19:49 Kürt diliniñ sorani we kurmanji şiweleriniñ gunt köprüsi: Ziýa Awjy | |
KÜRT DILINIÑ SORANI we KURMANJI ŞIWELERINIÑ GUNT KÖPRÜSI: ZIÝA AWJY
Edebi makalalar
Bilmedim, ýadyñyza düşýänem bolsa?.. Endi we Red atly iki tussagyñ gözenegiñ añyrsynda guran dünýäsiniñ hekaýatyny gürrüñ berýän "Şouşankdan gaçmak" ("Побег из Шоушенка", 1994 ý.) atly kinofilm bardy. Ýaş bankir Endi Dýufreýn aýalyny we aýalynyñ oýnaşyny öldürmekde aýyplanyp, ömürlik tussag jezasyny alýar. "Şouşank" türmesinde taýak, urgy, gynama, zorluk, çekip-çydap bolmajak dürli hili zulumlar artygy bilen baram bolsa, Endi ýaşaýyşdan elini üzmeýär we umydyny ýitirmeýär. Onuñ bolşy töweregindäkilere-de ýiti täsirini ýetirýär. Endi umydygär dünýägaraýşy bilen töweregindäki ähli tussaglary gözenegiñ añyrsynda-da azat ýaşaýyş bolup biljekdigine ynandyrýar. Endiniñ bu tagallaryna şärikdeş Red atly ýene bir ýoldaşy bar. Ähli gowy pikirdeligine, ähli ýagşy umydyna garamazdan Endi ätiýaçdan gerek bolar pikiri bilen gizlin ýerasty tunnel hem gazýar. Wagty-sagady gelende içerde döreden toslama adamyñ şahsy aýratynlygy bilen daşary çykyp, "Şouşank" türmesiniñ zalym we rehimsiz başlygy üçin döreden hasaplarynda eýesi bolan bu toslama şahsy bolmagy makul bilýär. Ýöne gidip barýarka ýoldaşy Rediñem bir gün özüni tapmagyny umyt edip, ondan Ýuwaş okeanyñ Meksika kenarlaryndaky Tuhateneu posýologyny bilip-bilmeýändigini soraýar. Sebäp bir gün çyksa, onuñ bilen şol ýerde didarlaşmagy isleýär. Tuhateneu ýer ýüzünde bolup biljek iñ tenha, iñ asuda we şunça başdan geçiren kynçylyklaryndan soñ rahatlyk tapmagy umyt eden ýeridir. Endi ertesi gün ýigrimi ýyllap gazan ýerasty geçelgesinden gaçýar we içerden alan maglumatlaryny habar beriş serişdelerine berýär. Özü-de içerde döreden toslama şahsyýeti bilen zalym başlygyñ bikanun ýollar bilen toplan pullaryny-da alyp, yzy uly heñgamaly täze durmuşyna bakan rowana bolýar... Kinofilmiñ gysgaça mazmunyny size Reşadiýäni has gowy gürrüñ bermek üçin aýdyp berdim. Wandan Tatwana tarap gidende takmynan ýoluñ 115-nji kilometrinde aşaklygyna ineniñde, öñümizden Wan kölüniñ günorta kenarynda Tuheteneuwa meñzeş, parahat, asuda ýer çykýar. Ikindinden soñ gün Nemrut dagynyñ depesindekä Reşadiýe obasynda gün, tebigat, peýzaž şolar ýaly parahat, şolar ýaly özüneçekiji ýagdaýda adamy özüne melul edýär. Ömrümde şol obadan paragat, has asuda we ýaşamaga amatly ýer entek görmedim. Demirgazygynda Süphan dagy, günbatarynda Tatwan we Nemrut daglary, öñünde Wan köli we gündogary günorta-gündogary bilen arkasyny daglara dirän bu imisala Reşadiýe obasy aslynda 6-7 sany obany-da öz içine alýan nahiýe (arçynlyk) merkezidir. Ine, şol arçynlyga degişli we asudalygy bjlen Reşadiýeden parhy bolmadyk Pinkas obasynda 1946-njy ýylda dünýä inen biri hakda gürrüñ bermek isleýärin. Oña Ziýa Awjy diýýärler. Ziýa Awjy durmuşda örän seýrek duşulýan agras, işeññir, düzgün-tertipli, hormatlanýan, diline, medeniýetine, edebiýatyna wepaly we sözüñ hakyky manysyndaky žentlmendir. Ol şeýle bir sypaýy we agras hereket edýär welin, adam onuñ ýanynda özüni mydama bir gezek belentde ýaly duýýar. Men bütin kürt jemgyýetini tanaýan diýip biljek däl: ýöne Ziýa Awjy düzgün-tertipli we yzygiderli işläp döredýän eserleri bilen durmuşymyzy gözelleşdirýän M.Emin Bozarslan, Jelile Jelil, Tahsin Doski, M.Ali Karadagi ýaly ýazyjylaryñ deñ-duşudyr. Öwlüýä Çelebi ýaly jahankeşdeler bilen taryhdan öñki döwrüñ barlaglaryny geçiren barlagçylaryñ aýtmagyna görä, kürtler Nuh pygamberiñ döwründen bäri üýtgemän ýaşap bilen seýrek halklaryñ biridir. Edil şonuñ ýaly dilleri-de gadymydyr. Emma gelip görseñizläñ, Birinji jahan uruşyndan soñ ýerleri täze gurlan döwletler Türkiýedir Eýranyñ, dominion döwletjikler Yrakdyr Siriýanyñ arasynda paýlaşylýar. Bu şum mañlaý jemgyýetiñ ähli gatlaklary üçin betbagtlygyñ başlangyjy bolýar. Saýks we Pikot atly iki sany jähennem zebanisiniñ taýýarlan kartasy kürtleri ne-hä doly aýaga galyp öz peýdalaryna gutarjak ýagdaý döretmeklerine ne-de gegemon döwletler tarapyndan ýok edilmegine mümkinçilik berjek netije döretmegine sebäp bolýar. Göýä käbir synalaryñ ysmaz bolşy ýaly. Ne-hä ýaşap bilýär, ne-de ölüp. Bu ahwal ýyllara saralan görnüşde, aýratynam Türkiýä berilen bölekde kürt jemgyýetini ýok saýmaga we assimilizasiýa sezewar etdi. Müñ ýyllyk medreseler ýapyldy, malýataga öwrüldi. Ata-baba dowam edip gelen bilimiñ soñuna nokat goýuldy. Täze zamanabap mekdepler açdyrylmady, jemgyýetçilik ysmazy hasam çuñlaşdyryldy. Ziýa Awjynyñ dünýä inen 1946-njy ýyllar töweregi döwrüniñ iñ garañky umytsyz ýyllarydy. Emma "Gijäniñ iñ garañky pursaty dañ şapagyna iñ ýakyn pursatydyr" sözi diýlişi ýaly, hut şol ýyllarda RHP-den bölünen topar sözde-de bolsa Demokratik partiýany gurup, kürt jemgyýetiniñ äm-sämlikden çykmagyna sebäp bolupdyr. Çünki ýeke-täk partiýa hökümeti sebitde başga partiýalaryñ we toparlaryñ döremegine mümkinçilik bermändigi üçin jemgyýet çuñ sessizlige gömülipdi. Demokratik partiýa az-uçugam bolsa, jemgyýetiñ petige dirän demini açypdyr we jemgyýetiñ sessizlikden bogulmagynyñ öñüni alypdyr. Awjy maşgalasy sebitde sylanýan we tanalýan maşgala. Onuñ kakasy Bitlisde Ýörite dolandyryş mejlisiniñ agzasy. Kakasy bu işine ýekepartiýalylyk döwründe başlapdyr we Demokrat partiýanyñ gurulmagy bilen täze partiýanyñ düzümine geçipdir. Maşgala sebitiñ sylanýan we tanalýan beýleki maşgalalary - Gaýda şeýhleri, Müküs we Hizan beýleri, Kesan deresiniñ kethudalary bilen ýakyndan gatnaşyk saklaýar. Şonuñ üçin olary gelim-gidimi, myhman-mediwany diýseñ kän bolupdyr. Kiçijik Ziýa kakasynyñ diwanynda edilen gürrüñler bilen gelip-gidýänleriñ getirýän habarlary bilen ulalypdyr. Tebigy şertler we sosial sfera onuñ deñ-duşlaryndan has ir ýetişmegine ýardam edupdir. Kakasy sowatly adam bolansoñ Taberiniñ "Yslam taryhyny" okap, çagalaryna we maşgala agzalaryna muny gürrüñ beripdir. Bu gürrüñler kiçijik Ziýanyñ añynda ullakan zyýa döredipdir. Onuñ okamagyna we kitaba ýakynlaşmagyna sebäp bolupdyr. Kakasy oglunyñ ýagdaýyny görüp, 1954-nji ýylda başlangyç mekdep üçin gijem bolsa, Bitlisiñ welaýat merkezinde başlangyç mekdebe okuwa beripdir. Tebsiräp ýatan mellegiñ suwa eñek basyşy ýaly, olam "suwuna" eñek basypdyr we ullakan işdämenlik bilen okamagy-ýazmagy öwrenipdir. Başlangyç mekdebi tamamlandan soñ orta mekdepde okuwyny dowam etdirmeli bolup durka liseýde dowam etmeli bolýar. Munuñ üçinem Wana gelmeli bolýar. Sebäp olara iñ ýakyn ýer Wan eken. Şonsuzam Tatwanyñ gündogarynda galan Bitlisiñ ähli obalary ýaly Wan olara psihologiki taýdan ýakyndy. Ziýa liseýde okamaga başlaýar, emma başlangyç mekdep ýyllaryndan bäri beýan edip bilmeýän nämedigi belli däl duýgusy içini gemirýärdi. Ol mahrumlyk duýgusyna batýar, ýöne bu mahrumlyk duýgusynyñ ýoksullykdan gözbaş almaýandygyny-da bilipdir. Bu duýgy adamyñ edil dişi agyrýança dişiniñ nämedigini bilmeýşi ýaly duýgydyr. Ol hem liseýde okaýarka käbir klasdaşlary bilen gürleşme, ýöne başgaça gürleşme zerurlygyny duýýar. Bu onuñ içindäki tebigy kürtlük duýgusynyñ syýasylaşma alamatlarydyr. Ýüregi çarp urupdyr. Özüniñ kürtdügini, kürtleriñem hak-hukuklarynyñ bardygyny, olaryñ dilinde näme üçin bilim berilmeýändigini, ýurtlarynyñ nämüçin yzagalakdygyny... aýdasy gelipdir. Kimdir birileri bilen gürleşesi gelipdir. Başga ýoldaşlary bilen gürleşip we olary ýanyna çekip bilmekde işi şowlapdyr. Sebäbi kakasy oña jaý guryp beripdir we bir-iki tanşy bilen bile şol öýde ýaşapdyr. Ýaş Ziýa käbir ýoldaşlary bilen liseýde okap ýörkä ikiden-üçden üýşüp durupdyr. Şol ýoldaşlaryna hem edilen gepiñ öz aralarynda galmagyna äht etdiripdir. Bu onuñ syýasy guramaçylygyndaky ilkinji ädimi bolupdyr. Wanda başga-da käbir tanyşlary tapypdyr we Biruki taýpasynyñ kethudalygyny eden maşgalanyñ käbir watanperwer agzalary bilenem tanşypdyr. Olaryñ öýüne gelip-gidip, bir gezek öñem adyny eşden adamy Sait Kyrmyzytoprak (Doktor Şiwan) bilen tanşypdyr. Belli bir wagtdan soñ höwesjeñ guramaçylygyny professional guramaçylyga öwrüpdir. Ziýa Awjy ýaş, tutanýerli we maksada okgunly bolansoñ, DDKO-nyñ düýbüni tutulmagyna-da gatnaşypdyr. Birnäçe ýerde ýerli kružoklaryñ gurulmagyna öñbaşçylyk edipdir we bu işleriñ derejesini has sagdyn sfera oturtjak wagtynda 1971-nji ýylyñ martynda topalañ bolup geçýär we olam beýleki köp watansöýüji kürt ýaly mundan paýyny alypdyr. Geñ galaýmaly, ol tussag edilmändir we birnäçe ýoldaşy bilen günorta geçipdir. Şol ýerde doktor Şiwan bilen tapyşyp, käbir taýýarlyk işlerine başlapdyr. Emma şum takdyr olaryñ diş-dyrnak bolup guran syýasy-demokratik toparynyñ içine wirus ýerleşdirip, öçli we gazaply ýolbaşçylaryñ düşünişme duýgusuny kör edýän ýaly T-KDP-nyñ başlygy Sait Elçiniñ ölümine sebäp bolupdyr. Şular ýaly garañky we pyrrykdakpisint hadysa kürt hereketiniñ tebigy ornunynda gopmagyna, Ziýa Awjynyñam iñ kösençli döwrüniñ başlanmagyna sebäp bolýar. Ziýa Awjy bu garañky döwürini garabasmalar bilen doly düýş deýin ýatdan çykarjak bolýan ýaly hiç gürrüñ beresi gelmeýär. Menem onuñ bu sessizligine hormat goýup, bu döwrüñ üstünden geçmek isleýärin. Ýazyjynyñ özi "Ýatlamalar we käbir wakalardaky şaýatlyk" ("Bîranîn û Şahidiya Hinek Buyeran") atly kitabynda bu barada giñişleýin durup geçýär. Kim gyzyklansa, bu kitaby okap biler. Okanyña degýän kitap. Onuñ özem başdan geçiren döwrüni mümkingadar şikessiz ýagdaýda geçirjek bolýan ýaly yza dolanýar, adaglanýar we harby gulluga gidýär. Çünki wagt ähli gaýgy-hasratlaryñ iñ gowy dermanydyr. 1973-nji ýylda harby gullukdan gelenden soñ döwlet işine girýär. Ýönekeý durmuşyny dowam etdirip ýörkä köne tanyşlarynyñ raýyny ýykyp bilmän, parahatçylykly, demokratik hak-hukuklara esaslanýan işlere täzeden baş goşýar. 1979-njy ýylda Eýran KDP-sy bilen gyzyklanyp, şol ýere gidýär. Şol wagta çenli köp eşidenem bolsa, onçakly bilmeýän we tanamaýan kürt diliniñ sorani şiwesi bilenem tanyşýar. Arap elipbiýine çagalygyndan ilgezik bolansoñ, sorani şiwesinde ýazylan kitaplary okamaga, öz-özüni özleşdirmäge başlaýar, çyny bilen terjime edýär. Bärde başga bir kyýamat gopup, 1980-nji ýylyñ 12-nji sentýabrynda täze döwlet agdarlyşygy bolup geçýär we buldozer mysaly bar ýeri tekizläp çykýar. Sagly-çepli birnäçe topary mynjyradyp taşlaýşy ýaly, ýaragsyz, demokratik we hak-hukuga esaslanyp göreşýän ähli oppozision guramalary-da ýer bilen ýegsan eden 12-nji sentýabr döwlet agdarlyşygynyñ gazabyndan öñ Eýranda galmaga niýetlenenem bolsa, ol ýerde-de galyp bilmän Şwesiýa gidýär. Şwesiýa... Tümlükde ýagtylyk tapan, ýer ýüzüniñ iñ sowuk, gijesi-gündizi belli däl, ýöne ol ýerdäki her bir raýatyñ işleýän, bir zatlar bilen meşgullanýan, hemmeleriñ azat, islän dilinde gürläp bilýän ýurdy. Bu ýurt "12-nji sentýabryñ" gazabyndan, Eýran Yslam rewolýusiýasynyñ penjesinden we Saddam Hüseýiniñ zulumyndan gaçan ähli kürtler üçin howpsuz gaçybatalga bolýar. Gidenleriñ bir bölegi az wagtdan soñ yzyna dolanyp, bärdäki işlerini dowam etdirmek isläpdir we günlerini kafeleriñ alagarañky çüñkünde oturyp geçiresleri gelmändir. Emma käbirleri-de hut "Şouşankdan gaçmak" kinofilmindäki Endi ýaly tapan ýerinde ýaşapdyr we bir zatlary edip bolar pikiri bilen durmuşa uýgunlaşypdyr hem-de hakykatdanam örän gowy işleri edipdir. Bularyñ köpüsini indi tanaýansyñyzam. Mehmet Uzun, Fyrat Jeweri, M.Emin Bozarslan, Zeýnel Abidin Zinar, Hesene Mete we başga-da birnäçe ýazyjylarymyz şu ýurtdan çykdy. Ziýa Awjy hem şolaryñ biri. Umuman alanda bu dünýäde iki dürli adam bar: Bir zat bolasy gelýänler we bir zat edesi gelýänler. Ziýa Awjy ömürboýy bir zat edesi gelýänlerden bolup, Şwesiýanyñ öz ýurduna meñzemeýän şertlerinde özüne täze durmuş gurupdyr. Ol öñem bilýän arap elipbiýi bilen ýazylan kürt dilindäki eserleri latyn elipbiýine geçiripdir. Geçiren kitaplarynyñ arasynda we ilkinji gezek çap etdiren kitaby Abdyrekib Ýusubyñ "Diwana Kurmanjy" atly eseridir. Bu eser göwrüminiñ kiçidigine garamazdan, uly-uly işleriñ edilmegine sebäp bolupdyr. Nädip rus ýazyjylaryna "Gogolyñ paltosyndan çykdy" diýilýän bolsa, meñ pikirimçe biziñ klassyky kürt edebiýatyny öwrenýän edebiýatçylarymyzyñam birinji gollanmasy "Diwana Kurmanjydyr". Ziýa beý Şwesiýada otly duralgasynyñ şefi bolup işleýär. Ol özüne degişli birnäçe duralganyñ kontrolýorydyr. Her gün ýanyna kitabyny we kompýuterini alyp işe gidýär. Ilki biraz işleýär, ýadanda duralgalara gözegçilik edip gelýär we gaýdyp gelenden soñ ýene işleýär. Birnäçe günläp, aýlap, ýyllap şu güne çenli şular ýaly režimde işläp gelýär. Ol Şerefhan Bitlisiniñ "Şerefnamasyndan", köne osmanly harby gullukçysy, soñra Yrakda ministr nolan Muhammet Emin Zeki beýiñ "Kürtleriñ we Kürdüstanyñ taryhy" ýaly tapan her kitabyny sorani şiwesinden kurmanji şiwesine geçirýär. Täzeden göçüren eserleri üçin ýeke teññe hem soramazdan çap ediljek neşirýatlaryna tabşyrýar. Onuñ açan dünýäsi düýpsüz derýadyr. Aýratynam demirgazgykda kürt diliniñ başyna inen betbagtlyk sorani şiwesinuñ başyna inmändor we ol ýerde ýüzlerçe, müñlerçe kitap çap edilipdir. Ziýa beý hem şol derýadan tulum-tulum suw alyp arassalaýar we şiwedeşleriniñ düşünip biljek görnüşine getirip, olaryñ dykgatyna ýetirýär. Häzire çenli ýeke jiltlikleiñ ýany bilen iki, üç, alty, hatda on jiltlik, jemi elli jiltden gowrak kitaby transkripsirledi we köpüsini-de çap etdirdi. Kitaplary "Nûbihar", "Avesta", "Lîs" ýaly kürt dilinde neşir edilýän abraýly neşirýatlarda çap edilýär. Aýratynam Maruf Heznedaryñ "Kürt edebiýatynyñ taryhy" ("Wêjeyî Mêjûyî Kurdi") atly kult eseri göçürmek bilen uly iş bitirenem bolsa, Muhammet Ali Karadaginiñ 10 jiltlik "Golýazmalar bilen kürt ulamalaryny janlandyrmak" ("Pojandinewey Zanayani Kurd le Destxetekan da") atly eseri bilen özündenem ozdy. Bular ýaly eserler diñe uly komissiýanyñ ýa-da toparyñ göçürip biljek zady bolsa-da, onuñ ýeke özi şeýlekin uly işleriñ hötdesinden gelmegi başarypdyr. Onuñ işeññirligine, çekýän zähmetine, düzgün-tertipli we yzygiderli edýän işlerine seredeniñde, gadymy döwürlerdäki beýik alymlaryñ biziñ döwrümizdäki tipiki mysalyny görýärsiñ. Ziýa Awjy ýagdaýlar biraz gowulaşansoñ, dogduk depesi Reşadiýä gelýär we güýze çenli şol ýerde ýaşaýar. Onuñ ýaly durmuşa örklenen, topragyna, diline, medeniýetine hem-de edebiýatyna muşdak, bütin bu işleriñ barsyny edip ýörkä-de salyhatlylygy elden bermeýän we hiç kime minnet etmeýän asylzada bolşuny göreniñde, oña minnetdarlyk bildirmezlik mümkin däl. Oña uzak we sagdyn ömür arzuw etmekden başga elimizden gelýän zat ýok... M. Halid SADINI. @XalidSadini Duşenbe, 07.12.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |