13:59 Şwed kürt koloniýasynyñ läheñi: Firat Jeweri | |
ŞWED KÜRT KOLONIÝASYNYÑ EDEBIÝAT LÄHEÑI: FIRAT JEWERI
Edebi makalalar
Kesgitli bir zat aýdasym gelenok, ýöne meniñ pikirimçe kürtçe ýazmak, kürt ýazyjysy bolmak, kürt dilinde kitap çykartmak mukaddes iş. Çünki aýratynam Türkiýede ýaşaýan kürtler (ýagdaý gowy bolan bolsady Türkiýe Kürdüstany diýjekdim, kadaly bolsady Demirgazyk Kürdüstan diýjekdim, emma diýip bilemok, sebäbi başyma bela inderesim gelenok. Atdaşymyñ oglunyñ aýdýan sözi bar: "Geografiýa ýazgytdyr". Emma ol kürtler üçin geografiýanyñ ýazgyt däl-de, hasratdygyny bilenokdy). Öz ene dillerinde ýeke gün formal bilim almazdan ýazyjy, şahyr, alym we ş.m. bolup bilýärler. Başga halklaryñ ýokary okuw jaýlarynyñ birnäçe uçurymlary bäş-üç sözlemi dogry we dürs ýazyp bilmese-de, kürlerde başlangyç mekdebi-de öz ene dilinde okamadyklar başga dillerde bilim alyp, başga dillerde aýdylýan sözleri öz dillerinde gözläp, tapyp hekaýa, powest, roman ýazyp bilýärler. Eýse bu mukaddeslik iñ bärkije tagalla däl-de näme? Üstesune bu mukaddes wezipelerine dogduk depelerinde amal etnäge synanyşan pursatlarynda, ýa soraga çekilýärler ýa tussag edilýärler. Pikir edip görüñ, mundan otuz ýyl öñem ejeñiziñ, enekäñiziñ ýa-da daýzañyzyñ size aýdyp beeen hekaýatyny ýazuwa geçireniñizde, toýlarda aýdylýan aýdymy ýazga alanyñyzda we (Alla saklasyn!) muny beýik döwletiñ howpsuzlygyna jogapkär işgärleriñ biri eliñizde görende, sizi "ýurduñ bitewiligine gönükdirilen" işiñ içindäki adam hökmünde garalap, prokratura çagyrylmagyñyzyñ ýurduñ peýdasyna boljakdygynyñ netijesine gelip bilýärdi. Şondan soñy belli däl. Prokraturanyñam tüýsli-tüýsli işgärleri bar. Beýle ýazgyny görmezlige saljak işgäriñ bolup bilşi ýaly, ýuddy birnäçe bölege bölmäge ýarajak aýdym sözleriniñ getirjek bela-beterini başdan sowmak üçin köpçülikddn gyrakladylmagyñyz üçin material hem taýýarlap bilýärdi. Şondan soñuny ne siz sorañ, ne-de men aýdaýyn. Türmelerimiziñ taryhy bilen baglanyşykly ýüzlerçe kitap bar. Ömrümiz şular ýaly hekaýatlar bilen geçmedimi näme? Eger siz diliñize, medeniýetiñize, aýdymlaryñyza we kyssalaryñyza ilgezik bolsañyz we bularyñ barsyny beýan etmegiñ, ýazmagyñ gadagandygyny duýýan bolsañyz, ýaşyñyzam şeýle geñ-tañsylyklary görjek derejede ulalşan bolsa, onda sizem şol menzillerden geçip gelensiñiz. Öz dogduk depäñizde ene diliñiz bilen okap, ýazyp, ýazan zadyñyzy çap etdirip bilmeýän bolsañyz onda size ýat ýurtlarda mysapyrlyk çekmegiñ ýollarynyñ görünýänligini añladýar. Eýsem-de bolsa, nirä? Giden ýeriñizde kelläñiziñ rahatlyk tapjagyny bilýärsiñizmi? Giden ýeriñizde milli buýsanjyñyza, mertebäñize tokunylmajagyny bilýärsiñizmi? Dogduk mekanyñyzda edip bilmedigiñizi ýat ýurtlarda edip bilersiñizmi? Fırat Jeweri / Fotosurat: Twitter Firat Jeweri öñdenem bilen bolmaly. Ol otuz bäş ýyldan soñ gazetleriñ birine beren interwýusynda nämüçin Şwesiýa gidendigini şeýle gürrüñ berýärdi: "Eýýäm iki ýüz ýyl bäri Şwesiýa haýsydyr bir urşa gatnaşanok, parahat durmuşda ýaşaýar. Bu ýagdaý şwesiýalaryñ demokratiýa demokratiýa düşünjelerini artdyrdy we bu düşünje sistema öwrüldi, bu sistema dünýäniñ galan bölegi tarapyndan bilinýär. Dünýä hemişe uruşda boldy we häzirem dowam edýär. Bolşewik rewolýusiýasyndan soñ birnäçe oppozisioner ýazyjy ýüzüni Şwesiýa öwürdi. Has uzakdan Pribaltika ýurtlarynyñ, Polşanyñ, Wengeriýanyñ, Balkan ýurtlarynyñ ýazyjylary Şwesiýa ýerleşdi. Ikinji jahan urşunyñ yzyndan faşistik zulumden halas bolan birnäçe ýazyjy Şwesiýa sygyndy. Gresiýanyñ, Latyn Amerikasynyñ, Türkiýäniñ huntalary ýazyjylaryñ ýurtlaryndan göçmegine sebäp boldy we bu ýazyjylar Şwesiýa ýerleşdi. Gysgaça aýdanda, totalitar we fundamentalist sistemalaryñ zulmundan gaçan ýazyjylar azatlygyñ ýoluny Şwesiýada gördi we häzir Şwesiýa ýüzlerçe dünýä ýazyjysynyñ ýaşaýan ýurduna öwrüldi". Taryhyñ iñ köne şäherleriniñ biri, Amin Malufyñ "Ýagtylyk bagy" eserinde aýdylyşy ýaly nakgaşlygy bilen dünýä ýañ salan, hoşniýetliligi we gumanistik pelsepesi bilen külli adamzada umyt beren, heniz Şeýh Bedretdin dünýä inmänkä, Marks umumy eýeçilikden söz açmanka iki müñ ýyl mundan öñ "ýaryñ ýañagyndan gaýry hemme zadymyz şärikli bolmalydyr" diýen Mani pygamberiñ şäheri, rowaýatlaryñ, hekaýatlaryñ, dessanlaryñ we onlarça halkdan galan müñlerçe aýdymyñ depelerinde sudury bildirýän Mardin şäherinden görülen, Nisibin, Nisibis, kürtçe ady bilen Nisêbîn ýa-da häzirki ady bilen Nusaýbin diýilýän ýene bir şäher bar şol uç-bujaksyz düzlükde. Ol ýer Mardiniñ, Mosulyñ, Şamyñ kesişme nokadynda ýerleşip, ylym-bilimiñ ojagydy. Jizre hökümet merkezi bolanam bolsa, Nusaýbin kosmopolitiki dini merkezdi. Nusaýbiniñ yaryhy eýran şasy Piruzyñ 3-nni Sinoddan soñ kowulan ýepiskop Nestoryñ şägirtlerine arka durmagy we ol ýerde mekdep açmalaryna ýol bermegi bilen janlanan hem-de biziñ günlerimize çenli taryhy ýazga geçirilen seýrek şäherlerimiziñ biridir. 457-nji ýylda gurlan bu mekdepden 300 ýyl soñ grek-rim klassyklary şu mekdebiñ üstünden arap diline terjime edilip we esasy çeşmeleriñ köp sanlysy şu mekdebiñ saýasynda biziñ günlerimize gelip ýetipdir. Ynha, şu mekdep we soñabaka onuñ töwereginde gurlan yslam medreseleri Nusaýbiniñ medeni baýlygynyñ subutnamasyna öwrülipdir. Taryhy Nusaýbin şäheri Bagdat demirýolunyñ açylan gününe çenli häzirki Siriýanyñ çäginde galan birnäçe ilatly nokadyñ merkezi bolup gelen bolsa, demirýolundan soñ Serhet-Hatüsti we Binhet-Hatasty diýen emele adminstratiw bölünişige girmeli bolupdyr. Soñ gurulan Türkiýe Respublikasy bu emeli bölünişigi tebigy ýagdaýa getirip; raýatlarynyñ ýerini Fransiýanyñ agalygyna beripdi. Hatüstinde we Hatastynda galan raýatlarynyñ dagy-duwara jemlenip bilmezligi üçin bereketli Mesopotamiýa düzlüklerine minalary sepeläp çykypdy. Bereketli we suwly ýerlerde müñ dürli gök önümleri we ir-iýmişleri ekmegiñ ýerine minalar ekilensoñ, gelip-gidýänlerem şol gorkunç minalaryñ üstünden basdylar. Kimsi öldi, kimsi bagty çüwüp halas boldy, ýüzlerçesi agsak-towsak, golak, kör, maýyp-müjrüp bolup galdy. Agsagyñ, golagyñ, maýybyñ aýry hekaýaty, aýry aýdymy boldy. Binhet diýilýän göze görnüp duran ýerem bolsa, ol ýere gidip bolmaýardy. Ol ýerdäkiler bu ýerdäkileriñ ody bilen ýanyp-bişýärdiler. Bu ýanyp-bişmeler aýdym bolýardy, hekaýatlara öwrülýärdi. Fotosurat: mevzuedebiyat.com Ine, şular ýaly hekaýatlaryñ arasynda Firat Jeweri 1959-njy ýylda Mardiniñ Nusaýbin etrabynda dünýä indi. Başlangyç mekdebi, orta mekdebi we liseýin dogduk depesinde okady. Çeper edebiýat bilen ýaşlyk ýyllarynda gyzyklanyp başlady we nusaýbinli bolmagyñ hamyry bilen okamaga, gözlemäge meýil etdi. Müñlerçe aýdymdyr hekaýat bilen ulalan biri hökmünde başgalaryñ hekaýatlaryny okadygysaýy, şygyrlaryny gördügisaýy öz içki sesini duýýan ýaly boldy. Öz şygyrlaryny we aýdymlaryny ýazmaga höwes etdi. Ol höwes etdigisaýy şygyrlar düzmäge, hekaýatlar aýdyp bermäge - şygyrdyr hekaýatlaryny diñlejek kimdir birilerine mätäçlik duýdy. Şonsuzam onuñ ýaşlyk ýyllary Türkiýede sagçy we çepçi diýilýän ýüzlerçe toparyñ patrak ýaly çykan döwrüdi. Onuñ ýaşaýan ýerinde-de birgiden toparlar bardy. Emma ol hemme zatdan ötri sesine gulak gerjekleri gözleýärdi we özi birtopar ýoldaşy bilen bile medeniýet-sungat kružogy ýaly birleşigiñ başyny çekdi. Läkin heýhat, ol ýoldaşlary bilen bile medeniýet, sungat we edebiýat üçin bir zatlary etmäge synanyşyp gurjak bolan kružogynyñ "watanyñ sarsmaz bitewiligine" garşy toparlanşykdygyny bilmejek derejede sadady. 1980-nji ýylda özi ýaly müñlerçe ýaş ýigidiñ agyr gynamalary başdan geçiren döwlet agdarlyşygy bolmanka Şwesiýa gitdi. Şwesiýa onuñ gözläp ýören ýeridi. Dogduk ýurdunda oña gadagan edilen näme zat bar holsa, täze ýurdunda şol zatlary üçin mümkinçilik we goldaw bardy. Üstesine ruhy goldawyñ ýany bilen berilýän maddy goldaw ony heýjanlandyrýardy hem-de buýsanç atyna atlandyrýardy. Öz ýurdunda ugrunda türmelere girmäge döz gelen hekaýatlarynyñ ýat ellerde pul gazandyrmagyndan, höweslendirilmeginden we goldanmagyndan has beter begendirip biljek näme bolup biler? Ýöne bir mesele bardy, näme etmeli? Bu sorag 25-30 ýyl öññesine çenli kürt dilinde ýazuw işiniñ iñ esasy meselesidi. Aýratybam kürt medreselerinden gelip çykmadyk sekulýar kürt edebiýatçylary üçin uly meseledi. Otuz ýyl öññesine çen diýýänimiñ sebäbi, hiç bir kürt edebiýatçysynyñ öz dilinde idoly, yzyna eýerip biljek ussady ýokdy. Jegerhwin, Kedrijan, Sebri Botani ýaly uly häzirkizaman şahyrlary, Jeladet Ali Bedirhan ýaly köpugurly intellektuallar baram bolsa, olaryñ kitaplaryny görýän ýokdy. Olaryñ eserlerini çap etmek, satmak topara agza bolmak bilen deñ derejedäki terror jenaýatydy. Şonuñ üçinem Firat Jeweri ýaly bu ýola baş goşan adamlar näme etmekçi bolsa-da, özi etmeli we nirä gitjek bolsa-da özi gitmelidi. Hakykatda Şwesiýadaky "Ukyp-başarnyk, erjellik komplimente tabyndyr" şerti etsem-petsemlerine artygy bilen gabat gelýärdi. Şwesiýadaky kürt koloniýasy ösdügisaýy täze zerurlyklar-da orta çykýardy, ene dilde bilim almak has köp adamyñ ol ýeri saýlap almagyna sebäp bolýardy, ol ýerde ýazuw işleri artýardy we täze guramaçylyk işlerine mätäçlik duýulýardy. Jeweri şu işleriñ barsynyñ ortasynda Jegerhwin we Mehmet Uzun ýaly has tanymal ýazyjy-şahyrlar bilen gatnaşyp, täze dost-ýarlary edinýärdi. Firat Jeweri kürt dilinde ýazýan beýleki ýazyjylar ýaly döredijilige şygyr bilen başlady. Emma az wagtdan soñ hekaýa, yzyndanam romana ýöneldi. Şu ýyl onuñ döredijilige baş goşanyna tegelek kyrk ýyl bolýar. Öndümli işlän ýazyjy kyrk ýylda kyrk kitap ýazdy. Fotosurat: Twitter Hekaýa, powest, roman, esse, gündelik ýaly žanrlarda ýazmak bilen birlikde birnäçe eserleri kürt diline-de geçirdi. Täze tanyşlarynyñ birem Jeladet Ali Bedirhanyñ maşgalasy, aýratynam onuñ gyzy melike Sinemhandy. Şonuñ üsti bilen Jeladet beýiñ ömrüni öwrenip, onuñ 1932-nji ýylda çap eden häzirkizaman kürt edebiýatynyñ iñ esasy almanahy we antologiýasy bolan "Hawar" žurnalynyñ ähli sanlaryny jemläp, Şwesiýada täzeden çap etdi. "Hawar" žurnalyndan güýç alyp, žurnalyñ has döwrebal we has giñişleýin wersiýasyny "Nûdem" ady bilen çap etmäge başlady. 1992-nji ýyldan 2000-nji ýyldaky kyrkynjy sanyna çenli çykan "Nûdem" žurnaly iñ esasy we gymmatly kürt edebi-çeper žurnallarynyñ biridir. Ýene biri-de "Nûbihar" žurnalydyr. Bu žurnalda ençeme ýyllaryñ dowamynda çap edilen hekaýalaryñ ýany bilen başga ýygyndylary-da düzen Firat Jeweri jñ uly antologiýa bolan "Kürt hekaýalarynyñ antologiýasyny" ("Antolojiya Çîrokên Kurdî") düzdi we çap etdi. "Nûdem" žurnaly bilen birlikde "Nûdem-Werger" ady bilen "Nûdem-Çevirini" hem çap etmäge başlaýar we güýjüniñ ýetdiginden dünýä edebiýatyndan görnükli ýazyjylaryñ eserlerini kürt diline geçirýär. Şu boýunça Jon Steýnbekden, Anton Çehowdan, Dostoýewskiden, Hemming Mankellden, Ýaşar Kemaldan eden terjimeleri, belki-de, ady agzalan ýazyjylaryñ kürt diline edilen ilkinji terjimeleri bolsa gerek. Firat Jeweriniñ öndümli we gallaw ýazyjydygy ony kürtleriñ aglaba böleginiñ göwnüne ýaraýan syýasatyndan daşrakda durmagyna sebäp bolupdyr. Megerem, ol hem kürt bolmagyñ, kürt dilinde ýazmagyñ özbaşyna uly we möhüm syýasatdygyna düşünip, syýasatyny halkyñ umumy bähbitleriniñ we adamzadyñ baş gymmatlyklarynyñ üstünde kemala getiripdir. Umuman alanda kürt jemgyýeti olaryñ syýasy toparlary tarapyndan ownuk syýasy dawa-jenjellere sezewar edilendigi üçin garaşsyz we obýektiw ýazyjylarynyñ onçakly gymmatyny bilenok. Emma Firat Jeweri bu böwedi-de böwsüpdir we edebiýata muşdak kürt gatlagynyñ arasynda uly hormat-sylaga ýetipdir. Şu boýunça islendik syýasat onuñ garaşsyzlygyna we tarapsyzlygyna üns berýär. Fotosurat: mevzuedebiyat.com 2000-nji ýyldan bäri eserleri we terjimeleri halanyp okalýar we dürli neşirýatlarda çap edilýär. Şeýle-de, bu ýazyjyny buýsandyrýan we oña döredijilik karýerasynyñ dogry ýoldadygyny subut edýän zatlaryñ birem eserleriniñ başga dillere terjime edilmegidir. Jeweri bu şerbeti-de dadyp, hemme eserleri diýen ýaly türk diline, belli bir bölegi pars we şwed dillerine terjime edildi. Aýdyşym ýaly kyrk ýylda kyrk eseri döreden Firat Jeweriniñ ähli eserleriniñ doly sanawy diyarname.com saýtyndaky özi barada ýazylan makalada bar. Käbirleri bolsa şulardyr: "Tussag" ("Gırti"), "Ak kepderi" ("Kevoka Spi"), "Medeniýet, sungat we edebiýat" ("Çand, Huner û Edebiyat"), "Tanymallaryñ meşhur sözleri" ("Gotinen Navdara"), "Mir Jeladet Ali Bedirhanyñ öýünde" ("Lı Mala Mîr Celadet Ali Bedırxan"), "Birini öldürmekçi bolýaryn" ("Ez ê yekî bikujim"), "Mariýa perişdedi" ("Maria Melekek Bû"), "Sil" ("Lehî"). Firat Jeweri kyrk ýyllyk döredijilik işinde birnäçe gezek dürli edebi baýraklara mynasyp boldy. Emma meniñ çakymça ony iñ begendiren baýrak birnäçe aý mundan öñ Kürdüstan Sebitleýin hökümetiniñ Medeniýet ministrliginiñ gowşuran "Altyn galam" baýragydyr. Şol mynasybetli bizem ony gutlaýarys, syratly läheñimiziñ ýene uzak-uzak ýyllar diline, halkyna, adamzada peýdaly işler bitirmegini umyt edip, jan saglygyny we başynyñ dikligini dileýäris... M. Halid SADINI. @XalidSadini Anna, 17.04.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |