19:58 Köksüz geljek - hyýaly ýalandyr! | |
KÖKSÜZ GELJEK - HYÝALY ÝALANDYR!
Edebi makalalar
Sagdyn, peýdaly, hapalanmadyk söz bilen hapa, zyýanly, ýalan-ýaşryk, töhmet bilen eriş-argaç bolan söz Gurhanda agajyñ mysalynda täsin formada suratlandyrylýar: "Alla arassa sözüñ mysalasyny nähili beýan edendigini göreñokmy? Ol arassa agaç ýalydyr. Köki sagdyndyr we şahasy bolsa gögüñ ýüzündedir. Özem Rebhiniñ rugsady bilen her pasyl miwesini berip durandyr. Alla ynsanlara (ine, şeýle) mysallar berýär welin (üýtgewsiz hakykaty), oýlanyp, özlerine sapak alsynoar. Hem hapa sözüñ ýagdaýy bolsa köki topragyñ ýüzüje çykarylan, doly pytrap ýaran, port, çüýrüķ agajyñ ýagdaýyna meñzeýär" ("Ybraýym" süresi, 24-36). Her agyzdan çykan we ýazuwa geçirilen zat söz bolup bilmez. Söz - kelam diýmek. Söz - grekleriñ "logos" diýýänidir. Ol şeýle bir sözdür welin, bize hakykaty açyp görkezýär. Hakykaty açyp görkezmek bilenem çäklenmeýär, söz şol bir wagtyñ özünde sözi aýdýanyñ üsti bilen hakykaty başgalara görkezýär. Beýlekileri, ýagny, hakykat bilen gatnaşygyny kesen warsakydyr. Warsaky çöp-çalam ýalydyr. Agajyñ köki sagdyn bolsa, onuñ sözi bolan miwesi sagdyndyr, bitewidir, peýdalydyr, ýaramlydyr, ýokumlydyr. Köki daşarda bolan agajyñ miwesi edil agajyñ özi ýaly çalaja öwsen şemala-da yñdarylyp, ýok bolar gider. Käbir sözler bar, adamzat taryhynyñ ähli döwürlerinde belent ýañlanýar, emma käbir warsakylaryñ ýerem çöp-çalam ýaly çöp-çalamlykdyr, zir-zibillikdir. • Söz hemmetaraplaýyn bolup bilýäniñ erkindedir Orny öñden zir-zibil bolanlaryñ hakykaty ýoýmakdan, ýalan-ýaşrykdan, ýalñyşdan başga bilýän zady bolmaz. Taryhyñ dürli döwründe ýolundan ýörelen we aýdylyp gelinýän sözler hakykatyñ añlatmasydyr. Pygamberlrriñ, ahlak gahrymanlarynyñ, alymlaryñ, genileriñ sözleri, ine, şeýle sözlerdir. Hem şol sözler adamzadyñ şamçyragydyr. Ol sözleriñ eýeleriniñ milleti bilenem, dini bilenem, jynsy bilenem gyzyklanylmaýar. Olar diñe hakykaty aýdýarlar. Külli adamzat olaryñ sözlerinden dowa tapýarlar. Ol sözlerde men-menlikden aşylýar. Ol sözlerde nebis ýok. Ol sözler şahsda hemmetaraplaýynlygy añladýar. Şu günüñ dünýäsinde şular ýaly sözlere mätäçlik duýýarys. Emma indi beýle sözleri aýdýanlar ýok. Diniñ adyndanam, adamzadyñ adyndanam, ahlagyñ adyndanam dikilen ähli agaçlaryñ köki topragyñ çuñluklarynda däl. Şu günüñ adamy köksüz geljegiñ hyýalyny ýüwürdýär. Köksüz geljek hyýaly ýalandyr. Bu illýuziýa sebäp bolanlar adamzada, ahlaga, añ-düşünjä hyýanat edenlerdir. Emma, gynansak-da, olar hakykatdan daşdakylar tarapyndan sylaglanyp, sarpalanyp gelinýär. Dünýä bular ýaly adamlaryñ sylaglanýan dünýäsi bolmakdan daşlaşan ýagdaýynda, hakyky dünýäligine gowuşar. Ýogsam bolmasa, madda many-mañzy, daşky görnüş (gözboýagçylyk) hakykaty ýeñer ýörer. Wessalam... Aýşe SUJU. "SÖZCÜ" gazeti, 04.12.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |