23:39 Lebiz | |
LEBIZ
Aýdym-saz sungaty
Magtymguly Garly Kakada doglup, ýaşulylaryň maslahaty bilen häzirki Daşoguz welaýatyna göçüp, bagşy Horezm ilinde (Daşoguz welaýaty bilen serhetleşýän Hywa, Ürgenç ýaly türkmen-özbek garyşyk ýaşan özbek oba-şäherlerinem goşup, ol ýerlere Horezm ülkesi diýilýärdi. Özbegistan Respublikasynda häzirem Horezm welaýaty bar) aýdym aýdýardy. Toý märekede bu ülkäniň bagşylary adamlara dessan aýdyp berer ekenler. Magtymguly Garly halkyň isleg-arzuwy bilen aýdym aýtmagy ýola goýupdyr. Haýsy dessan ýa Magtymgulynyň şygryndan diňlejekmi tapawudy ýok. Magtymguly Garly heniz Çuwal bagşy adyny almasa-da, ony Horezm ülkesiniň adamlary bolan özbekler-türkmenler teşnelik bilen diňläpdirler. Magtymguly Garla nobatma-nobat isleg bildiren aýdymyňy buýursañ, bagşy şol aýdymy ýerine ýetiripdir. Şeýlelikde, Magtymguly Garlynyň örän köp aýdym bilýändigi üçin halk oňa Çuwal bagşy (Bu bagşyň Çuwal bagşy adyny alşynyň başga-da dürli wariantlary bar) adyny dakypdyr. Sebäbi, Magtymguly Garly ýumuş buýrulan islendik aýdymy “Bilemok” diýmän ýerine ýetiripdir. Magtymguly Garly 1920-njy ýyllaryň başyna Çuwal bagşy adyny alyp, ol halk içinde halypa bagşy hökmünde ykrar edilip, il içinde Çuwal bagşy ady bilen tanalýar eken. Dogan-garyndaşlarynyň, ýaşulylaryň haýyşy bilen Magtymguly Garly her ýyl, juda bolmanda ýylaşa öz Kaka iline gelip, bir aý-kyrk gün dogan-garyndaşynyňkyda bolup gider ekeni. Çuwal bagşy geldigem öýüne myhman adamlar ony toýa alyp gidipdirler. Bu gezek ara üç ýyl düşürip, 1930-nji ýylyň awgusrynyň başyna Çuwal bagşy Kaka-öz iline gelipdir. Gelen günem Ýüzbaşy obasynda aýdym aýdypdyr. Üç ýyl gowurak Magtymguly Garlynyň mahmal owazyna suwsan adamlar gijäň ýarymynda hem öýüne gitmän ony diňläp oturypdyrlar. Çuwal bagşa haýyş edilýän aýdymlaryň köpüsem Magtymguly Pyragynyň sözlerine düzülen aýdymlar bolupdyr. Gijäň ýarymynda oba şurasynyň başlygy-Uzyn arçyn diýilýän gelip, ilki gadyrly Magtymguly Garly bilen hal-ahwal soraşypdyr. Soňra Uzyn arçyn Magtymguly Garla şeýle diýipdir: “Bagşy aga, sende aýdymlar tükenmez ahyry. Kim ol, Magymguly diýýärlermi, şondan aýdym aýtmaňy goýsana”. Bu ketdäň bu haýyşyna Çuwal bagşy şeýle jogap beripdir: “Magtymgulydan aýdym aýtman bagşy bolup bolarmy?!” Mahlasy, Uzyn arçyn diýilýän Çuwal bagşy ertesi gün aýdym aýdyp durka-da, ondan Pyragydan aýdym aýtmazlyk haýyşyny edipdir. Bu gezek Magtymguly Garly: “Arçyn aga, Magtymgulydan aýdym aýtman türkmen bagşy bolup bolmaz ahyry” diýipdir. Üçünji gün Magtymguly Garly märekede aýdyp aýdyp oturka, ýene şol arçyn gelip, ýene öňki haýyş-talabyny gaýtalapdyr: “Bagşy aga, sen türkmen diline düşeňok öýdýän. Atdaşyňam bolsa Magtymguly diýilýänden aýdym aýtma. Abraý almarsyň”. Çuwal bagşam “Arçyn aga, başa näme gelse görübermeli bolar” diýipdir. Şol wakadan soň Çuwal bagşy iki gün ildeşlerine hezil berip aýdym aýdypdyr. Ýöne şol iki günde Magtymgulydan aýdym aýtma diýýän arçyn Magtymguly Garlyň ýanyna gelmändir. Ikilenji gün bagşy Kakada adamlaň göwnüni ýykmajak bolup, daňdan dörde çenli aýdym aýdyp, şondan soňra öýüne gelip ýatypdyr. Näçe gün bäri Çuwal bagşy ildeşleriniň göwnüni ýykmajak bolup, günde 2-3 sagatdan köp ýatmansoň, ukusyzlykdan gaty kösenýärdi. Çuwal bagşy bu gije daňdan gelip ýatanam bolsa, 5-6 sagat ýatyp, hezil edip, ukusyny alyp, sagat on birlerde turupdy. Ol ýuwnup-ardynyp, iýip-içip bolup, agşamky çakylyga taýynlanmaga başlap, ýöýlän sagadyň üç bolandygynam duýmandyr. Çuwal bagşyň yzyndan altyda toýa alyp gitmäge gelmelidiler. Ol bu günem Kakaň özünde aýdym atmalydy. Çuwal bagşy ýetişeýin diýip, ýerinden turanam şoldy welin, del ýaş myhman ony sorap gelip, şeýle diýipdir: “Magtymguly Garly - Çuwal bagşy diýilýän sizmi?! - Hawa, men ýaş ýigit. Geliň-geçiň. - Ýaşuly geçip oturmaýyn. Sizi alyp gitmäge geldim, ýaşulylar soraýar. - Alyp gideniň ýagşy ýaş ýigit, men nirä gitmeli. Siz kim?! Men döwlet gullukçy, ýaşuly. Men Kaka iş sapary bilen ýaňy geldim, Anyk bilemok, ýöne däşa däl, Kakaň içine barmaly. Gürrüň uzak, gepiň gysgasy, gelen ýaş ýigit Magtymguly Garlyny şol döwürdäki raýon NKWD-niň jaýyna (Häzirki Kaka etrap polis edarasynyň töwerekleri diýýärler) alyp gelipdir. Magtymguly Garlyny bu edaraň gapysynda Uzyn arçyn diýilýän öňünden çykyp, “Ýolbaşçylar näme diýse, bor diýgin, bagşy aga, men aýtdym-a, siz gulak asmadyňyz” diýip, onuň bilen tirkeşip, Çuwal bagşyny edaraň bir uzyn jaýyna alyp giripdir. Uzyn kabinetiň aňry başynda oturan murtly ýigit Çuwal bagşy otaga girenden, onuň bilen hal-ahwal soraşmazdan, ýüzüni ajadyp, bagşa dikanlap: “Sowet hökümeti seni sylap-serpaýlaýar. Seňem minnetdarlyk jogabyňmy şu?! Sosializmiň ganym duşmany bolan Magtymgulydan aýdym aýdýaň. Ondan aýdym aýtjak bolsaň, basmaçy Jüneýit bilen watanyňy satyp gitmeli ekeniň. Rewolýusiýa dönükliň edýäň, bilýäňmi şony?! diýip, çalgyrdrak gürlese-de, gaty düşnükli, ýöne hemle bilen ol emeldar Magtymguly Garla ýüzlenipdir. Çuwal bagşy meseläň oýun däldiginwe gaty oňat düşünip, ýüzi ak tam bolup, näme jogap berjegini bilmän aljyrap oturka, bagşyny şu kabinete alyp gelen Uzyn arçyn ol emeldara şeýle diýipdir: “Başlyk, bir ýazykdan är ölmez. Çuwal bagşa bizem eden aýylganç işini düşündireris. Onuň günäsini geçiň” diýipdir welin, ol emeldar ýene şeýle diýipdir: “Bagşy geçer ýaly günä etmedi. Maňa galsa şu sapançam bilen maňlaýyndan otlardym. Sowet Hökümeti geçirimli. Bagşynyň günäsini indikisine sapak bolar ýaly edip geçmegi makul bildi. Ýöne etmişiňi gaýtalaýsaň rehim edilmez. Bu edeniň üçinem geljegiňe sapak bolar ýaly edeli” diýip, sözüne aram berip, emeldar, golunda saklap duran sapançasyny bilindäki gabyna salyp, “Geliň” diýip gygyranyna mähetdel gapydan üç sany ýigit girip, olaryň ikisi nämäň-nämedigine düşünmän oturan Magtymguly Garlynyň goluny towlap arkasyna baglapdyrlar, üçünji gelip, onuň gözüni daňyp, ony çykaryp alyp gidipdirler. Magtymguly Garly äm-säm bolup duran halynda hem elini arkasyna baglap alyp gidenleň biriniň özüni almaga baran ýaş ýigitdigini tanapdyr. Çuwal bagşyny, takmyn alty sagatdan agşam onlara- gowy garaňky gatlyşandan soňra, murtly emeldaryň (Magtymguly Garly şol buýruk berýän emeldaryň azerbaýjan bolmagynyň mümkindigini aýdypdyr.) ýanyna gözgyny halda getirip, onuň gözüni açypdyrlar. Çuwal bagşynyň gürrüň bermegine görä, ony şol binaň içinde gözüni baglap, bir ýerik alyp gidip, bir otaga salyp, ony bir zadyň üstünde ýatyrypdyrlar. Soňra Çuwal bagşy bilinden kükregine çenli üç gezek ara salym salnyp, erbet denini bermän gysylandygyny gürrüň beripdir. Birinji gezekden ikninji gezeginiň, ondanam üçünji gezegiň gysylmasynyň köp bolandygyny aýdypdyr. Her gezek gysylandan soňra, Çuwal bagşy özünden gidýär eken. Bagşy üçünji gezek özüniň iki minut töweregi gysylyp, iç-bagry çöwrülmedigine haýran galypdyr. Ol soňky gezek azyndan iki sagat çaşyp ýatandygyny aýdypdyr. Çuwal bagşa her gezek ajy çaý berenlerinde, bagşy gowy kuwwatlanýar eken. Çuwal bagşy şol beren çaýlaryna tirýek garylandygyna şübhelenmändir. Çuwal bagşynyň bu pikiriniň hakykatdan daş däldigini çaklasa bolar. Ony ýene murtly emeldaryň ýanyna getirenlerinde ol şeýle diýipdir: “Seniň eden günäňi ýatlap oturmaýyn, ol geçildi. Ýöne indi beýik rewolýusiýanyñ duşmanlarynyň sözlerine aýdyp aýtsaň, doglanyňa puşman etdirerin. Senden ýazmaça hiç zat aljak däl. Türkmen lebiz etse, şol lebzinden dänmegi ölüm hasaplapdyr. Maňa lebiz et-de, git şu ýerden. Janyňa haýpyň gelmese-de, öňki aýylganç hereketiňi gaýtala”. Magtymguly ol ketdeden bu sözleri eşidip, oňa şeýle jogap beripdir: “Maňa sapagy ýatdan çykar ýaly etmediňiz. Şu masgaraçylygy görenimden ölenimi gowy görerdim. Siz türkmen lebzi diýdiňiz. Magtymguly Pyragydan hiç haçan aýdym aýtmaryn. Lebiz edip, söz berýän”. Mundan soňra, murtly emeldar şol ýaş oglany çagyryp, “Çuwal bagşyny öýüne eltip gaýdyň” diýip, soňra bagşa: “Çuwal bagşy, seň beren lebziň türkmeniň lebzidir. Lebziňe ynanyp, ýene bir gezek aýdýan senden ýazmaça hiç zat alan däldirin. Emma haýbat diýip düşünme, lebziňe ikilik etseň, şu dünýä geleniňe ökünersiň. Bagşy şu gezek agyr jezalandyrylmadygyňam, seň üçin mertebedir. Saglygyňa doktorlar sereder. Bar gidiber” diýipdir. Şondan soňra bagşyny alyp gaýdan ýaş ýigit Magtymguly Garlyny ata tirkelgi fyrgon bilen öýüne eltip gaýdypdyr. Magtymguly Garly öýünden gaýdanda, aýalyna: “Men agşam öýe gelmesem, ertir irden Kaýuma duýdur. Şol näme diýse, şonuň diýeni bilen bol” diýip tabşyrypdyr. Magtymguly Garlynyň aýaly görgüli gije onlara çenli Çuwal bagşy gelmänsoň, Kaýum agany (Bagşynyň dosty Kaýum-ahun, ýöne ol ahunlygyny agyr zulym görensoň gizlän adam. Ol Kakada adam süňküniň döwük –ýenjigini bejeriji meşhur tebip Oraz Kaýumyň kakasydyr, ol tebip on-on bäş ýyllykda aradan çykan bolmaly.) çagyran eken. Kaýum aga-da çakylyk boýunça gelip, dostunyň nähili alnyp gidilendigini aýaly gürrüň berip oturka, gapydan Çuwal bagşy giripdir. Bu iki dost gysgajyk hal-ahwal soraşypdyrlar. Bir salymdan bir wraç feldişer bilen gelip, bagşa uky, endam agyry kol urup gidipdirler. Mundan soňra Kaýum ahunam “Ertir gelerin” diýip öýüne gaýdypdyr. Beýik akyldar Magtymgulynyň sözlerine aýdym aýdandygy üçin agyr süteme sezewar edilen Magtymguly Garly bir-iki gün sene ýalňyşýan bolmagymyz mümkin, 1930-njy ýylyň 7-8-nji awgustyndan soňra Çuwal bagşy “Beýik akyldar Magtymgulynyň sözlerine aýdym aýtmaryn” diýip lebiz edendigi üçin hiç haçan (Çuwal bagşy kadadan çykma bir gezek Magtymgulynyň sözlerine bir aýdym aýdypdyr. OL hakda aýratyn makalada söhbet ederin. D.Ý.) Pyragynyň şygyrlaryna aýdym aýtmandyr. Munuň özi türkmeniň beren sözüniň-lebziniň-ant-kasam bilen deňdigini görkezýär. Çuwal bagşynyň başyna düşen şol zulumdan soň, bu bagşy uly meýdan edende, mydama içinden gan gidipdir. Magtymguly Garly Kaýum ahunyň maslahaty bilen janagyrysyny azaltmak maksadyndan ugur alyp, şol günüň ertesinden başlap, tä aradan çykýança tirýek çekipdir. Hatda Çuwal bagşynyň doktordan tassyklanan tirýek çekmek üçin rugsat hatam bar ekeni. Çuwal bagşy beýik akyldar Magtymgulynyň sözlerine aýdym aýdandygy üçin çeken zulumyny diňe Sahy Jepbar halypa aradan çykmazynyň alty aý öň ýany gürrüň beripdir. Sahy Jepbar halypa muny diňe Berdi Kerbaba mälim edipdir. Berdi aga-da Çuwal bagşynyň ajy hasratly bu syryny söwer dosty Berdinazar Hojanazar ogluma gürrüň beripdir. Berdinazar ahunam “Çuwal bagşynyň bu syryny diňe wagty gelende aýdarsyň, bolmasa-da, biziň edişimiz ýaly, diňe bir ýakynyňa aýdarsyň” diýen şert bilen 1989-njy ýylda maňa gürrüň berdi. Bu günki gün Magtymguly Pyragy Türkmenistanyň milli Lideriniň paýhasy bilen bütinleý täzeden öwrenilýär. Magtymguly türkmeniň milli guwanjy. Şol sebäpli Magtymgulynyň şygyrlary bilen dahylly islendik hadysany halkyň bilmäge haky bar. Şonuň üçinem Magtymguly Garly beýik akyldar Magtymgulynyň şygyrlaryna tä zulum görýänçä aýdym aýdypdyr. Magtymguly Pyragyny ýanamak 1940-njy ýyllardan soňra bütinleý bes edilipdir. Emma Çuwal bagşy beýik akyldardan aýdym aýtmazlygy lebiz edendigi üçin, ol hiç haçan halkyň öňünde Pyragynyň sözlerine aýdym aýtmandyr. Sebäbi beýik ussat bagşy Magtymguly Garly çyn türkmendi. Çyn türkmen öler, ýöne lebzinden hiç haçan dänmez. Döwletmyrat ÝAZKULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |