNDA ÝAŞYRYNDYR" Diniñ we syýasatyñ asla bir bolup bilmejekdigini, eger haýsam bolsa bir ilteşik guruljak bolsa, diñe ahlak gymmatlyklaryñ üstünden bolmalydygyny öwran-öwran ýazdym. Ýagny, syýasat bilen meşgullanýan adam ýalan sözlemeli däl, töhmet atmaly däl, ýerine ýetirip bilmejek wadalaryny bermeli däl, hiç kimsä gyýa göz bilen garamaly däl, hiç kimsäñ mertebesine dil uzatmaly däl, hiç kimsäni ala tutmaly däl, hiç kimsä ýigrenç we duşmançylyk pürkülip duran we ş.m. we ş.m. Gysgaça alanda, Ýunusyñ aýdyşy ýaly boljak bolar: "Sen saña näme sansañ, Kesekä-de ony san. Dört kitabyñ manysy, Budur eger bar bolsa." Biziñ Ýunusymyz men-menlik etme, hondanbärsireme, çişip gürleme diýýär, sen nähili bolsañ, garşyñdaky hem şolar ýaly, ol nähili bolsa senem şolar ýalysyñ diýýär. Özüñi sylaýan bolsañ, garşyñdakynam syla. Özüñe näme isleýän bolsañ, garşyñdaka-da şony isle. Özüñe nämäniñ edilmegini rowa görmeýän bolsañ, başgalara-da rowa görme. Elinden we dilinden emin bolmak, ine, şular ýaly bolmak diýmekdir. Elgaraz, adamlar hakda gürlände ýalan myjabatlary atmak, kemsitmek, mertebesine dil ýetirmek ýalñyşdyr, günädir, haramdyr. Her pursatda ekranlarda ýüzüni görüp duran ýolbaşçylarymyz, syýasatçylar, jemgyýetiñ öñüne düşmäge ymtylýan kişiler, haýyş edýärin, özüñizi alyp barşyñyza üns beriñ, kemsitmelerden gaça duruñ, ýalan-ýaşryklardan we töhmetlerden düzülen jümleleri diliñize almañ, gynandyrmañ, ynjytmañ, ýerine ýetirip bilmejek sözleriñizi bermäñ. Serediñ, ýüzlerçe ýyl öñ Hezreti Aly ne gözel seslenipdir: "Kişi diliniñ astynda ýaşyryndyr". Aýşe SUJU. "SÖZCÜ" gazeti, 28.05.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |