09:56 Namys agajy / hekaýa | |
NAMYS AGAJY
Hekaýalar
O mahallar biz oglandyk. Şondan bolsa gerek, üýşüp kölegesinde oýnaýan erik agajymyz gözümize äpet uly görünýärdi. Onuñ men diýen päl8wanlaryñ bilindenem ýogyn sütüni soñra, ýokarda üç şaha bölünýärdi. Onsoñ uly-kiçi hemmeler oña käteler "Ýeke agaç" käteler bolsa "Üç agaç" diýerdiler. Mahlasy, gujagynda çagalygymyzy geçiren bu bagymyzyñ iki ady bardy, birem aýby... Aýby - miwe berenokdy. Asyl güllemelidirem öýtmeýärdiler. Onsoñam ýene-de aýtmaly zat obamyzyñ gaýrasyndaky Kiri bagbanyñ gadym galasynyñ öñündäki çaýyrly oýda seleñläp oturan ýalñyz erigiñ eýesi ýokdy, aslynda ony kimiñ, haçan ekenide näbellidi. Ýöne şonda-da hiç kimiñ oña "eýesiz bag" diýmäge dili barmaýardy. Bu ýazylmadyk kanundy. Bir gezek Gurban baýramy aprel aýyna gabat geldi-de, şol ýyl mekdebi gutarmaly oglan gyzlar çaýyrly oýda hiññildik gurdular. Üç günläp erik agajynyñ daşynda şagalañ şowhun ýatmady. Şonda, dostumyz Kömegiñ kakasy Atbakar aga bu ýere gelenleriñ arasynda otyrka şeýle diýipdi: "Y-y-yns-jyns owaly hikmetli ýaradylndyr, olaryñ kemini kõstüni diñe Ýaradan bilýändir. Tagapyl edeliñ, nedipli güni geler, onsoñ munuñ hasylyny ýygnabam ýetişmeris. Özüme galsa-ha, şu bagyñ şirejesiz, çybyn çirkeýsiz saýasynam ajydäne miwesine berjek däl!". Atbakar aga gürlände ilki sakawlardy, soñra sakynmazdy." Indi, menzm siz bilen deñ sanaşaryn" diýip daşyndakylary gyzyl gyran gülüşdirerdi. Köne galañ ýykylman galan diwarlarynyñ penasy Atbakar agañ bakýan ýylkysynyñ gyş ýatagydy. Ol gyşyñ - baharyñ ygally, garly ýagyşly ýyllary çaýyrly oýuñ köne galañ birigýän düzlüginde düme gawyn-garpyzam ekerdi. Eńńereden sońra terne-tűwelegine çenli gelene-geçene, oba adamlaryna, gońşy-golamlara paýlardy. Bizem öz ýanymyzdan erigiń hasyla durmazlygy wagtlaýyndyr, gűnleriň bir gűni gűllemezek bag bașyny ak öýme örtűner diýip garaşýardyk. Emma, tamamyz çykmaýardy, hat-da, garrylary; "Bu ýyl-a, sadagysy boldugum goşa ýaz geläýdi diýenlerinde-de, özűnden göwnihoş agaç asmana haýbat atyp, eger-eger, ýekeje gunça-da ýarmaýardy. "Hikmet" sözüniñ manysyny bilmesek-de, ulularyñ "nesipli gün" diýýänine welin beletdik. Çünki ulularyñ kiçilere garaşmagy wada berýän nesipli güni gaty kän egleýär, hat-da, gelmänem bilýär. Gyş kanikulynyñ başynda nämä güýmenjegimizi bilmän ýõrkäk, şol nesipli güne garaşyp durman, çaltrak getirmegiñ kül-külüne düşdük. Biz gyşyñ maýylganlygyna şahalary gyzaryp ugran badamlar, erikdir-şetdalylar ir güllemesin diýip, eýeleriniñ olary dözümli pürdäp, çapyşdyryp awundyrylýandygyndan habarlydyk. Rast, agaçlar ýara salynýanlygyna, müdtedine garaşmalydygyny bilýärmi, diýmek, haýbat atyp gorkuzmagyñ sebäbine-de düşünäýmeli ahyryn. Gönümden gelsem bu kesir, õzdiýenli daragty girkyzmagyñ sahnasyny ýwdi ölçäp, bir kesen özümdim... ...Ýaşy nizden ulurak Kamat bilen Onbegi daş töwerege esewan etmelidi. Kömek bolsa ekin- dikinden baş çykarýan agranom hökmünde haýbat atyp, tekepbir daragtyñ mazaly suwuna degmelidi. Eger bu ýeterlik bolmasa men sakal-murtuñ ýerine ýüzüme gazanyñ garasuny çalyp, güpbümi çöwre geýip, söwütden kesilen "egri gylyjymy" bulýlap onuñ üstüne topulmalydym. Gepläninden feplemänini gowy görýän Sõýün we çepiksije Daññy ikisi meni saklap, ýalbar ýakar bilen "pälimden gaýtaryp" bagy tyg ýarasyndan halas etmelidiler. Dilleşen gúnümiz gar ýagdy. Munuñ oýlap tapan "uruş galmagally" sahnamyza tebigylyk berjekdigine begendik. Garyñ üstünde ýöräp barýarkak ýak basyşymuzyñ "hyrt-hyrty," on bir ädimlik jerime urýan futbolçy ýaly bulaşdy duruberdi. Söýűn bilen Dańńy ikisi meni saklajak bolup ylganlarynda aýaklary tapyp honda zyńlyp gitdiler. Men ýagdaýyń öwerlik däldigini aňyp, olar ýerinden galýançalar gepe gűýmenmäne çalyșdym: - Hany, ýal ýagysy, çaltyrak aýt, güllejekmi ya-da ýok? Bol şuş-șumat bellisini et, ýogsa-da depäńden egri gylyç inýä... Hakykatdanam aýdanlaryma özüm ynandymmy nämmi Söýün bilen Daññy ikisi maña seredip añkaryp galdylar. Kimdir biri: Saklañ, ýetiñ, tutyñ ony! - diýen ýaly boldy. Emma, eýýäm giçdi, artyk saklanmañ ebeteýin tapman "gylyjymy" aşak inderdim. Bag iññilläne meńzedi. Aýsyz gijäni galagopluk gurşady. Oglanlar çar ýana dyr-pytrak gaçdylar. Yzyma öwrülsem Atbakar aga dur: —B-b-bihepbeler, s-sizden ýaña ösüp duran baglarada gün ýokmy indi?! Gorkularyna zypbyny beren oglanlar gara görnümde maňa garașyp duran ekenler. Tä öýli-öýümize dargaýançak hiç kimden ses-seda çykmady. Biz aýrylyşanymyzda dymma Söýűn: —Bilýäñmi näme, men baglaryñ görýänine-de eștýänine-de ynanýan—diýip, ulydan demini aldy. Öye gelip dűșege geçsemem, gözűme uky gelmedi. Hamala, awynan agajy däl-de, çyplaň geýnip daș çykan, soñam űșäp galpyldaýan bir garry adamy ýeke goýyp gaýdan ýaladyk. Geñ galaýmaly, șol ýyl bahar gelende erik ak-patrak gűlledi. Biz kellämiziń göçgűne:— Wah, öň șeýtmeli ekeni! —diýip begendik. Mekdepde okuw gutaraýýanda "Ýeke agajyň" erikleri saralyp kemsiz ýetișdi. Ondan öňli-soňly 34 bedre towuk ýumurtgasyndan kiçi bolmadyk erik ýygnaldy. Ýeliñ gaçyranynyñ, guşlaryñ çokup zaýalanynyñ-a hasaby-da ýöredilmedi. Emma güýze ýetip ýetmän bereket baryny eçilen bagyñ ýapraklary saralyp ugrady. Ol başyny hemişe dik tutsa-da gurady - jan berdi. Daragt şol garly gijede eşiden igençlerine, salnan tyg ýarasyna namys eden borludy. Men indi-indi, ýaşym ulaldygysaýy muña ynanýan, ony gursagymda göterip ýöremsoñ hakykatdygyny bilýärin. Daragtlar ak-patrak gülläp, hasyllansoñlar guraýan ekeni. © Amangeldi GOŞAÝEW. | |
|
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |