21:20 Türk yslamy bilen arap yslamynyñ parhy | |
TÜRK YSLAMY BILEN ARAP YSLAMYNYÑ PARHY
Edebi makalalar
Bir jemgyýet ylym-bilimde, filosofiýada we sungatda beýik şahsyýetleri ýetişdirip bilmeýän bolsa, okuw programmasynyñ, medeni syýasatyñ we döwlet syýasy ugurlarynyñ derñelmegi gerek. Jemgyýetler ýetişdiren adamlarynyñ jeminden ybaratdyr. Başgaça aýdanymyzda, alymlaryñ, filosoflaryñ, sungat adamlarynyñ beýikligi bilen şol jemgyýetiñ ösüş derejesiniñ arasynda gönüden-göni baglanşyk bar. Ylmy we pelsepewi düşünjede yzagalaklygyñ dini düşünjä edýän täsiriniñ uludygyny häzirki bolýan jedelli dini we ahlak temalaryna seredibem göz ýetirse bolýar. Käbir absurd çekişmeleri dagy mysal getirmäge ejap edýärin. Adamyñ esasy hak-hukuklary we azatlyk meselelerinde, aýal-gyzlar bilen baglanyşykly meselelerde, özgelere bolan pikirde din-syýasata goldanyp öñe sürülen pikirler araplaryñ jahylyýet döwrüne rehmet okatjak jynsdan. Bulary görüp, müñ ýyl öñ türki medeniýetiñ bagryndan syzylyp çykan Ymam Agzamlary, Maturidileri, Hoja Ahmet Ýasawylary, Ýunus Emreleri ýada salýañ welin, "hany indi, şol akyl-paýhasa goldanýan, medeni, hemmetaraplaýyn, özboluşly türk din garaýşy?" diýmän durup bolanok. • ARAPLARDAN ALAN ZADYMYZ ÝOK Turuwbaşdan şu kesgitlemäni bereliñ: türkleriñ dini düşünjesi arap musulmanlygyndan aýry öwrenilmelidir. Araplaryñ we türkleriñ medeni gurluşy, durmuşa bolan garaýyşlary biri-birine doly ters gelerlik derejede tapawutlydyr, özem munuñ şeýledigini häzirem görmek kyn däl. Professor Ilber Ortaýlynyñ aýdyşy ýaly, türkleriñ yslama geçmegine araplaryñ goşandy ýok. Yslam türk illerinde pars hanedany Samanidleriñ döwründe (819-999) ýaýrap başlapdyr. Professor Ahmet Ýaşar Ojak şu kesgitlemäni berýär: "Yslamyñ Orta Aziýadaky türki jemgyýetleriñ arasyna tasawwuf röwşünde girmeginiñ sebäbi şu yslam düşündirişiniñ mistiki agyrlygynyñ bolmagy we şu sosial gatlagyñ yslamdan öñki dinleriniñ mistiki häsiýeti bilenem baglanyşyklydyr. Yslam Orta Aziýanyñ dürli ýerlerine Eýran tasawwuf mekdepleriniñ sopulary arkaly ýaýrapdyr." ("Türkler, Türkiýe we yslam", A.Ý.Ojak) Ahmet Ýaşar Ojak türk taryhynda yslamyñ görnüş formalaryny halk yslamy, kitaby-yslam, tekge yslamy, döwlet yslamy (syýasylaşan yslam) ýaly toparlara bölýär. Munuñ özi aýratyn ýazgynyñ temasydyr. Parslaryñ täsiriniñ uly bolandygy abdest (täret), namaz, oraza ýaly başga-da birnäçe pars sözlerindenem bilse bolýar. Emma türkleriñ teologiýasyny emele getiren hanafylyk we maturidilik şaýy teologiýasy bilen doly çapraz gelýär. Ýüzbe-ýüz bolan arap-pars medeniýetleriniñ garşysynda öz idenfikasiýalaryny gorap saklamagy türkleriñ özboluşly hüý-häsiýetleri bilen baglanyşyklydyr. Yslamdan öñki başga ynançlara bolan hormaty we hoşniýetliligi bilen tanalan türkleriñ yslam bilen tanyşmagynyñ netijesinde türk musulmanlygy paradigmasy Orta Aziýadan Anadola, Balkan ýurtlaryndan Ýewropa çenli uzap gidýän ümmülmez giñişligi täsiri astyna alypdyr. (Müñ ýyllap yslamyñ baýdak göterijisi bolan türkleriñ hoşniýetlilige esaslanýan musulmanlyk düşünjesiniñ aýratyn goralyp saklanmagy gerek. Ýogsam bolmasa, amaldan, çuñlukdan we nepislikden uzak selefi-hanbaly-arapçy fanatizmiñ dini wagyzlarda täsiriniñ gün geçdigiçe artýanyny görýäris). • TÜRK MUSULMANLYGYNYÑ DÜÝBÜNI TUTUJYLAR Hanafylyk, maturidilik, ýasawylyk türk-yslam düşünjesiniñ düýbüni tutujy unsurlardyr. Amalda Ymam Agzam Ebu Hanyfa, ygtykatda Ymam Maturidi, tasawwuf düşünjesinde Hoja Ahmet Ýasawy türk musulmanlygynyñ merkezine akyl-paýhasy, ylym-bilimi we ahlagy ornaşdyrypdyr. Maturidi ýazan döwründe deñ bolmadyk “Kitabü-t-Töwhid” eserinde “adam tebigaty biri-birine utgaşykly närseleri bir ýere jemleýän, tebigaty biri-birine tersleri-de aýyl-saýyl etme melekesine eýe akyl-paýhasyñ kömegi arkaly nakyla mätäçlik duýmazdan daşarky dünýäden hereket etmek bilen Allatagalany bilibiler. Çünki Allanyñ birdigine wakyf bolmagyñ, Oña we Onuñ ilçilerine iman etmegiñ ýoly, akyl içtihadyndan we pikir ýöretmekden geçýär” diýýär. Akyl-paýhasyñ we pikir ýöretmegiñ ýok ýerinde din agsaýar, ruhany synplary emele gelýär, akyl-paýhasa, zemine-zamana çapraz garaýyş höküm sürüp başlaýar. Maturidi muny iñ gowy gören teologlardandyr, onuñ pikiriçe fizika ugrunda bolşy ýaly metafizika ugrunda-da akyl-paýhas serişdedir we maglumaty öndüriji güýçdir. Şol ölçegde akyl etmek ahlakly bolmagy-da talap edýär, şeýle-de ýagşylyklar we ýamanlyklar özi bilen tanalýar. Maturidi taklidi ret edýär we diniñ deliller bilen bilinmeginiñ gerekdiginiñ üstünde durýar. Tapawutlylyklaryñ, jedelleriñ arasynda adamyñ sözüniñ we ynanjynyñ dogrudygyny paýhasly deliller bilen orta goýulmagynyñ gerekdigini, tersine bolanda taklidiñ muny oñarmajakdygyny aýdýar: "Adama akyl-paýhasyny ulanmazlygy aýdyp, dürtgüläp duran şeýtany was-wasydyr. Çünki şeýtan adamy aklynyñ semeresinden saklaýar. Şuny biliñ ki, akyl-paýhasy ulanmaga päsgel berýän şeýtanyñ was-wasysy we işidir.” Aýşe SUJU. "SÖZCÜ" gazeti, 12.09.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |