01:53 Laçyn | |
Berdinazar HUDAÝNAZAROW
Goşgular
▶ LAÇYN Öňbaýraga goýberildi alty at, Ine, indi süýnüp gelýär bedewler. Özleri-de bilmän galkynjaklaşýar Haýsynyň ozjagyn çen-çak edenler. Bir ýaşuly o diýen bir tolgunman Käte-käte çala ýaýkap başyny, Synaýardy öňden gelýän atyn, däl- Iň yzdan gaýdanyň, aýak urşuny. Töweregiň jedeline goşulman Edýän oý-pikirin salyp içine, Ylla ol janewer eşidýän ýaly Ýüzlenýärdi yzdan gelýän "Laçyna". "Ataň" "Ülker" bolsa, eneň "Meleguş" Galmaly-ha dälsiň "çaňa bulaşyp" Otyr dürbüsini gözden aýyrman Özi diňe özi bilen gürleşip. Atlar bolsa has göterlip gykuwa Göýä ýer gyratlap uçup barýardy. Üzlem-saplam bolup gelýän bäş bedew "Laçyndan" arany açyp barýardy. Şo barmyşa çapyksuwar ýigdekçe Laçynyň jylawyn gowşatdy birden. Erki-ygtyýary özüne berlen Laçyn misli örkün üzüpdi ýerden. Henize deň syryn saklan ýaşuly Bir gobsunyp, syçrap turdy ýerinden. Gykylygyň, galmagalyň astynda, Laçyn bedew geçdi häzir serinden. Jedeli köşeşen aýlawyň içi Güwläp durdy adamlaryň deňzinden. Zowladyp goýberdi hälki ýaşuly: -"Uç, Laçynym, aýlanaýyn omzuňdan!" Ilki süýnüp geçdi pellehanadan Meşhur "Meleguşyň", "Ülkeriň" nesli. Ol ýaşuly buýsanç bilen dillendi: "Asly bar bedewiň, asly bar, asly!" * * * Adyňy alkyşlap, guraýyn söhbet, Ýadasam kuwwatsyň, büdresem söýget. Sen penalap dursaň, her günüm sähet Ýa Alla! Ýa Huda! Özüňden medet! Ömrüň ýoly agyr, menziller hatar, Ýaman gözden dilden edýärin heder. Üstüme abansa bir bela-beter, Kän gezek dep etdiň, ýene-de dep et, Ýa Alla! Ýa Huda! Özüňden medet! Eşreti artyk et, hesreti kem et, Owaldan dert berme, beräýseň em et Eger-de ýolumda duş gelse böwet, Ýa Alla! Ýa Huda! Özüňden medet! Özge özüň ýalyň ýokdugy magat, Ýyllyrym hasaply, başym amanat, Şükür, kyn günlerde berdiň kanagat, Ýa Alla! Ýa Huda! Özüňden medet! Egin deňläp gowudyr erbet, Arman, arasyna çekmänsiň serhet... Çökgün göwni galdyr, doň kalby eret, Ýa Alla! Ýa Huda! Özüňden medet! Müňde bir adyň bar, birisi Ahat, Ömrümiň her güni ullakan sowgat, Haýyş edýän, nalyş etmek gabahat, Ýa Alla! Ýa Huda! Özüňden medet! * * * Ähli zat özgerer öz wagty bilen, Pyntyk gunça bolar, gunça gül bolar. Çybyjak öwrüler äpet çynara, Çöllük deňiz bolar, deňiz çöl bolar. Dil-agyzsyz Wagtyň hökmi rowandyr, Alla oňa dynç gününi bermändir, Adamam ahyry Wagta gurbandyr, Aýlana-aýlana aýlar ýyl bolar. Bir deň zat: amanat hemmäniň başy, Adama elbetde adalat ýagşy. Yzda goýup iň nurana alkyşy, Boş kagyzdan gudrat dörär: pul bolar. Pul özünde toplap, bar keramaty, Talaban ediner ähli ymmaty. Daglary, daşlary ýarar haýbaty, Men-men diýen ärler oňa gul bolar. Akyly aňk eder bu bolýan zatlar, Begzadaň ornuna geçer bezzatlar. Iň bir ýakynyňa öwrüler ýatlar, Oňa derek mähribanyň del bolar. Ne gözel bolsa-da Durmuşyň goýny Täze myhmanlara bermeli orny, Wagtyň wagşyýana, iň gödek oýny: Eziz adam, gözel ömrüň kül bolar. | |
|
√ Päliýamanlar / Goşgular - 20.05.2024 |
√ «Dag başynda mesgen tutan bürgüdi...» / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Aýşy-eşret çagynda / Goşgular - 20.08.2024 |
√ Enem / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Pyglym harapdyr / Goşgular - 29.06.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Telegraf / Goşgular - 05.08.2024 |
√ Eý, ademden älemi mowjud eden... / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Pyşyrdylar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Baky söz / Goşgular - 25.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |