07:30 Mähriban | |
MÄHRIBAN
Goşgular
Dünýäme nur bolup geldiň mähriban, Üýtgedi ykbalym, ýaşaýyş terzim. "Seni eý gördüler, söýdüler diýip" Syryldy kalbymda berç bolan derdim! Dünýämde aý bolup dogduň mähriban, Garaňka duwlanan ýollar göründi. Tümlük bagra basyp gussalarymy, Uky bürän arzuwlarmy örüzdi. Dünýäme gün bolup dogduň mähriban, Doňan yürekleriň buzun eredip. Ýaşap ýörün ýagşy niýet päl bilen, Bu barlyga kalp gözünden seredip. Ömre ömür bolup geldiň mähriban, Sensiz manysy ýok tutuş barlygyň. Baky bagta golun bulap çagyrýar, Seň ýüpe serilen akja arlygyň... Bagtygül TEKÄÝEWA. | |
|
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||