09:20 Zaza dilini janlandyran ýazyjy: Roşan Lezgin | |
ZAZA DILINI JANLANDYRAN ÝAZYJY: ROŞAN LEZGIN
Edebi makalalar
Soñky wagtlar zaza, zazaki, kyrdki (kürt) dili hakda köp gürrüñ edilýär. Ilki bir spikeriñ "näbelli dil" diýmegi, yzyndan Ýokary Halk mejlisinde deputatlaryñ biriniñ gepläp nägilelik bildirmegi we ahyrynda-da sosial mediýadaky dady-bidatlar. Kyrk ýyl öñ zaza dilinde ýazylan tekst gözleseñiz, megerem Mela Ehmede Hasiniñ 1899-njy ýylda çap edilen "Möwlidi" bilen Osman ependiniñ ýazan "Möwlidi-Şerif" kitaplaryndan başga ýeke kitaba duşmazdyñyz. Emma soñky kyrk ýylda has köp dil üsti bilen gelip ýeten bu dili ýa-da dialekti ýazuw görnüşine getiren, bu dialektde onlarça gazet-žurnalyñ, ýüzlerçe kitabyñ çap edilmegi üçin uly işleri bitiren adamlar bar. Olaryñ köpüsi her dürli mümkinçilikler bilen bu işi edip bilen bolsalar, içlerinden biri ähli mümkinçiliksizliklere garamazdan uly işleriñ hötdesinden geldi. Oña Roşan Lezgin diýýärler. Men häzir şonuñ gürrüñini etmek isleýärin. Emma onuñ geçen döredijilik ýoly ibrany dilini täzeden janlandyran asly russiýaly jöhit Eliezer Ben Ýahuda şeýle bir meñzeýär welin, Ben Ýahuda hakda gysgaça aýdyp geçmezden Lezgine düşünip bolmaz diýip pikir edýärin. Şonuñ üçin ilki bilen gysgaça-da bolsa Eliezed Ben Ýahudanyñ geçen durmuş ýoluna göz aýlalyñ. Internet maglumatlaryna we degişli kitaplara seredende, şeýle maglumatlara duş gelýäris. Ben Ýahuda 1858-nji ýylda häzirki Belorussiýada dünýä inipdir. Çagalygynda beýleki jöhit çagalary ýaly dini bilim alypdyr we Töwratdyr Talmudy iwrit dilinde okapdyr. Iwrit dili şol wagtlar latyn dili ýaly diñe okuw dili eken we köçede jöhitlerem bu dilde gürlemändir. Emma kiçijik Eliezer şol gün iwrit dilini sinagoglardan köçelere, çañ basan dini kitaplaryñ sahypalaryndan ýönekeý kitaplaryñ, gazet-žurnallaryñ diline öwürmäge äht edipdir. Ýokary bilim almak üçin Parižiñ Sorbonn uniwersitetine giripdir. Ol bu ýerde iwrit dili sapagyndan ýiti täsirlenipdir. Bu sapagyñ diñe iwrit dilinde geçilmegi onuñ iwrit diliniñ gündelik durmuşda-da ulanylyp biljekdigi hakdaky pikirini berkidipdir. Şonuñ üçin kime duşsa iwrit dilinde gürläp başlapdyr. 1881-nji ýylyñ 13-nji oktýabrynda Parižde birtopar kursdaşynda ilkinji gezek iwrit dilinde ýüzlenen Eliezeriñ sözleri "Täze döwrüñ ilkinji iwrit dilinde edilen çykyşy" bolup taryha giripdir. Eliezer deñ-duşlarynyñ iwrit diline düşünip-düşünmezligine üns bermelidirem öýtmändir. Onuñ üçin iñ esasy zat ene dilinde gürlemek bolupdyr. "Başga biri düşünmän geçsin. Näme diýýändigimi bilesi gelse, goý, meniñ dilimi öwrensin" diýip pikir edipdir. Töweregindäki deñ-duşlary bu hötjet adam bilen gürleşip bilmek, onuñ bilen gatnaşyk açmak üçin iwrit dilini öwrenmäge mejbur bolupdyr. Ben Ýahuda başlan göreşinde ilkinji üstünligini şeýdip gazanypdyr. Bu ýagdaý ony hasam barlyşyksyz ýagdaýa getiripdir we aýaly Deworany hem ýanyna alup Palestina göçüpdir. Iwrit dilini janlandyrma maksadynyñ ikinji we üçünji tapgyrlaryny durmuşa geçirmäge başlapdyr. Eliezer Ben-Ýahuda Ilki bilen öz maşgalasyna iwrit dilinden başga dilde gürlemegi gadagan edipdir. Onuñ özi we maşgalasy başga dil bilmeýän ýaly hereket edipdirler. Ýogsam bolmasa ýazyjy rus, fransuz, iñlis, nemes dillerini suwara bilýän eken. Ben Ýahuda Palestina göçen jöhitlere iwrit dilini öwretmek üçin iwrit dilinde gazet çykarmaga başlapdyr. Elbetde, gündelik durmuşda ulanylmaýan dili adamlara öwretmek hiçem añsat zat däl. Täze sözleriñ manysyny berýän sözleri tapmak, pýesalary we ertekileri ýazmak, öñ barlaryny terjime edip sahnalaşdyrmak, mekdepler we kurslar açmak, iñ esasysy-da adamlary ibrany diliniñ täzeden gürlenmäge degişlidigine ynandyrmak gerekdi. Eliezer Ben Ýahuda sabyr-takat we kejeñeklik bilen bularyñ hötdesinden geldi. Jöhit maşgalalaryñ "diñe iwrit dilinde" gürlemäge höweslendirilmegi üçin köpçülikleýin çäreler geçirdi. Ol bulary edende iwrit diliniñ gündelik sözlügini-de taýýarlapdyr. Soñra uly iwrit sözlüginiñ üstünde işläpdir. Emma muña ömri ýetmändir we ölüminden soñ ikinji aýaly Hemda tarapyndan tamamlanan sözlük häzirlerem Ysraýylyñ iñ esasy dil gollanmasy bolup hyzmat edýär. Dil boýunça ylmy-barlag işlerini geçirmek üçin onuñ guran çaklañja komissiýasynyñ dowamy hökmünde häzir Iwrit Dil akademiýasy işleýär. Eliezer Ben Ýahudanyñ kyssasy-ha şeýle. Indi bolsa zaza diliniñ janlanyşyna seredeliñ. Roşan Lezgin Zaza diliniñ özbaşyna dildiginiñ ýa-da şiwediginiñ üstünde edilýän jedellere girjek däl. Bu jedelleri ederden men ejiz gelýärin. Men size uly hormat goýýan ýazyjym Roşan Lezgini tanadasym gelýär. Roşan Lezgin 1964-nji ýylda Diýarbekiriñ Lije etrabynyñ Dingilhewa diýen ýerinde ikisi gyz, ýedisi erkek dokuz doganyñ dördünjisi bolup dünýä indi. Heniz alty ýaşyndaka Gaziantepiñ obalarynyñ birinde ymamlyk etmäge başlan agasynyñ ýanyna gidipdir. Öz obasynda mekdep bolmansoñ, baran täze obasynda tötänleýin diýen ýaly bilim alma mümkinçiligi döräpdir. Roşan şol ýerde agasyndan arap elipbiýini-de öwrenipdir. Okamaga aşa höwesli bolansoñ birinji synpyñ semestrinde ikinji synpyñ sapaklaryny özleşdiripdir we başlangyç mekdebiñ birinji-ikinji synpyny bir ýylda tamamlapdyr. Üçünji synpdan soñ agasy harby gulluga çagyrylypdyr we olam mejbury ýagdaýda Lijedäki obasyna gaýdyp barmaly bolupdyr. Obalarynda mekdep bolmandygy zerarly birýarym sagatlyk pyýada ýoly başga obada başlangyç mekdebiñ dördünji-bäşinji synpyny-da okap, 1975-nji ýylda mekdebi tamamlapdyr. Mugallymynyñ höweslendirmegi bilen tölegsiz ýatymlaýyn mekdebiñ ekzamenlerini üstünlik bilen tabşyranam bolsa, 1975-nji ýylyñ 6-njy sentýabryndaky Lije ýer yranmasy zerarly öñdenem kyn ýagdaýdaky maşgalanyñ ýaşaýşy beter kynlaşyp, Diýarbekiriñ gyrak-bujak raýonyna göçmäge mejbur bolupdyrlar. Şähere göçenlerinden soñ kakasy awtoulag heläkçiligine uçrap, maýyp bolupdyr. Onuñ özünden uly doganlary-da öýden daşda bolandyklary üçin öýdäki bäş jigisi bilen ene-atasynyñ eklenji-de boýnuna galypdyr. Ýañy 11 ýaşyndaka işlemãhe mejbur bolupdyr, şeýdihem okuwyny dowam etdirme mümkinçiligi bolmandyr. Ol okamak höwesi bilen goşa düwlen ýumruk kimin ulalypdyr. Dürli işlerde: tikinçilik atelýelerinde, naharhanalarda işläpdir. Ýigrimi ýaşyna girendenem öýlendirilipdir. Şondan soñ esasan gurluşyk işlerinde işläpdir. Şol geçen döwrüñ içinde tapyp bilen her dürli kitabyny, gazet-žurnalyny okapdyr. Gurluşykçy bolup işläp ýörkä-de, ýassygynyñ aşagy kitapsyz bolmandyr. Kitap satyn almaga pulunyñ ýok wagtynda bolsa, wagt tapdygyndan Diýarbekir welaýatynyñ Jemgyýetçilik kitaphanasyna gidil, eline ilen kitabyny okamaga dyrjaşypdyr. Şygyrlar, hekaýalar ýygyndylaryny, romanlary okapdyr. Okadygysaýy edebiýat teoriýasyna we taryha bolan gyzyklanmasy artypdyr. Turgut Özalyñ kürt diline beren gyýtaklaýyn azatlygyndan peýdalanyp, kürt dilinde kitaplar, gazet-žurnallar çap edilip başlanypdyr. Roşan Lezgin hem doly we dogry bilim almadygam bolsa, zazaki dilinde ýazgylary we şygyrlary ýazmaga başlapdyr. Onuñ ýazan gysgajyk şygyrlary we ýazgylary ilkinji gezek şol ýyllarda çap edilipdir. Edil şol wagtlaram sebitde agyr basyşlaryñ edilýän döwrüne gabat gelipdir. Her gün diýen ýaly birnäçe adamyñ näbelli adamlar tarapyndan öldürilýän jenaýatlary bilen onlarça gynama hadysalary bolup geçipdir. Halkyñ depesinden gurşun deýin agyr garabulutlar inipdir. Adamlaryñ umytsyz we ynamsyz, hemmeleriñ islendik pursatda näbelli adamlaryñ hüjümine duçar bolup biljek, öñünde ak "Renaultlaryñ" gelip duran öýüñ ýa-da adamyñ betbagtçylyga uçrajakdygy gutulgysyz bolan tüm-garañky günleridi şol günler. Ine, şular ýaly kyn döwürde 1996-1999-njy ýyllarda Halk Demokratik partiýasynyñ ýolbaşçy düzümine giripdir. Şol bir wagtyñ özünde "Azadiya Welat" gazetinde kyrdki we kurman şiwesinde yzygiderli çykyş edipdir. Kürt dilinde okap-ýazyp bilýän gatlagyñ döremegi üçin partiýanyñ hataryna goşulan halka kürt dilinde sapak beripdir. Ýewropada gurlan "Med TV" teleýaýlymyna korrespondentlik edipdir. Teleýaýlyma kurman we zazaki dillerinde habarlary ugradypdyr. Şol döwür ol gaýtadan tussag astyna alnyp, agyr gynamalara uçrapdyr. Öýi dökülip kitaplary, kompýuterindäki ýazgylary elinden alnypdyr, telim gezek DGM-de jogapkärçilige çekilipdir. 1999-njy ýylyñ fewralyndan soñ syýasy herekete tankydy göz bilen garamaga başlapdyr we syýasatdan daşlaşypdyr. 2000-nji ýyllaryñ başyndan bäri syýasat bilen arasyna germaw çekip, şondan soñky ömrüni dil-edebiýat işlerine bagyşlapdyr. Dürli temalarda ýazan kitaplaryny çap etdiripdir. Şol geçen wagtda ilki-ilkiler guzlin, emma soñra 2006-njy ýyldan soñ ýagdaýlar düzelişensoñ aç-açan görnüşde zazaki kürt dilinde okap-ýazyp bilýän gatlagyñ kemala gelmegi üçin özüne mahsus usullar bilen dil sapaklaryny berip başlapdyr. 2008-nji ýylda käbir ýoldaşlarynyñam goldawy bilen agramly bölegi zazaki kürt dilinde berilýän we soñabaka gollanma arhiwe öwrülen www.zazaki.net saýtyny ýöredip başlaýar. Ýene şol ýoldaşlary bilen 2010-njy ýylda guran kružogynyñ binýadynda taryhda ilkinji zazaki gazeti jolan "Newepel" gazetini 100-ni sanyna çenli çykarypdyr. Şol döwürde zazaki kürt dili edebi-çeper žurnaly bolan "Şewçila" žurnalyny-da çap edip başlapdyr we bu žurnaly-da 16-njy sanyna çenli çykaryp bilipdir. Şu işleriñ ýany bilen 2012-nji ýylda "Roşna" neşirýatyny açypdyr. Aglaba köpçüligi öz gazet-žurnal çykarma işleri döwründe ýazmaga başlan ellä golaý täze ýazyjy-şahyrlaryñ kitaplaryny çap edipdir. Bu kitaplaryñ köpüsi onuñ höweslendirmegi bilen ýazylypdyr, onuñ redaktorlygyndan geçen ýarpydanam gowral eseri özünki hasaplap bolar. Roşan Lezgin bilen Xalid Sadini Emma ol ýoldaşlaryny ýazyjylyga höweslendirmek, olary sylaglamak we zaza dilinde ýazýan ýazyjylaryñ we elbetde okyjylaryñ sanyny artdyrmak üçin öñünde goýlan her bir materialyñ üstünde ony ýazan awtoryndan köp işläp çap etmegi başarypdyr. 2001-nji ýylda çap edilen ilkinji kitabynyñ yzyndan häzire çenli öz ýazmagynda 16, terjime eden 13 sany - jemi 29 kitaby çap edilipdir. Ençeme gazet-žurnalda çykyş edip gelýär. 1997-nji ýyldan başlap häzire çenli Türkiýäniñ daşynda we içinde birnäçe ýokary okuw jaýynda, edara-guramada onlarça konferensiýa we simpoziuma gatnaşypdyr. Şu işleriñ barsyna ýetişip bilýän adamyñ hiç hili saglygy goraýyş ätiýaçlandyryşynyñ ýokdugyny, gündelik hysyrdylar bilen güzeranyny dolamaga synanyşýan biridigini aýtsam, geñ galarsyñyz gerek? Emma Roşan Lezgin üçüsi gyz, biri oglan dört çagany terbiýeläp ýetişdiren, şol bir wagtyñ özünde özü-de okuwyny dowam etdirýän renessans gahrymanydyr. Ilki gatnap okap, orta mekdebiñ attestatyny alýar, emma agyr durmuş şertleri sebäpli soñra, has dogrusy elli ýaşyna gadam basan güni liseýe girip, üç ýyl okaýar we ony tamamlaýar. Ýokary okuw jaýynyñ ekzamenlerini tabşyryp, 305 utuk bilen Türk dili we edebiýaty bölümine girýär. Häzir ol sapaklarynyñ ýarsyndan gowragyny geçipdir, galan ýarsyny-da geçip ýör. Ýokary okuw jaýyny tamamlandan soñ kandidatlyk we doktorlyk dissertasiýasyny goramak üçin häzirden taýýarlyk görýär. Megerem onuñ okuwyny gutarandan soñky kandidatlyk we doktorlyk dissertasiýasy üçin temasy we meýilnamasy taýýar bolmaly. Bitirýän uly işlerine, şular ýaly gahrymançylygyna garamazdan, ol örän sypaýy, özüni tanaýan we hetden aşmaýan biridir. Ol şolar ýaly agras we edepli adam welin, kişä mätäç bolmajak bolup azap barsyny edýär. Şeýle bir namysjañ adam welin, at-abraýyna we mertebesine zeper ýetmezligi üçin janypkeşlikden gaça durmaýar. Ak kagyz ýaly arassa we ap-ak durmuşyna hapa sürtelmezligi, yzyndan gep-gybat edilmezligi üçin şübheli işlerden we hereketlerden, problemaly adamlardan gaça durýar. Ehli iman, ehli wyždan we musulman zaty-muhterem... Men ömrümde şonuñ ýaly özüni, dilini, işini sylaýan we aýratyn göz bilen garaýan adam görmedim diýip bilerin. Onuñ ýeke-täk maksady halkynyñ diline, edebiýatyna, sungatyna goşant goşmak we olary ösdürmek üçin üznüksiz zähmet çekmekdir. Dogrusy, Roşan Lezgin seýrek gabat gelinýän ajaýyp adam. Ynanyñ, ony ýakyndan tanasañyz bu ýazanlarymyñ nähili azdygyny özüñizem duýarsyñyz. Sözümiñ soñunda "Hudaýym, bularyñ sanyny köpeltsin" diýmekden başga näme diýjegimi bilemok... Hawa, ylaýym olaryñ sany köpelsin... M.Halid SADINI. @XalidSadini Penşenbe, 14.11.2019 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |