21:17 Bagt eken bagtyňa garaşmaklygam | |
BAGT EKEN BAGTYÑA GARAŞMAKLYGAM
Goşgular
Kalbymy gaplaýyp süýji hyýala, Bagt eken bagtyňa garaşmaklygam. Müňde alkyş okap senli ykbala, Bagt eken bagtyňa garaşmaklygam. Garaňky gijeleň aýy sen janym, Barlygym, baýlygym, şuglaly aýym, Seni maňa köp görmesin Hudaýym, Bagt ekeni saňa garaşmaklygam. Gülüp gez sen, kül ykbaly gül edip, Göwnüm joşýar saňa şygyr döredip, Indi sensiz ýaşama ýok hez edip, Bagt ekeni saňa garaşmaklygam. Ýylgyrşyň barlygy saz edip biljek, Barlygyň ömrümi ýaz edip biljek, Mydam gujak gersin kalbyň deý geljek, Bagt ekeni saňa garaşmaklygam. Senli ömür sowulmajak döwrandyr, Senli ömür bakylyga dowamdyr, Seni maňa serpaý eden Allamdyr, Bagt eken bagtyňa garaşmaklygam. Bagtygül TEKÄÝEWA. | |
|
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |