17:44 Läheñ balygyñ gözleginde / hekaýa | |
LÄHEÑ BALYGYÑ GÖZLEGINDE
Hekaýalar
Tebigatyň adama bagly bolmadyk öz kada-kanuny, sahylygy hem ýowuzlygy bar. Diňe bir gyş gününiň özem kyrk tüýsli üýtgäp bilýär. Ine, şu güni mysal alyp göräýiň, ylla düýnüň dowamy däl ýaly, asyl hiç zat bolmadyk şekilli imi-salalyk. Ýogsam howanyň sähel salymda ýowuzlygyna tutdurybermegi bilen deňziň içem galagoplyga öwrülipdi, daşam. Adamlar ber-başagaý bolupdy. Her kes deňizden bahymrak çykmagyň alajyny edipdi. Hemişekileri ýaly gaýygyna adam mündürip, olary deňizde birki aýlaw edip, özüniň ujypsyzja hakjagazyny alýan gorkmazak, batyr ýigdekçelerem ejap edip, gaýyklaryny bahymrak kenara çykarmak bilen bolupdylar. Heniz suwuň içinden çykyp ýetişmedik kiçirajik gaýyklylar bolsa gazaply ýeliň zarbyna agdaryljak-agdaryljak bolup, alaňlara çöwjäp duran tolkunlar bilen darkaş guraýardylar. Hatda has uzaklara giden tejribeli balykçylar hem torlaryny ýygnaşdyryp, yzlaryna dolanypdylar. Bu gün welin deňiz bütinleý başga keşpdedi, parahatdy. Gök çüýşe ýaly dury suwy öz akymyna akyp ýatyrdy. Adamlaryňam keýpiçagdy. Ýöne säher bilen deňziň sowuk suwuna girere höwesek tapylmady. Şonda-da uzak bir ýerlerden oglan-gyzlaryň suwuň içindäki çygşyldaşýan sesleri gulagyňa eşidilýärdi. Deňiz kenaryny alkymlap oturan kiçiräjik obalaryň birinde doglup, ese-boýa galan Akmädi bu jelegaýda tanamadyk adam ýek-tükdi, uly-kiçi onuň ökde balykçydygyny bilýärdi. Onuň özem balykçylaň maşgalasynda önüp-ösüpdi. Henize, bu güne çenli Akmädiň awa gidip, yzyna boş dolananyny gören-eşiden bolmandy. Oňa bir özi şäheriň ortasyndaky hususy dükanlaryň birini balyk bilen üpjün edýärmişem diýerdiler. Bu günem saba bilen kenar ýakasyna gelipdi, ýadawdy. Ol elini gözlerine kölgeledip, bisellem uzaklara syn saldy. Daňyň gyzyl şapagy kem-kemden agarýardy, deňziň ýüzi hem tep-tekizdi, hemişeki ýelli şemala galkynan güýçli tolkunlardanam nam-nyşan ýokdy, töwerek asudady. Ine, şondan soň birneme arkaýynlandy. Uzakly gije ýatybam ugry bolmandy. Bu gün howa gowy, howa gowy boldugy awyňam şowly boldugydy. Birneme özüni dürsemek üçin gaýygyna ýakyn ýerde ýassyk edinen güpjegine gyşardy... Akmät düýnki tutan balyklaryny ýerläp ýörkä, giçöýlänler oňa dosty Begmyrat pete-pet geldi: -- Halypa, neneň ýagdaýlar, aw ganly bol-a! -- Ýaş uzyn, dost jan. Sag bol, ýagdaýlar oňuşmazça däl. Neneň özüň, öý içeri, bala çagajyklaram gurawmy? --Sag boluň. Neneň onsoň düýn-ä deňze girer ýalam bolmady. --Hawa, dost jan, şony diýsene?! Düýn hemmeler üçinem “Aw janly” boldy, men-ä deňze-de girmedim, girenlerem basym gaýdyp geldiler. Aý, onsoňam rysgalyňy kowalap alyp bolmaýar, her günde birhili. Atam pahyr balykçydy, daňyň gyzyl şapagy kem-kemden agar¬man, birden solup git¬se, güýçli ýel turup, harasat gopar, şol gün aw awlamakdan saklanmaly diýerdi. Deňizde howa gowy bolsa, onda çarlaklar deňziň üstünde pessaý uçýarlar. Sebäbi deňizde gaý turjagyny-turmajagyny ilkinji bolup duýýalar çarlaklardyr diýerdi. Eger-de güýçli ýel tursa, «Şemal ýuwaş, goýun ýuwaş» diýip gaýtala-ma¬ly¬myş diýerdi. Atamyň aýdan bu sözleri meniň pugta ýadymda galypdyr. Ýogsa-da, Akmät, hemmeler deňizde uly bir balyk peýda bolupdyr. Ol juda gorkunç, rehimsiz hem wagşymyşyn, özünden kiçi janly-jandary ýuzugruna ýalmap-ýuwdup gelýämişin diýýärler. --Senem şoňa ynanýarmyň? Olar ýaly uly balyklar diňe daşary ýurt filmlerinde görkezilýär. Dogrusy, bir metr çemesi balyklara menem kän gabat geldim. Hatda olaryň birnäçesini tutubap getirdim—diýdi. --Ynanmasaň, ynanma. Men-ä awçy däl, eşidenimi aýdýan. Awlap bilene-hä olja dagy däl eken, bir ýyllap öýüňde işlemän, arkan düşüp ýatyp iýmeli. Akmät nämüçindir dostunyň bu gürrüňlerine ynanasy gelmedi. Şonuň üçinem ol dostunyň läheň balykly gürrüňlerine o diýen bir per bermedi. Begmyrat gidensoň welin, läheň balyk ony hem oýlandyryp başlady. Muňa-da onuň deňze oklan torunyň soňky günlerde oýtum-oýtum kertilip taşlanýanlygy sebäp bolupdy. Şondan soň oturyp ýüregine diň saldy. Obadaşlarynyň läheň balyk barada aýdan-diýenlerine gulak ýapyrdy, olara ynanasy geldi. Her gezek suwa taşlan toruň ýüplerini ýiti dişleri bilen gyrkyşdyryp çykanam şol läheň balyk bolmaly diýen netijä geldi. Şondan soň Akmät hem beýleki balykçylar ýaly uly balygy ele salmagyň kül-külüne düşdi, oňa ykjam taýýarlyk gördi. Munuň üçin tory üç gat edip içinden sim geçirip diýen ýaly örän berk edip ördi, soňam balygyň peýda bolaýjak ýerlerine tor oklap çykdy. Özi-de onuň töweregini uzakly günläp diýen ýaly garawullap oturdy. Asyl iki-üç günläb-ä üýtgeşiklik bolmady. Dördünji gün diýlende welin Akmädiň gökdäki dilegi ýerde gowuşdy. Läheň balyk onuň deňze oklan toruna düşdi. Ol iki-baka urunýardy, özi bilen tora düşen ownuk balyklary ýüzüniň ugruna ýuwdup-ýalmap, çarpaýa galýardy. Ony Akmät gözleri bilen gördi. Gören dessine toruň gaýyga birikdirilen ýerini öňküden-de pugtalady. Her gezek balyk saga-sola agdarylanda, Akmädiň gaýygy saldar alyp gidýärdi. Şeýle bolansoň ol gaýygyň üstünde ýykylman zordan oturýardy. Soňy bilen balygyň agramyna gaýygyň bady gowşaýardy, balyk gaýygyň peşine düşüpdi. Akmät balygyň haýbatly çyrpynyşyna gaýygynyň tersine düňderiläýmeginden gorkýardy. Şondan heder etdimi-nämemi, aýagyny bar güýji bilen motoryň gazyna basdy. Gaýyk, çarpaýa galan bedew ýaly gobsundy-da, tizligini artdyrdy, läheň balyk bialaç onuň tizligine eýermeli etdi. Akmät bütin ömrüni deňizde geçiripdi. Ol deňizde taplanypdy, deňiz onuň ikinji öýüdi. Suwda gowy ýüzýärdi. Bir gezek deňizde gaý-tupan turup, gämisiniň kenardan elli kilometr çemesi uzaklykda gark bolan çagynda-da, şonça aralygy ýüzüp geçip, öýüne aman-sag gelmegi başarypdy. Akmät toruň üç gatlygyny bilse-de, oňa uly bir bil baglamaýardy. Sebäbi läheň balyk her gezek agzyny hatap ýaly açanda, mesaňa-mälim bolup görünýän orak şekilli ýiti dişleri oňa eýmenç bolup görünýärdi. Ýa-ha gaýygyň ýokary tizlikde öňe sary okdurylmagy läheň balyga tory kertmäge maý bermeýärdi, ýa-da ol tordan sypmagyň aladasyny etmän, bahymrak gaýykly oljany ele salmagyň küýüne düşüpdi. Şonuň üçinem deňzi böwsüp okdurylyp barýan gaýygy nyşanalap, oňa herçak-herçak zabun daraýardy. Basym deňziň günbatar kenary hem göründi. Bu mahal kenaryň gyrasy dynç alýan adamlardan doludy. Olaryň ýanyna läheň balygy alyp barmagyň özem howpludy. Şonuň üçinem Akmät bada-bat gaýygyň ugruny üýtgetdi. Özü-de ümzügini kenaryň demirgazyk tarapyna tutduran gaýygynyň badyny öňküsinden artdyrmasa kemeltmedi. Akmät mahal-mahal yzyna garaýardy, her gezegem torda balygyň barlygyny görüp gözi dokunýardy. Ine-de, gaýyk şol başky bady bilen kenara urup çykdy. Gaýyk özi bilen läheň balygy hem kenara çykardy. Akmät henizem uly ses bilen işläp oturan gaýygynyň motoryny öçürdi, birsellem balyga tomaşa etdi. Balyk ýetişibildiginden torlary kertýärdi, çägäň gyzgynyna welin çydaman iki-baka urunýardy, apaň-apaň towlanjyraýardy, agzyny giňden açyp, elewreýärdi, töweregine welin adam eltmeýärdi. Janhowluna çabalanýan läheň balygyň golaýyna barmak hem howpludy. Bu ýagdaý esli wagtlap dowam etdi. Mejaldan gaçyp, başky hereketi kem-kemden haýallap başlady. Kenara çykarylan läheň balyk hakdaky täsin habar töwerege ýyldyrym çaltlygynda ýaýrady. Ony gelip görenler, telefon arkaly surata düşürenler hem köp boldy. Haýp, Akmädiň oljasyny tutuşlygyna dükana tabşyryp, gurplanaryn diýen niýeti hem başa barmady. Basym bu ýerde deňiz goragçylarynyň, suwasty jandarlary öwrenijileriň uly topary peýda boldy. Olar gele-gelmäne läheň balygy ölümden halas etmegiň ugruna çykdylar. Ilki bilen ony götergiläp suwly howuza saldylar, üstündenem durman suw akytdylar. Ýöne, birbada, janlanan ýaly etse-de, barybir, netije bermedi. Läheň balyk hemmäniň gözüniň alnynda jan berdi. Adamlar läheň balygy ädimläp, onuň boýunyň dört metrden geçýändigini, özüniň-de uly öküzçeräk agramdadygyny göz çaky bilen anykladylar. Barybir balygy şondan soňam Akmäde bermediler. Gaýta onuň ölmegine Akmät sebäpkär ýaly oňa ýigrenç bilen garadylar. Munuň üçin oňa ummasyz bir jerime tölemeli borsuň diýip haýbat hem atdylar. Akmät bolsa, läheň balygy ulaga ýükläp alyp gidensoňlar, hawa, dine şondan soň bu ýerden öýüne gaýdarman boldy... Gün guşluga galanda, ýolagçy gämisi portuň duralgasyna golaýlapdy. Onuň zogguldyly sesi töwerege ýaň berýärdi. Akmät bu sese allaniçigsi bolup oýandy. Görse, eýýämhaçan hemmeler aýak üstündedi. Ol birsellem gözüniň awusyny almakçy bolup çägesöw ýerde gyşarypdy. Ýöne munça wagtlap sus ýataryn öýtmändi. Ol ýerinden galansoňam bu bolýan zatlara haýran galyp, birhowa oýurganyp oturdy. Birbada durmuşynda iň ilkinji hem iň soňky aw bolup galan, gaýdyp balyk awlamak pişesini ymykly taşlamaga mejbur eden läheň balyk hakyndaky başdangeçirmelerinden henizem saplanyp bilmedi. Haçanda, bu zatlaryň barynyň düýşünde bolup geçendigini bilende welin, çaga ýaly begendi. Begenmezçe-de däldi, ol bu öwrendikli pişesinden aňsat-aňsat el çekip biljek hem däldi. Häzirem toruny gaýygyna atyp, deňze girmäge häzirlendi. Bu mahal deňziň ýakasynyň mähellesi ýetikdi, adamlar mygyl-da-mygyldy. Dosty Begmyradam şu ýerdedi. Ol üç-dört ýaşlaryndaky oguljygyny suw içinde çişirilip oýnalýan uly bir „kit“ balygynyň üstüne mündürip surata düşürýärdi. Ony gören Akmädiň ini tikenekläp gitdi. Hakyt bu boluş oňa düýşünde toruna düşüp, özi bilen darkaş guran gorkunç hem rehimsiz, läheň balygy ýatlatdy. Şagga der basdy. Dogrusy, bu bir oýunjak balykdy, ony Akmädem her kesçe bilibem durdy, günde-günaşa görübem. Şonda-da uzak wagtlap gussaly gözlerini ondan aýryp bilmedi. | |
|
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
√ Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |