20:27 Kysmat / powest | |
KYSMAT
Powestler
1. Nätanyş adam Aşgabadyň gaýra gyrasyny ýakalap oturan, oba kysmy, kiçeňräk mähellämiziň ýaşaýjylary biri-birlerini edil içgin bolmasa-da, daşyndan-a tanaýardylar. Emma, ine, soňky döwürlerde peýda bolan, daşyndan seredeniňde öýsüz-öwzarsyz, hossarsyz, Günüň ýaşan ýerinde ýatyp-turup, gündelik ryzkyny zibilhanalardan çöpläp, onuň-munuň galdyranjasy bilen oňňut edip ýören, akyly kemterräk, oýnatgyrak biçäre bendelere meňzeýän, garaýagyz, daýanykly pyýadany welin, hiç birimizem tanamadyk. Has geň ýerem, ony hemmämiz diýen ýaly kimdir birine meňzedýärdik. Emma, kimedigini welin, beýnilerimize hernäçe zor salsak-da, bilip bilmeýärdik. Ahyram: «Megerem, ol bende mähellä golaýda göçüp gelen biriniň bir zady bolsa gerek, kimdir birine meňzeşligem göwnümizedir ýa tötänlikdir» diýen netijä geldik. Gyşyn-ýazyn diýen ýaly onuň başynda-ha etegi gyrlyp, ýüplükleri sallanyşyp ýatan, depesi deşik, içinden biri ýogyn, biri inçe ak zolak geçen, solgunrak gök reňkli, sport börüjegi, egninde jübüleri çöwrülişip duran köneje çal penjegi, täzesarrak, syrdambitinräk, ýöne, ýakasy kirden ýaňa «ýalp» berýän ýaşylymtyl, «şotland» köýnegi, aýagynda-da ilikleri ýa-ha ýalňyş ýa-da bütinleý ildirilmändigi sebäpli, aňyrsyndan könele-könele çal reňke öwrülip giden gara türsügi görnüp duran, kemere derek halkalaryndan kir serilýän inçejik ýüp geçirilen, onuňam uçlary uçguryňky ýaly halkalanyp daňlan, goňrumtyl «welwet» balagy bardy. Bagjyklary üzük-ýoluk, möjegiň gulagy ýaly hersi bir tarapa «hekgerip» duran dilleri guramakdan ýaňa gatap, döwülere gelen gonçly, gara botinkasynyň apgyrdyny hemişe basyp ýör. Sag aýagy täbigräk bolansoň her gezek süýräp alanda botinkasynyň ýasy burny esli ýere çenli asfalty sydyrdyp gidýär, yz goýýar. Şonda ol çep omzy bilen öňe tarap owsun atýar-da, başynam silkip goýberýär. Agzy boglan, kiçeňräk kendir halta-da, haçan görseň çep çignine atylgydyr. Ýyrtyjaklaryndan görünýän «ýaldyr-ýuldurlardan» çen tutup, onuň içindäki «dümreýşip» duran zatlaryň arakdan boşan çüýşelerdigini aňmak bolýar. Trotuar bilen hem süýrenjiräp, hem gaýkyjaklap barşyna, ol ha yzyndan ýetsin, ha öňünden çyksyn, tanasyn ýa tanamasyn tapawudy ýok, maşynlaryň sürüjileri bilen seretseler-seretmeselerem, alsalar--almasalaram «ýyrş» edýär-de, baş atyp salamlaşýar. Meniň bilenem şeýle. Şolar ýalyda meniň žurnalistlik bilesigelijigim oýanýar-da, mähellede täze görnüp ugran, derwüş sypat bu geň adamy ulagyma mündüräge-de bir çeträk ýere äkidesim, onuň bilen gürleşesim, ykbaly bilen gyzyklanasym gelýär. Göwnüme bolmasa onuň aňyrsynda syrly bir ykbal ýatan ýaly bolup dur. Emma onuň eleşan görnüşinden howatyrlanýanmy, haýsydyr bir ykmanda bilen köçede ýa çaýhanalaryň birinde gürleşip oturmagy özüme uslyp bilemokmy, ýa häzirki döwürde keç ykbally adamlar baradaky makalalaryň metbugatda çap edilmeýändigi üçin şeýtan elime kakýamy, basym pensiýä gitjekdigim ýadyma düşüp, iň bolmanda, şoňa çenli bir sabyr edeýin diýýänmi, garaz, şol pikirimi gör indi nijembir wagt bäri soňa goýup gelýän. Ýene-de bir gezek size ýatladýan ― mähelläniň ähli ýaşaýjylary, şol sanda menem, ony bir adam ýaly bolup, kimdir birine meňzedýärdik. 2. «Krutoý» Kerim «Ýigit başy esen bolsa, Mally bolar, malsyz bolar». Görogly eposyndan. ...Ine-de men, mähellämize degişli şäher poçtasynyň içinde onuň bilen ýanaşyk otyryn. Meniň bu ýere pensiýe pulumy almak üçin, birinji gezek gelşim. Ol welin, özüne megerem, maýyplygy üçin, döwlet tarapyndan berilýän kömek puluny almak üçin gelen bolsa gerek. Zalyň içi birneme alagaraňkyrak bolansoň, boş ýer gözläp barşyma men hut şonuň ýanyna çökäýendigimem, gözlerim garaňka öwrenişip, töweregime garanjaklap ugranymdan soň bilip galdym. Nämüçindigini bilemok, ilk-ä ony süňňüm syzdy. Bir üýtgeşik, ýakymsyz ysam gelen ýaly boldy. Gyýalybraga-da seretsem, şol! Inim tikenekläp gitdi. Çünki, ulagly barýakaň bildirmeýänem bolsa, bendäniň ýüzi-gözi görer ýaly däl ekeni. Juda eýmenç. Agyz haýsy, burun haýsy, göz nirede, gaş kaýda biler ýaly däl. Her hili heläkçiliklere uçrap, dürli ýagdaýlara düşen adamlary gördüm, ýöne, bu haldaky bendelere welin, heniz duş gelemok. Sag gaşy bildirýä. Ýöne, o-da keseleýin kesilipdir. Ýokar dodagy dikligine çapylypdyr-da, edil towşanyňky ýaly ikä bölünipdir. Çep çekgesiniň eti selterilip, bitende büzülipdir-de, her gezek agzyny açyp-ýumanda, o-da döwek döwýän osrak ýabyň syrty ýaly gelip--gidip dur. Burnunyň örküji döwlüpdir-de, «paşşaryp», ýüzüne ýelmeşipdir. Özem şeýle bir ýelmeşipdir welin, «hys-hys» edip demini zordan alýar. Iki gözüni bir nokada bilelikde gönükdirip bilenok. Eýläk seretmek üçin, ýüzüni beýläk sowmaly bolýar. Jikgeleri çylpyklap duran gözlerini birsyhly ýumjukladýar. Ýöne, ýeňsesini tüňňerdibräge-de, o ýan, bu ýan garanjaklanda welin, şol gözler ulalyp, hanasyndan çykaýara gelýärdi we adamçyl erkegiňki deý agdar-düňder bolýar. Baryndan beterem şeýle bir aňkaýar, hiç çydar ýaly däl. Şonuň üçinem, men özümi esli wagt bäri biynjalyk edýän bilesigelijiligimem bir tarapa taşladym-da, assyrynlyk bilen gaçara ýer gözläp başladym. Emma boş ýer gözüme ilmedi. «Eý, şundan-a dik duranymam gowudyr» diýen oý bilen ýerimden turmaga hyýallandymam welin, onuň üznüksiz «hassyldysynyň» arasy bilen, tüýküligini syçradyp, «wazzyk-wuzzugraga-da» beren salamy, özüme tarap uzan, üsti durşuna tüý bolup duran ýogyn bilekli gap-gara, gödeňsi eli öňküje ýerimden gozganman oturmaklyga mejbur etdi. Adamkärçiligiň ýazylmadyk kanuny, hususan-da, salamyň haky, gorkunç ýüzdenem, agyr ysdanam üstün çykdy. Meni ýene bir köşeşdiren zat: Eger-de, şular ýaly pişeneli döwlet binasyna gelip, möhürli, tugraly resminamalara gol goýup, pul alyp bilýän bolsa, aýnaly tekjäniň aňyrsynda sülmüreşip oturan gelinlerem sülük deý barmaklary bilen oňa atyr ysly döwlet «banknotlaryndan» berip bilýän bolsalar, onda ol adam edil biziň pikir edişimiz ýaly ähli sanawlardan ady öçürilen, öýsüz-öwzarsyz ykmanda-ha bolmaly däl. Her niçik hem bolsa, bu köne şylhalaryň aňyrsynda hakykatdanam bir gizlin syr bolmaly. Şonuň üçinem men özüme zor salybam bolsa, onuň «gep haltasyny» birneme silkelemelikäm diýýän. Ýöne, gaty bir dürtgüläbermeseň o-da özünden bilip gep açjak adama-ha meňzänok. Meniň bolsa «gyzamykdan galan» soranjaňlyk häsiýetim bar. Ejem pahyram maňa hernä: «Saňa dil çykanda-da: «O näme? Bu näme? O kim? Bu kim?..» diýip çykdy» diýerdi. Ene süýdi bilen endamyma siňen şol häsiýet bu gezegem meni uzak garaşdyrmady. Öňi bilen-ä men onuň adyny soradym. ― Adymmy-y?... Hä-ä... Adym neme... Kerim... ― diýip, ol aty çykan ýaly «ýyrş-ýyrş» etdi. Soň saglyk ýagdaýy bilen gyzyklandym. «Näme boldy? Ýa heläkçilige dagy uçradyňmy? Dogabitdi maýyba-ha meňzäňok sen» diýdim. Halamady. Buýtar-suýtarraga-da bir zatlar diýdi, düşünmedim. Ýarawsyz adamyň halamaýan soragyny gaýtalap, kejikdirip oturmany bolsa gelşiksiz gördüm. Onam, özümem, oňaýsyz ýagdaýdan alyp çykmak üçin, gürrüňiň terzini maşgala, ogul-gyz meselesine tarap üýtgedäýenimi kem görmedim. Atan okum nyşana degdi. Ol ýene-de «ýyrş» etdi-de, iki barmagyny çommaldyp: ― Iki oglum-ma... ― diýdi. Daş görnüşi ogly-gyza bara meňzemeýän adamyň agzyndan çykan ol söze ynanmak kyndy. Şeýle-de bolsa badyny almazlyk üçin, men ony ugruna kowdum. ― Tüweleme. Ikisem ýanyňdamy? Bile bolýaňyzmy? ― Ýok. Hezsiniň öz öýi wa... Ikisem masgalaly. Şagalazam-ma... ― Şäher içindemi? ― Huw-wa-a... ― Gelýälermi? Habar tutup durýalarmy? ― Huw-wa-a... ― «Hys-hys-hys ― hys-hys-hys...» ― Ýylda bir gezek. Täze ýyl gijesi... O-da aýak üstünden-laý... ― Beh! O nämüçin beýdýälerkä?.. ― Aý, ýeme-dä... Isli adamlaz-da. ― Hökümet işindemi? ― Ýok, toýlazda aýýym aýtýa-laz... ― Sowgatjyk zat bir getirýälermi? ― Ejelezine getizýälez, maňa getizenoklaz. ― Nämüçin? ― Ýitizsiň, tiýýälez. Men öňküdenem beter geň galdym. ― Diýmek, onda seniň maşgalaňam bar-da? ― Aý... Baz öz-ä welin... Men onuň: «Bar» diýenine begendim. «Her niçik hem bolsa, köçede görüp pikir edişimiz ýaly, ýerden ýeke çykan hossarsyz biçäre-hä däl ekeni» diýdim. Şonda ol meniň gözüme üsti-başy gurat, ýüzi-gözi düzüw, akyly-huşy ýerinde bolup göründi. Ysam aýrylan ýaly boldy. Ýöne «welisine» welin, gynandym. O-da özi ýaly bir hiç zadyň alnyndan däl, akyl tarapdanmy ýa beden tarapdanmy ýarawsyz bir bimar bendedir öýtdüm. Men muňa Kerimiň özüne-de aýtdym. Dogrumy meň şol pikirim, diýip soradym. ― Ýok, ýok, beýle däl. Ol daýaw, şagat. Ýyldyza toýnak şalýa. Özem şeýle bir owadan... Şol owadanlygy üşinem men ony öýlenmedik halyma iki şagasy bilen aýal edindim. Şeýdibem şu güne düşdüm. Şoň bar zat üýtgedi. Şonuň üçinem, häzir bir gapydan girip-şykýanam bolsak, käwagt bir galan-gaşanlazyny öňüme oklaýa diýäýmeseň başga «opçy» zadymyz ýok. Kerimiň ýagdaýyndaky adamlaryň aglabasynda bolşy ýaly, onuňam birdenkä kellesi göçdi-de, çaýmaklak başlady. Agzynyň parawuzy söküldi. Gep haltasynyň bujagy çözüldi. Özem: «hapyr--hupur» edip, şeýle bir çalt hem düşnüksiz gepläp ugrady welin, hormatly okyjy, mundan buýana men onuň sözlerini siziň üçin düşnükli bolar ýaly adaty dilde beýan etmekligi makul bildim. Şeýlelikde: ― O-da hiç. Men onuň aşyna-nanyna zar däl. Bir özüme bolarlyk harjyny maňa... ― Kerim kassa tarap eňegini ülňedi. ― ...ine, şularam berýäler. Çöpleýän çüýşelerimem ýeterlik bolýa. Ol, bi eçiläýse dag-a artýa-da, özümdenem hor-zarraklara berip goýberýän. «Özüňden artanyny hökman mätäçlere berginiň» diýip, maňa hemişe atam pahyr sargardy. Arak-şerab-a içemok. Çilimem çekemok. Nasyň dag-a garasyny görsem ýüregim bulanýa. Neşe diýlen zadyň bolsa şarpygyny... ― Kerim siňek kowýan ýaly, eli bilen ýüzüni gorady. ― Ýeri, bolýa, meň diýjek bolýan zadym, goý, ol maňa seretmese seretmesin, asla seredenem gerekgä, ýöne... ― Kerim eglibräge-de agzyny gulagyma golaýlatdy. ― Ýaman ýeri dek gezenok. Gözümiň öňünde etjegini edip ýör. Meni dagy tyrrygyna-da taýlanok. Ärimdir-ow şü, şuňňam göwni bardyr-ow, diýip dagy oýuna-da getirenok. Biri bilen telefonda gepleşýä-de: «Bor, bor, häzir barýan» diýip, turýa ötägidýä. Bilgeşleýin edýän ýaly, käte gepleşip oturyşyna gözlerini göni gözlerimiň içine dikip: «Şol öňki baran ýerimiz dämi? Şol ýere barybermeli dämi?..» diýýä. Hammama gürleşýän bolsalar gerek, kämahal sumkasyna salyp, ullakan palatinse, sürtgüç, sabyn, hatda haladyna çenli alyp gidýä. Käte gapydan alyp gidýän wagtlaram bolýa. Şolar ýaly-da halys äsgerilmeýändigim üçin, jaýyma girip, içindenem temmeleýän-de, tä içim egsilýänçä aglaýan. Içim welin egsiläýenok. Gaýtam derdim artýa. «Beýdip ýörenimden-ä ölenimem gowudyr» diýen pikir bilen käte özümi heläklemegiň ugruna çykýan. Emma oňa-da gaýratym çatanok. Ölüp bilemok. Çünki, maňa ölmek bolanok. Şonuň üçinem, olaryň özlerini öldürmekligiň «kül-külüne» düşýän. Bir wagtlar, bir ýerlerden tapyp gelen, sapy gowşak, poslyja paltamy bukup goýan ýerimden çykarýan-da, çalyp başlaýan. Agaç ýonuşgalardan pahna urup, çişip berkär ýaly üsdündenem suw guýýan. Emma, barybir başarýan zadym ýok. «Olaryň ikisinem bile öldürmelimi ýa haýsam bolsa birini? Eger şeýle bolsa haýsyny?» diýen ýaly oý-pikirler kellämde at salyp ugraýa-da, asyl palta elim barman geçäýýä. Ahyram: biriniň namysyna degendigi üçin oýnaşyny öldürmeli, diýen netijä gelýän. Sebäbi, aýalymy öldürmäne dözemok. Olar ýaly owadan maşgalany öldürmek bolmaýa. Ol Hudaýyň garşysyna gitmek bolýa. Onsoňam men ony entegem, edil öňkim ýaly gowy görýän... Söýýän. Ana, şondan soň men onuň oýnaşyny nädip öldürmelidigim barada oýlanyp başlaýan. Paltany onuň edil boýnundan salmalymy ýa süýr depesinden inderip, çüwdesini ýarmalymy? Onam çözübilemok. Ahyram, näme bolsa şol bolsuna salýan-da, paltamy goltugyma sokup, maşynyň gelip durýan ýerine tarap bukdaklap ugraýan. Emma barybir bitirýän goşum ýok. Elimi goltugyma sokup-çykaryp, öwran-öwran ellemekden ýaňa, paltamyň çakyry çykan, jaýryk-jaýryk sapy ýülmendi-de, soňabaka ýalpyldap duran boldy. ― «Hys-hys-hys...» ― «tys-tys-tys...» ― Bir gezeg-ä şowsuzragam bolsa şoňa milt-ä etdim... Ýöne howlukdym. Maşyn gelip durandan bukudan çykdym-da, paltamy bulaýlap, onuň üstüne howala bolaýdym. Ýöne, çüwdesinemi ýa boýnunyň çykan ýerinemi, haýsyna urmalydygym ýadyma salybilmän kösendim. Aljyradym. Oňa çenlem aýalym geldi-de, elime ýapyşdy. «Ga-aç!..» ― diýip, sürüjä gygyrdy. Entek kabinadan çykmaga-da ýetişmedik sürüji «nazzad» berdi-de, tigri bilen ýer peşedip, zut gitdi. Men ony çalarak görüp galdym. Göwnüme bolmasa, ol juda ýaş görünýärdi... Gözleri hanasyndan çykara gelen aýalym onuň yzyndan seredip durdy-da, birdenem maňa topuldy. Paltamy aljak boldy. Bermedim. Şondan soň ol sesiniň ýetdiginden üstüme gygyryp ugrady: «Sen näme, bujagaz günüňdenem dynjak bolýaňmy? Dälihanada ýatasyň gelýämi? Häziriň özünde şo maşyny yzyna çagyryp, hut şoň bilen ýygnadaýynmy seni? Ýa oň özi ýene bäş minutdan milisiýaly geläýse men näme jogap bereýin? Ýa: şuňňa ýagdaýy şeýleräk. Äkidiň, men-ä bizar boldum, diýeýinmi? Ýa sen görmediňmi şo maşynyň taksidigini? Garagyň gapykmydy? Hojalyk maşyny bolanda näme? Açyk gapydan gelen bor, gidenem. Bilip-bilmän eliň ýalaw ýaly paltaly dyzabermek bolarmy? Ýa içinde öz ogullaryň oturan bolsalar nätjek?..» ― Kerim «ýyrş» etdi. ― Eger-de şol maşynyň hakykatdanam taksidigi çyn bolsa, onda men tasdanam bir bigünä adamyň ganyna galjak ekenim. Ýöne, men muňa ynanamok. Aýalym meni aldan bolmaly. Ýogsam o sürüji dogrudanam yzyny ýel çalmanka ýany milisiýaly gaýdyp gelerdi. Bu bolsa olaryň syryny açardy. Şonuň üçinem, men: «Gel-aý, gowusy çemini tapaýynda şuň özüni öldüreýin-le» diýen niýet bilen, paltany eltip öňküje ýerinde goýdum. Soň elimi goltugyma sokup-çykaryp, süýji ukuda, derçiräp ýatan aýalymyň başujunda näçe gijämi geçirendigimi bir bilsediň. Ýöne, oň gara saçlaryny ak prostynyň üstüne ýaýyp, per ýassyklary gujaklap ýatyşyna gözüm düşenden paltanyň sapyndan gysymlap duran barmaklarym gowşap, ysgynym gidäýýä. Gözýaşlarymy üstüne döküp durşuma, hamala ony öldürmäge däl-de, synlamaga gelen ýaly, göre-göre göwün solpymdan çykan zatlarymy heniz görmedik ýaly, açgözlülik bilen synlaýan. Ogşaýasym gelip, telim gezek dagy üstüne egilýän. Onam oňaramok. Birden oýanaga--da, goltugymda paltanyň bardygynam bilse, ertire galman, eltip dälihana dykaryndan gorkýan. Özüm ýadabam gidýän. Pälimden welin el çekemok. Şonuň üçin, paltamy öňküsindenem has bukurak ýerde gizläp goýýan. ― Kerim tisgine-tisgine, iki çigninden sowuk demini aldy. ― Şu ýagdaýdakam il-gün menden ar-namys hantama--da däldir welin, nätjek-dä, adam pahyr nähili güne düşseňem, göwnüň şol bir göwün-dä. «Pylanyň aýaly şeýdip ýör» diýdiresiň gelenok-da... Dili zordan öwrülse-de, sag adamyňam hemmesiniň ýüregini gozgap durmajak, ar-namys baradaky «wawwaly», mamla gürrüňleriň başyny agyrdyp oturan adam ― şo-ol, köçelerde aýagyny süýräp, çüýşe çöpläp ýörse, eleşan eşikli kişidir, diýseň kim ynanar? Diýmek, men dogry pikir edipdirin. Ol boş bolmaly däl. Şonuň üçinem, men ýene bir gezek onuň halamaýan soragyny bermeli boldum. ― Kerim, beýle barlyşyksyz güne düşer ýaly aýalyň ikiňiziň araňyzda nämeler bolup geçdi? Beýle tapylgysyz owadan gyzy sen başda nädip aldyň? Halamaýan bolsa, ol nädip saňa bardy? Aslynda saňa näme boldy? Nädip sen bu hala düşdüň? Öň şu ýagdaýda bolan bolsa, ol saňa barmalam däl... Käbir çaganyň ýoldaşlaryndan öýkelän wagty: «Aý, onda men-ä oýnajagam dä...» diýip, gidişi ýaly, soragym gulagyna degenden, Kerim «hyrra» öwrüldi-de, terse bakdy oturyberdi. Ozalam-a bende-de ýüz-göz ýok welin, «küsserdensoň-a» öňküje görünýänje deşikler-diliklerem ýitdi-de, repide ýaly tep-tekiz boldy duruberdi. Ol indi gürlemese gerek ― diýip, içimi gepletdim. Ýakmajakdygyny bilip durkamam şolar ýaly keçje sorag berendigime puşman etdim. Birdenem, onuň gulagyna ogullary baradaky soragyň hoş ýakýandygy ýadyma düşdi-de: ― Kerim! Ýogsa-da sen o barada ogullaryňa aýdyp görmediňmi? Maslahatlaşmadyňmy? Ol şol bir aňyrsyna bakyp oturyşyna: ― Kim barada... ― diýip, «hoňňul-hoňňul» etdi. ― Aýalyň barada. Ol göwünli-göwünsiz bärsine öwrüldi. Endigine görä ilk-ä «hys-hys», soňam «tys-tys» etdi. ― Ýa he-eý, janym agam senem-ä... ― Ol bogunlary tüýjerip duran ýogyn barmaklaryny ýeke-ýeke büküp başlady. ― Byrynjydan-a är bolup, heleýiňi ogullaryňa ýamanlap oturmak aýyp bor. Ikinjidenem olar maňa däl-de, ejelerine ynanarlar. Şol bir agyz: «Kakaňyzyňk-a ýene-de gozgap ugrapdyr. Gözüne bir zatlar görünýämi, nämemi, gelen myhmanyň üstüne eli paltaly topulyp dur... Äkidip ýene-de iki-üç aý seretdiräýmeseňiz bir zadyň üstünden barjak bi...» diýer welin, nädersiň ikisi iki ýerden elleri ýüpli daşymdan aýlanyberseler. Çünki, olar üçinem, kabul etjek hekimler üçinem men hatly-petekli, jemgyýet üçin howpsuz, ýöne ruhy taýdan näsag, beden taýdan maýyp adam. Gerek bolsa däli ýa telbe hasabyna geçirseňem bolman duranok. Galyberse-de, gyzzy-gyzza gelende, olar maňa dözerler, ejelerine dözmezler. Ar-namysa göz ýumarlar, ejelerine gyýmazlar. Sebäbi ― bu dünýe binamysyň dünýesi. Onsoňam, meniň bilen janym agam, diňe sen adam şekilli gepleşýäň. Nämüçin şeýdýäň, bilemok... Şondan soň meniň oňa bolan duýgudaşlygym hasam artdy. Belki şonuň üçindir men oňa birneme pynhanrak, ýene-de «hyrra» aňyrsyna öwüräýjek sorag berenimem bilmän galypdyryn. ― Bagyşla welin, Kerim, ýememi onsoň, o zatmy? Bir bile ýaşaýas diýýäň, bir biri bilen gidýä diýýäň, seň özüň bilenem ara-çola bolýamy ýa şo-ol, şonsy bilen oňup ýörmi? ― Howwa, şeýdip ýör. Meni golaýyna-da eltenok. Dillenibersemem ýaňky aýdanym: «Tutdyryn, basdyryn, maýyplar öýüne tabşyryn» diýip başlaýa. ― Ol birsalym, böwrüni diňläp oturdy-oturdy-da, birdenem «ziňk» edip ýüzüme çiňerildi. Wiý!.. Bir gezeg-ä boldy how şol... Aýtyp beýenmi?.. ― Wah, käşgä aýdyp berseň. ― Şol gün ol giden ýerinden öňkülerine görä has ir geldi. Özem keýpsiz. Ýüzünden-gözünden gar ýagýa. Gaşlary çytyk. Gabaklary börtülip dur. Saçlary buýr-bulaşyk. Kimdir biri bulguryna gyjyndyryjy bir zat guýandyr-da, suwuna gowy degip, şoruny ýatyryp bilen däldir, öýtdüm. Ýöne, hemişekileri ýaly meni ýanyndan kowanok. Üstüme gygyranok. Asla men bardyrynam öýdenok. Garabaşynagaý. Bir oturýa, bir turýa. Bir sumkasyny barlaýa, bir jübülerini sermeleýä. Kimdir birini gözleýän ýaly daş-töweregine garanjaklaýa. Penjiräniň tutusyny syryp, daşaryk seredýä. Birdenem ýatyş diwanyň ýanyna barýa-da, düşeklerini ýazýa, çykarynýa, ýerine geçýä. Emma ýatyp bilenok. Gorsanýa, çabalanýa, eýläk-beýläk togalanýa, gerinjireýä, aýalary bolsa göwüslerini gysymlaýa, myjaýa, barmaklary bilen mämmesiniň ujuny oýnaýa «yňranýa», «Ah» çekýä. Urunýa. Ahyram telefonyny tapdy-da, kimdir birine jaň edip ugrady. Hiç hili jogap bolmansoň, öňküsindenem beter kejikdi-de, tilpuny eliniň ýeten ýerine zyňyp goýberdi. O-da baryp düşüşi ýaly «jyňňyrdap» ugrady. emma aýal ony almady. Gaýtam iki eli bilenem gulaklaryny tutdy. O-da goýar ýerde goýmady. Ahyram bizar bolandyr-da: «Nämä dursuň, dikil-gazyk ýaly bolup? Bar getir, şony!..» diýip, maňa gygyrdy. Men onuň özüme ýumuş buýranyna monça bolup, jaň gelýän tarapa ýüwürdim. Ýöne, içiňi ýakaýyn diýýän ýaly, men baryp elimi uranymdan o-da öçdi. Aýal ýene-de däliräp başlady. «Özüň öçürdiňmi? Bilgeşleýin etdiňmi?» diýip, öňküsindenem beter gygyrdy. Özi aýlap başlady welin, ýene-de alan bolmady. Bu gezek ol tilpunyny «dazyrdadyp, fortoçkadan» daşaryk zyňdy. O-da baryp düşüşi ýaly alazenzele turzup ugrady. Bu gezek men ony aýtdyrman alyp gelmek üçin gapa tarap hyýallandym. Emma ol meni iki ädim ätmänkäm saklady: «Gerek-gä!..» Iki ýana urnup, halys ýadan bolsa gerek, şondan soň ol ýene-de düşege geçdi... Kerim işdämenlik bilen agzyny «şapbyldatdy...» «Şi-ip» etdirip diliniň suwuny sordy. Keýpihonlyk bilen elini çarpdy. Çiňarkan düşdi-de, aýaklarynyň arasyny giňden açyp, aýalary bilen butlarynyň iç ýüzüni, baldyrlaryny, gümmezekläp duran almalyklaryny sypalaşdyrdy. Eli uýat ýerine ýetendenem, «ýalt» edip maňa seretdi. Owadan gelindi, men bolsam iň baý adamdym. Hemişe şeýle bolaýjak ýalydy. Emma, ine, indi men o zatlardan binesip. Aýalymam bolsa men oňa ýanaşyp bilemok. Ýanaşdyranok... Şol agşamam men onuň otagyna tötänden düşdüm. Ýöne, näme üçindir ol şonda meni kowmady. Ýogsam bir agyz: «Bar git! Güm bol!..» diýdigi gümümi çekäýmelidim. Men ol meniň namysymy basgylamasa, galan zatlaryna kaýyldym. Şol gezek welin men özümde beýle batyrlygyň, beýle töwekgelligiň nireden peýda bolandygyny bilemok, oňa tarap süýşe-süýşe düşegine halys golaýlaýypdyryn. O-da şony duýup, maňa nazar aýlady. «Bar suwa düşüp gel...» Käte ol şu sözi men babatda sögünç hökmünde-de ulanýardy. Ýöne, olar ýalyda şol sözüň öňüne: «...dir-de» diýen hapa sözem goşýady. Şol gezek welin ol şony şonsuz aýtdy. Ýadyndan çykardymy çyny bilen aýtdymy, ine, şony welin bilemok. Sorabam bilemok. Oňa çenlem ol: «Indi nämä dursuň, hassaňky ýaly iki ýana yranyp» diýdem welin çyndygyny bilip «düňk» ýasadym, duşa tarap. Suwa düşüp durkam begenjimden ýaňa dodaklarymyň «kemiş-kemiş» edýänini bilýän. Birdenem möňňürip goýberipdirin... ...Hemmesini jikme-jik aýdyp oturmaýyn, janym agam, şol gije men durmuşymyň döwranly çaglaryna, ömrümiň gülşenli günlerine dolanyp gelen ýaly boldum. Şol pursaty bagyşlandyklary üçin, men Hudaýdanam, aýalymdanam müňde bir razy boldum. Bir armanym galdy, o-da: men özümiň ýaryk-ýaryk, teşne dodaklarymy onuň bägüliň ýapragy ýaly nepis dodaklaryna degrip: sürlen ýer kimin «büdür-südür» ýüzümi onuň al ýaňaklaryna oýkap, alkymlaryndan agyz urup bilmedim. Sebäbi, birinjiden-ä, aýalym bolsa-da, men onuň bilen onça mähriban boluşarlyk ýagdaýdaky adam däldim, ikinjidenem, ara juda tötänden düşen şol heýjanelekli pursatyň bütin dowamynda ol elleri bilen dert-azar ýüzüni-gözüni, agzyny, garaz ähli ýerini ýapýady, goranýady, asla ýüzüme seretmezlige, tenini-tenime degirmezlige, galtaşmazlyga çalyşýardy. Umuman şol pursat «Gyzan bazaryň» özünden başga ýerde söwda ýokdy. Gatyrak gynynan wagty başga-da bir agyz urara ýer tapmansoň ol öz bileklerini dişleýärdi. Käte saçlaryny ikitaraplaýyn penjeläp ütäýjek-ütäýjek bolýady. Onuň şol bolup ýatyşy maňa şeýle bir gözgyny göründi welin, öň başgalardan gabanýan bolsam, indi ony öz-özümden gabandym. Ony özüme rowa görmedim. Baran ýerinde harydy geçmänsoň, gijisine gelip men ýaly «gende» bilen gandyrmaga-da kaýyl bolýan bolsa, onda onuň mendenem pes derejä düşen bolmaly, gowusy öldür-de dyn şuny, diýen ýaly bir alasarmyk pikirem dürtgüläp günüme goýmady. Mahlasy, şol wagt men özümi öz aýalym bilen hukyky «şerigat işini» eden adam däl-de, ony kimdir biri bilen «tutan» adam hökmünde duýdum. Üstünden düşüşim ýaly paltama tarap ylgamakçy boldum. Ol bolsa «öwhüldäp» aňyrsyna öwrüldi-de, öňkülerine düýbünden meňzemeýän parahat ses bilen: «Iň soňky gezegiňdir şü... Gaýdyp golaýyma geläýme... ― diýdi. Derrewem bärsine öwrüldi-de, sag eliniň süýem barmagyny gapa tarap çommaldyp, sesiniň ýetdiginden gygyrdy. ― Ma-arş!!!.. ― Görkezilen tarapa düwdenekläp gitdim. Entegem çuw-ýalaňaçdygymam bosaga büdräp, üç gezek dagy «omman» aşanymdan soň bilip galdym. «Hys-hys-hys...» «Tys-tys-tys...» «Şyg-şyg-şyg...» ― ...Ýerime geçip hezil edip ýatypdyryn. Aýalymyň bolsa penjirelerini açyşdyryp, otaglaryny ýelejiredýändigi, hoşboý ylsy gül suwlaryndan sepeläp, howasyny tämizleýändigi, «del» el degen synasyny bolar-bolmaz belalardan goramak üçin «alaşapyrdy» bolup, ýüzärlikli suwa ýuwunýandygy, umuman, meniň garşyma geçirýän «dizenfeksiýa» işleriniň ownukly-irili hysyrdylary tä ertire çenli her daýym, buşukmak üçin ukudan turanymda gulagyma geldi durdy. ― Içi agyr hem ýiti duýgulardan doly ýatlamalar ýadadan bolsa gerek. Kerim maňa seredip, ýüzüni ynjyly çytdy. Özüni günäkärlemek üçinmi ýa aýalyny aklamak üçinmi, nobatdaky «şyggyldysyndan» soň birhili naýynjarlyk bilen: «Tilpunda gepleşişinden, gelip gidýän maşynlaryň kysmyndan, reňkinden, belgisinden çen tutýan welin, janym agam, onuň gatnaşýany köp-ä bolmaly däl. Edil gezegine kabul edip oturan-a bolmaly däl. Hä? Hm?.. Men-ä agam, oturyp-turup şoňa-da şükür edýän. Meni il içinde ýüzügara etmese, namysa goýmasa bolýa, diýýän. Kerim kükregini ýelden dolduryp, uludan demini aldy. «He...» etdirip başyny ýaýkady. Ýyrşardy. Aýdan zatlarynyň barysyny göz öňüne getirjek bolýan ýaly esli wagt bir nokada seredip oturdy. Men indi onuň öz gürrüňiniň dowamynda aýdan: «durmuşymyň döwranly döwürleri», «ömrümiň gülşenli çaglary», «men öň baýdym» diýen ýaly syrly sözleriniň aňyrsynda nämeleriň ýatandygyny bilmelidim. Ony bilmek üçinem ýap-ýaňyja, onda-da iki gezek beren ýöne oňa ýakmadyk soragymy gaýtalamalydym. Ýöne üçünji gezekde-de «myrryhy» tutup, tersine bakyp oturybermejekdigini kim bilýär? Şonuň üçinem, «çagany urma, sökme, geplet» diýlişi ýaly, ony ugruna kowubermekden gowusy ýok ýaly-la, diýen netijä geldim. Çünki, gürrüň berip barşyna ol käte «çaýmaklabragam» bolsa meniň bilesimiň gelýän, emma sorabilmeýän soragymda-da, jogap alybilmeýän zatlarymyň üstünden baraýdygam bolman duranokdy. Ýöne, olaryň hiç birem bolmady. Hiç zadam sorap ýetişmedim. Çünki, nobaty ýetdi-de, ony kassa çagyrdylar. Kerim ol ýere golaýlandanam kassanyň agzynda duran, aglabasy aýal bolan pensionerler, sekizinji mart baýramçylygy mynasybetli döwlet tarapyndan özlerine goýberilen kyrk manat puly almaga gelen gyzlar, gelinler, «püfde-püf» bolşup, elleri, elýaglyklary, gyňaçlarynyň çowy bilen agyzlaryny ýapdylar, burunlaryny tutdular. O ýan, bu ýan çekilişdiler. Kerimiň welin piňine-de däl. Gaýtam köçede sürüjiler bilen edişi ýaly, olar bilenem baş atyp salamlaşdy. Sanawa gol çekip, alanja puluny düzgüne görä kassanyň agzyndan aýrylman sanap görenden soň, ol ýanyma geler, wagty bolsa-ha gürrüňçiligi dowam etdirer, bolmasa-da ýene bir güne ýa indiki aýlyga gepleşer, iň bolmanda hoşlaşyp gider öýtdüm. Emma ol maňa tarap nazaram aýlaman, çykalga bakan «leňňer» atdy gidiberdi. Iň soňky döwüm çöregini elinden aldyran gedaý dek,men adam barsa özünden-özi açylyp-ýapylyp duran ullakan, aýna gapyny nazarlap, diwaryň öňünde seteran goýlan, üsti adamly oturgyçlaryň gapdaly bilen ýegdekläp ugradym. Niýetim Kerimiň yzyndan ýetmek, gürrüňiň dowamy dogrusynda gürleşmek. Emma, gapa ýetmänkäm, nobatyna garaşyp oturan, ýaşy biziňkidenem birneme durugşanrak, tegelek, tämiz, nurana, ak ýüzli, ýakasy keşdeli uzyn, ýaşyl köýneginiň üstünden doňup duran gara penjek geýen, ökjesiz ak köwüşli, onçakly gür bolmadyk, çal saçlary çugdamlanyp depesinde düwlen, nepisje äýnekli, gözüň düşenden: wraç ýa mugallym bolaýmasa diýdirýän, häliden bäri Kerim ikimizi üns bilen synlap oturan daýanykly zenan deňine baranymdan çalarak gobsundy-da, ellerinem daldaladyp: ― Gy-yw dogan, hany aýak çek... ― diýdi. Sag eliniň aýasyny «şapladyp» gapdalyndaky boş oturgyja goýdy. ― Gaty gyssag bolmasaň, şu ýerde otur jan dogan bir minut. Saňa bir sowalym bar. ― Ol muny şeýle bir mylaýymlyk, sypaýyçylyk bilen aýtdy welin, bir görsem nirä, nämüçin, kimiň gözlegine barýandygymam unudypdyryn-da, görkezilen ýerde «joňkarylyp» otyryn. Ol aýal bolsa, çep tarapkysy kiçijik, gürlän wagty-ha bütinleý diýen ýaly ýumulýan çakgynyň çüýi ýaly ýyldyrapjyk duran gyýak gözjagazlaryny eýýäm meniň ýazzy maňlaýyma dikipdi. ― Ýaňky gürrüňdeş bolan bendäňi gowy tanaýaňmy? ― Aý, ýok, tötänden sataşdyk-da... birhili... gepimiz... Hä?.. Näme?.. ― Häliden bäri şony birine meňzedip otyryn-da, şomy, şo dämi, tanaýan bolsaňyz soraýjakdym. ― Meňzetmesine-hä ýolda-yzda gabat gelende menem meňzedýän ony kimdir birine, mähellämiziň ähli ýaşaýjylaram şeý diýýäler. Ýöne, kimedigini welin bilip bilemzok. ...A siz bilýäňizmi? ― Güman edýän. ― Kimdir öýdýäňiz? ― Bir wagtlar şu mähellede «krutoý» adyny alan, Kerim atly dogumly, tüçjar ýigit bardy. Şu mähelleden bolsaň senem-ä tanamaly ony. Soňabaka dagy demi ýer ýaryp duran bold-a... Men «zöwwe» ýerimden galdym-da, iki elim bilenem başymy tutdum. ― Oho-ow!.. Ine, gör tutuş mähelle bolup biz ony şunça wagtlap, kime meňzedip ýör ekenik! Biz asyl ony onuň özüne meňzedip ýör ekenig-ä!.. ― Men uly bir açyş eden ýaly gürrüňdeşimiň üstüne howala boldum. ― Siziň çakyňyz çyn bolup çykdy... Ä-ä-ä... Bagyşlaň welin... Siz... Size... ― Nabat Narlyýewna... ― ...Nabat Narlyýewna, şonuň ady hakykatdanam Kerim... ― Ana, gördüňizmi? Şü, inim syzdy durdy-da... Wah-wah-wah... Nähili ýigitdi, nä günlere düşäýipdir... Waý-waý-waý... Gör bu bazygär pelegiň oýunlaryna... ...Ýаkyndan tаnamasamam, Nаbat Nаrlyýewnanyň diýýän döwürleri şеýle bir ýigidiň öz mähеllämizde bаrdygyny mеn bilýärdim. Оnuň hаkykatdan-da «krutоýlygy» baradаky gürrüňlerеm еşidýärdim. Аra-çоla, ondа-mundа görýärdimеm. «Вir gеzeg-ä täzе dörän türkmеn bаýlary» diýеn tеmadan makаla ýаzmak üçin tаs, ýаnyna-da barypdуm. Bаrdymam аsyl. Ýönе, goýbеrmediler. Bilеmok, jаnpenalarymy ýа kömеkçilerimi, žurnаlistik şahаdatnamamy görkеzip, nämе iş bilеn gеlenimi аýdanymdan: «bаr, öz işiň bilеn bоl» diýеn tеrzde, syрaýyçylyk bilеn yzуma gаýtaryp gоýberdiler. Еmma, mаglumat аlanam bolsаm, ýazаnam bоlsam rеdaktorlar çуkarjak däl ekеnler. Nirä, kimiň ýаnyna, nämе üçin bаryp gаýdanymy, nähili gаrşylap, nеneňsi ugrаdyp goýbеrenlerini ýаňzydanymdan, еdil öň dillеşip gоýlan ýаly gеzek-gеzegine gаşlaryny çуtdylar-da: «Dоgry aýdyрdyrlar... Bаr, gоwusy git-dе, kärеndeçiler bаrada bir zаtlar çyrşаşdyryp gеl...» diýdilеr». Sоýuz möçbеrindäki «krutоýlar» bilеn arаgatnaşyga giriр, dünýä derеjesine dаlaş еdip ugrаnyndanam hаbarym bаr. «Sоň «bulаşdy» diýdilеr, «bаsyldy» diýdilеr, hаtda: «ölüрdir», «ýitiрdir» diýеn ýаly gürrüňlеrem çуkyberdi. Gözdеnem uçdу-da, şоl «mуş-mуşlaryň» dоgry bolаýmagynyň аhmaldygyna уnanan hаlk оny halуs ýatdаn çykаrdy. Ýönе, bir ýеrlerde bаrdyr, özеm şulаr ýаly günе düşеndir diýiр dаgy hiç kimiň kеllesine gеlmese nämе. Şоnuň üçinеm, mähеlläniň köçеlerinde рeýda bolаnda hiç kim оny tanаmady. Еger-de, Nаbat Narlуýewna bolmаdyk bоlsa, оnda, оny menеm il ýаly еntegem şо-ol, kimdir birinе meňzеder ýörеrdim. Nаbat Nаrlyýewnanyň mаňa görä оňa hаs belеdräkdigine gözüm ýеtensoň, mеn Кerimiň yzyndаn ylgаjagam bоlmadym. Nabat Narlyýewna-da meni ýalbartjak ýa geregini artdyrjak bolubam durmady. Gaýtam ol barada gürrüň bermäge özünden-özi höwes bildirdi. Öňi bilenem meniň kimdigimi, pensiýeden öň näme kär edendigimi sorady. ― Men žurnalist. Ýörgünli adym Garakişi... Pensiýä çykanam bolsam işimi dowam etdirýän... ― diýdim. ― Hä-ä... ― diýip, Nabat Narlyýewna galam bilen çyzylanam bolsa çala bildirýän gaşlaryny gerdi. ― Bilýän. Üýtgedip gurmak döwri metbugatda, radioda, telewideniýede «tozan turzup» ýöreniňiz ýadyma düşýä. Soň gara sanawa düşeniňizdenem habarym bar. Ýöne, oňardyňyz. Dogry etdiňiz. Ahyrsoňunda siziň diýenleriňiz boldy. Indi nädýäňiz, bir ýerde gymyldaýaňyzmy ýa?.. ― Aý, ýarym ýaltarak... ― Bolýa, dogan, güýjüňiziň ýetdiginden gymyldaberiň... Göreşe gutarma ýokdur. ― Bagyşlaň welin, Nabat Narlyýewna siz näme iş etdiňiz?.. ― Men mekdepde mugallym bolup işledim, dogan. Çagalara taryhdan sapak berdim. Programma boýunça berdim, ýöne, ýürekden berip bilmedim. Kem zady bolsa, bagyşlaň welin jan dogan özümizem bilemzokdyk... ― Dogry. Ol-a şeýledi. «Üýtgedip gurmak» döwrüne çenli «oguzlar» kim, «seljuklar» kim, atlarynam eşidemzokdyk... Men şeý diýenimden Nabat Narlyýewna uçjak guş ýaly ganatlaryny galgadyp galkyjaklaberdi. ― Bilýäňmi dogan, nireden, kimden eşidenini bilemok, ýöne, ýaňky Kerim, mekdebiň ýokary synplarynda okaýaka-da şol zatlar bilen gyzyklanýady-da. Megerem, Ylymlar akademiýasynyň taryh institutynda işleýän alymlaryň biri bilen tanşyp, şondan eşiden bolsa gerek: «Nabat Narlyýewna! Siz nämüçin bize Aleksandr Newskiý, Dmitriý Donskiý, Iwan Kalita barada aýdýarsyňyzda, Afrasyýap, Oguz han, Salyr Gazan barada aýtmaýarsyňyz? Çut kölündäki söweş, 1812-nji ýylda ruslar bilen fransuzlaryň arasynda Alp daglarynda türkler bilen eden söweşlerini öwredýäňizde, Daňdanakan söweşi, Gökdepe söweşi, «Ýeroýlan» gyrgynçylygy barada dymýaňyz...» diýip soraýady. Hut şu zatlar barada aç-açanlyk döwri sizem gaty köp çykyşlar etdiňiz. Men bolsam ol wagtlar aşak bakyp dymýadym. Mugallym hökmünde şol zatlaryň sebäbini düşündirip bilmeýädim. Sen şu gürrüňleriňi başga hiç kimiň ýanynda aýtma, diýibem bilmeýädim. Howwa. Ol öz halkyny, Watanyny söýýän, örän dogumly, batyrgaý ýigitdi. Nabat Narlyýewnanyň bu sözleri meni hasam özüne çekdi. ― Eýle bols, siz o hakda maňa has içginräk, çagalygyndan başlap, jikme-jigräk gürrüň berip bilmermisiňiz? ― Ýok. Sebäbi men onuň okaýan mekdebinde bary-ýogy dört-bäş ýyl işledim. Meni ol ýere direktor edip bellediler. Ol ýerdenem başga bir mekdebe geçirdiler. Meniň oňa şondan soňky, beletligim eşitmiş arkaly. Hususan-da, şol ýerde işlän döwrüm dostlaşan kärdeşlerimiňkä myhmançylyga baranymda ol hakda köp eşidýädim. Onuň durmuşy bilen içgin gyzyklanýadym. Taryhçy bolar, alymlyga ýüz urar, ýaşlygyndan özüni bizok edip ýören soraglara jogap agtarar, taparam, gowy üstünliklerem gazanar öýdýärdim. Emma ol meni geňler galdyryp, düýbünden başga ýola düşdi. ― Eýsem ol näme kär edindi? Kim bolup işledi? Nähili wezipe eýeledi? ― Wezipe hakda-ha gürrüňem ýok welin, onda belli bir kärem bolandyr öýdemok men-ä. Sebäbi, bassyr üç ýyl dagy synanyşyp uniwersitete girip bilmändiginden-ä habarym bar. ― Haýsy ugurdan girjek bolduka? ― Elbetde taryhdan. Aýtdym-a men ýaňy, şol ugurdan ölüp-öçüp barýady, diýdim-ä. Edebiýatam gowy görýädi, ýöne taryhyň synag döwürleri «konsultasiýadamy», nämemi, şo-ol, maňa berýän soraglaryny olara-da beräýipdir öýdýän. Onam «bellige» alypdyrlar. Şonuň üçin bolsa gerek, mugallymlardan kimdir biri: «Sen ogul, indi şu ýere gatnamaňy goýaý, barybir giribilmersiň...» diýipdir. O-da näme, «büý-ä bolmady-ow» diýip, gol gowşuryp oturjak adam-a däl. Ýadyma düşýä, onuň frontowik atasyndan başga hiç zady ýokdy. Ony ösdürip ýetişdirenem, terbiýelänem şol. Agtygynyň ýokary bilimli bolup ýetişmegini ol şeýle bir höwes edýädi welin, eline iki manat düşdügi: «Birden şuňa gerek bolaýsa, dagy» diýip, birini ýygnap goýýady. Agtygynyň gelejegi barada gürleşmek üçin, käte meniň ýanyma ýörite gelerdi. Özi ömrüni ― uruşdan öňem, soňam ― maşinist bolup geçiren. Köne kommunist. Staliniň terbiýesini alan adam. hüçjetçil. Uniwersitete gatnamasyny goýansoň ol Kerimi wagtlaýynça öz ýanyna kömekçi edip alypdyr. «Indiki ýyl hökman başga okuwlaryň birine synan» diýipdir. Kerim bolsa: «Ýok ata, taryha almajak bolsalar maňa başga okuw gerek däl. Onsoňam bu wagtky taryhyňam ― taryh bolup durdugy däl. Bary ýalan. Meňňem öňki ýalançylaryň üstüne ýene bir ýalançy bolup goşulasym gelenok. Öňem halys ugur tapman «şoňa gireýin» diýäýdim», diýipdir. Şeýdibem atasy bilen giden şäherlerinden ony-muny getirip satyp ugrapdyr. Bu ýerdenem odur-budur äkidip, o ýerde ýerleşdirip gaýdypdyr. Oňa çenlem Gorbaçewiň «üýtgedip gurmak» syýasaty başlaýa-da, ony özüňizem bilýäňiz, köp zatlara ýol açylýa. Kerimem näme, eýýäm ownugragam bolsa söwda otugan adam ― atasynyň öňde-soňda ýygnanja puluny alýa-da, bir saglyk sygyr edinýä. Howlusynyň daş ýüzünde kiçijik «budka» gurubam hat-petegini düzedýä-de, öz hususy önümini ― «Körpejik» atly doňdurma satyp ugraýa. Elbetde, boljak bolsa şeýle bolýandyr-da, söwdasy diýseň şowly bolýa. Kem-kemden budkasyna şokolad, köke ýaly süýji önümlerinem goýup başlaýa. Budkasynyň gapdalyndan dükan ― jaý salyp, harytlarynyň görnüşlerini has köpeldýä. Onda-munda boş duran jaýlary kireýine alyp, dürli görnüşli dükanlar döredýä. Üç-dört ýyldan soň ol eýýäm birtopar işgärli, satyjyly işewür hökmünde tanalyp ugraýa. Şunça wagtlap Huda ynanmaň şoňa ynanyp gelen sistemasynyň ýykylanyna, kommunizmiň ýalan bolup çykanyna kejigip ýören atasam... Ady nämed-ä şoň... ― Nabat Narlyýewna aşaky dodagyny dişläp, böwrüni diňledi... ― Hä-ä... ýadyma düşdi, Artyk. Artyk aga. Ana, onsoň, ýagdaý şeýle bolansoň Artyk aga-da agtygynyň söwda bilen şeýle içgin gyzyklanmagyna gaty bir garşam bolup durmandyr. «Söwda-da gaty gadymy sungatdyr oglum, ýöne, iňňän arassalygy talap edýändir. Nebis bir burny gara eşekdir, birsyhly burnuna kakyp durmasaň, her demde öňüňe geçjek bolup dyzap durandyr. Harydyňa ynsap bilen islän bahaňy goýup bilersiň, ýöne, şondan soňam alyjydan artyk almak, ýalňyş çekmek, kem ölçemek ― günädir. Haramdyr. Şol zatlary şeýtan seniň gözüňe bähbitli edip görkezer, aňsat ýerden baýlygyň köpelip barýandygyna özüňem guwanarsyň, Hudaý döwletimi artdyrýa, diýip begenersiň. Ana, hut şol hem, seniň şeýtanyň aşagyna düşdügiň, nebsiňi öňe geçirdigiň, ýalňyşdygyň bolar. Şondan soň sen Hakyň öňünde jogap bermeli borsuň. Şeýle-de, hiç haçan «ajy» arak, çilim söwdasyna goşulma. O zatlar haýsy bahadan sataňda-da ― haramdyr. Bendesi bolup, Biribaryň beren amanat janyna kast etmekdir...» diýen ýaly öwüt--ündewlerini welin gysganmandy. Häli-şindi gözegçilik edip durupdyr. Kerimem onuň sözünden çykmazlyga çalşypdyr. Soýuz dargap, respublikalar özbaşdak bolanlaryndan soň başlanan baş-başdaklyk döwründe dörän ilkinji dollarçylaryňam biri şü. Elbetde özi köçä çykanok-da, çykýanlary üpjün edýä. Halkam ony bilýärdi, edil şol döwürlerem ol «krutoý» lakamyny alýa. «Geljek bolsa geler içden hem daşdan, gitjek bolsa gider gözden hem gaşdan» diýlişi ýaly, şol döwür onuňky ýapaşyklygyna gaýdan ýaly bolupdyr. Goly ilki goňşy respublikalar, Orsyýete, soň Ýewropa, Aziýa döwletlerine tarap uzap başlapdyr. Hersinde-de öz binýadyny döredipdir. Bina gurupdyr. Ofis açyp, ol ýerde öz wekillerini oturdypdyr. Arkasynda atasynyň aýak diräp durandygyndanmy ýa şonuň düýp terbiýesini çyn ýürekden kabul edip alandygyndanmy, özi juda jomart ekeni. Örüsi giňedigisaýy eli açylýan ekeni, düşewündi artdygysaýy ýüregi ýumşamak bilen bolýar ekeni. Şonuň üçindir-dä, onuň ýanyna haýyş bilen baryp, boş gaýdan adam bolmandyr. Hatda ol bir gezek düýbünden tanamaýan adamyna hatsyz-peteksiz, şaýatsyz, tutuş bir toýuň harajadyna ýeterlik puly berip goýberipdir-ä!.. Özem hiç haçan beren pulunyň yzyny yzarlamaýan ekeni. Bu hakda sorasalar ol: «Men lezzeti söwda edip gazanýan pullarymdan däl-de, ile-güne edýän kömegimden alýan» diýer ekeni. Şonuň üçinem soň-soňlar il arasynda oňa: «Kerim jomart» diýip ugranlaram tapyldy. ― Nabat Narlyýewna edil öz göwnüne deglen ýaly tutuksy, kineli gürledi. ― Ýöne, ine, ýaňky ýaly güne düşensoň welin: «Me gardaş, seň puluň şü, bir wagt kömek edipdiň» diýip, eli düwünçekli gapysyndan gelen-ä bolmandyr. ― Dogrudyr. Sebäbi, adamlaryň edähedi şeýle. Sen olara etmeli, olar saňa etmeselerem bolýa. ― Howwa. Ýöne, adamkärçilikli häsiýetleri, ýaňky ýaly jomartlyklary üçin, şol wagt halk ony örän gowy görýädi. Özüne hossar saýýady. Oňa edil rowaýatlardaky, käbir kinolardaky baýlardan talap alan zatlaryny garyp-gasarlara paýlap berýän gerçek garakçy hökmünde garaýadylar. «Allah jan şoňa bersin, o-da bize bersin» diýip, dileg edýärdiler. Ol «worzakonmyşyn», «ýokarkylar bilen bir adammyşyn», «gara bazaryň şasymyşyn» diýen ýaly hiç bir subutnamasyz sözlerem ýaýradyberýärdiler. Köpçüligiň ony şeýle gowy görmeginiň ýene bir sebäbem şonça baýlygyň içinde gulaçlap ýüzýändigine garamazdan, ol özüni ahlak taýdanam iňňän arassa alyp barýady. Ýöne, bilmedim nä jyn uranyny, daşynda gyz barynyň jöwlan urup ýörendigine garamazdan, iki çagaly bir gelni... ― Nabat Narlyýewna aňyny dörjelemek üçin gözlerini depesine dikdi. ― ...Ýalňyşmaýan bolsam, şol gelniň ady-da Melek bolsun gerek, ana, şoňa öýlendi oturyberdi. Şondan soňam Kerimiň döwleti yrylyp ugrady. ― Nabat Narlyýewnanyň gözleri süýjülik bilen süzüldi. ― Gelin welin gelin jan ekeni-dä, jan dogan... Melek diýseň Melek-dä! Görmäne göz, taryplamana ― söz gerek... ― Gördüňizmi söz ony? ― Gördüm. Biriniň toýunda gördüm. Öz-ä ýalňyşmaýan bolsam Kerimiň şäherde ýok döwürleridi, «kurortda» dynç alyp ýatan wagtlary bolmaly. Şonuň üçindir, Melek ýeke gelşi ýalam «hyşy-wyşy» başlandy. Men şonda bildim onuň kimdigini. Asyl, bir meýdan bar adam iýmesini-içmesini goýup, şoňa tarap aňkaryldy galaýd-a... ― Şeýle owadanmy? ― Sen sorama jan dogan. Ol bir apat! Kerimden başga adamda durjaga-da, eýgertjege-de meňzänok. Dogrymy aýtsam aýal adam welin şoňa seredip, esli wagtlap özümem süňňümi saklap bilmedim. Egnindäki eşiklerini dagy görseň... Hersi bir muzeýiň eksponaty ýaly. ― Kerimiň şu wagtky aýalymyka siziň şol diýýäniňiz?.. ― Şoldur-la... Ondan soň öýlenmäge onuň ýagdaýam bolan däldir, zerurlygam ýüze çykan däldir. Onsoňam Melek ony taşlap gidipdir diýib-ä eşidemzok. ― Kerimiň şo derejeden şu derejä düşmeginiň sebäbi nämekä? ― O hakda gürrüň kän jan dogan. Haýsynyň dogrudygyny bolsa Hudaý bilsin. Egerde ol hakda takyk maglumat gerek bolsa, bir zatjagaz ýazjagyňam çyn bolsa, onda göni Melegiň ýanyna bar. ― Ýogsa-da siz o barada näme aýdyp bilersiňiz? Kerimiň özüni gepletseň-ä... Nabat Narlyýewnanyň çep göz-ä öňküsindenem kiçeldi, sag gözi bolsa ulaldy. Ýüzi hasam agardy. Ajy ýylgyrdy. ― Ýa, he-eý jan dogan, senem-ä... Kerim bir bagtyýatan adam. Boş göwre. «Öli bolup görde däl, diri bolup sanda däl» diýenleri. Agzynyň aýdýanyny gulagy eşidenok. Galanynam-a özüň gözüň bilen gördüň. Ýeri, onsoň Melek ýaly ýaşy kyrkdan geçenem bolsa, birentek gyzlardan ýaş görünýän, göni başyna kürte atyp, kejebä mündüribermeli gelin nädip öz bagtyny oňa baglap, kysmatyna kaýyl bolup, oturyp bilsin? Nädip özüni oňa rowa görsün? Nädip onuň bilen ýatyp-tursun? Hälem ol ony öýünden kowmandyr. Ýa duluny depip gidibermändir? Şu çaka çenli saklapdyr, seredipdir. Çagalaryny öý-işik edipdir. Är işini bitiripdir... Näme diýsene, žurnalist dogan Garakişi, kim näme diýse-de, şol gelin jeleb-ä däl. Görküni güjeňläp ýören herdemhyýallardanam däl. Galanynam özüň görersiň. Ýöne ýanyna bar. Hökman bar. Onuň özüniňem başyndan agyr düýş ýaly bolup inen ahwalatlary barada kimdir birine içini dökäýesiniň gelip duran bolaýmagam gaty ahmal... Gezeginiň gelenini aňdy öýdýän, Nabat Narlyýewna usullyk bilen ýerinden turdy-da, kassa bakan yrgyldap ugrady. Elinde hümmet hasasynyň bardygynam men diňe şondan soň bilip galdym. Puluny alandan soň ol ýene-de meniň ýanyma geldi. Hoşlaşdy. Men oňa beren gürrüňleri, maslahaty üçin minnetdarlyk bildirdim. O-da öz gezeginde meniň işimiň şowly bolmagyny arzuw etdi. (Dowamy bar)... | |
|
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň dowamy - 29.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 04.03.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powest - 29.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Uspen halypa - 03.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -3: powestiň dowamy - 04.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Gudrat - 03.03.2024 |
√ Guduzlan it -2: powestiñ dowamy - 18.09.2024 |
√ Baga bagşy -7: Ýatlamalaryň ýumagy - 07.03.2024 |
√ Guduzlan it / powest - 09.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||