11:20 Kysmat -2/ powestiñ dowamy | |
3. MELEK
Powestler
Hakyky gözellik ― ruhy gözellikdir. Möwlana Jelaletdin Rumy. Pensiýa çykanam bolsam, baş redaktor menden ýene-de biraz işläp bermegimi haýyş edipdi. Menem: «Bor» diýipdim. Ine, şol ýöwselligimem, meniň Melek bilen bolmaly duşuşygymy tas iki aýa golaý yza çekdi. Ýagny, hut şol günüň özünde baş redaktor ýanyna çagyrdy-da, welaýatlaryň birine uzak möhletleýin iş saparyna gitmelidigimi aýtdy. Olar ýaly ýere maşgalaly adamlary-ha iberip bolanok. Kyn görýäler. Sen bolsaň ine, Hudaý görkezmesin dört ýyl bäri syrma sallah. Çagalaryň hemmesi öýli-işikli. Gaýtam, baran ýeriňde bagtyň açylaýmagam ahmal... ― diýip, soňuny degişmä ýazdyrdy. ― Ýöne, gurulýan desgany gowuja öwren-de, žurnal üçin süňklek, göwrümli, çeperje publisistika getir. Ömürboýy özüňe halypalyk edip gelen adama ýok diýjekmi? Gitdim. Kellämiň gyzgynyna bolmaly möhletimdenem geçäýipdirin. Redaktor jaň edip: «Ýaman düşegiň ýumşady-la how. Ýa bir «mätişgejik» dagy tapaýdyňmy? Polisiýaly alyp gaýtmaly etmejek bolsaň, gaýt çaltrak! Öňdäki sanyň sanawynda dur seň şo makalaň...» diýmedik bolsa, entegem eglenäýmegim ahmal ekeni. Gaýtdym. Geldim. Otludan düşüşim ýalam göni redaksiýa bardym. Hasabatlarymy, hat-peteklerimi tabşyrdym. Makalanyňam o ýerine, bu ýerine kakyş-kukuş edip, indiki hepdäniň içinde getirjekdigimi, oňa çenli işe gelmejekdigimi aýdybam öýe gitdim. Çaý içip, çörek iýip, kem-käs özümi dürsänimden soň bolsa, mähelledäki tanyşlaryma ýekän-ýekän jaň edip, «krutoý» Kerimiň öý salgysyny soradym. Olaryň köpüsi ony hatda ýatlaryna-da salyp bilmediler. Ýadyna salanlaram nirededigini bilmediler. Ahyram olaryň biri Kerimiň goňşuragy bolup çykdy-da: «Hä, näme, onuň bilen algy-bergiň barmydy? Eger-de şeýle bolsa, sen onuň ogly Ýusubyňka git. Patasyny alan şol. Algy-berginem şol boýnuna aldy» diýdi. Men allaniçiksi boldum... «O nähili pata? O nähili algy-bergi? Sen meň diýýän Kerimimi başga bir Kerim bilen garjaşdyrýan-a dälsiň?» «Ýok, ýok! Garjaşdyramok. Aýtdyň-a özüň başda. «Krutoý» Kerim diýdiň-ä... Ana, şol-da! «Melegiň adamsymy?» «Howwa how, howwa! Şol! ― Ol sesini peseltdi. ― Görýän welin sen onuň ýogalanyndan bihabar ýaly-la?.. «Aý, howwa, birki aýlap birýana gitmeli boldum-da.., ine-de gelip durşum. olar ýaly ýagdaý ýüze çykan bolsa... barybir... salgysyny berseň aýat okap, töwir galdyryp bir gaýdaýyn...» «Hä-ä... bolar-bolar. Sen onuň garry öýüne baraý... Melek bardyr. «Gelen-giden bolsa dagy...» diýip, ol kyrkyndan soň şol ýerde otyr. Gijiräk eşidenler, ogullarynyň öýüni tapmaýanlar hakykatdanam şol ýere barýalar...» Salgysyny alyp gitdim. Daş däl ekeni. Özbaşdaklykdan soň dörän täze türkmen baýlarynyň görene göz edip, gyzyl kerpiçden saldyran, hatda üstki örtgülerine çenli gyzyl, görenden sussuňy basýan, şeýle hem mähirsiz iki gatly, köp otagly, kaşaň jaýlarynyň biri. Daşyna ýaşyl reňkli demir gözenek aýlanan, haşamlanan derwezesiniň gapdalynda girip-çykar ýaly demir gapyjyk bar. Men onuň jaňjagazyny basdym. Howlynyň aýak ujunda bir ýerde it üýrdi. Aýal sesi eşidilendenem ol sesini goýdy. Hä diýmänem jaýyň arka ýüzünden ilk-ä «çygşyldy» eşidildi, soňam göze gelüwli, ak mapraç, ala gözli, owadan gelin göründi. Megerem, Melek bolsa gerek diýip, içimi gepledenimde, ýüregim «jigläp» gitdi. Ol entek gapyny açmazdan öň, gözenegiň aňyrsyndan salam berdi. Men «aleýik» aldym. Oňa çenlem gapy açyldy. Girdim. Gelin üzüm dalbarynyň aşagynda duran gyralary garyş-sere germewli ýalpyldap duran tagta sekä elini uzatdy. ― Şu ýerde oturarmysyňyz ýa öýe girjekmisiňiz?.. Men sessiz-üýnsüz sekä tarap ýöneldim. Hakykatdanam ol ýere-de gelýän-gidýäniň az däldigini sekiniň üstüne ýazylan düşeklerden, onda-munda goýlan içi nanly saçaklardanam aňmak bolýar. Men duz datdym-da, töwir galdyrdym. Aşak bakyp, ellerimi owkalap oturyşyma: ― Yzy ýarasyn... ― diýdim. ― Taňryýalkasyn... ― Ýaşyndygydyr-da, Melek süýem barmagy bilen orta barmagyny jüpläp, dodaklarynyň üstünde goýdy. ― Şular ýaly-da soramak aýyp dälmişin, siz Kerimiň nämesi? Dostumy? Garyndaşymy? Ýa bir wagt bile işleşdiňizmi? Algy-bergiňiz bar bolsa-da, çekinmäň-de aýdyberiň. Ogullary bar, ine, men, özüm bar. Bir zat ederis. Güýjümiz ýetmese bölüp bereris... ― Meniň eşidişime görä, siziň adyňyz Melek bolmaly. ― Howwa. ― Kerim bilen aramyzda algy-bergi ýok. Asla men onuň hiç zadam däl. Iki aý mundan ozal, men onuň bilen tötänden tanyşdym. Gürleşdim. Men onuň şo-ol, bir wagtky «krutoý» Kerimdiginem, ol ýanymdan turup gidenden soň, başga birinden bilip galdym. Gürrüňçiligimizi dowam etdirmek üçin geldimem welin... Indem... Egerde mümkin bolsa siz maňa Kerim hakda giňişleýin, jikme-jik özüňiz gürrüň beräýmeseňiz... ― Bagyşlaň welin siz kim? O zatlar size näm-ä gerek? ― Men žurnalist. Meni onuň ykbaly juda gyzyklandyrdy. Şolar ýaly giň gerimli işewür adamyň nädip şu güne düşenini bilmek bu günküler-ä däl, indiki nesiller üçinem peýdaly bolsa gerek. ― Onuň özi gürrüň bermedimi näme? ― Berdi. Ýöne, onuň gürrüňlerini maglumat hökmünde kabul ederden nemeräk gördüm... ― Şeýle-de bolsa şony gözläb-ä gelipsiňiz. ― Dogrymy aýdaýaýyn, men sizi gözläp geldim. Sizem, Kerimem daşyňyzdan tanaýan bir aýal maňa siz bilen gürleşmekligi maslahat berdi. Ol sizi bu dünýä juda seýrek gelýän, tapylgysyz, owadan gelin hökmünde häsiýetlendirdi. «Arman, oňky bolmady...» diýdi. ― Nähili, aýdyşyça bar ekenimmi? ― Aý, ýok, ol entegem kän-kän bärden gaýdan ekeni. Siz ýaly görkmen gelni men henize çenli göremok. Meniň bu sözlerim Melege gowy täsir etdi. Ýüzi ilk-ä gyzardy, soňam ýagtyldy. ― Adyňyzam aýdaýsaňyz... ― Garakişi. ― Garakişi-i?.. Şo-ol, Garakişimi?.. ― Howwa... ― Eýle bolsa, men size gürrüň bermeli borun. Men «diktofonymy» Melegiň öňünde goýdum. ― Baş üstüne! Aýdyberiň... Ol azajyk ikirjiňlendi. ― Men metbugatyň bu günki ýagdaýyny bilýän. Siziňki nähili? Öňki-öňkülikmi ýa?.. ― Aý, ýagdaýa göräräk. Döwrebabrak... Munam men metbugat üçin ýazjak bolamok. Taryh üçin... Gelejek üçin. Gelejekki nesillere sapak bolsun üçin... ― Düşündim. Sizi esasan näme gyzyklandyrýar? Onuň terjimehalymy? Iş usulymy? Maşgala ýagdaýymy? ― Hemmesem. Iň bir owunjak hasap edýän zatlaryňyzam gözden sypdyrmazlygyňyzy haýyş edýän. Meniň eşidişime görä, onuň ýokary bilimi ýok. Şeýle ýagdaýda ol nädip şolar ýaly derejä ýetip bildi? Şolar ýaly belentlikde uçup barýan uçar nädip, näme sebäpli, haýsy gaýa degip çagşady? Onuň onça baýlyklary nirä gitdi? Onuň özüne näme boldy. Nädip şol güne düşdi? ― Kerim barada çynlakaý bir zat ýazmakçy bolsaňyz, öňi bilen bir zady biliň: ýagny, onuň gaýtgyny ykdysady ugurdan biliminiň ýoklugy ýa işini başarmandygy bilen bagly däl. Eger-de bagly bolan bolsa, ol başda baýap bilmezdi. Ol Allah tarapyn işeňňir, işewür, galjaň, ugur tapyjy, dogumly hem akylly, terbiýeli, döwletli, rysgally ýigitdi. Onuň gaýtgyny meniň bilen bagly. Şonuň üçinem, men gürrüňimi aňyrrakdan, öz çagalyk döwürlerimden başlaýaýyn... ― Ol-a hasam gowy. ― Men çopan maşgalasynda doguldym... ― diýip, Melek söze başlady. ― On bir ýaşyma çenli, dag içindäki guýularyň merkezi hasap edilýän «Gaplaňly” diýen ýerdäki başlangyç mekdepde okadym. Meni hemmeler gowy görýärdiler. Çünki, men şol wagtlar owadanjadym, eýjejikdim, gulpajyklarymy tasadyp, daşdan-daşa bökjeklär ýörerdim. Dury çeşmeleriň başynda oturyp, öz suratyma serederdim, öz-özüme guwanardym. Söýerdim. Dag jerenleri bilen goşluşyp, garyşyp, beýikden-beýige dyrmaşardym, inişlerden aşak inerdim. Olar ilki menden ürkerdiler, emma soňabaka şeýle bir öwrenişdiler welin, usullyk bilen baryp, olaryň emziklerini emäýenimde-de, edil öz balasyny emdirýän ýaly butnaman durýadylar. Özlerem gäle-gäle bolup gezerdiler. Günde-günaşa diýen ýalam biziň golaýymyzdaky çeşmä suwa inerdiler. Menem şolaryň geljek wagtlaryny peýläp, şol ýere giderdim. Çünki, okuw gyzykly däldi. Ähli guýulardan ýygnanýan ýigrimiden gowrak çaganyň dört synpdakylarynyň hemmesini bir küme şekilli jaýa ýygnap, bir adam sapak geçýärdi. Her synpa bir ýumuş buýrup, özi çykyp gidýärdi. Çünki, mugallymçylykdan başga şol «mekdebiň» direktoram şoldy, zawujam şoldy, hasapçysam, kassirem şoldy. Ýalňyşmaýan bolsam, ol fermanyňam hasap-hesip işlerini ýöredýärdi. Mekdebiň süpürijisi hökmünde aýalyna-da hak ýazyp alýardy. Özem okuwçylarynyň okuwa baranlaryndan barmanlaryny gowy görýärdi. Žurnal ýöretmeýärdi, «bellik» etmeýärdi. Şonuň üçinem men okuw sagatlarymy gidip, keýikleriň arasynda geçiräýenimi kem göremokdym. ― Melek gelelim bäri ilkinji gezek ýüzüme dikanlap seretdi. ― Bir gezek olar meni ölümden halas etdiler diýsem ynanarmysyňyz? ― Aý ýog-a?.. ― Howwa-a... Bir gezek süri suwa inen wagty, ozaldan garawullandyrlar-da, ýokardan «alahasyrdy» bolup, jübütmi, jübüt dälmi, bilemok, iki sany gyzylala gaplaň indi. Men gyrarakda, bir akja owlak bilen oýnaklaşypjyk barýadym. Gaplaňlara gözümiz düşenden, ikimizem özümizi kürsäp süriniň içine urduk. Owlajygyň enesi göni gaplaňlara tarap ylgady. Elbetde, uruşmak üçin däl-de, owlakly keýikleriň edähedine görä, ýyrtyjylaryň ünsüni öz owlajygyndan, şeýle hem menden sowmak üçin. Olar öz duşmanlaryna ýekelikde duşan wagtlaram şeýdýäler. Owlajyklaryny bukyda goýýalar-da, ylgap, nägehanyň öňünden çykýalar we haýsam bolsa bir tarapa tutdurýalar. Şeýdibem özlerini pida berip, owlajyklaryny ölümden halas edýäler. Şol gezegem keýikleriň hemmesi owlajyklaryny biziň ýanymyza getirdilerde meniň «joramyň» enesiniň hereketlerine eýerdiler. Gaplaňlar welin bizi eýýäm görüpdiler. Şonuň üçinem, ene keýikler gaçmadylar-da, hatar-hatar, gat-gat, tar-tar bolup, biziň daşymyzdan aýlanmaga başladylar. Bu olaryň daşymyza pena bolduklary, gaplaňlara-da öz dillerinden: «Ine, biz! Tutuň, iýiň, parçalaň, emma naşyjyklaryma degmäň...» diýdikleridi. Olar bir duran ýerlerinde aýlanmaýardylar-da, megerem akyp ýatan arassa çeşmäni gana boýamazlyk üçin bolsa gerek, kem-kemden çeşmäniň ýakasyndaky uly bolmadyk meýdança tarap çekilýärdiler. Olaryň bu bolup baryşlary ezizlerini ölümden halas etmek üçin, etmedik günälerini boýunlaryna alyp, dar teýine tarap kaýyllyk bilen barýan bigünä ynsan balalaryna meňzeýärdi. Bu, hakykatdanam şeýle boldy. Giň ýere çykanymyzdan soň, gaplaňlar gaçman-tezmän, öňlerinde «pyr» berýän keýikleriň içinden gereklänlerini tutdular, parçaladylar. Çekip bir gyra çykardylar. Balkyldap duran gara gözlerini läş bolup ýatan kowumdaşlaryna tarap aýlamagada milt edibilmän, henizem daşymyzdan aýlanyp ýören akja jerenler diňe şondan soň, ýüzlerini dag gerişlerine tarap öwürdiler. Ýene bir geň galan zadym ― iň bir ýyrtyjy haýwanam, bir garny doýup, azajygam alapa edinenden soň, öňünde göle duranam bolsa, awuny artykmaç parçalamaýan ekeni. ― Melek şol jerenleriňkä meňzeş, owadan gara gözlerini çygjardyp, ýüzüme naýynjar garady. ― Men bu zatlary näme üçin size jikme-jik gürrüň berip otyryn? Sebäbi, kanagatsyzlyk babatda adamlar ýyrtyjy haýwanlardanam geçiripdirler. Men bu ýagdaýa soň-soňlar, uzak bolmadyk ömrümiň dowamynda köp gezekler göz ýetirdim. Adamlar ýeke bir öz awlaryny däl, eýsem, biri-birlerinem, nebislerine haý diýmän, öz eneleri ornunda duran tebigatam parçalaýalar. Zorlaýalar. Şeýdibem öz aýaklaryndan palta urýalar... ― Melegiň gaşlary biri-birine golaýlap gitdi. ― Tebigata, Hudaýyň ýaradan gözelliklerine--de, ýabany haýwanlaryň aýawly garaýandyklaryna-da men göz ýetirdim. ― Melek kimdir birinimi ýa bir wakanymy göz öňüne getirmekçi bolýan ýaly, uzaklara seredip oturdy. Uludan demini aldy. ― Biziňkiden sesýetim daşlykda ýerleşýän guýynyň başynda oturýan çopan maşgalalarynyň birinde özüm bilen deň-duş, Dagdan atly bir oglan bardy. Ol meniň bilen synpdaşdy. O-da tebigaty, haýwanlary gowy görýärdi. Biziň çopanlarymyzyň mal doktorsyz köseýändikleri sebäpli, ol ir-u-giç şol hünäre eýe bolmaklyga höwes ederdi. «Men mallara kömek etjek, olary ölümden gutarjak, seniň jerenleriňe-de seretjek...» ― diýerdi. Biziň öýümizde aýna ýokdy. Şonuň üçinem, men jülgä gidip, ýüzümi şol ýerdäki çeşmä seredip göräýmesem, görüp bilemokdym. Görmän welin oňup bilemokdym. Dagdanyň özi sargap getirtdimi ýa ulularyň biri getirdimi, bilemok, birdenkä olaryň öýünde aýna peýda boldy. Dagdan muny maňa ylgap gelip buşlady. Şondan soň men sypynsam jülgä däl-de, Dagdanlara ylgadym. Tä, didarymdan doýýançam oňa garadym oturdym. Gulpaklarymy daradym. Şonda, şapbat ýaly aýnany Dagdan maňa tutup berýädi. Çekinjeňlik bilen gulpaklarymy, ýüz-gözümi sypalaýady. Soňam dym-gyzyl bolýady--da: «Melek, sen örän owadan» diýýädi. Меn оnuň оl sözlеrine ähmiýеt bеrmeýädim. Çünki, оnda hiç hili üýtgеşiklik ýоkdy. Gаty bir betgеlşik bоlmasa-da, еdil mаňa mеýil bildirеr ýаly ýаgdaýy-ha ýоkdy. Ýönе mähirlidi. Yhlаslydy. Mеni görmän bir günеm оňup bilmеýädi. Uzуnly gün gиşymda оturyp, ýüzümе serеde-sеrede ýеkeje söz аýdybilmän gidýän wаgtlaram bоlýady. ...Şо-ol, gаplaňly wаkadan sоň hоssarlarym mеni bir mеýdan jülgä-hä däl, hаtda gоýun ýatаga-da, guýуnyň bаşyna-da gоýbermediler. «Şuňа göz-gulаk bоlaweri, jаn оglum...» diýiр, Dаgdana-da sаrgadylar. Meniň welin keýikleri göresim gelip, içimi it ýyrtyp barýady. Ahyram çydamadym. Hossarlarymyň, guýudaky çopan-çoluklary, hatda maňa göz-gulak bolup ýören Dagdanyňam gözlerine güýdüşip, eňdim jülgä bakan. Barsam çeşme başynda keýikleriň bu günki aýak yzlary ýok. Olar ýa-ha entek gelmändirler, ýa-da bir howpuň bardygyny aňyp, güzere inmän yzlaryna gidipdirler. Olaryň takyk haçan geljekdiklerini ýa gelmejekdiklerini bolsa bilip bolanok. Howply ýagdaý ýygy-ýygydan gaýtalanyberse, güzerlerini, çeşmelerini, hatda jülgelerinem täzeläýdikleri-de bolaýýar. Men bu ýagdaýa gynandym. Şeýle-de bolsa, gelenime görä boş gitmezlik üçin, çeşmäniň telpegräk ýerine girip, ilkä tä mährim ganýança ýüzüme-gözüme seretdim, gulpaklaryma, alyn saçlaryma timar berdim, soň ellerimi, aýaklarymy ýuwdum. Gün gyzyberendenem, gaýdanymy hiç kim duýmanka öýe ýetmek üçin jülgäni ownuk hem gyýçak daşly kenary bilen, ýokarlygyna dyrmaşyp ugradym. Çykyşym ýalam, ynanarmysyňyz jan dogan, megerem ― şo-ol, iki gaplaňyň biri bolsa gerek ― gaplaňa pete-pet gabat geldim. Elbetde, görjek günüm bardyr-da, şonda ýüregimiň ýarylaga-da «takga» janymyň çykaýmandygyna heniz-henizlerem geň galýan. Ol bolsa hiç hili ýyrtyjylyk alamatlaryny ýüze çykarman, ýüzüme seredip dur. Aramyz şeýle bir golaý welin, onuň gözleriniň içinde öz suratymy görýän. Dem alşyny eşidýän. Käte deminiň ýylysy ýüzüme urýar. Tumşugyny ýüzüme golaýladanda, murtlary ýaňaklaryma, maňlaýyma degýär. Ysganjyraýan diliniň ujy bilen ýalan wagty ýüzüm öljireýändir-dä, ellerim bilen ýüzümi ýapýan welin, halanok. «Yňranjyraýa». Çalaja «hyňranýa», elimi aýyrýanam welin, rahatlanýa. Eger-de, guýy tarapdan kiçiräk tüweleý ýaly tozan turzup, Dagdan peýda bolmadyk bolsady, onda bir ejizje, ynsan balasy bilen ýyrtyjy haýwanyň arasyndaky gapma--garşylygyň, näçe wagt dowam etjekdigi, näme bilen gutarjakdygy belli däldi. Şol wagt şoňa nädip akylymyň ýetendigini bilemok, men: «Dagdan! Gelme! Git! Gaç!.. Bu ikimizem iýer! Gowusy sen git-de, adamlara habar ber!» diýip, gygyrypdyryn. Ol bolsa badynam gowşatman gelşine kürsäp gaplaň ikimiziň aramyza girdi--de, iki elini gerip, meni gaplaňdan goraglap başlady. «Degm-ä-ä!.. Degmä-ä-ä!..» diýip, sesiniň ýetdiginden, tä, gaplaň götinjekläp başlaýança sesini kesmedi. Gaplaň yzyna garaý-garaý, tä dag gerişleriniň arasyna siňip gidýänçä bolsa meni bagryna basyp, hopugyplar, tisgine-tisgine aglady. Şonda ol ikimize biri-birimizi köşeşdirmek iş boldy. Mazaly özümizi rastlandyranymyzdan soň yzymyza öwrülip seretsek, jülgäniň o kenarynda keýikleriň bize tarap heşerlenişip durandyklaryna gözümiz düşdi. Biziň «ýagydan» sag-aman sypandygymyza gözleri ýetenden soň, olar ikiden-ýekeden, üçden--dörtden, usullyk bilen çeşmä inip başladylar. Şol wagt guýy tarapdanam adamlaryň haýdaşyp gelýändikleri göründi. Olaryň iň öňdäkileriniň elleri tüpeňlidi. Yzlaryndan bolsa, ýykyla-sürşe iki sany aýal adam entirekläp gelýädi. Golaýa gelip goh-galmagallary bilen ýap-ýaňyja eňeklerini suwa basan keýikleri ürküzmezleri ýaly, biz biri-birimiziň elimizden tutup, olara tarap ylgadyk. Keýikleriňem, adamlaryňam, Dagdanyň sesine gaýdandyklary gümansyzdy. Bilseler bizi dagda saklamazlar diýen pikir bilen biz ilk-ä «gaplaňly» wakany hiç kime aýtmazlygy ýüregimize düwdük. Ýöne, «temen haltada ýatmaz» diýenleri boldy. Onda-munda agzamasak-da käbirleriniň özleri aňdy, garaz, syrymyz açyldy. Üýşüp maslahat etdiler. «Barybir çagalary güýmäp bilenok» diýip, mekdebi ýapmaklygy, ýeke bir Dagdan ikimizi däl, şol ýerdäki mekdep ýaşyna ýeten çagalaryň hemmesini oba ibermeli» diýen netijä geldiler. Baýry çopanlaryň biri, ömrüni çölde-gyrda, daglyk ýerlerde geçiren Allak aga şonda: «Men siziň bilen ylalaşýan. Ýöne, biz duýmasagam, özi bilen bütewi, bir ten ― bir jandygymyzy tebigatyň özem, ýabany haýwanlaram gowy duýýalar. Atalarymyzyň aýtmaklaryna görä, bir wagtlar çöl haýwanlary adamlardan gaçmaýan ekenler, hatda, garyşyp gezýän wagtlaram bolupdyr. Adamlar adamçylykdan daşlaşyp, özlerini tutup, iýip ugranlaryndan soň olar azgyn «dostlarynyň» el ýeterinden daşlaşypdyrlar. Taýak atyp, daş bilen urup tutmany öwrenenlerinden soň, taýak atymyndan, daş ýeterinden daşlaşypdyrlar. Ýaý ýasamany öwrenenlerinden soň, peýkam ýeterinden, tüpeň ýasanlaryndan soň, ok ýeterinden daşlaşypdyrlar. Şeýdibem ýabanylaşypdyrlar, çöle-gyra çekilipdirler, daglara siňipdirler. Adamlar welin olary bilşiňiz ýaly ol ýerlerde-de goýanoklar. Öň ýeke-ýeke awlaýan bolsalar, keýikleri indi wertolýotly gelip, pulemýot, awtomat bilen süri-süri gyrýalar. Olar welin şonda--da aljyran wagtlary haraý istäp adamlaryň ýanyna gelýäler, olar bolsa.... Ýadyňyza düşýämi, altmyş dokuzyň gyşynda derýalaryň doňup, daglarda, çöllerde agyz urara zat tapman, keýikleriň topar--topar bolup obalara gelişleri? Adamlaryň ýüzlerine naýynjar seredip sandyraklaşyp duruşlary? A adamlar nätdiler? Kömek edenden geçen olar özleriniň köne «dostlaryny», «garyndaşlaryny» maşynlaryna, motorlaryna kakdyryşyp demir taýaklar bilen urup öldürdiler. Iýdiler. Diýjek bolýan zadym, gadymky dostluklaryny adamlar ýatlaryndan çykarsalaram, haýwanlar çykaranoklar. Melege duşan gaplaňam onuň tebigy gözelligini görüp, ony demir dyrnaklary bilen parçalamandyr. Dözmändir. Hudaýyň ony beýle ýaş ölüp gitmegi üçin däl-de, kimdir birini bagtly etmek üçin, özüniňem bagtly ýaşamagy üçin ýaradandygyna düşünipdir. Duýupdyr. Mahlasy, Melegi öz görki, görmegi halas edipdir. Beýle üýtgeşik çagany ne yns, ne jyns, hiç biri ölüme dözmez... Ýöne, haýwanlaram hil-hildir. Şonuň üçinem, Melegem, ähli çagalaram oba iberseňiz dogry bolar» diýipdir. ― Melek birgeňsi ýylgyrdy. ― Ine, şeýdip, meniň dagdaky durmuşym tamamlandy. Obada men ýedinji synpa çenli daýzamlarda bolup okadym. Şol döwrüň içinde--de Dagdan meniň daşymdan aýrylmandy. Şonuň üçinem, şonuň bilen söýüşýändirin öýdüp, oba oglanlarynyň köpüsi maňa lak atyp bilmedi. Çünki, ol daýawdy, berdaşlydy, ýyl geçdigisaýam süňkleri ýognap, eginleri ýaýbaňlanýady. Oglanlaryň käbirleri bolsa, meniň owadanlygymdan suslary basylýardy. Meniň öz gelejegimi nähili göz öňüme getirýändigim baradaky «jedirdemelerime» olaryň howalasy peselýärdi. Dagdaky gaplaň ýaly, diňe daşymdan synlap oňmaga kaýyl edýärdi. Pukara hojalyklaryň göwnüçökgün çagalarydyklaryny duýmakdan ýaňa meni bir barly bagyň elýetmez şahasy hasap edýärdiler. Şony öňi bilenem men özüm şeýle hasap edýädim. Şonuň şeýledigini obanyň uly-kiçi hemmesiniň bilmegini, menden hiç kimiň hantama bolmazlygyny isleýärdim. Men mekdebi gutaryp, Birentekleriň görküme guwanyp aýdyşlary ýaly, synagsyz, zatsyz kabul ediljek okuwyma ― artistlige däl-de, başga bir okuwa gitmelidim. Çünki, her oýunda biriniň söýgülisi ýa aýaly bolup çykyş etmeli, ýalandan gülmeli, ýalandan aglamaly hünäri halamaýadym. Onsoňam il arasynda artistler barada her hili oňaýsyz gürrüňler edilýädi. Men bolsam haýsam bolsa bir okuwy hatm edip, ýokary bilim almalydym-da, bir barly, özüm ýaly owadan ýigide durmuşa çykmalydym. Ol meniň işime-güýjüme, aýlygyma-günlügime mätäç bolmaly däldi. Meni edil şa zenany ýaly eliniň üstünde saklamalydy. Gözüniň göreji ýaly görmelidi. Türkmençilikde aýdylyşy ýaly, ýag iýdirip, ýüpek geýdirmelidi. Kinolardaky ýaly golumdan tutup gymmat bahaly meýhanalara, kinolara, teatrlara alyp gitmelidi. Meniň ýaly owadan maşgalasynyň bardygy üçin oňa hemmeleriň, hat-da gyz-gelinleriňem gözleri gitmelidi. Howwa, men entek baryp-ha başlangyç synplarda okap ýörkäm özüm barada şolar ýaly gala-gala pikirler ýörederdim. Dagdana dagy diňe köne goňşy, dag içinde gol tutuşyp gezen «joram», öz gaýduwsyzlygy bilen bir gezek ölümden gutaran halasgärim hökmünde garaýadym. Gepiň gysgasy söýemokdymam, gaty bir ýigrenibem baramokdym. Ýüzüne gelip, ähli umytlaryny puja çykarmaga bolsa dözemokdym. Onuň welin garaçynydy. Ol muny etrap merkezinde ýaşaýan agamyň sekizinji synpy gutaranymdan soň, ur-tut etrapdaky on bir ýyllyk ors mekdebine salşy ýaly, yzym süre gelip şol mekdebe girmegi bilenem subut etdi. «Men-ä agam getirdi, sen näme üçin geldiň?» diýen soragyma bolsa bir agyz: «Sensiz oňup bilemok» diýip, sadaja jogap berdi. Bu onuň maňa ilkinji gezek dil bilen söýgi bildirdigidi. Meniňem kimdir birinden «söýýän» sözüne meňzeş sözi ilkinji gezek eşidişimdi. Belki şonuň üçindir meniň kalbymda şol wagt üýtgeşik bir ýylymsy duýgy döräp, ýüregim süýjäp gitdi. Meni eltip etrap merkezindäki ors mekdebine salmagynyň sebäbini soranymda agam maňa şeýle diýdi: «Men jigim seni tä raýkomyň üçünji sekretary, iň bolmanda kolhoz başlygymyzyň medeniýet baradaky orunbasary bolýançaň okatjak. Sen berk durup okasaň bolýa, çykdajysyny özüm çekerin, ýeriňem taýýarlap goýaryn». «Üçünji sekretar», «medeniýet baradaky orunbasar» diýýäniniň sebäbi, agam üçinem şol orunlar iň bir amatly, abraýly iş bolup görnen bolmagy ahmal. Elbetde, şol wezipelerem meniň gözüme görünmeýädi. Göwün guşum ýaňky aýdyşym ýaly al-asmanda «pel-pelläp» ýördi. ...Elbetde, Dagdanyň men bilen içgin ysnyşasy, meniň eýýäm eýelidigimi okuwçy oglanlara bildiresi gelýärdi. Üstesine men eýýäm göze görnüp ugrapdym-da, şäheriň oglanlaryndanam maňa göz gyzdyrýanlary, ýolda-yzda gabat gelenlerinde terslin-oňlyn, teýeneli sözler ataýaslary gelip aýdybilmän gurak-gurak ýuwdunyşýanlaram, tüýküliklerine düwünişip, tä deňinden geçýänçäm gark urup üsgürişýänlerem bardy. Göni gelip, gaşymda dim-dik duraga-da «pert-pert» gürleşibilýäni, elpe-şelpelikli baý durmuşy wada beribilýäni welin ýokdy. «Iň soňky jaň» güni Dagdan içini dökdi. «Bu gün aýralyk güni, mundan soň görüşmezligimizem mümkin. Şonuň üçinem, maňa göwünsizligiň-ä aňmanam duramok-da, her niçik hem bolsa aýdyp galaýyn: Men sensiz oňup bilmen... ― diýip, şo-ol, bir wagtky aýdan sözüni ýene bir gezek gaýtalady. ― Sebäbi, sen meniň kalbyma juda ir girdiň. Çykarsyňam öýdemok. Sebäbi, men seni ýeke bir owadanlygyň üçin däl-de, adamkärçilik taýdanam görküňe mynasyplygyň, dostanalygyň üçin söýdüm. Şonuň üçinem, sen şu gün maňa belli-külli jogap ber. «Helliň-hüllüň» edere wagt ýok. Gaýdyp görünme diý ― görünmen! Dagy-duwwara söýgi sözüni agzyňa alma diý ― alman...». Men oňa näme diýjegimi bilmän ýaýdandym. «Söýýän» diýsem-ä ýalan sözledigim boljakdy. «Söýemok» diýsemem dagyň bir bölegi ýaly ýigidiň garyş ýaşlygyndan bäri edip gelýän umydy synjak. Ýüregine tagma düşjek. Maýyplanaýmagam ahmal. Zandy arassa, bar baýlygy päkligi bolan guýma-gursak akylly ýigit meniň jogabyma sessiz-üýnsüz düşündi. Mert durup, «pert--pert» gepledi: «Bolýa. Aňdym. Men seniň göz öňüne getirýän ýigitleriňden däl. Baýlyk bilen bagtly bolýan bolsaň, bagtyň açyk bolsun. Durmuşyňam özüň ýaly owadan, häsiýetiň ýaly şowhun-şagalaňly bolsun. Ýöne, bir zady berk bil: hiç kim seni mençe söýüp bilmez. Galanynam wagt görkezer. Men welin, ýüz ýaşasamda kalbyma senden başga hiç kimi goýbermen» diýibem, ömür etmedigini edip, sag goly bilen boýnumdan dolap aldy-da, ýaňagymdan ogşady. Şol gidişine-de gitdi. Agşamky dabara-da gelmedi. Asyl-ha gaýdyp görünmedi. Birentekleri ýaly ezeläp-ezeläp ýürege düşmedi. ...Atestatymy alanymdan soň, agam meni Uniwersitetiň ykdysadyýetçilik bölümine okuwa saldy. Şol ýyl Dagdanam daş gulakdan eşidişime görä, Oba hojalyk institutynyň mal doktorçylyk bölümine giripdir. Şeýle-de bolsa, şol bäş ýylyň içinde ol ýekeje gezegem meni gözläp Uniwersitete ýa ýatakhana gelmedi. Men bolsam oňa garaşýadym. Näme üçindigini bilemok, ýöne garaşýadym. Çagalykdan gollar içinde gol tutuşyp, jülgelerden--jülgelere ýortup çöl jerenlerine garyşyp ösendigimiz üçin, meni ölümden halas edendigi, ömrümde ilkinji gezek «ýyly» sözi şondan eşidendigim üçin bolmagam mümkin. Men ömürboýam, her gezek kynçylyga uçran çaglarym şony ýatladym. Dünýäm daralyp, çukurdan çukura çäre tapman oturan pursatlarym şonuň peýda bolaryny, edil gaplaňyň agzyndan halas edişi ýaly elini uzadyp, ýagtylyga çykararyny isledim. ― Melek tisgine-tisgine iki çigninden sowuk dem aldy. ― Edil häzirem şol bir ýerden peýda bolaga-da: «Degmä-äň!» diýip, derdi-belalarymy daşymdan kowaýjak ýaly bolup dur. ― Soňam ondan hiç hili habar bolmadymy? ― Ýok. Diýen sözünde berk durdy. Ýöne, okuwyny gutarandan soň ýaşlykda arzuw edişi ýaly, obamyzyň dagdaky maldarçylyk fermasyna işe gidipdir. Soýuz dargandan soň, ol mallaram dargapdyr. Has takygy dargadypdyrlar. Kolhozçylaryň ýeke-ýekeden ýygnap, baryp-ha geçen asyryň otuzynjy ýyllaryndan bäri ýelden-günden, çapgyn aýazdan, ýyrtyjy haýwanlardan goraý-goraý ýigrimi-otuz sürä ýetiren goýunlary sanlyja ýylyň içinde sanlyja adamyň agzyna şam bolupdyr. Bary-ýogy bäş-üç ýylyň içinde süri-süri mally baýlar peýda bolupdyr. Halkyň malyny gözleriniň ýagy bilen bakan yhlasly çopanlar bilen bilelikde Dagdanam işsiz galypdyr. Şondan soň onuň nirä gidenini, näme iş bilen meşgul bolup ýörenini welin bilemok. Entegem öýlenmän, hemişe dymyp, käte bir uludan sowuk demini alyp ýörendigini welin, ondan-mundan eşidýän. ― Görgüli gaty gowy gören ekeni. Özem çekimli, ýükçi ýigit ekeni. Ýogsam Magtymguly halypa aýtmyşlaýyn ol ýüki asmanam çekibilmändir ahyry... Melek saklanyp bilmän aglady. Gowy içini egisýänçä menem sesimi çykarmadym. ― Bagyşlaň... ― diýip, ol bir haýukdan soň gözýaşyny süpürip oturyşyna aýtdy. ― Men bagtly bolmak üçin, özüme mynasyp hem görkmen, hem barly ýigit gözläp, bäri gaýtdym. Emma ýalňyşypdyryn. Meniň gözlän zatlarymyň hemmesi şonda ― Dagdanda, onuň içki dünýäsinde bar ekeni. «Baýlyk eliň kiridir» diýenleri çyn ekeni. Ýyllaryň ýanynda görkem hiç zat ekeni... ― Melek maňa bakyp günäkär görnüşde ýylgyrdy. ― Dagdanly gürrüňe gyzyp esasy meseleden daşlaşaýdykmy? ― Ýok, ýok, aýdyberiň. Meniň üçin siziň agzyňyzdan çykýan sözüň hemmesem esasy. Hemmesem wajyp. ― Her niçik hem bolsa indi studentlik döwürlerime dolanyp geleýin... ― Baş üstüne. ― Meniň öz-özüme baha berşime görä, okuwa giren günümden başlap, Uniwersitetiň ähli oglanlary daşymda janserek bolmalydylar. Emma, o ýerde-de meniň dagdan oba gelenimdäki ýagdaý gaýtalandy. Otagdaş joralarymyň biriniň ak ýürekden aýtmagyna görä, oglanlaryň ählisinde: «Beýle owadan gyzyň başy boş däldir. Eýelidir. Gury sözümi zaýalanym galar. Özem wezipeli adamyň çagasydyr. Gowusy ýanaşmazlyk...» diýen pikir döräpdir. Mahlasy meniň görküm olary özüne bendi etmändir-de, ürküzipdir. Gorkuzypdyr. Meniň basyp giden yzymça-da ýok «garajürjende», «sarymazan» gyzlaryňam gijaralar men-men diýen ak köýnekli, ütüklenen gara balakly, ýalpyldap duran gara saçlary «gaňtarylyp» daralan gül ýüzli ýigitler bilen egin deňleşip, «hümmüldeşipjik» kino ýa teatra barýanlaryny görenimde, özüme şeýle «duşmançylyk» edendigi üçin görk-görmegime gaharym gelýärdi. Gijeler ýorganymy başyma büräp ýatyrkam: «Eý, Allam! Beýle güne saljak bolsaň munça görki maňa berip näme etjekdiň...» diýip, Ýaradana nalyş edýädim. ― Eger-de diýýän ýigidiň daşary ýurtly ýa başga milletden bolup çykaýan bolsa näderdiň?.. Melek uzak wagtlap dymyp oturdy. Soňam ýüzüme seredip edil çaga ýaly: «ýyrş» etdi. ― Ine, şo hakda welin pikir etmändirin. Onsoňam o wagtlar ýurtda daşary ýurtly azdy. Daşary ýurtlara gidip okaýan-a asylam ýokdy. Soýuzyň içinde hemme zat ýeterlikdi. Millet sanam şolar ýalydy. Biri-birleri bilen durmuş gurýanlaram az däldi. Men welin... Onsoňam her gezek habar tutmaga gelende agamam şo zatlardan ägä bolmagymy sargaýardy. Ol entegem meni oba eltip, ilk-ä başlygyň medeniýet baradaky orunbasary, soňam raýkomyň üçünji sekretary etmekligiň höwesinde gezip ýördi. Kursdaş oglanlaryň biri bilen baş atyp salamlaşanymy görse-de, tulum ýaly çişip, gözlerini çuwala salnan geçiňki ýaly agdar-düňder edip oturýady. Sesini çykarmanam turup gidýädi. Şondan başga hossarymyň ýokdugyny, onuňam oba oglanlarynyň biridigini bilenlerinden soň, Uniwersitetiň oglanlarynyň-a içlerine jan girip ugrady. Biri gorkuly ürkülibräge-de lak atsa, başga biri otagda ýeke özüm otyrkam gelip, oňaýsyzragam bolsa, ol, bu hakda gümür-ýamyr edip gitdi. Kimsi hat berse kimsi şanyma goşgular goşup, baýramçylyk dabaralarynda okady. Ýazan goşgularyny saza salyp, aýdym aýdanlaram boldy. Ýöne, olaryň hiç birem meniň diýýän ýigitlerim däldi. Şeýdip, aradan dört ýyl geçdi. Bäşilenji ýyl diýlende biziň fakultetimize syrdam boýly, seçelenip duran buýra saçlary şar gara, ýüzi ak hem possuk ýaly ýumşak, geplände ullakan ala gözlerinden ot syçraýan, şoh, degişgen, uçganaklap duran Esrap atly ýigit mugallym bolup işe geldi. Aspiranturany gutaryp, kandidatlyk derejesinem gorandygyndan çen tutsaň, onuň bizden ýedi-sekiz ýaş daga uludygyny çak etmek mümkindi. Aýdyşlaryna görä, ol basym doktorlyk dissertasiýasynam gorajakmyşyn. Ol gelşi ýaly ýeke bir biziň fakultetimiziň däl, eýsem bütin Uniwersitetiň gyzlarynyň ünsüni özüne çekdi. «Hyşy-wyşy» tamakinçilikli gürrüňler, gybatlar başlandy. Her kim onuň aňyrsy, durmuşy, hatda maddy-hal ýagdaýyna, kimsi bar, kimsi ýok, şoňa çenli gyzyklandylar. Hiç hili hossarsyz, ýerden ýeke çykan, çagalar öýünde önüp-ösen, ýöne, gelejeginiň gaty uludygyny, dünýä derejesindäki uly alym bolup ýetişäýmeginiň ahmaldygyny, kandidatlyk derejesini goran wagty Moskwaly alymlaryňam hut şony aýdandyklaryny eşidib-ä hasam öjükdiler. Esrapyň welin ünsem, gözem diňe mende eglenen bolsa gerek, daşymdan aýlana-aýlana, kem-kemdenem golaýlaşmaga başlady. Ol çekinmek, uýalmak ýaly zatlary bilmeýädi. «Ýüzümi alar-ow, kowar-ow, masgaralar-ow» diýen gorky-ürkem onda ýokdy. Hudaý oňa akyl, bilim, görk-görmek berşi ýaly dilewarlygam beripdir. «Men mugallym, bu okuwçym» diýibem ýaýdanjyrap duranokdy. Gabat gelen ýerinde degişmemi, şorta sözmi ýa mesaýy bir gürrüňmi, gözüne urlan ýaly eňteriberýädi. Megerem meni şoňa taýýarlaýan bolsa gerek, söýgi hakda dilinem ýarmaýady. Özi alada etdimi ýa tötänden boldumy, ony biziň toparymyzyň terbiýeçilik işlerinem tabşyrdylar-da, soňabaka her gün agşam, dynç günleri onuň oýnagy biziň otagymyz bolaýdy. Köplenjem ýeke özümiň oturan wagtymy peýläp gelýädi. Şonda ol köplenç degişmeçil däl-de, durmuşy gürrüňler edýädi. Uniwersiteti tamamlap nirä gitjegim, näme iş etjegim bilen, halaşýan ýigidimiň bardygy ýa ýokdugy bilen gyzyklanýady. Hossarlarym, dogan-garyndaşlarym barada soraýardy. Gyzlaryň biri otaga girdigem howlukmaçlyk bilen turup gidýädi. Bir günem ol: «Ikiçäk gürrüň bar» bahanasy bilen sapakdan soň meni öz kabinetine çagyrdy. Ýüzbe-ýüz oturtdy. Şonda men ony ilkinji gezek çynlakaý halda gördüm. Ol birhili aljyraýady, ellerini owkalaşdyryp, dodaklaryny ýalaýady. Bir oturýady, bir turýady, kabinetiň içinde iki ýana gezmeleýädi, soň ýene-de gelip gaşymda oturýady. ― Bilýäňmi näme, Melek... ― diýip, ol ahyry söze başlady. ― Şu ýere gelen günümden bäri gije-gündiz sen göz öňümden gideňok. Özüňem aňansyň, men seni görmän bir günem oňup bilemok. Senden bir zat soradylarmy ýa ýok, ony bilemok, düýn--öňňinlikde ýolbaşçylar maňa-ha duýduryş berdiler. «Okuwçyň daşynda aýlanýamyşyň, häzir bol, bulaşaýma» diýdiler. Okuwyň tamamlanmagyna bary-ýogy bäş aý galdy. Eger-de sen hoş söz berseň, men şu günüň özünde işden çykyp gitmäge taýýar. Öňi-soňy doktorantura girjek bolup ýördüm, bähbit bol-a. Egerde tomus toý tutubilsek, onda ol ýerde iş bilen utgaşykly okabererin. «Bolýa. Men razy. Ýöne, oň üçin işden çykyp ýörme, bäş aýlap kän ýanymda görünmän, syr bildirmä gezibilseň şolam bolýa» diýseňem ony aýt. Men çydaryn. Ýöne, nirede bolsaňam, seň meniňkidigiňi bilsem bolýa...» diýdi. Men ýerdemi, gökdemi, nirededigimi unudypdyryn, ýüzüm-ä däl, hatda gabaklarymam galdyrman, gara dere batyp oturypdyryn. Jogap bermeg-ä beýlede dursun, ýerimden gozganmagada rogwatym ýetmedi. Üstesine-de ol, usullyk bilen geldi-de, elimi eline alyp, arkasyndan emaý bilen öpdi. Oň bilenem oňman, egilip ýaňagymdanam ogşady. Hälem iki çignimden galdyraga-da bagryna basaýmady. Her hal özüme geldim-de, ümüriň içi bilen barýan ýaly howany sermelekläp gapa tarap ugradym. Gulagyma bolsa Esrapyň: «Näme edeýin Melek, işden gideýinmi ýa işläbereýinmi, seň üçin haýsy amatly? Haýsyny edeýin? Ýa mende göwnüň ýokmy? Tamamy üzeýinmi...» diýen sözleri gelýä. Näme jogap berjegimi bolsa bilemok. Çünki, olar ýaly çynlakaý, göni aýdylan, batyrgaý söýgi sözlerini ilkinji gezek eşidişim. Hatda Dagdanam öz sözlerini şeýle kesgin suratda aýdyp bilmändi. Posa hakda-ha gürrüňem ýok. Esrap şeýlebir hökmürowan gürledi welin näme-de bolsa bir jogap bermän gidibermäge bognumam ysmady. Şonuň üçinem, razylyk hökmündemi ýa «ýok» diýen manydamy, asyl şol meniň ömürboýy arzuw edip gelen ýigidimmi ýa dälmi, özümem bilmezden, zordan diýen ýaly «Işläberiň...» diýip pyşyrdapdyryn. Meniň şol sözümi Esrap megerem razylyk hökmünde kabul eden bolsa gerek, gapydan çykyp gelýärkäm, onuň haýsydyr bir minnetdarçylykly sözleri yzly-yzyna gaýtalaýanyny eşitdim. Golaýyňda görünmen, diýse-de, Esrap iň bolman, hepde-de bir gezek menden ogryn-dogrynragam bolsa habar tutman, didarlaşman oňup bilmedi. Her gezekki duşuşykdan soňam, meniň oňa bolan bilesigelijiligim artdy. «Men şu ýigide «ýok» diýmän dogry etdimmikäm? Bu meni göz öňüne getirişim ýaly saklap bilermikä? Yşgy uzak dowam edermikä? Hossarlarym näme diýerkäler? Bu meselä agam nähili gararka?» diýen ýaly içi sorag alamatlaryndan doly pikirler güýçlendi. Ýöne, ol wagt eýýäm Gorbaçewiň «üýtgedip gurmak» syýasaty başlandy-da, kommunistik režim yraň atyp, raýkomlaram, olaryň sekretarlaram, obanyň medeniýet baradaky orunbasarlaram «modadan» gaçyp ugrady. Olaryň orunlaryna kim-kimleriň geljekdigem entek belli däldi. Şonuň üçinem, düşünişip bolmaz diýip, gorkup ýörenim agamdy welin, Esrap barada maslahat salanymda: «Bor, jigim, meň diýenim-ä bolmady. Bar zat üýtgedi. Indem özüň bil. Öz bagtyňy özüň açybilseň garşylygymyz ýok, kakamdyr ejem bilenem özüm gürleşerin. Bäş ýyllap abraýymyzy saklap gezdiň, şu görküň-görmegiň bilen özüňi öňýetene oýnadyp, ýüzümizi ýere salmadyň, biz razy. Halaşýanyňam alym bolsa hasam gowy. Pygamberimizem alymlary gowy görýän ekeni. Magtymguly aga-da: «Adam gowusy alym...» diýipdir. Aýt, arkaýyn adam iberibersin...» diýdi-de, bar zady ap-aňsat etdi oturyberdi. Garaz, hemme zat ugruna boldy. Men Uniwersiteti tamamlaýşym ýalam toý tutduk. Öňürti obada, soňam Aşgabatda, kiçiräk restoranlaryň birinde geçirdik. Esrap biziňkilere ýarady. Ýetimliginem gaty bir dillerine çolap durmadylar. Gaýtam: «Özbaşdak ýaşarsyňyz, öz eliňiz, öz ýakaňyz bor...» diýdiler. Ile bir otag berýän bolsalar, ýaňy öýlenen doktorant hökmünde Ylymlar akademiýasynyň umumy ýaşaýyş jaýyndan Esrapa iki otag berdiler. Esrap muňa begendi. Bular ýaly bagtyň hemmelere ýetdirip durmaýandygyny öwran-öwran gaýtalady. Mendenem begençli sözler eşitmek isledi. Ýöne, içi-daşy, gije-gündiz çagalaryň gohundan ýaňa çyr-çykylyk bolup duran umumy ýaşaýyş jaýyndan berlen hiç hili şerti bolmadyk iki otag meniň o-ol, göz öňüne getirýän bagtly durmuşymyň müňden bir bölegem däldi. Ýöne, «Köpi yzlap azdan galar» diýlen nakyl soňky döwürlerde meniň kellämde kän köwsarlapdy, köp zatlar barada başgaça pikir öwürmäge kömek edipdi. Şonuň üçinem, men jaý meselesinde Esrapa syr bildirmezlige çalyşdym. «Saňa bolan maňa-da bolar» diýdim. Esrap meni Ylymlar akademiýasynyň kitaphanasyna ― dekrete giden bir ýaş gelniň ýerine wagtlaýynça işe ýerleşdirdi. Özem Uniwersitetdäki «işi bilen» utgaşykly okamak şertnamasy esasynda doktorantura girdi. Islesem menem aspirantura salyp biljekdigini aýtdy. Göwnemedim. Çünki, birinjiden-ä mende alym bolmak höwesi ýokdy, ikinjidenem SSSR ýaly dünýäni endireden döwletiň dagam çamalagyny çaşyryp barýan täze syýasat söwda-satygyň, «biznesiň», baýlygyň bar zatdan, hatda ylymdan-bilimdenem, edebiýatdanam, sungatdanam bähbitlidigini adamlaryň aňyna barha we barha berk ornaşdyryp barýady. Henize çenli görlüp-eşidilmedik zat ― pul söwdasy peýda bolupdy. Soýuzyň rubly Amerikanyň «ýaşylja» dollary bilen jan dalaşyna giripdi. SSSR-iň ýykylmagy bilen onuň ýeke bir raýatlara däl, eýsem ýetmiş ýyl ozal «Orsyýet» atly otlynyň kellesine zor bilen tirkelen, indem hiç hili sala-salmazdan «kelleden» ýolnup taşlanan respublikalaryňam köpüsi «enem gitdi men galdym» oýnan ýaly haýsy tarapa ýörejeklerini, özlerini nirä urjaklaryny bilmän kösenýärdiler. Gyssanjyna soýuz dargandan soňam «soýuzdan çykmalymy ýa dälmi» diýen ýaly ýöntem sorag bilen, sala-salşyk geçirip ýörenlerem boldy. ― Türkmenistan ýaly... ― Howwa. Mahlasy «üýtgedip gurmagyň çagşadan zatlary indi düýp-teýkary bilen dargadylýady. Öwezine bolsa hiç zat hödürlenmeýädi. Ýykylan, ýapylan zatlaryň ählisiniň ýeri hoňkaryp durýady. O zatlary özüňiz gowy bilýäňiz, ýeke bir dagdaky goýunlar, düzdäki gara mallar däl, döredijilik soýuzlaram dargadyldy, olaryň önümçiligem ýatyryldy. Şonuň kime, nämä päsgel berendigini henize çenli bilýän ýok, döwlet baştutanynyň hut özüniň telewizora çykyp: «Çöldäki iki-ýeke çopandan başga diňleýän ýok, güm ediň şonam» görkezmesi bilen, «üýtgedip gurmak» döwri özüňiz ýaly garaşsyzlyk, dil, halkyň ýerasty we ýerüsti baýlyklary ugrunda göreşen döredijilik işgärleriniň yzysüre Aşyk aýdyň pirden, Babagammardan gaýdan gazma gara dutaram gadagançylyga düşdi. Ine, şu zatlar bolup durka, men özüm-ä aspiranturadanam, alymlykdanam bizardym welin, gorkýan zadym ― Esrapyňam ylmy işiniň nola geläýmeginiň ahmaldygydy. Garaşyşym ýalam boldy. Adam barynyň inini üýşendiren demir penje bir gün gelip Ylymlar akademiýasynyňam başyndan indi. ― Melek günäkär halda ýylgyryp aşak bakdy. ― Men size özüňiziň içinde gaýnap bişen zatlaryňyzy gürrüň berip otyrynmy? ― Ýok, ýok! O döwri her kim özüçe başyndan geçirdi, Melek. Şonuň üçinem, döwür bir bolsa-da ykballar dürli-dürlüdir. ― Örän gowy aýtdyňyz? ― Melek birhili tijenen ýaly boldy. ― Biziňki tüýs: «Öleni-öleni, gözüni garga çokana» diýleni boldy. Medeni opurylşyklardan soň jaý ýykylşyk başlandy. Ol örän uzaga çekdi. Henizem gidip otyr-a. «Wremýanka» görnüşinde bolansoň, Akademiýanyň «umumy ýatakhanasy» şonuň ilkinji pidalarynyň biri boldy. Biz meýdanda galdyk. Ýaman ýeri Doktorlygyny goransoň beriljek jaýam görünmeze gitdi. Muňa Esrap ylmy işiniň bökdenje düşendigindenem beter gynandy. «Ylym, döredijilik kelläňde. Ony eliňden alýan ýok. Doktorlygy men Moskwa gidibem goraryn. Aspiranturada bile okan dostlarymdan gowuja ýerlere ýerleşenleri bar. Mugallymlarymam işleşip ýörler. Bazar ykdysadyýetine geçiljek bolsa, ykdysatçylar gerek bolar. Gereklemeseler daşary ýurtlara gideris» diýip, garaçyny bilenmi ýa meň göwnümi götermek üçinmi, batyrgaý hem ruhybelent gürleýädi. Şu jaý meselesiniň kynlaşmagy welin, ony juda egbarlatdy. Badyny gaçyrdy. Sus etdi. Iň bir ýokuş görýän zadam ýüze çykan ýagdaýdan meniň nägiledigimi, aňyrsy boş görünýän hoş sözlerine ynanmamy bir wagtlar goýandygyma, bu gün-erte ýarylaýmagymyň, «hany maňa beren wadalaryň» diýip, üstüne gygyraýmagymyň ahmaldygyny aňdy. Ähli şertleri bar bolan bir otagly jaýy kireýine aldyk. Şol wagt men Ýusup bilen Ahmede göwrelidim. Wagtam golaýlap ýördi. Şol zerarly kitaphanadanam çykmaly bolupdym-da, uzynly günümi öýde, Esrapa garaşyp geçirmeli bolýadym. Ýagdaýymyzdan habar tutmak üçin bir gün ejem geldi. Onuň Aşgabada birinji gezek gelşidi. Salam-helikden soň, ol bir otagly jaýyň içine göz aýlady-da, «Ýaşaýşyňyz-a meňki bolsun diýer ýaly däl, ýa o ýigit bulaşyp dagy etdimi?» diýdi. «Ýok eje, ol bulaşanok, döwür bulaşdy, ýöne, basym düzelişer» diýdim. «Haý, näbileýin-dä, gyzym. Siziň bu ýerleriňiz-ä bilemok, oba ýerler-ä düzelerden geçdi. «Baýam baýa biýr, Hudaýam baýa biýr» diýlişi ýaly, ýer-suw, meýdan, mal-gara ýene-de baýlaryň eline geçdi. Lenin janyň emgejigi köýdi. Dag-dere-de ýat boldy... ― diýip, şol döwür iki adamyň başy birikse aýdylýan sözleri aýtdy. ― Häýt, ýöne, şol, Dagdan görgüli bilen dil tapyşan bolsaň gowy boljakdy welin... Allanäme, gözümiziň öňünde girer-çykar ýörerdiň... «Bu ýigidem gowy eje. Ýagdaýlarymyzam gowulaşar. Ýöne, sen gaýrat et-de oň ýanynda bir meň durmuşymdan nägiledigiňi duýduraýma» diýdim. «Bor guzym...» diýdi. Aýdyşy ýalam etdi. Esrap bilen mesaýy gürrüňler edip oturdy. Ertesi ir bilen Esrap işine gitjek bolup durka-da gyrmyldap ýanyna bardy-da, çekinjeňlik bilen «Garşy bolmasaň, jan ogul, aýagy ýeňleýänçä men Melegi oba alyp gidäýeýin?» diýdi. Esrap muny gaty görmedi. Gaýtam begendi. Bir wagtlarky şelaýynlygy bilen: «Bor daýza. Hemmeler şeýdýäler, hossarym bolan bolsa meniňkilerem şeýderdiler, diýip, kemsinip ýördüm welin, büý-ä gowy bolaýdy. Menem habar tutar duraryn» diýdi. ...Ýusup bilen Ahmediň hersini bir goltugyma alyp gelen günüm Esrap dost-ýarlaryny ýygnap kiçiräk oturylyşyk etdi. Meniň bilen agamdyr kakamam gelipdi. Kakam-a syr bildirmedi welin, ara-direlikde myhmanlary biri-birlerine kaklyşyp, dykyz oturanlaryny görüp, agam özüni örän bisereşgen duýdy. Meniň çagalarym bilen eýwanda çyr-çykylyk bolup oturyşymy görüb-ä tas märeke dagamanka topalaň turzupdy. Hälem men ýagdaýyny aňdym-da: «Aňyrsy bir hepdeden täze jaýa göçýäs...» diýip köşeşdiräýdim. «Onda oturşygyňyzy şoňa baransoň edäýmeli ekeni-dä» diýen ýaly bir zatlar aýdandyr-da, «hosur-hosur» edip, çilim çekmek üçinmi, nämemi daş çykdy. Agam dagy uzak eglenmediler. Şol günüň ertesi gitdiler. Agam Esrap bilen tutuksy hoşlaşdy. Kakam bolsa ikimize-de degişli edip: «Gaýrat ediň, bu-da geçer. Aljyraberseňizem habar edäýiň, birimizden-birimiz geleris, indi daga gitmek aladamyz ýok...» diýdi. Hut şol günüň agşamsam, biziň bir otaglyja amanat jaýjagazymyzyň içinde ilkinji gezek goh turdy. Ony men turuzdym. «Men saňa aldandym. Pöwhe-pöwhe sözleriňe çyndyr öýtdüm. Bular ýaly durmuşda ýaşatjagyňy bilen bolsam, golaýyma-da getirmezdim» diýip, Esrapyň ýüzüne geldim. Ol erbet boldy. Ýöne, sesini çykarmady. Hut şol günüň ertesi gidip, üç otagly, ähli şertleri içinde bolan täzeje jaý tapyp geldi. Ol biziň güzeranymyzy gowulaşdyrdy. Ýöne, wagtlaýynça. Çünki hernäçe amatlam bolsa, barybir o-da amanatdy. Tölegem gymmatdy. Men olar ýaly durmuşy arzuw etmändim. Şondan soň Esrap köp wagtlap pikirli, tutuksy gezdi. Oturdy, turdy, oýlandy, «öwhüldäp» uludan demini aldy. Bir zatlar diýjek bolýan ýaly ýüzüme seretdi-seretdi-de, ýene-de sesini çykarman turup gitdi. Meň bilenem, çagalary bilenem höwesi bolmady. Ahyram bir gün işden gelşi ýaly, agşamlygam edinmän: «Men utuldym, Melek...» ― diýdi. ― Durmuşdan, ykbalymdan utuldym. Indi ylymdan zat ýok. Biziň ýolbaşçylarymyz biz hakda: «Bular barybir dünýä derejesinde açyş edip bilmezler, gury döwletiň puluny ýele sowrarlar. Şonuň üçinem, tapylan zatlary ulanybersinler, özleşdiribersinler» diýen pikirde ýaly görünýäler. Habarlaşyp gördüm welin, beýleki respublikalaryňam ýagdaýy häzirlikçe-hä biziňkiden öwerlikli däl. Moskwaňkylaram şoňňaly: «Haýsyny görseň ýa-ha boş otyrlar, ýa-da özlerini «biznese» urupdyrlar. Men--men diýen artistleriň gurluşykda işleşip ýörenlerem barmyşyn. Mahlasy bar zat, bar ýerde söwda-satyga gönügipdir. Menem belki ykdysatçy hökmünde şol ugurdan bagtymy synap görerin. Munymyzdan-a güzeran bolmaz. Men çydasamam sen çydamarsyň. Juda bolmasa-da firmalaryň birine işe girmelimi, nämemi...» diýdi. Şonda meniň oňa diýseň nebsim agyrdy. Bu, düýn-öňňinem süýji arzuwlar, uly maksatlar bilen öňe barýan adamyň halys ruhdan düşen wagty aýdyp biläýjek, ýangynly sözleridi. Oňa maslahat bererden bolsa men ejizdim. Her niçik hem bolsa soragyny boş goýmazlyk üçin: «Firma girseň-ä azu-köp ýene-de belli bir aýlyga işlärsiň, söwda dursaňam birinjiden-ä oňa gor gerek, ikinjidenem o-da bir sungat, şol ugurdan üşük, tebigy zehin gerek... Sen bolsaň teoretik. Teoriýa başga, praktika başga» diýdim. «Onyň dogry. Ýöne men özümi daga-daşa urmaly welin, seni öz göwün islegiňçä ýaşaryň ýaly şert döretmeli, beren sözümde tapylmaly. Wadalarymyň birinde men: «Dünýede iki baýlygym bolar ― biri sen, beýlekisem ylmy işim» diýipdim. Ylym-a suwa çökdi, bir sen galdyň, şonuň üçinem, mundan buýana men diňe seniň ugruňda bolaryn... Biribaryň ýaradan beýle üýtgeşik maşgalasyny haýsydyr bir wagtlaýyn dörän durmuşy kynçylyklar zerarly hor-zar saklasam, men ýulunmaza giderin...» diýdi. Men özümi Esrapyň gujagyna oklap, hünübirýan agladym. Ahyram usurgap şol ýerde uklap galypdyryn. Esrapam meni oýarmazlyk üçin, tä daňdana çenli şol oturan ýerinde oturypdyr. Ata-enesiniň halyna düşünýän ýaly, şol gije ekizlerem sarsman ýatypdyrlar. Esrapyň orta atan meselesi bir hepdä golaý dowam etdi. Arasynda menem öz hyzmatymy orta atyp gördüm. «Bu wagt türkmende-de dört tärimiň içinden çykman oturan aýal ýok. Galyň heleý bir Hytaýdan çykýa, bir Hindistandan. Sermaýajyk tapylsa, Ýusup bilen Ahmede eneke tutup, menem şolaň edenlerini ederdim, sen ylmy işiň bilen boluber», diýdim. Muňa Esrap ör-gökden geldi. Göwnemedi. «Men barkam o zatlar saňa galmandyr, özüm bir zat ederin» diýdi. Ahyram «Täze baýan türkmen baýlarynyň berimliräkleriniň birindenmi ýa döwlet banklarynyň birindenmi, karz pul alyp söwda etmeli, soňunyň näme bolýanynam görübereris...» diýen karara geldik. Ýöne, men Esrapyň söwda goşularyndan, bulaşaryndan gorkýadym. Sebäbi, ol söwda adamy däldi. Bir günem ir bilen gitdi-de, öýlänaralar aty çykan ýaly «dylym-dylym» edip geldi. «Uç tapyldy, Melek!» Demirýoluň gaýrasyndaky mähellede «krutoý» lakamly, Kerim diýip bir baý ýigit barmyşyn. Mekdepden başga okan ýerem ýokmuşyn welin, «men-men» diýen ylymly, bilimli adamlaram başarnygy bilen «ompa» oturdýamyşyn. Özem köçede durup dollar satmakdan başlapdyr. Kim kömek sorap barsa, boş gaýtaranokmyşyn. Döredijilik adamlaryny, ylmy işgärleri hasam gowy görýämişin. Maňa şony salgy berdiler. Ertir şoň ýanyna gitjek...» diýdi. «Çagalary goňşy mama goýup, menem bile gidäýeýin...» diýdim. «Ýok!» ― diýip, ol kesgitli jogap berdi. ― Sen gal! Çagalaryňa seret-de, ýagşy dilegde bol. Bolar--bolmazyň: «Heleýini yzyna tirkäp, boýny torbaly, pul diläp ýör» diýen ýaly gybatyna galaýmaly» diýdi. ― Melek çümre bürenen, gap-gara ýaz ýaglygynyň çowy bilen çygjaran gözlerini süpürdi. ― Şeýdip, ol Kerimiň gözlegine çykdy. Bir hepde gatnap öýünden-ä tapmady. Gowy atasy bar ekeni, şol: «O ýeredem-ä myhmandyr welin, sen köşek, juda zerur bolsaň edarasyndan gözläýsene şony. Iň bolmanda haçan geljegini aýdarlar, telefonyny bererler. Bu ýere-hä haçan gelip, haçan gidýänini dogrusy menem bilemok» diýensoň, «ofisine» gatnap ugrady. Ofisine gatnabam, Kerimiň özi bilen gabatlaşybilmän Esrap kän kösendi. Ahyram tanşynyň-tanşynyň üsti bilen diýen ýaly duşuşmaga maý tapdy. ― Şol waka edil şu wagt bolup geçýän ýaly Melegiň ýüzi ýagtyldy. ― Kerim bilen gürleşip gelen güni Esrapyň şeýle bir keýpi kökdi welin, menden hoş söz alan günem şonça begenen däl bolsa gerek. Içi täp-täzeje dollarlardan doly diplomatyny açyp, güjeňlemek üçin stoluň üstünde goýan wagty dagy bolubilşini bir görsediňiz. Ilk-ä onuň daşyndan tans edip, özi aýlandy, soň meni, ondan soň çagalaryny ýeke-ýeke gujagyna alyp aýlandy. Hiňlendi. Agzy bilen saz çaldy. «Žiwýom rebýata, žiwýom...» diýip gygyrdy. Mazaly köşeşenden soň, oturyp bileje nahar iýdik. Aga-gara düşünip ugran çagalaryňam şol gün eňeklerine jaň dakylan ýaly boldy. Olaryň bu boluşlaryny görüp, biz hasam begendik. Esrapyň bizi gezek-gezegine, näçe gezek ogşap çykandygynyň dagy sany-sajagy ýitendir. Hemişe nahardan soň töwirsiz turup gidibermäni hiç zatça görmeýän ýigit, bilmedim nireden öwrenipdir, kimden öwrenipdir, Kerime rysgal, döwlet diläp, ýarysy türkmençe, ýarysam arapçadyr-da, bir zatlar-a okady. «Allah, Kerime bersin, Kerimem bize bersin» diýibem, elini galdyrdy. Menem galdyrdym. Töwire başlaly bäri gözlerini tegeleşip kakasynyň ýüzüne mölerilişip oturan çagalaram galdyrdylar. Dollar diýlen zatlaryny meniň ilkinji gezek görşümdi. Şonuň üçin men ony öwran-öwran elldim. Durup-durup synladym. Esrapdan diplomaty ýapmazlygyny, ertire çenli şol duran ýerinde açyp, şol durşuna goýmagyny haýyş etdim. Şol gije nahardan soň, gözümizi käte bir içi dollarly diplomata aýlap, çaý «şirpildedişip» otyrkak, men Esrapdan Kerimiň şol pullary näçeräk göterim bilen berendigini soradym. «Wiý, aýtmandyrynam, hiç hili göterim ýok! Hiç hili ylmy-bilmi ýok, diýselerem, ol örän akylly ýigit ekeni. Agam sen söwda baş goşma-da işiň bilen bol. Türkmende-de şeýle alym bar ekeni-ow, diýdir. Eline pul berseň söwdany her kimem eder, ýöne, her kim alym bolup bilmez. Maňa tanyşlarym aýtdylar, sag-aman baş alyp çykybilse şol ýigidiň temasy dünýä derejesindenem aňryny tozadýa diýdiler. Şonuň üçin, men saňa «sponsorlyk» etjek, bu pula-da jaý al, özümiň-ä içimde arman galdy, okap bilmedim, ýöne, siz ýaly zehinli, kömege mätäç adam görsem, goldasym gelip bagrym gijäberýär... diýdi» diýip, Esrap agzynyň ýetişibildiginden gürledi. Kerim hakda ol şondan soňam köp-köp öwgüli sözler aýtdy. Ylmy işini taşlamaly bolmajakdygy, şowly tamamlap bilse, Kerimiň ony dünýäniň islendik döwletiniň ykdysadyýetine ornaşdyrmaga kömek etjekdigine begenmekden ýaňa tä ýatyp galýança «ýyrş-ýyrş» edip, geplendi oturdy. Men welin ýatyp bilmedim diýen ýaly. Gije öwran-öwran oýanyp, stoluň başyna bardym. Entek daňysam çözülmedik dollarlary synladym. Käbirlerini elime alyp ysgap gördüm. Diplomatyň daşyndan sypalaşdyrdym. Esrapçalap menem Kerime Allahdan bimöçber rysgal, döwlet diledim. «Sen oňa ber, o-da bize bersin» diýdim. | |
|
√ Aýuwlaryň aýdymy -6: powestiň dowamy - 28.08.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -3: powestiň dowamy - 04.08.2024 |
√ Ene / powestiñ dowamy - 14.01.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Gudrat - 03.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 04.03.2024 |
√ Palindromaniýa: TamA Amat bermez - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Atyň ürken ýeri... - 06.03.2024 |
√ Taraşa / powest - 01.02.2024 |
√ Taraşa -3/ powestiñ dowamy - 15.02.2024 |
√ Oñat oglan / powest - 06.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||